Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 34
  • Hudaý dogalaryma jogap berermi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý dogalaryma jogap berermi?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • «Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
Başgalary
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 34

Hudaý dogalaryma jogap berermi?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Elbetde, jogap berer. Mukaddes Kitabam, durmuşdaky wakalaram Hudaýyň edýän dogalarymyza jogap berýändigini görkezýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ol (Hudaý) Özünden gorkýanlaryň islegini kanagatlandyrýandyr, olaryň perýatlaryny eşidýär we olary gutarýar» (Zebur 145:19). Ýöne Hudaýyň dogalarymyza jogap bermegi köplenç özümize bagly.

Hudaý üçin näme wajyp?

  • Biz Isa, öwlüýälere, mukaddeslere, perişdelere ýa-da şekillere däl-de, Hudaýa doga etmeli. Diňe Ýehowa Hudaý «dogalary eşidýär» (Zebur 65:2).

  • Hudaýyň islegine we Mukaddes Kitapdaky talaplaryna laýyk gelýän zatlar barada doga etmeli (1 Ýahýa 5:14).

  • Isanyň tutýan ornuna düşünip, onuň ady bilen doga etmeli. Sebäbi Isa pygamber: «Hiç kim mensiz Atamyň ýanyna baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 14:6).

  • Hudaýyň dogalarymyzy diňlejekdigine iman etmeli. Gerek bolsa, imanymyzyň has-da berkemegini hem diläp bileris (Matta 21:22; Luka 17:5).

  • Pesgöwünli we dogruçyl bolmaly. Mukaddes Kitapda: «Reb belent hem bolsa, pes göwünlilere nazar salýandyr» diýilýär (Zebur 138:6).

  • Tutanýerli bolmaly. Isa pygamber: «Dilemegiňizi dowam ediň, size berler» diýdi (Luka 11:9).

Hudaý üçin näme wajyp däl?

  • Milletimiz ýa-da medeniýetimiz. «Hudaý hiç kimi ala tutmaýar... Ol özünden gorkýan we dogrulyk edýän islendik halkdan bolan adamy kabul edýändir» (Resullar 10:34, 35).

  • Nähili ýagdaýda durandygymyz. Biz Hudaýa oturyp, başymyzy egip, dyza çöküp ýa-da dik durup doga edip bilýäris (1 Taryh 17:16; Nehemýa 8:6; Danyýar 6:10; Markus 11:25).

  • Sesli ýa-da içimizden doga edip bileris. Hudaý başgalara bildirmän, hatda içimizden edýän dogalarymyza-da jogap berýär (Nehemýa 2:1—6).

  • Aladalarymyzyň çekip-çydardan agyrdygy ýa-da däldigi. Hudaý ähli ýükümizi onuň üstüne atmagymyzy isleýär, sebäbi ol biziň aladamyzy edýändir (1 Petrus 5:7).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş