36-NJY SAPAK
Temanyň düşündirilişi
ÖKDE nutukçylar temanyň wajyplygyna gowy düşünýärler. Doganlar nutuga taýýarlyk görenlerinde, tema olara belli bir maglumata ünsüni jemläp, ony çuňňur özleşdirmäge ýardam edýär. Şonuň üçin nutukçylar köp pikirleri bellemän, eýsem, nutugy diňleýjilere has peýdaly bolar ýaly edip taýýarlaýarlar. Eger her bir esasy pikir tema bilen baglanyşsa we şol pikirler tema düşünmäge kömek etse, onda diňleýjilere olary ýatda saklamak aňsat bolar hem-de olaryň wajypdygyna göz ýetirerler.
Eger siz bir zat barada gürrüň edeniňizde, ony belli bir tema görä düşündirseňiz, çykyşyňyz has üstünlikli bolar. Hudaýyň Patyşalygy, Mukaddes Ýazgylar we direliş ýaly zatlar giň manyny öz içine alýar. Bu zatlaryň esasynda dürli temalar barada gürrüň etse bolýar. Meselem, şulara tema diýse bolýar: «Hudaýyň Patyşalygy — hakyky hökümet», «Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni Jennete öwrer», «Mukaddes Ýazgylar — Hudaý tarapyndan ylhamlanan kitap», «Mukaddes Ýazgylar döwrebap görkezme berýär», «Direliş hasrat çekýänlere umyt berýär» we «Direlişe bolan umyt synaglarda berk durmaga kömek edýär». Bu temalary dürli tarapdan düşündirse bolýar.
Isa Mesih ýer ýüzünde gulluk eden döwründe, «Gögüň Patyşalygy golaýlaşdy» diýip, wagyz edýärdi. Şeýdip, ol Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasyny nygtap geçdi (Mat. 4:17). Bu tema nädip aýdyňlaşdyryldy? Injil kitabynyň dört sany Hoş habarynda Patyşalyk sözi 110-dan gowrak gezek duş gelýär. Emma Isa «patyşalyk» sözüni ýöne bir gaýtalamak bilen çäklenmän, eýsem, taglymatlary we görkezen gudratlary bilen özüniň Hudaýyň Ogludygyny, Mesihdigini hem-de Ýehowanyň oňa Patyşalygy berjekdigini aýdyň görkezdi. Şeýle-de Isa özi arkaly başga adamlara-da Hudaýyň Patyşalygyna girmäge mümkinçiligiň dörändigini aýtdy. Ol şeýle hormata mynasyp bolmak isleýän adamlaryň nähili häsiýetleri ösdürmelidigini düşündirdi. Isanyň taglymatlary we beýik işleri Hudaýyň Patyşalygynyň adamlar üçin näme etjekdigini görkezdi hem-de ol mukaddes ruh arkaly jynlary kowup, «Hudaýyň Patyşalygynyň» adamlara gelip ýetendigini subut etdi (Luka 11:20). Ol şägirtlerine-de Patyşalyk hakda wagyz etmegi tabşyrdy (Mat. 10:7; 24:14).
Gerekli temany saýlamak. Elbetde, sizden temaňyzy Mukaddes Ýazgylardaky ýaly giňişleýin düşündirmek talap edilmeýär. Ýöne gerekli temany saýlamak wajypdyr.
Eger siz temany özüňiz saýlamaly bolsaňyz, onda, ilki bilen, nutugyňyzyň maksadyny göz öňünde tutuň. Soňra nutugyň meýilnamasyny düzýän esasy pikirleri saýlaň we olaryň tema bilen nädip baglanyşýandygyna göz ýetirmäge çalşyň.
Eger size tema berlen bolsa, onda ony haýsy tarapdan düşündirmelidigini anyklaň. Temanyň wajyplygyny we ony nädip ulanmalydygyny görkezmek üçin tagalla etmeli bolar. Eger tema üçin maglumaty özüňiz saýlamaly bolsaňyz, onda temadan daşlaşmaz ýaly ünsli boluň. Emma maglumat berlen bolsa, ony tema bilen nädip baglanyşdyryp boljakdygy hakynda oýlanyň. Şeýle-de goýan maksadyňyzyň we berlen maglumatyň diňleýjilere nähili ähmiýetiniň bardygy hakda pikirleniň. Bu size nutugyňyzda nämäni nygtamalydygyny anyklamaga kömek eder.
Temany nädip nygtamaly? Nutugyň temasyny nygtamak üçin dogry we gerekli maglumaty saýlamaly hem-de ony yzygiderli ýerleşdirmeli. Eger siz tema bilen gös-göni baglanyşykly maglumatlary saýlasaňyz we meýilnamanyň düzüliş kadalaryna eýerseňiz, tema öz-özünden diýen ýaly nygtalar.
Gaýtalamak usuly temany has gowy özleşdirmäge kömek edýär. Meselem, söýgi hakyndaky aýdymy alyp göreliň. Aýdymçy bütin aýdymyň dowamynda kimdir birine bolan söýgüsini beýan edýär. Ol «söýgi» sözüni başga sözler bilen-de nygtap, bu temany dürli ýollar bilen gaýtalaýar. Şeýle-de ol söýgini manydaş sözler, meňzetme usuly, şahyrana dil ýa-da aýdyň mysallar arkaly hem beýan edýär. Muňa garamazdan, onuň aýdymy söýgi temasynyň çäginden çykmaýar. Nutugyň temasy-da şeýle bolmalydyr. Aýdymda söýginiň eriş-argaç bolup geçişi ýaly, temanyň esasy sözlerini-de boýdan-başa gaýtalasa bolýar. Siz hem nutugyň temasyny manydaş sözler arkaly ýa-da ony biraz başgaça aýdyp bilersiňiz. Bu usullar arkaly siz diňleýjilere temany ýatda saklamaga kömek edersiňiz.
Bu prinsipleri diňe bir sahnada çykyş edeniňde däl, eýsem, wagyzda adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňda-da ulansa bolýar. Hatda gürrüňdeşlik gysga bolsa-da, temany gowy düşündirip bilseňiz, ol adamyň ýadynda gowy galar. Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirilende-de, tema nygtalsa, ony ýadyňa salmak aňsat bolýar. Gerekli temany saýlamak we ony düşündirmek üçin eden tagallaňyz size ökde nutukçy hem-de Hudaýyň Sözüniň mugallymy bolmaga kömek eder.