26-NJY SAPAK
Temany logiki yzygiderlikde taýýarlamak
TEMANY logiki yzygiderlikde taýýarlamazdan öň, siziň belli bir maksadyňyz bolmaly. Siziň maksadyňyz diňleýjilere bir temany, meselem: iman, garaýyş, gylyk-häsiýet ýa-da adamlaryň durmuşy barada gürrüň bermekmi? Bir taglymaty subut etmelimi ýa-da ony ýalana çykarmaly? Adamlaryň nämedir bir zada minnetdarlygyny ösdürmelimi ýa-da olary hereket etmäge höweslendirmeli? Siz temany bir adama ýa-da jemagata gürrüň bermeli bolsaňyz-da, onuň täsirli bolmagy üçin, olaryň bu tema barada näme bilýändiklerini we oňa nähili garaýandyklaryny göz öňünde tutmaly. Şeýle etseňiz, temanyň meýilnamasy size goýan maksadyňyza ýetmäge kömek eder.
Resullaryň işleri 9:22-ä görä, Saul (Pawlus) Şamda wagyz edende: «„Bu Mesihdir“ diýip subut etmek bilen, Şamda oturan ýehudylaryň başyny çaşyrdy», ýagny olary geň galdyrdy. Subutnamalary logiki tertipde getirmek nämäni aňladýar? Pawlus Antakiýada we Selanikde eden gullugynyň ahyrynda, ilki bilen, ýehudylaryň kabul edýän Ýewreý Ýazgylaryna hem-de olaryň Mesih hakynda iman edýän aýatlaryna esaslanyp gürrüň berdi. Soňra ol bu Ýazgylardan Mesihiň ýaşaýşyna we gullugyna degişli ýerlerini saýlady. Pawlus bu aýatlara salgylanyp, olary Isa degişli wakalar bilen deňeşdirdi. Soňunda bolsa, ol netije çykaryp, Isanyň Mesihdigini görkezdi (Res. iş. 13:16—41; 17:2, 3). Eger biz hem Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty logiki yzygiderlikde düşündirsek, adamlary ynandyryp bileris.
Maglumaty logiki tertipde düzmek. Maglumaty logiki tertipde düzmegiň birnäçe usuly bar. Käte olary bilelikde-de ulansa bolýar. Geliň, olaryň birnäçesine seredeliň.
Tematik yzygiderligi. Munuň üçin maglumaty birnäçe bölüme bölmeli. Olaryň hersi size maksadyňyza ýetmäge ýardam edýär. Bu bölümler esasy pikirlerden ybarat bolup, temany düşündirmäge uly goşant goşýar. Olar bir delili subut edip ýa-da ony ýalana çykaryp biler. Käbir pikirler temaňyz bilen baglanyşykly bolsa-da, olary ýa goşup, ýa-da aýryp bilersiňiz, ýöne diňleýjileri we goýan maksadyňyzy göz öňünde tutmaly.
Tematik yzygiderlige degişli bir mysala seredeliň. Hudaýyň ady baradaky ýönekeý bir teklibi alyp göreliň: 1) Hudaýyň adyny bilmek näme üçin wajyp? 2) Hudaýyň ady näme? 3) Biz nädip Hudaýyň adyny şöhratlandyryp bileris?
Maglumaty tematik yzygiderlikde düzmäge «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin çap eden edebiýatlary kömek edip biler (Mat. 24:45). Şeýle edebiýatlar, köplenç, Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny düşündirýän temalara bölünýär. Käbir edebiýatlaryň baplary sözbaşylardan ybarat bolýar. Her tema okuw geçýän adamy indiki tema taýýarlaýar we täze tema barada umumy maglumat berýär.
Sebäp we netije. Maglumaty logiki yzygiderlikde beýan etmegiň ýene-de bir usuly — sebäp we netije.
Eger siz bir ýa-da birnäçe adama ýüzlenip, olaryň eden ýa-da etmeli işleriniň nähili netije berýändigi barada pikir alyşmak isleseňiz, onda bu usul peýdaly bolup biler. Bu babatda Süleýmanyň tymsallary kitabynyň 7-nji babynda gowy mysal getirilýär. Onda «kemakyl», ýagny tejribesiz ýigidiň ýüreginiň islegine eýerendigi (sebäp) we ahlaksyz aýalyň toruna düşüp, eden işlerinden ýaňa ejir çekendigi (netije) gürrüň berilýär (Sül. tym. 7:7).
Has aýdyň düşündirmek üçin, Ýehowanyň ýolundan dänen adamlaryň eden işleriniň erbet netijesi bilen Ýehowa gulak asan adamlaryň gazanan gowy netijesiniň arasyndaky tapawudyny görkezse bolar. Ysraýyl halky Ýehowanyň görkezmesi boýunça Wada edilen diýara girmänkä, Musa pygamber şeýle gapma-garşylyk barada aýdypdy (Kan. tag. 28-nji bap).
Käbir ýagdaýlarda başda belli bir ýagdaýy (netije) gürrüň berip, soňra şeýle ýagdaýa nämäniň eltendigini (sebäp) aýdyň düşündirmeli. Muny, köplenç, kynçylyk we çözgüt usuly arkaly etse bolýar.
Kynçylyk we çözgüt. Siz wagyzda adamlary biynjalyk edýän bir kynçylygy orta atyp, onuň çözgüdi barada gürrüň etseňiz, olary diňlemäge höweslendirip bilersiňiz. Haýsy kynçylyk barada gürrüň etmelidigini siziň özüňiz saýlap bilersiňiz ýa-da ol barada söhbetdeşiňiz agzap biler.
Meselem, adamlaryň garraýandygy we ölýändigi, jenaýatçylygyň ýa-da adalatsyzlygyň giňden ýaýrandygy barada agzap bilersiňiz. Şeýle kynçylyklaryň bardygyny subut etmek üçin köp zady gürrüň bermek hökman däl, çünki bu hemmelere mälimdir. Munuň üçin haýsydyr bir kynçylygy agzaň, soňra Mukaddes Ýazgylar boýunça onuň çözgüdini görkeziň.
Emma adamy başga zatlar hem biynjalyk edip bilýär. Meselem, çagalaryny ýeke terbiýeleýändigi, agyr kesel zerarly ruhdan düşýändigi ýa-da kimdir biriniň rehimsizligi sebäpli ejir çekýän bolmagy mümkin. Munuň üçin iň esasy zat adamy ünsli diňlemeli. Bu kynçylyklary çözmek üçin Mukaddes Ýazgylarda wajyp maslahatlar berilýär. Emma olary ulanmak üçin düşgür bolmaly. Siziň söhbetdeşligiňiz adama peýdaly bolar ýaly paýhasly bolmaly. Munuň üçin, ilki bilen, adamyň kynçylygyna doly düşünjek bolmaly. Şonda siz onuň kynçylygyny çözüp bolýandygy ýa-da zalym dünýäniň soňy gelýänçä bu kynçylyga nädip döz gelip bolýandygy barada gürrüň etmelidigine, ýa-da adama göwünlik bermelidigine düşünersiňiz. Başgaça aýdanyňda, Mukaddes Ýazgylardan aýdýan zatlaryňyz gelen netijäňizi tassyklamaly, ýogsam siziň aýdýan zatlaryňyz adam üçin gury söz bolup görner.
Taryhy yzygiderlikde. Käbir temalary taryhy yzygiderlikde düşündirmeli bolýar. Meselem, Müsürden çykyş kitabynda on jeza nähili tertipde bolan bolsa, şeýle-de beýan edilen. Ýewreýler kitabynyň 11-nji babynda Pawlus resul hem Hudaýa wepaly galan erkekdir aýallary taryhy tertipde agzap geçdi.
Eger siz bir wakany taryhy yzygiderlikde beýan etseňiz, diňleýjileriň käbir ýagdaýlara dogry düşünmegine kömek edersiňiz. Bu geçmişde we häzirki döwürde bolan wakalara-da degişlidir. Şeýdip, siz taryhy yzygiderlikde bolan wakalary sebäp we netije arkaly düşündirip bilersiňiz. Eger siz Mukaddes Ýazgylardan gelejekde boljak wakalary gürrüň bermek isleseňiz, onda olary taryhy yzygiderlikde aýdyň. Şonda diňleýjilere olara düşünmek we ýatda saklamak aňsat bolar.
Munuň üçin wakany başyndan gürrüň bermek hökman däl. Käte gyzykly wakanyň iň täsirli ýerinden gürrüň berip başlasa gowy bolar. Meselem, kimdir biri bilen bolan wakany gürrüň bermek isleseňiz, ilkibaşda, onuň Hudaýa bolan wepalylygynyň synalyşy barada aýdyp bilersiňiz. Giriş sözlerini wakanyň gyzykly ýerinden başlap, soňra ony taryhy yzygiderlikde jikme-jik gürrüň berse bolar.
Diňe gerekli maglumaty saýlaň. Siz ýokarda agzalan usullaryň haýsysyny ulansaňyz-da, diňe gerekli maglumaty saýlajak boluň. Maglumat saýlanyňyzda nutugyň temasyny göz öňünde tutmaly. Diňleýjileri-de unutmaly däl. Sebäbi belli bir diňleýjilere peýdaly boljak pikir başgalara zerur bolmazlygy mümkin. Şeýle-de saýlan maglumatyňyz goýan maksadyňyza ýetmäge ýardam etmeli. Ýogsam, temaňyz gyzykly bolsa-da, onuň kän bir peýdasy bolmaz.
Siz gözleg geçireniňizde temaňyza degişli köp gyzykly maglumatlary tapyp bilersiňiz. Olaryň haýsysyny ulansa bolar? Eger siz diňleýjilere maglumat baryny ýagdyrsaňyz, onda maksadyňyza ýetip bilmersiňiz. Çalt aýdylan köp pikirlere derek, birnäçe esasy pikirler düşündirilse, olar diňleýjileriň ýadynda gowy galar. Emma bu temaňyza hiç hili gyzykly jikme-jiklikleri goşmaly däldigini aňlatmaýar. Esasy zat, maksadyňyzdan daşlaşmaň. Mukaddes Ýazgylardaky Markus 7:3, 4-nji we Ýahýa 4:1—3, 7—9-njy aýatlarda käbir jikme-jiklikleriň paýhasly beýan edilişine üns beriň.
Bir bölümden başgasyna geçeniňizde, diňleýjiler pikir yzygiderligini ýitirmez ýaly, ony akgynly etjek boluň. Pikirleriň arabaglanyşygyny aýdyň görkezmek üçin, olaryň arasynda «köpri» guruň. Munuň üçin bir sözlemi ýa-da eýerjeň sözlemi ulanyp bilersiňiz. Köp dillerde pikiriň arasyndaky baglanyşygy görkezmek üçin, baglaýjy sözler we söz düzümleri ulanylýar.
Diňe gerekli maglumatlary saýlap, olary logiki yzygiderlikde düzseňiz, bu size maksadyňyza ýetmäge kömek eder.