Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 39 sah. 220—sah. 222 abz. 6
  • Täsirli jemleýji sözler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Täsirli jemleýji sözler
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Täsirli jemleýji sözler
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Esasy pikirleri nygtaň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Nutugyň meýilnamasyny düzmek
    Wagyz mekdebi
  • Gyzyklanma döredýän giriş sözleri
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 39 sah. 220—sah. 222 abz. 6

39-NJY SAPAK

Täsirli jemleýji sözler

Munuň üçin näme etmeli?

Jemleýji sözlemleri diňleýjiler eşiden zatlaryna görä hereket eder ýaly edip düzmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Nutugyň ahyrynda aýdylan sözler has gowy ýatda galýar. Jemleýji sözler bütin nutugyň täsirli bolmagyna ýardam edýär.

SIZ temaňyz babatda çuňňur gözleg geçirip, maglumaty ýerbe-ýer goýansyňyz we gyzykly giriş sözlerini oýlap tapansyňyz. Ýöne nutuk üçin ýene-de bir zadyň, ýagny täsirli jemleýji sözleriň gerekdigini unutmaň. Onuň wajyplygyna kembaha garamaň, sebäbi soňunda aýdylan sözler, köplenç, gowy ýatda galýar. Jemleýji sözler şowuna düşmese, olardan öň aýdylan sözleriň hem täsiri ýitýär.

Geliň, bir mysala seredeliň. Ýeşuwa ömrüniň ahyrynda ysraýyl ýaşulularynyň öňünde ýatdan çykmajak söz sözledi. Ol Ybraýymyň günlerinden başlap Ýehowanyň ysraýyl halky bilen nähili gatnaşykda bolandygyny jikme-jik gürrüň berdi. Emma Ýeşuwa sözüniň ahyrynda has wajyp pikirleri gysgaça gaýtaladymy? Ýok. Ol çuňňur duýgy bilen halka şeýle ündew berdi: «Rebden gorkuň, Oňa ak ýürekden we yhlas bilen gulluk ediň». Onuň aýdan jemleýji sözlerini Ýeşuwa 24:14, 15-nji aýatlardan okap bilersiňiz.

Ýene-de bir ajaýyp çykyşlaryň biri Resullaryň işleri 2:14—36-njy aýatlarda ýazylan. Ony Petrus resul b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost baýramynda Iýerusalime ýygnanan märekäniň öňünde aýdypdy. Ilki bilen, ol Hudaýyň mukaddes ruhunyň adamlara inmegi barada Ioeliň (Ýowel) pygamberliginiň ýerine ýetişiniň şaýady bolandyklaryny düşündirdi. Soňra ol bu wakanyň Zebur kitabynda Isa Mesihiň direlip, Hudaýyň sagynda oturjakdygy barada aýdylan welilik bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny görkezdi. Petrus sözüniň ahyrynda özüni diňleýän adamlaryň her birine degişli soragy orta atyp: «Şeýlelik bilen, bütin Ysraýyl öýi siziň haça çüýlän bu Isaňyzy Hudaýyň hem Reb, hem-de Mesih edenini äşgär bilsin» diýdi. Ony diňleýän adamlar: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar. Petrus hem olara: «Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň» diýdi (Res. iş. 2:36—38). Petrusyň aýdanlary adamlara güýçli täsir etdi. Şol güni üç müňe golaý adam Isa Mesih baradaky hakykaty kabul etdi.

Ýatda saklamaly zatlar. Jemleýji sözleriňiz nutugyň temasy bilen gös-göni baglanyşykly bolmaly. Ol siziň düşündiren esasy pikirleriňizi logiki taýdan jemlemeli. Belki-de, siz jemleýji sözleriňizde nutugyň esasy sözlerini ýa-da onuň temasyny tutuşlygyna gaýtalamagy makul bilersiňiz.

Adatça, siz nutuk bilen çykyş edeniňizde, diňleýjileri eşiden zatlaryna görä hereket etmäge höweslendirmeli. Jemleýji sözleriň esasy maksatlarynyň biri — diňleýjilere näme etmelidigini görkezmek. Siz temaňyzy we esasy pikirleri saýlanyňyzda, olaryň diňleýjilere nähili peýdasynyň bardygy hakda hem-de goýan maksadyňyz barada oýlandyňyzmy? Eger oýlanan bolsaňyz, onda siz diňleýjileri näme etmäge höweslendirmelidigini bilersiňiz. Indi siz olara näme etmelidigini we ony nädip etmelidigini düşündirmeli.

Jemleýji sözleriňizde diňleýjilere näme etmelidigini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, olary hereket etmäge höweslendirmeli. Herekete höweslendireniňizde muny näme sebäpden etmelidigini görkeziň we peýdaly taraplaryny-da belläp geçiň. Eger soňky sözlemleriňizi gowy düzseňiz, olar bütin nutugyňyzy täsirli eder.

Nutugy tamamlamalydygyny unutmaň. Bu siziň sözleriňizden we gepleýiş tizligiňizden görünmeli. Nutugyň soňuna çenli tiz gepläp, ahyrynda duýdansyz tamamlamaň. Şeýle-de sesiňizi ýuwaş-ýuwaşdan peseldip, birden dymsaňyz-da gowy bolmaz. Siziň sesiňiz ýeterlikli derejede batly bolmaly, ýöne gaty gygyryp geplemeli däl. Soňky birki sözlemleriňizden nutugyň tamamlap barýandygy görünmeli. Olary çynlakaý we ynamly äheň bilen aýtmaly. Nutuga taýýarlyk göreniňizde, jemleýji sözlerine-de taýýarlanmagy ýatdan çykarmaň.

Jemleýji sözler näçe wagt dowam etmeli? Onuň wagtyny sagat tutup kesgitläp bolmaz. Emma ol gaty uzyn hem bolmaly däl. Jemleýji sözleriň uzynlygy diňleýjilere etjek täsirine bagly bolmaly. Ýönekeý, düşnükli we gowy äheňde aýdylan jemleýji sözler hemişe täsirli bolýar. Olarda aýdyň mysal getirilen ýagdaýynda, jemleýji sözler has uzyn bolmagy ahmal, emma oňa gowy taýýarlanylsa, täsirli bolup biler. Mukaddes Ýazgylardaky iki sany jemleýji sözleri deňeşdirip görüň. Birinjisi: Wagyz kitabynyň jemleýji sözleri Wagyz kitaby 12:13, 14-nji aýatlarda beýan edilen. Ikinjisi: Wagyz kitabyndan has gysga bolan Dagdaky wagyzda aýdylan jemleýji sözlerdir. Ol Matta 7:24—27-nji aýatlarda ýazylan.

Wagyzda. Täsirli jemleýji sözler, köplenç, wagyzda gerek bolýar. Eger siz wagza gowy taýýarlyk görseňiz we adamlar bilen ýürekden gyzyklansaňyz, uly üstünlik gazanyp bilersiňiz. Ýokarda agzalan maslahatlar bir adam bilen gürrüňdeş bolanyňyzda-da peýdaly bolup biler.

Gürrüňdeşligi uzak dowam edip bolmaýar, sebäbi adamlar işleri bilen başagaý bolmagy mümkin. Siziň idegiňiz bary-ýogy bir minut dowam etmegi ahmal. Eger ýerlikli bolsa, siz şeýle diýip bilersiňiz: «Men siziň işlidigiňize düşünýärin. Ýöne size bir ruhlandyryjy pikiri aýdasym gelýär. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, biziň Ýaradyjymyzyň ajaýyp niýeti bar, ýagny Hudaý ýer ýüzüni Jennete öwrer we adamlar onda ebedi ýaşaýyşdan lezzet alyp ýaşarlar. Biz hem şol Jennetde ýaşap bileris, ýöne munuň üçin Hudaýyň talaplaryny bilmeli». Ýa-da gürrüňi dowam eder ýaly, başga bir amatly ýagdaýda geljekdigiňizi aýdyp bilersiňiz.

Eger adam siziň sözüňizi bölüp, hatda gödeklik bilen jogap berse-de, gürrüňdeşligi gowy äheňde tamamlasa bolar. Matta 10:12, 13-nji we Rimliler 12:17, 18-nji aýatlardaky maslahaty unutmaň. Siz ýumşaklyk bilen jogap berseňiz, adam Ýehowanyň Şaýatlary hakdaky pikirini özgerdip biler. Muňa, dogrudan-da, üstünlik diýse bolar.

Aýdaly, siz öý eýesi bilen gowy gürrüň edip bildiňiz. Esasy pikirler onuň ýadynda galar ýaly, olary gaýtalap bilermisiňiz? Soňra ony hereket etmäge höweslendirjek sözleri aýdyň.

Eger siz adamyň gürrüňdeşligi dowam etmäge mümkinçiliginiň bardygyny duýsaňyz, ol siz bilen indiki gezek duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşar ýaly gyzykly sorag beriň. Siz oňa «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rus.) kitabyndan ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin ulanylýan edebiýatdan bir soragy berip bilersiňiz. Emma Isanyň Matta 28:19, 20-nji aýatlarda bize beren görkezmesini ýadyňyzdan çykarmaň.

Belki-de, siz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýänsiňiz. Eger okuwyň ahyrynda geçilen temany gaýtalasaňyz, bu gürrüň edilen zatlaryň gyzyklanýan adamyň ýadynda galmagyna kömek eder. Gaýtalamak üçin soraglary howlukman berseňiz, ol esasy pikirleri gowy özleşdirer. Şeýle-de adama öwrenen zatlarynyň nähili peýda berýändigi ýa-da olary başgalara nädip gürrüň berip biljekdigi hakynda sorag berseňiz, oňa alan bilimini durmuşynda ulanmaga kömek edip bilersiňiz (Sül. tym. 4:7).

Jemleýji sözleriň ähli aýdylan zatlaryň täsirli bolmagyna ýardam edýändigini unutmaň.

JEMLEÝJI SÖZLERI NÄDIP TAÝÝARLAMALY?

  • Jemleýji sözler nutugyň temasy bilen gös-göni baglanyşykly bolmaly.

  • Diňleýjilere öwrenen zatlaryny durmuşynda nädip ulanmalydygyny görkezmeli.

  • Siziň sözleriňiz we olary aýdyşyňyz diňleýjileri hereket etmäge höweslendirmeli.

GÖNÜKME Wagyz üçin iki sany jemleýji sözleri taýýarlaň: 1) adam sözüňizi bölse ýa-da wagty çäkli bolsa näme diýmelidigi hakda oýlanyň; 2) ikilenç ideg etmek üçin bir sorag beriň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş