TERJIMEHAL
Beýik Mugallymyň tälimi
AÝALYM ikimiz pioner we missioner bolup gulluk edýän wagtymyz eli ýaragly esgerleriň goraýan postundan, ot ýakyp gozgalaň turuzýan adamlaryň deňinden geçmeli bolduk. Harasat we raýatlyk urşy sebäpli ýaşaýan ýerimizden gaçmaly bolduk. Emma biz saýlan ýolumyza ökünmeýäris, sebäbi Ýehowa bizi gorady we goldady. Iň esasy, Ol bize tälim berdi (Eýp. 36:22; Işa. 30:20).
ENE-ATAMYŇ GÖRELDESI
1957-nji ýylda ejem-kakam Italiýadan Kanadanyň Saskaçewan welaýatynyň Kindersli obasyna göçüp gelýär. Biraz wagtdan olar hakykaty eşidýär we Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýýar. Sekiz ýaşymdakam ejem-kakam meni uzakly gün gulluga alyp gidýärdi. Şonda men gülüp: «Şu aý kömekçi pioner bolaýmaly ekenim» diýýärdim. Biz garyp ýaşasak-da, ejem-kakam Ýehowa gulluk etmek üçin köp zadyndan geçip, gowy görelde galdyrdy.
Maşgalam bilen (tak. 1966)
Ejem-kakam 1963-nji ýylda Kaliforniýa ştatynyň (ABŞ) Pasadina şäherinde geçirilýän halkara kongresine gatnaşmak üçin öýüň käbir goşlaryny satdylar. 1972-nji ýylda ejem-kakam italýan dilinde gepleýän adamlara wagyz etmek üçin öýümizden 1 000 kilometr uzaklykda ýerleşýän Britan Kolumbiýasynyň Treýl şäherine göçýärler. Kakam azyk-harytlary satylýan dükany arassalaýardy we onuň döwlen zatlaryny bejerýärdi. Oňa gowy aýlykly iş teklip etdiler, ýöne kakam Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýýandygy üçin ondan ýüz öwürdi.
Ene-atam maňa we üç doganyma gowy görelde görkezdi. Men olara örän minnetdar. Olar meniň ýaş kalbyma Ýehowa bolan söýgini guýdy. Ene-atam maňa Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýsam, Ýehowanyň hiç haçan hor etmejekdigini öwretdi (Mat. 6:33).
UZAK WAGTLY GULLUGA BAŞLAÝARYS
1980-nji ýylda men Debbi atly owadan we imany berk uýa öýlendim. Biziň ikimiz hem Ýehowa uzak wagtly gulluk etmek isleýärdik. Toý edenimize üç aý geçensoň, Debbi pioner gullugyna başlady. Bir ýyl geçenden soň bolsa, menem pioner gullugyna başladym we aýalym ikimiz kömek etmek üçin kiçiräk ýygnaga geçdik.
Toý günümiz (1980)
Biz ol ýerde birnäçe wagt gulluk etdik. Ýöne soň ruhdan düşüp, yzymyza dolanasymyz geldi. Biz ilki etrap gözegçisi bilen maslahatlaşdyk. Ol bize mähir bilen, ýöne gönümel maslahat berdi: «Siz öz ýagdaýyňyzy özüňiz kynlaşdyrýaňyz, ruhdan düşürýän zatlara üns berýäňiz. Beýle etmäň! Gaýtam gulluk edip alýan bereketleriňiz hakda oýlanyň». Etrap gözegçisi bize tüýs gerekli maslahaty berdi (Zeb. 141:5). Biz onuň maslahatyna derrew eýerdik. Görüp otursak, şatlanyp gulluk etmäge sebäp kän eken. Meselem, ýygnagymyzdaky ýaşlar Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýärdi we käbir uýalarymyzyň äri iman etmese-de, olar Hudaýa gulluk etmegi birinji orunda goýýardy. Biz Ýehowanyň berýän bereketlerini görmegi we ýagdaýy düzedýänçä sabyrly garaşmagy öwrendik. Şeýlelikde biz ýene-de şatlanyp gulluk etdik, kynçylyk hem wagtyň geçmegi bilen çözüldi (Mik. 7:7).
Biz pionerler mekdebinde okadyk. Mugallymlarymyz öň missioner bolup gulluk edipdirler. Olar daşary ýurtda gulluk edenlerinde başdan geçiren kynçylyklary we Ýehowadan alan bereketleri hakda gürrüň berdiler hem-de käbir suratlary görkezdiler. Şonda biziň hem daşary ýurtda gulluk edesimiz geldi. Aýalym ikimiz missioner bolup gulluk etmegi maksat edindik. Goýan maksadymyza görä hereket edip başladyk.
Britan Kolumbiýasyndaky Ýygnak jaýy (1983)
1984-nji ýylda biz 4 000 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kwebege göçdük we fransuz dilindäki ýygnakda gulluk edip başladyk. Bize täze dil öwrenmek we ol ýeriň medeniýetine öwrenişmek aňsat bolmady. Biz pulsuzlykdan hem kösenýärdik. Biziň diňe ýeralma iýen wagtymyz hem boldy. Bir daýhan bize öz melleginden ýeralma ýygnamaga rugsat berýärdi. Aýalym Debbi bolsa ýeralmadan her dürli süýji tagamlary bişirýärdi. Kynçylyklar näçe köp bolsa-da, biz şatlygymyzy ýitirmeýärdik. Sebäbi Ýehowanyň her gün aladamyzy edýändigini duýýardyk (Zeb. 64:10).
Bir gün Kanadanyň Beýtelinden jaň geldi. Doganlar bizi Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Biz muňa garaşmadyk, begenjegimizi hem, gynanjagymyzy hem bilmedik. Sebäbi biz Gilead mekdebinde okamak isleýärdik. Ýöne biz şonda-da çakylygy kabul etdik we Beýtele geldik. Biz filial komitetiniň agzasy Kennet Litl dogandan: «Bizi Gileada çagyrsalar näme?» diýip soradyk. Şonda ol: «Ony wagty gelende göreris» diýdi.
Ynanmarsyňyz, bir hepdeden bizi Gilead mekdebine çagyrdylar. Biz ikisinden birini saýlamalydyk, ýa Beýtelde gulluk etmelidik, ýa-da Gileada gitmelidik. Litl dogan bize şeýle diýdi: «Siz haýsysyny saýlasaňyz hem bir gün yzyňyza ser salyp: „Wah, beýlekisini saýlaýmaly eken“ diýmegiňiz mümkin. Sebäbi gullugyň iki görnüşi hem gowy. Ýehowa ikisinde-de bereket berýär». Şeýlelikde, biz Gilead mekdebinde okamagy saýladyk. Häzir yzymyza ser salanymyzda, Litl doganyň aýdan sözleriniň dogrudygyna göz ýetirýäris. Biz uzak wagtly gullugyň haýsy görnüşine başlajagyny bilmeýän dogan-uýalara-da Litl doganyň maslahatyny berýäris.
MISSIONER GULLUGY
(Çepde) Ýulissis Glass
(Sagda) Jek Redford
1987-nji ýylyň aprelinde biz Brukline (Nýu-Ýork) bardyk we Gilead mekdebiniň 83-nji klasynda okap başladyk. Biziň klasymyzda 24 okuwçy bardy. Bize Ýulissis Glass we Jek Redford doganlar tälim berdi. Bäş aý göz açyp-ýumasy salymda geçdi. Biz 1987-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Gilead mekdebini tamamladyk. Bizi är-aýal Jon we Meri Gudlar bilen Gaiti döwletine bellediler.
Gaitide (1988)
1962-nji ýylda Gaitiden ähli missionerler kowulýar we şondan soňra ýekeje missioner hem Gaitä barmandy. Gutardyşdan üç hepde geçensoň, biz Gaitä bardyk. Biz dagyň içindäki 35 wagyzçydan ybarat bolan ýygnakda gulluk edip başladyk. Biz ýaşdyk, tejribesizdik we missionerler öýünde ýaşaýardyk. Ol ýerdäki adamlar juda garypdy we sowatsyzdy. Biz köp kynçylyklara duş geldik. Meselem, adamlar gozgalaň turuzdy, raýatlyk urşy boldy, hökümedi agdarjak boldular we harasat turup, köp ýerleri weýran etdi.
Biz Gaitidäki gaýratly we şadyýan dogan-uýalardan köp zat öwrendik. Olaryň durmuşy agyr bolsa-da, Ýehowany ýürekden söýýärdiler we yhlasly wagyz edýärdiler. Bir garry uýamyz okap bilmeýärdi, ýöne 150 sany aýady ýatdan bilýärdi. Biz Gaitide wagtymyz adamzadyň kynçylygyny diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýryp biljekdigine hasam ynamymyz artdy. Şeýlelikde, biz wagtymyzy gaýgyrman, Hudaýyň Patyşalygy barada yhlasly wagyz etdik. Mukaddes Kitapdan okuw geçenlerimiziň pioner, ýörite pioner we ýaşuly bellenendigini görenimizde başymyz göge ýetdi.
Men Gaitide wagtym Trewor atly ýaş ýigit bilen tanyşdym, ol mormon dininiň missioneridi. Men onuň bilen Mukaddes Kitap esasynda birnäçe gezek gürrüň etdim. Birnäçe ýyldan soň Trewordan maňa hat geldi. Ol: «Men indiki kongresde suwa çümdürilýän. Men mormon missioneri bolup gulluk eden ýerlerimde ýörite pioner bolasym gelýär» diýip ýazypdyr. Ol maksadyna ýetdi, aýaly bilen Gaitide ýörite pioner bolup gulluk etdi.
ÝEWROPADA WE AFRIKADA GULLUK EDÝÄRIS
Sloweniýada gulluk edýäris (1994)
Ýewropa ýurtlaryndaky çäklendirmeler aýrylypdy we bizi şol ýere gulluk etmäge bellediler. 1992-nji ýylda biz Sloweniýanyň Lýublýana şäherine bardyk. Ejem-kakam Italiýa göçmezinden öň, şol şäheriň golaýynda ýaşapdyr. Öňki Ýugoslawiýa degişli ýurtlarda häli-şindi uruşlar bolýardy. Sloweniýadaky wagyz işine Awstriýadaky, Horwatiýadaky we Serbiýadaky doganlar gözegçilik edýärdi. Öňki Ýugoslawiýa degişli dört döwletde häzir filial we Beýtel binalary bar.
Biz ýene-de täze dil öwrenip, täze medeniýete öwrenişmeli bolduk. Ol ýeriň halky «Ýezek ýe težek» diýýärdiler, onuň manysy: «Biziň dilimiz kyn». Dogrudanam, kyn dil eken. Sloweniýadaky dogan-uýalar guramada bolýan özgerişligi höwes bilen kabul edýärdi, Ýehowa hem olara bereket berýärdi. Biz ýene bir gezek Ýehowanyň meseläni öz wagtynda çözýändigine we Oňa sabyrly garaşmalydygyna göz ýetirdik. Biziň öňki öwrenen zatlarymyz Sloweniýada şatlanyp gulluk etmäge kömek etdi, biz ol ýerde hem köp zatlary öwrendik.
Sloweniýa biziň öýümize öwrüldi, ýöne 2000-nji ýylda bizi Günbatar Afrikanyň Kot-d’Iwuar döwletine bellediler. 2002-nji ýylyň noýabrynda ol ýerde raýatlyk urşy turdy. Şonuň üçin biz Sierra Leone gitmeli bolduk. Şol wagtlar Sierra Leonedäki 11 ýyllap dowam eden raýatlyk urşy gutarypdy. Bize Kot-d’Iwuary goýup gaýtmak aňsat bolmady, ýöne missioner gullugynda toplan tejribämiz şatlygymyzy ýitirmän yhlasly gulluk etmäge kömek etdi.
Sierra Leoneniň ilaty hoş habara ýürekden seslenýärdi. Dogan-uýalar wepalydy, hatda köp wagt dowam eden uruş hem olaryň imanyny gowşatmady. Olar garyp bolsa-da, örän jomartdy. Bir gezek uýamyz aýalym Debbä köýnek sowgat berýär. Şonda Debbi agram salmajak bolup: «Ýok, gerek däl» diýýär. Emma uýamyz aýalymyň ýok sözüni diňlemän: «Uruş döwri daşary ýurtda ýaşaýan doganlar bize köp kömek etdi, indi gezek biziňki» diýýär. Aýalym ikimiz dogan-uýalar ýaly jomart bolmagy maksat edindik.
Biz Kot-d’Iwuara dolandyk, emma ýurtda ýene gozgalaň turdy. 2004-nji ýylyň noýabrynda bizi dikuçarly Kot-d’Iwuardan alyp gaýtdylar. Ýanymyza bary-ýogy 10 kg goş alyp bildik. Bizi Fransiýanyň harby goşunynyň bazasyna getirdiler. Biz ol ýerde bir gije gaty ýerde ýatdyk. Ertesi gün biz Şweýsariýa uçduk. Biz ýarygije Şweýsariýanyň filialyna bardyk. Bizi filial komitetiniň agzalary, Gullugy kämilleşdiriş mekdebiniň mugallymlary we aýallary gujak açyp garşy aldylar. Olar gyzgynjak nahar we köp şokolad berdiler. Olaryň aladasyny görüp örän tolgundyk.
Kot-d’Iwuarda bosgunlaryň öňünde çykyş edýärin (2005)
Bizi wagtlaýyn Gana bellediler, ýöne raýatlyk urşy gutaransoň, Kot-d’Iwuara dolandyk. Käte biz az wagtyň içinde goşlarymyzy jemläp ýurtdan çykmaly bolýardyk. Ýöne dogan-uýalaryň kömegi bilen şeýle kyn ýagdaýlardan baş alyp çykýardyk. Debbi ikimiz Hudaýyň halkynyň biri-birini ýürekden söýýändigini bilýärdik. Ýöne muňa hiç haçan bolaýmaly zat ýaly garamaýardyk. Şeýle kyn döwürlerde Ýehowa bize köp zatlary öwretdi.
AZIÝADA GULLUK EDÝÄRIS
Aziýada (2007)
2006-njy ýylda bize Baş edaradan hat geldi we bize Aziýa döwletleriniň birine bellenendigimizi habar berdiler. Biz ýene-de täze dil öwrenip, täze medeniýete we ýagdaýa öwrenişmeli bolduk. Ol ýurtda syýasat we din sebäpli köp kynçylyklar bolýardy. Ýöne biz dürli milletden bolan dogan-uýalaryň guramanyň görkezmesine eýerip, Ýehowa agzybirlikde sežde edýändigini görüp örän begendik. Şeýle-de biz maşgala agzalarynyň, klasdaşlarynyň, işdeşleriniň we goňşy-golamlarynyň garşylygyna mertlik bilen döz gelýän dogan-uýalary görüp ruhlandyk.
Biz 2012-nji ýylda Ysraýylyň Tel-Awiw şäherinde geçirilen ýörite kongrese gatnaşdyk. Şol ýurtda b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soňra şeýle köp Hudaýyň halky bir ýere ýygnanyşmandy. Men şol güni hiç haçan unutmaryn.
Şol ýyllarda biz wagyz işi gadagan edilen birnäçe ýurdy idemäge gitdik, biz ýanymyz bilen edebiýatlary hem äkidýärdik, şol ýerdäki dogan-uýalar bilen wagyz edýärdik, hatda kiçiräk kongreslere-de gatnaşýardyk. Biz seresap bolýardyk, köp bolup bir ýere üýşmeýärdik. Eli ýaragly esgerleriň we postlaryň deňinden geçmeli bolýardyk.
AFRIKA DOLANÝARYS
Kongoda nutuga taýýarlanýaryn (2014)
2013-nji ýylda doganlar bizi Kongo (Kinşasa) döwletine bellediler. Ol ýeriň tebigaty owadandy, ýöne taryhy gorkunçdy, köp uruşlaryň bolandygy sebäpli adamlar hor-homsy ýaşaýardy. Öňem Afrikada gulluk edendigimiz üçin bize kyn bolmaz öýtdük. Emma aňsat bolmady, esasanam, büdür-südür ýerlerden geçip uzak ýol sökmek kyn boldy. Ýöne ýeter-ýetmez ýaşasalar-da, şadyýan we çydamly dogan-uýalary görüp örän ruhlandyk. Olar wagyz etmegi gowy görýärdi, ýygnaklara we kongreslere gatnaşmak üçin tagalla edýärdi. Ýehowanyň ak pata bermegi bilen ol ýerde wagyz işi güýçli depginde alnyp barylýardy. Kongoda gulluk eden ýyllarymyz ýüregimizde öçmejek yz galdyrdy, biz köp dogan-uýalar bilen dostlaşdyk.
Günorta Afrikada wagyz edýärin (2023)
2017-nji ýylyň ahyrynda doganlar bizi Günorta Afrika bellediler. Biz öň beýle uly filialda gulluk edip görmändik. Beýtelde öň edip görmedik işimiz tabşyryldy. Biz ýene bir gezek täze zat öwrenmeli bolduk, ýöne öňki toplan tejribämiz kömek etdi. Biz onlarça ýyl Ýehowa wepaly gulluk edýän dogan-uýalar bilen tanşyp örän begendik. Ol ýeriň filialynda dürli milletden we medeniýetden bolan dogan-uýalar agzybir gulluk edýärdi. Ýehowanyň ak pata berýändigi mese-mälimdi, sebäbi dogan-uýalar Mukaddes Kitabyň prinsiplerine görä ýaşap, täze häsiýetleri ösdürýärdi.
Debbi ikimiz ençeme ýyllaryň dowamynda köp gyzykly işleri ýerine ýetirdik. Birnäçe täze dil öwrenip, dürli medeniýete öwrenişdik. Bize aňsat bolmady, emma Ýehowa guramasy we dogan-uýalar arkaly goldady (Zeb. 144:2). Ýehowa uzak wagtly gulluk arkaly bize tälim berdi. Şeýlelikde, Onuň bilen dostlugymyz has-da berkedi.
Men Ýehowanyň ýolunda terbiýeländigi üçin ene-atama, her gün berýän goldawy üçin mähriban aýalyma, görkezýän ajaýyp göreldesi üçin bütin dünýädäki dogan-uýalara örän minnetdar! Aýalym ikimiz mundan beýläk hem Beýik Mugallym Ýehowadan öwrenmegi ýüregimize düwdük.