Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Iýun sah. 20—25
  • Okuw geçýänleriň imanyny berkidiň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okuw geçýänleriň imanyny berkidiň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • PÄSGELÇILIKLERI ANYKLAMAGA KÖMEK EDIŇ
  • ÝEHOWANY ÝÜREKDEN SÖÝMEGI ÖWREDIŇ
  • WAJYP ZATLARY BIRINJI ORUNDA GOÝMAGA KÖMEK EDIŇ
  • KYNÇYLYKLARY ÝEŇMÄGE KÖMEK EDIŇ
  • ÝEHOWANY RAZY ETMEK ISLEÝÄNDIGINE YNANYŇ
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (II bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Okuw geçýänlere şägirt bolmaga kömek ediň (I bölüm)
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Iýun sah. 20—25

27-NJI MAKALA

79-NJY AÝDYM Şägirtlere berk durmagy öwrediň

Okuw geçýänleriň imanyny berkidiň

«Imanda berk duruň, mert... boluň» (1 Kor. 16:13).

ESASY PIKIR

Okuw geçýänler durmuşyny üýtgedip Ýehowa wepaly bolar ýaly, olaryň imanyny berkidiň we batyrgaý bolmaga kömek ediň.

1, 2. a) Okuw geçýänlere näme päsgel berip biler? b) Makalada näme hakda gürrüň ederis?

DOGAN-UÝALAR, belki, siz başda Ýehowanyň Şaýady bolmaga ýaýdanansyňyz. Siz klasdaşlaryňyz, işdeşleriňiz, dost-ýarlaryňyz we dogan-garyndaşlaryňyz garşy çykar öýdüp gorkansyňyz. Ýa-da Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşap bilmerin öýdensiňiz. Eger şeýle bolsa, onda okuw geçýänleriň ýagdaýyna we başdan geçirýän duýgularyna has gowy düşünýänsiňiz.

2 Isa pygamber şu zatlaryň adama ruhy taýdan ösmäge päsgel berjekdigini bilýärdi (Mat. 13:20—22). Emma ol öz yzyna eýermäge çekinýän adamlardan göwni geçmedi. Isa pygamber şägirtlerine şeýle adamlara dört ýol arkaly kömek etmelidigini aýtdy. 1) Okuw geçýänlere päsgelçilikleri anyklamagy, 2) Ýehowany ýürekden söýmegi, 3) iň wajyp zatlary birinji orunda goýmagy we 4) kynçylyklary ýeňip geçmegi öwretmeli. Geliň, «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan okuw geçýänlere Isa pygamberiň maslahatyna eýerip nädip kömek etmelidigine seredeliň.

PÄSGELÇILIKLERI ANYKLAMAGA KÖMEK EDIŇ

3. Nikodime Isanyň şägirdi bolmaga näme päsgel beren bolmaly?

3 Nikodim ýehudylaryň baştutanydy. Oňa Isanyň şägirdi bolmaga päsgel berýän zatlar bardy. Isanyň ýer ýüzünde gulluk edip başlanyna ýarym ýyl geçipdi. Şonda Nikodim Isanyň Mesihdigine düşünýär (Ýah. 3:1, 2). Ýöne Nikodim «ýehudylardan gorkup», Isanyň ýanyna gije gelýär (Ýah. 7:13; 12:42). Belki, ol: «Isanyň yzyna eýersem, abraýdan düşerin, mal-mülküm elimden gider» diýip pikir eden bolmalya.

4. Isa Nikodime Hudaýyň islegini nädip düşündirdi?

4 Nikodim Musanyň kanunyny gowy bilýärdi. Emma ol Ýehowanyň islegine doly düşünmeýärdi. Isa oňa nädip kömek etdi? Isa Nikodimden wagtyny gaýgyrmady, onuň bilen gije bolsa-da görüşdi. Isa Nikodime şägirdi bolmak üçin näme etmelidigini açyk aýtdy. Nikodim günäsine toba etmelidi, suwa çümdürilmelidi we Hudaýyň Ogluna iman etmelidi (Ýah. 3:5, 14—21).

5. Okuw geçýänlere ruhy taýdan ösmäge päsgel berýän zatlary anyklamaga nädip kömek etmeli?

5 Okuw geçýän adam Mukaddes Kitaba gowy düşünse-de, ruhy taýdan ösmäge nämäniň päsgel berýändigine düşünmän biler. Belki, ol köp işleýändir ýa-da dogan-garyndaşlary garşy çykýandyr. Siz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, okuw geçýän adamdan wagtyňyzy gaýgyrmaň. Siz ony kofe içmäge ýa-da gezelenje çagyryp bilersiňiz. Siz onuň bilen mesaýy gürrüň etseňiz, ol özi we durmuşy hakda açyk gürrüň berer. Şonda oňa ruhy taýdan ösmäge nämäniň päsgel berýändigine düşünersiňiz. Soňra okuw geçýäniňizi sizi razy etmek üçin däl-de, Ýehowany söýýändigi üçin durmuşyny üýtgetmäge höweslendiriň.

6. Okuw geçýänlere öwrenen zadyny durmuşynda ulanmaga nädip kömek etmeli? (1 Korinfliler 16:13).

6 Okuw geçýän adam Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýermäge Ýehowanyň kömek etjegine ynansa, öwrenen zatlary boýunça ýaşamaga ýaýdanmaz (1 Korinfliler 16:13-i okaň). Wagyzçylary mekdep mugallymyna meňzetse bolar. Siz mekdepde okaýan wagtyňyz haýsy mugallymy halaýardyňyz? Belki, siz diňe bir sapak öwretmän: «Sen başararsyň» diýip ynamyňyzy artdyran mugallymy gowy görensiňiz. Şonuň ýaly siz okuw geçýäne diňe bir Hudaý barada bilim bermän, Ýehowanyň kömegi bilen durmuşyny üýtgetjekdigine ynandyryň. Siz muny nädip edip bilersiňiz?

ÝEHOWANY ÝÜREKDEN SÖÝMEGI ÖWREDIŇ

7. Isa adamlara Ýehowany söýmegi nädip öwredýärdi?

7 Isa şägirtleriniň Ýehowany ýürekden söýse, öwrenen zatlary boýunça ýaşajakdygyna düşünýärdi. Şonuň üçin ol Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hakda gürrüň berýärdi. Şeýdip, şägirtleriniň Hudaýa söýgüsini ösdürmek isleýärdi. Bir gezek Isa Ýehowany çagalaryna diňe gowy zatlary berýän ata meňzetdi (Mat. 7:9—11). Başga bir gezek bolsa, ahlaksyzlyk edip ýaşan ogluny gujak açyp garşy alan ata hakda gürrüň berdi. Şonda Isa pygamberi diňleýän çagalykda ata mährine zar bolan adamlar Ýehowanyň aladaçyl we mähirli Atadygyna göz ýetiren bolsa gerek (Luka 15:20—24).

8. Okuw geçýäne Ýehowany söýmegi nädip öwredip bilersiňiz?

8 Sizem okuw geçýäne Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň berip, Ony ýürekden söýmegi öwredip bilersiňiz. Her sapakda öwrenen zatlary arkaly Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyny düşündiriň. Töleg gurbany hakda öwreneniňizde Ýehowanyň Ogluny diňe bir ähli adamlar üçin däl, eýsem okuw geçýäniň özi üçin gurban berendigini aýdyň (Rim. 5:8; 1 Ýah. 4:10). Okuw geçýän adam Ýehowanyň özüni aýratynlykda söýýändigine düşünse, ol hem Hudaýy ýürekden söýer (Gal. 2:20).

9. Maýkla durmuşyny üýtgetmäge näme kömek etdi?

9 Geliň, Indoneziýada ýaşaýan Maýkl hakda gürrüň edeliň. Ol hakykaty çagalykdan bilýärdi, emma suwa çümdürilmeýärdi. Ol 18 ýaşynda işlemek üçin daşary ýurda gidýär we ýük maşynyny sürýär. Soňra Indoneziýa dolanýar we öýlenýär. Maýkl aýalyny we gyzyny goýup, ýene daşary ýurda işlemäge gidýär. Şol wagt aýaly we gyzy Mukaddes Kitapdan okuw geçýär hem-de ruhy taýdan ösýär. Maýkl ejesi ýogalansoň, kakasyna seretmek üçin öýüne dolanýar we Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ol «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 27-nji sapagynyň «Söhbetdeşlik» bölümini okanda damagy dolýar. Maýkl Isanyň ejir çekip ölüşini görende Ýehowa gaty agyr degendigi hakda oýlanýar. Şonda Maýklyň gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülýär. Ol Ýehowanyň we Isanyň eden uly ýagşylygyna minnetdar bolýar hem-de durmuşyny üýtgedip suwa çümdürilýär.

WAJYP ZATLARY BIRINJI ORUNDA GOÝMAGA KÖMEK EDIŇ

10. Isa pygamber balykçylara durmuşyny üýtgetmäge nädip kömek etdi? (Luka 5:5—11; surata serediň).

10 Isa pygamberiň resullary onuň Mesihdigine ynanýardy, emma olar Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýmagy öwrenmelidi. Petrus we Andreas Isanyň yzyna eýerýärdi, emma Isa şonda-da olara: «Meniň yzyma düşüň» diýdi (Mat. 4:18, 19). Näme üçin? Petrus, Andreas, Ýakup we Ýahýa balyk tutup satýardylar, olaryň düşewüntli işi bardy (Mar. 1:16—20). Olar Isanyň resuly bolup yzyna doly eýermek üçin işini goýmalydy. Petrus bilen Andreas torlaryny taşlap, Isanyň yzyna eýerseler-de, maşgalasyny aç-hor eden däldir. Olaryň iýjek-içjegini ýetirip durandyr. Balykçylara durmuşyny üýtgetmäge näme kömek etdi? Lukanyň aýtmagyna görä, Isa pygamber gudrat görkezip, Ýehowanyň olaryň zerur zatlaryny ýetirjegine ynamyny artdyrdy (Luka 5:5—11-nji aýatlary okaň).

Iki balykçy gaýyklaryny taşlap, Isanyň yzyna düşýär. Beýleki balykçylar gaýykda galyp, torlaryny bejerýärler.

Isadan görelde alyp, okuw geçýänlere Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýmaga nädip kömek edip bileris? (10-njy abzasa serediň)b.


11. Okuw geçýänleriň imanyny berkitmek üçin näme hakda gürrüň berip bileris?

11 Elbetde, biz Isa pygamber ýaly gudrat görkezip bilmeýäris. Emma okuw geçýänlere Patyşalygy birinji orunda goýýan adamlary Ýehowanyň aç-hor etmeýändigi hakda gürrüň berip bileris. Meselem, ýygnaga gatnap başlanyňyzda Ýehowa size nähili kömek etdi? Belki, siz başlygyň ýanyna baryp, ýygnaga irräk gaýdar ýaly rugsat soransyňyz. Ýehowa-da siziň tagallaňyza ak pata berendir. Siz Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýandygyňyz üçin Ýehowanyň kömek edendigi hakda okuw geçýäne gürrüň berseňiz, onuň imany berkär.

12. a) Biz näme üçin sapaga dürli dogan-uýalary çagyrmaly? b) Biz nädip wideolary ökdelik bilen ulanyp bileris? Mysal getiriň.

12 Okuw geçýäniňiz dogan-uýalaryň hem Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýmak üçin nämeleri edendigi barada bilse imany berkär. Şonuň üçin sapaga ýaşy, terbiýesi we medeniýeti dürli-dürli dogan-uýalary çagyryň. Olardan hakykata gelmek, Ýehowa gulluk etmek üçin nämelerden geçendigi hakda soraň. Şeýle-de «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň «Söhbetdeşlik» we «Köpräk biliň» bölümlerindäki wideolary görüň. Meselem, siz 37-nji sapakdaky «Ýehowa hiç zada zar etmez» diýen wideony görüp, gökdäki Atamyzyň aladamyzy edýändigi hakda pikir alşyň.

KYNÇYLYKLARY ÝEŇMÄGE KÖMEK EDIŇ

13. Isa şägirtlerini yzarlamalara nädip taýýarlady?

13 Isa pygamber şägirtleriniň yzarlanjakdygyny, hatda dogan-garyndaşlarynyň garşy çykjakdygyny gaýta-gaýta aýtdy (Mat. 5:11; 10:22, 36). Isa ýerdäki gullugy tamamlanyp barýarka, käbir şägirtleriniň öldüriljekdigini hem aýtdy (Mat. 24:9; Ýah. 15:20; 16:2). Ol şägirtlerine wagyz edenlerinde seresap bolmagy maslahat berdi. Adamlar garşy çyksa dawalaşmaly däldigini, gözsüz batyrlyk etmän, seresap bolup wagyz etmelidigini aýtdy.

