Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • ijwbq bap 94
  • Beýik Wawilon näme?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Beýik Wawilon näme?
  • Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitabyň jogaby
  • Hudaý ýalan dinlere nähili garaýar?
  • Beýik Wawilona näme bolar?
  • «Beýik Babyl» näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ýalan dinden gaça duruň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
ijwbq bap 94
Beýik Wawilony aňladýan goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli eşik geýen ahlaksyz aýal patyşany gujaklaýar. Arka tarapda dini ýolbaşçy patyşa täç geýdirýär.

Beýik Wawilon näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

Ylham kitabynda maňlaýynda «Beýik Wawilon» diýen syrly at ýazylan ady belli ahlaksyz aýal hakda aýdylýar (Ylham 17:1, 3, 5). Şol aýal «Hudaýyň açan hakykatyna däl-de, ýalan zatlara ynanýan» dinleri aňladýara (Rimliler 1:25). Bu dinler bir-birinden tapawutlansa-da, olaryň ählisi hak Hudaý Ýehowa edilýän seždeden daşlaşdyrýar (5 Musa 4:35).

Beýik Wawilony anyklamagyň ýollary

  1. Beýik Wawilon — nyşan. Ylham kitabyndaky görnüşler göçme manyda berlendigi üçin, bu aýal hem göni manyda ulanylmaýar (Ylham 1:1). Şeýle-de onuň «halklary, märekäni, milletleri we dilleri aňladýan» «suwlaryň üstünde oturandygy» aýdylýar (Ylham 17:1, 15). Hakyky aýal muny edip bilmezdi.

  2. Beýik Wawilon ähli ýalan dinleri aňladýar. Oňa «ýer ýüzüniň patyşalarynyň üstünden höküm sürýän beýik şäher» diýilýär (Ylham 17:18). Görşümiz ýaly, ol bütin dünýä täsirini ýetirýär.

  3. Beýik Wawilon syýasy we söwda-satyk däl-de, dini guramany aňladýar. Gadymy Wawilon «jadygöýlik» we «dogalamak» bilen meşgullanýan dini şäher hökmünde tanalýardy (Işaýa 47:1, 12, 13; Ýermeýa 50:1, 2, 38). Ol ýerde ýalan din giňden ýaýrandy we oňa uýýanlar hak Hudaý Ýehowa garşy çykýardylar (1 Musa 10:8, 9; 11:2—4, 8). Wawilonyň hökümdarlary özlerini Ýehowadan we oňa edilýän seždeden ýokary tutup, tekepbirlik edýärdiler (Işaýa 14:4, 13, 14; Danyýar 5:2—4, 23). Beýik Wawilon hem «jadygöýligi» bilen tanalýar. Bu bolsa onuň dini guramadygyny subut edýär (Ylham 18:23).

    Beýik Wawilonyň syýasy gurama bolmagy mümkin däl, sebäbi ol ýok edilende, «ýer ýüzüniň patyşalary» onuň ýasyny tutarlar (Ylham 17:1, 2; 18:9). Oňa söwda-satyk guramasy hem diýip bolmaýar. Sebäbi Mukaddes Kitapda ol söwdagärlerden aýratyn agzalýar (Ylham 18:11, 15).

  4. Photograph taken by courtesy of the British Museum

    Wawilon patyşasy Nabonidiň we Sin, Iştar hem-de Şamaş atly üç ýüzli taňrynyň nyşany şekillendirilen suraty

    Beýik Wawilona ýalan din diýilmegi ýerlikli. Ýalan dinler adamlary hak Hudaý Ýehowa ýakynlaşdyrmagyň deregine, olary ýalan taňrylara sežde etdirýär. Mukaddes Kitapda muňa «biwepalyk» diýilýär (3 Musa 20:6; 2 Musa 34:15, 16). «Üç ýüzli taňry (Troisa)», «ölmeýän jan» ýaly taglymatlaryň hem-de heýkellere sežde etmek ýaly däp-dessurlaryň aňyrsy gadymy Wawilondan gaýdýar. Bu zatlar häzirem ýalan dinleriň esasy bölegi bolup durýar. Şeýle-de ýalan dinler bu dünýäniň işlerine goşulýarlar. Mukaddes Kitapda olara «zynahorlar» diýilýär (Ýakup 4:4, çykgyt).

    Ýalan dinleriň baýlygyna öwünmegi Mukaddes Kitapdaky Beýik Wawilonyň suratlandyrylyşyna gabat gelýär. Mukaddes Kitapda onuň «goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli eşik geýip, altyn, gymmatbaha daşlar hem-de merjen monjuklary dakynandygy» aýdylýar (Ylham 17:4). Beýik Wawilon — «ýigrenji zatlaryň», ýagny Hudaýy masgaralaýan taglymatlaryň we işleriň gözbaşy (Ylham 17:5). Ýalan dinlere uýýan adamlar Beýik Wawilony goldaýan «halklar, märeke, milletler we dillerdir» (Ylham 17:15).

Beýik Wawilon «ýer ýüzünde öldürilenleriň gany» üçin jogapkärdir (Ylham 18:24). Taryhyň dowamynda ýalan din uruş oduny tutaşdyryp, terrorçylygy öjükdirdi. Galyberse-de, ol söýgüden doly Ýehowa Hudaý baradaky hakykaty öwretmedi (1 Ýahýa 4:8). Şol zerarly ençeme adamlaryň gany döküldi.

Suratlar: Gadym döwürlerden bäri dini ýolbaşçylaryň uruşlary goldaýandygy görkezilýär. 1) Haçparazlar. 2) Birinji jahan urşy. 3) Ruhany esgerlere ak pata berýär. 4) Ruhany Afrikadaky tire-taýpalary söweşmäge höweslendirýär. 5) Ýapon serkerdesine baş egýärler.

Hudaý ýalan dinlere nähili garaýar?

Hudaýyň öňünde Beýik Wawilonyň «günäleri köpelip, göge ýetdi» (Ylham 18:4, 5). Allatagala ýalan dinleri ýigrenýär, sebäbi dini ýolbaşçylar Hudaý barada ýalan zatlary öwredýär we köp haram işleri edýär.

Beýik Wawilona näme bolar?

Mukaddes Kitapda Hudaýyň Beýik Wawilona höküm çykarandygy aýdylýar (Ylham 18:20). Allatagala ähli ýalan dinleri ýok etjekdigini söz berýär (Ylham 18:8). Ol gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň, ýagny syýasy ýolbaşçylaryň ýüregine ýalan dinleri ýok etmegi guýar (Ylham 17:16, 17). «Beýik Wawilon şäheri... çaltlyk bilen zyňlar, ol indi hiç haçan bolmaz» (Ylham 18:21). Hudaýy razy etmek isleýän adam ýalan dinden aýrylyp, «olaryň arasyndan çykmaly» (2 Korinfliler 6:14—17).

a «Hakyky dini nädip tapmaly?» diýen makala serediň

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş