35-NJI SAPAK
Pikiri nygtamak üçin gaýtalamak
ÖKDELIK bilen tälim bermek üçin gaýtalamak usulyny ulanmaly. Eger wajyp pikir birki gezek gaýtalansa, diňleýjileriň ýadynda gowy galar. Şeýle-de pikir biraz başga görnüşde aýdylsa, adamlar oňa has gowy düşünip bilerler.
Eger aýdýan zatlaryňyz diňleýjileriň ýadynda galmasa, onda siziň sözleriňiz olaryň imanyna-da, durmuşyna-da täsir etmez. Emma siz käbir pikirleri aýratyn nygtap geçseňiz, diňleýjiler soň hem olar hakda oýlanarlar.
Beýik Mugallymymyz Ýehowa bize gaýtalamak babatda görelde görkezýär. Ol ysraýyl halkyna On tabşyryk berýär. Ýehowa bu Kanuny perişdesi arkaly Sina dagynda halkyna ýetirýär. Soňra Hudaý ony Musa pygambere ýazylgy görnüşinde berýär (Müs. çyk. 20:1—17; 31:18; Kan. tag. 5:22). Ysraýyl halkynyň Wada edilen diýara girmeginiň öňüsyrasy, Musa Ýehowanyň görkezmesi boýunça bu Kanuny olara gaýtalap aýdýar. Soňra ol bu wakany mukaddes ruh arkaly Kanun taglymaty 5:6—21-nji aýatlarynda ýazýar. Ysraýyllara berlen On tabşyrygyň birinde Ýehowany bütin ýüregiň, janyň-teniň, ähli güýjüň bilen söýmek we oňa gulluk etmek talap edilýärdi. Bu tabşyryk soňra birnäçe gezek gaýtalandy (Kan. tag. 6:5; 10:12; 11:13; 30:6). Näme üçin? Sebäbi Isanyň aýtmagyna görä, ol «birinji we iň uly tabşyrykdyr» (Mat. 22:34—38). Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly ýehudy halkyna beren tabşyryklaryna tabyn bolmagyň wajypdygyny görkezmek üçin, olara 20 gezekden gowrak ýatlatdy (Ýer. 7:23; 11:4; 12:17; 19:15). Şeýle-de Ol Ezekiýel pygamber arkaly halklar «Meniň Ýehowadygymy bilerler» diýen sözleri 60 gezekden gowrak gaýtalady (Ezek. 6:10; 38:23).
Isanyň ýer ýüzündäki ýaşaýşy hakda beýan edilen wakalar hem birnäçe gezek gaýtalanýar. Meselem, dört Hoş habaryň birinde ýazylan wajyp wakalar beýleki Hoş habarlarda-da (ýa-da olaryň birinde) agzalýar, ýöne olar biraz başga tarapdan görkezilýär. Isanyň özi-de tälim berende bir esasy pikiri birnäçe gezek gaýtalap, ony dürli ýollar bilen düşündirýärdi (Mar. 9:34—37; 10:35—45; Ýahýa 13:2—17). Ol ölmezinden birnäçe gün öň, Zeýtun dagynda: «Oýa boluň, çünki siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz» diýen wajyp maslahaty nygtamak üçin, ony gaýtalap aýtdy (Mat. 24:42; 25:13).
Wagyzda. Biz wagyz edenimizde aýdýan sözlerimiziň adamlaryň ýadynda galmagyny isleýäris. Gaýtalamak usuly bu maksada ýetmäge kömek eder.
Köplenç, bir mesele ara alyp maslahatlaşylanda gaýtalamak usuly ulanylsa, edilen gürrüň adamyň ýadynda gowy galýar. Şol sebäpli bir aýady okanyňyzdan soňra, onuň esasy pikirini nygtamak üçin şeýle diýip bilersiňiz: «Bu pikiriň şu aýatda nädip beýan edilendigine üns berdiňizmi?»
Gürrüňdeşligiň ahyrynda aýtjak sözlemleriňizi-de paýhasly ulansa bolýar. Meselem, şeýle diýse bolar: «Biziň şu günki gürrüňdeşligimiziň esasy pikiri siziň ýadyňyzda galandyr diýip umyt edýärin». Soňra esasy pikiri gysgaça gaýtalaň. Ýa-da şeýle diýip bilersiňiz: «Hudaý ýer ýüzüni Jennete öwürmek isleýär. Onuň bu niýeti hökman ýerine ýeter». Ýa bolmasa, şeýle diýip bilersiňiz: «Mukaddes Ýazgylarda häzir biziň soňky günlerde ýaşaýandygymyz aýdylýar. Eger biz halas bolmak islesek, Hudaýyň bizden näme talap edýändigini bilmeli». Ýa-da: «Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylarda maşgalada ýüze çykýan kynçylyklara hötde gelmäge kömek edýän peýdaly maslahatlar berilýär» diýip bilersiňiz. Kä ýagdaýlarda, aýdylan pikir adamyň ýadynda galar ýaly Mukaddes Ýazgylardan okan aýadyňyzy gaýtalap bilersiňiz. Elbetde, munuň üçin öňünden gowy taýýarlyk görmeli.
Ikilenç ideg edeniňizde ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, geçilenleri gaýtalamak üçin soraglar berip bilersiňiz.
Eger adama Mukaddes Ýazgylardaky maslahata düşünmek ýa-da oňa eýermek kyn bolsa, onda gürrüň edilýän temany birnäçe gezek gaýtalamaly bolar. Ony dürli taraplardan düşündirjek boluň. Gürrüňdeşlik uzaga çekmän, gaýtam, gyzyklanýan adamy şol mesele barada oýlanmaga höweslendirmeli. Isa hem şägirtlerine özüni ýokary tutmak isleginden ägä bolmagy maslahat berende, gaýtalamagyň şu usulyny ulanandygyny unutmaň (Mat. 18:1—6; 20:20—28; Luka 22:24—27).
Nutuk bilen çykyş edilende. Eger siz nutuk bilen çykyş edýän bolsaňyz, onda maksadyňyz maglumaty ýöne bir gürrüň bermek däldir. Siz diňleýjileriň tema düşünmegini, ony ýatda saklap, durmuşynda ulanmagyny isleýärsiňiz. Munuň üçin gaýtalamak usulyny ökdelik bilen ulanmaly.
Emma esasy pikirler çendenaşa köp gaýtalansa, diňleýjileriň ünsi sowlar. Şol sebäpli aýratyn nygtap geçmeli pikirleri ünsli saýlamaly. Esasy pikirler nutugyň özenidir, ýöne muňa diňleýjiler üçin has peýdaly boljak pikirler hem degişli.
Gaýtalamak usulyny ulanmak üçin gürrüň ediljek esasy pikirleri nutugyň giriş sözlerinde sanap geçiň. Munuň üçin ýönekeý sözlemler arkaly gürrüň ediljek tema hakda umumy maglumat beriň. Şeýle-de ara alyp maslahatlaşyljak meseläni görkezmäge kömek edýän gysgaça mysallary hem-de soraglary ulanyň. Nutugyňyzda näçe esasy pikiriň bardygyny aýdyň we olary tertip boýunça sanaň. Soňra olary nutugyň dowamynda giňişleýin düşündiriň. Esasy pikirleri nutugyň dowamynda nygtamak üçin bir esasy pikirden beýlekisine geçeniňizde, olary gaýtalaň. Ýa-da esasy pikiri nädip ulanyp bolýandygyny görkezýän mysal getiriň. Esasy pikirleri nutugyň soňunda-da nygtap bolýar. Munuň üçin olary gaýtalap, gapma-garşy pikirlere we ýüze çykan soraglara jogap berip ýa-da nutugyň başynda agzalan kynçylygyň çözgüdini gysgaça görkezip bilersiňiz.
Ökde nutukçy ýokarda agzalanlar bilen birlikde diňleýjilere-de ünsli bolýar. Ol kimdir biriniň aýdylan pikire düşünmeýändigini duýýar. Eger ol pikir wajyp bolsa, nutukçy ony ýene-de düşündirýär. Emma pikiri şol bir aýdylan sözler bilen gaýtalamaklyk ýeterlikli däl. Sebäbi tälim bermeklik has köp zady talap edýär. Nutukçy başarnykly bolmaly. Belki-de, ol nutuga taýýarlyksyz bir maglumaty goşmaly bolar. Diňleýjileriň zerurlyklaryny göz öňünde tutmagy öwrenseňiz, bu siziň ökde mugallym bolmagyňyza uly goşant goşar.