14. Okuw geçýänleri garşylyklara nädip taýýarlap bileris? (2 Timoteos 3:12).

14 Siz okuw geçýänlere işdeşleriniň, dost-ýarlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň garşy çykyp biljekdigini aýdyň (2 Timoteos 3:12-ni okaň). Meselem, işdeşleri olaryň erbet endiklerini taşlap, halal we dogruçyl ýaşaýandygy üçin ýaňsylamagy mümkin. Dogan-garyndaşlary bolsa, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýandygy üçin sögmegi, üstüne gygyrmagy we ýazgarmagy mümkin. Siz okuw geçýänlere garşylyklaryň boljagy hakda näçe tiz aýtsaňyz gowy bolar. Şonda ol şeýle ýagdaýa duşanda aljyramaz we dogry hereket eder.

15. Okuw geçýäne maşgala agzalarynyň garşylygyna döz gelmäge nädip kömek etmeli?

15 Okuw geçýäne maşgala agzalary garşy çykýan bolsa, olary nämäniň biynjalyk edip biljegini aýdyň. Belki, olar Ýehowanyň Şaýatlary hakda erbet zatlary eşidendir ýa-da aldanýandyr öýdüp gorkýandyr. Isa pygamberi hem dogan-garyndaşlary ýazgarypdy, hatda «akylyndan azaşypdyr» diýipdi (Mar. 3:21; Ýah. 7:5). Okuw geçýäne sabyrly bolmagy, dogan-garyndaşlary bilen mähirli gepleşmegi öwrediň.

16. Siz okuw geçýäne garyndaşyna wagyz etmegi nädip öwredip bilersiňiz?

16 Eger okuw geçýäniň garyndaşy gyzyklansa, oňa bir gezekde hemme zady gürrüň bermeli däldigini aýdyň. Ýogsam garyndaşynyň başy çaşyp Mukaddes Kitaby okasy gelmez. Ýöne ol garyndaşyna az-azdan gürrüň berse, indiki sapar ýene-de diňlemek islär (Kol. 4:6). Belki, ol garyndaşyna jw.org saýtyny görkezer. Şonda ol özbaşdak saýta girip, Ýehowanyň Şaýatlary hakda az-azdan okap biler.

17. Okuw geçýäne adamlaryň berýän soragyna jogap bermegi nädip öwredip bilersiňiz? (Surata serediň).

17 Siz okuw geçýän adama işdeşlerine we garyndaşlaryna öwrenen zatlaryny düşnükli we sada düşündirmegi öwrediň. Munuň üçin okuw geçýän bilen jw.org saýtyndan «Köplenç berilýän soraglar» diýen makalalary okap bilersiňiz (2 Tim. 2:24, 25). Siz her sapagyň soňunda okuw geçýän bilen «Adamlar şeýle diýse» diýen bölüm arkaly gürrüňdeş boluň. Okuw geçýäni garaýşyny öz sözi bilen düşündirmäge höweslendiriň. Eger ol pikirini gowy düşündirip bilmeýän bolsa, öwretmäge we düzetmäge çekinmäň. Şeýdip, ol öwrenýän zatlaryny adamlara ynamly gürrüň bermegi başarar.

Uýa sapakda okuw geçýänine wagyz etmegi öwredýär. Okuw geçýän «Wajyp soraglara kim jogap berip biler?» diýen kitapçany görkezip, uýa bilen gürrüňdeş bolýar.

Okuw geçýäne garaýşyny öz sözi bilen düşündirmegi öwrediň (17-nji abzasa serediň)c.


18. Okuw geçýäni wagyzçy bolmaga nädip höweslendirip bilersiňiz? (Matta 10:27).

18 Isa pygamber şägirtlerine adamlara hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy (Matta 10:27-ni okaň). Okuw geçýän imany hakda näçe ir gürrüň berse, Ýehowa şonça köp bil baglamagy öwrener. Oňa wagyzçy bolmagy maksat goýmaga nädip kömek edip bilersiňiz? Ýygnakda wagyz kampaniýasynyň geçiriljekdigi hakda bildiriş edilende, okuw geçýäne wagyzçy bolmak üçin nähili ädim ätmelidigini düşündiriň. Oňa kampaniýa döwri wagyz etmegiň aňsat boljakdygyny aýdyň. Şeýle-de hepdäniň başyndaky duşuşykda ýumuş bilen çykyş etmegi maksat goýmaga höweslendiriň. Eger ol maksadyna ýetmek üçin tagalla etse, imany hakda ynamly gürrüň berip biler.

ÝEHOWANY RAZY ETMEK ISLEÝÄNDIGINE YNANYŇ

19. Isa şägirtlerine ynanýandygyny nädip görkezdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

19 Isa pygamber göge gitmezden öň, şägirtleri bilen ýene bile boljakdygyny aýtdy. Şägirtleri Isanyň gökdäki ýaşaýyş hakda aýdýandygyna düşünmedi. Isa olaryň käbir zatlara düşünmeýändigi üçin imanyna şübhelenmedi. Gaýtam Ýehowany razy edýändiklerine we olaryň wepaly boljakdyklaryna ynandy (Ýah. 14:1—5, 8). Ol şägirtlerine gökdäki ýaşaýyş ýaly käbir hakykatlara düşünmek üçin wagtyň gerekdigini bilýärdi (Ýah. 16:12). Şonuň ýaly bizem okuw geçýänleriň Ýehowany razy etmek isleýändigine şübhelenmeli däl.

Okuw geçýän imany hakda näçe ir gürrüň berse, Ýehowa şonça köp bil baglamagy öwrener.

20. Marta okuw geçýänine ynanýandygyny nädip görkezdi?

20 Okuw geçýänleriň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna görä ýaşamak isleýändigine ynanyň. Geliň, Malawide ýaşaýan Marta uýa hakda gürrüň edeliň. Ol katolik dinine uýýan Patrisiýa bilen «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan okuw geçip başlaýar. 14-nji sapagyň soňunda Marta Patrisiýadan: «Sen mundan beýläk şekillere sežde edermiň?» diýip soraýar. Şonda Patrisiýa gaşyny çytyp: «Hawa, muny özüm çözýärin» diýýär. Marta: «Patrisiýa bilen okuwy goýsammykam?» diýip oýlanýar. Emma ol Patrisiýadan umydyny üzmeýär we okuw geçmegini dowam edýär. Birnäçe aýdan soň, Marta Patrisiýanyň ýanyna 34-nji sapagy geçmäge gelýär. Sapagyň dowamynda Patrisiýadan: «Şu wagta çenli öwrenen we hak Hudaý barada bilen zatlaryň haýsy ýagdaýlarda kömek etdi?» diýip soraýar. Marta Patrisiýanyň beren jogabyny şeýle gürrüň berýär: «Ol maňa öwrenen zatlarynyň köp ýagdaýda kömek edendigini gürrüň berdi. Şeýle-de Ýehowanyň Şaýatlarynyň Mukaddes Kitapda ýazgarylýan zatlary etmeýändigine göz ýetirendigini aýtdy». Şondan köp wagt geçmänkä, Patrisiýa şekillere sežde etmegini goýýar we suwa çümdürilýär.

21. Biz okuw geçýän adama Ýehowany razy edip ýaşamaga nädip kömek edip bileris?

21 Elbetde, okuw geçýänleri Ýehowa «ösdürýär», emma biziňem goşandymyz uly (1 Kor. 3:7). Okuw geçýän adama diňe bir Hudaý hakda bilim bermän, Ýehowany söýmegi öwretmeli. Şeýle-de ony Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaga, söýgüsini iş ýüzünde görkezmäge höweslendirmeli. Hakykat ýolunda ýöreýändigi üçin yzarlanlarynda, dogan-garyndaşlary garşy çykanda Ýehowa bil baglamaga kömek etmeli. Şeýle-de onuň Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak isleýändigine özümiz hem ynanmaly. Şonda okuw geçýän adam Ýehowany razy edip ýaşamagy ýüregine berk düwer.

OKUW GEÇÝÄNLERE... NÄDIP KÖMEK ETMELI?

  •  päsgelçilikleri anyklamaga

  •  Ýehowany ýürekden söýmäge

  •  wajyp zatlary birinji orunda goýmaga

55-NJI AÝDYM Olardan gorkmaň!

a Nikodim Isa pygamber bilen gürrüňdeş bolandan iki ýarym ýyl geçenden soň hem Mejlisiň, ýagny ýehudylaryň ýokary kazyýetiniň agzasydy (Ýah. 7:45—52). Taryhçylaryň aýtmagyna görä, Isa pygamber aradan çykansoň Nikodim onuň şägirdi bolýar (Ýah. 19:38—40).

b SURATYŇ BEÝANY: Petrus we beýleki balykçylar işini goýup, Isa pygamberiň yzyna eýerýärler.

c SURATYŇ BEÝANY: uýa okuw geçýänine wagyz etmegi öwredýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş