48-NJI SAPAK
Paýhasly pikir alyşmak
BIZ Hudaýyň Sözüniň durmuşymyzy özgerdendigine diýseň begenýäris. Elbetde, biz onuň başga adamlara-da peýda bermegini isleýäris. Adamlaryň hoş habara seslenmegi olaryň gelejegine täsir etjekdigine düşünýäris (Mat. 7:13, 14; Ýahýa 12:48). Biz olaryň hakykaty kabul etmegini ýürekden isleýäris. Emma bu işi has gowy ýerine ýetirmek üçin ynamly sözlemek we yhlasly bolmak bilen birlikde düşgürlik hem gerek.
Hakykaty gödek äheňde aýdyp, adamyň gymmat saýýan taglymatyny ýalana çykarsak, hatda aýdýanlarymyzy Mukaddes Ýazgylardan aýat getirip tassyklasak-da, bu gowy netije berip bilmez. Meselem, giňden ýaýran baýramçylyklaryň ýalan dinden gelip çykandygyny aýtsak, adamlaryň olara bolan garaýşyny özgertmäge kömek edip bilmeris. Şeýle ýagdaýda paýhasly bolsak, bu has gowy netije berer. Paýhasly bolmaga nämeler degişli?
Mukaddes Ýazgylarda: «Gökden inen akyldarlyk... parahatlyk söýüji, mylaýym (paýhasly, TD)» diýilýär (Ýakup 3:17). «Paýhasly» diýip terjime edilen grek sözi göni manyda «eglişik etmegi» aňladýar. Käbir terjimelerde bolsa, «ýumşak» ýa-da «sabyrly» diýen sözler ulanylýar. Paýhaslylygyň parahatlyk häsiýeti bilen baglanyşyklydygyna üns beriň. Titus 3:2-de ol ýumşaklyk we igenjeň bolmazlyk bilen bilelikde agzalýar. Filipililer 4:5-de biziň «ýumşak», ýagny paýhasly bolmalydygymyz ündelýär. Paýhasly wagyzçy adam bilen gepleşende, onuň alan terbiýesini, ýagdaýyny we duýgularyny göz öňünde tutýar. Ol ýerlikli bolsa eglişik etmäge hemişe taýyn bolýar. Mukaddes Ýazgylar boýunça pikir alşanymyzda paýhasly bolsak, hakykat adamyň aňyna we ýüregine täsir edip, oňa hoş habary kabul etmäge kömek eder.
Nädip başlamaly? Taryhçy Lukanyň habar bermegine görä, Pawlus resul Selanikde bolan wagty adamlara Mukaddes Ýazgylar arkaly «Mesihiň görgi görüp, ölümden direlmeginiň zerur bolandygyny düşündirdi» (Res. iş. 17:2, 3). Pawlus bu gürrüňdeşligi ýehudylaryň sinagogasynda edipdi. Onuň ýüzlenen adamlary Ýewreý Ýazgylaryny kabul edýärdiler. Şol sebäpli ol gürrüňini ýehudylaryň iman edýän zatlaryndan başlady.
Pawlus Afinynyň Ares depesinde greklere ýüzlenende, gürrüňini Mukaddes Ýazgylara salgylanman başlady. Ol grekleriň bilýän we ynanýan zatlaryna esaslanyp, Ýaradyjy we onuň niýetleri barada gürrüň berdi (Res. iş. 17:22—31).
Şu günler millionlarça adamlar Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşamagy wajyp hasaplamaýarlar. Emma adamlaryň ählisi diýen ýaly kynçylyklary başdan geçirýärler. Olar durmuşyň gowulanmagyny isleýärler. Eger siz adamlaryň biynjalyk bolýan zatlary barada alada edýändigiňizi görkezip, soňra Mukaddes Ýazgylaryň bu babatda näme aýdýandygyny düşündirseňiz, olary Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adamlar üçin näme niýetländigini diňlemäge höweslendirersiňiz.
Mümkin, okuw geçýän adam ata-enesiniň ynanýan dini taglymatlaryna we däp-dessurlaryna görä ýaşaýandyr. Indi bolsa, ol bularyň Hudaýa ýaramaýandygyny bilip, Mukaddes Ýazgylarda aýdylanlara görä olara gatnaşmagyny bes etmek isleýär. Ol gelen kararyny ata-enesine nädip düşündirip biler? Onuň ata-enesi diňe bir dini taglymatlary däl-de, eýsem, özlerini-de inkär edýändir öýderler. Şol sebäpli okuw geçýän adam Mukaddes Ýazgylar boýunça gelen kararyny düşündirmezden öňürti, kakasyny we ejesini söýýändigini hem-de olara hormat goýýandygyny aýtsa gowy bolardy.
Haçan eglişik etmeli? Ýehowanyň hökümdarlyk etmäge doly ygtyýary bolsa-da, ol paýhaslylyk görkezýär. Ýehowanyň perişdeleri Lut we onuň maşgalasyny Sodomdan çykaryp: «Göni daga gaç, ýogsam... heläk bolarsyň» diýdiler. Emma Lut: «Ýok, ýok jenabym!» diýip ýalbarýar. Ol Ýehowadan Sogara gaçmaga rugsat bermegini haýyş edýär. Ýehowa Lutuň ýagdaýyny göz öňünde tutup, ol ýere gaçmaga rugsat berýär. Başga şäherler ýok edilende, Sogara hiç zat bolmandy. Emma biraz wagtdan Lut Ýehowanyň ilki beren tabşyrygyna eýerip, daglyk ýere gidýär (Gel. çyk. 19:17—30). Ýehowa gelen kararynyň dogrudygyny bilýärdi, emma Ol Lutuň özi muňa düşünýänçä sabyrlylyk bilen garaşdy.
Adamlar bilen gowy gürrüňdeş bolar ýaly, bize-de paýhasly bolmak gerek. Ähtimal, biz adamyň nädogry pikir edýändigine düşünýändiris we muny subut etmek üçin güýçli delilleri-de getirip bilýändiris. Emma käte biz adamyň nädogry pikir edýändigini boýun almaga mejbur etmeli däl. Paýhaslylyk bu Ýehowanyň kadalaryny bozmalydygyny aňlatmaýar. Şeýle ýagdaýda adama pikirini aýdandygy üçin minnetdarlyk bildirsek ýa-da käbir nädogry garaýyşlaryna üns bermän, gürrüňi başga tarapa ugrukdyrsak gowy bolardy. Ol siziň ynanýan zatlaryňyzy inkär etse-de, gaharlanmaň. Siz onuň näme üçin şeýle pikir edýändigini sorap bilersiňiz. Soňra onuň aýdýan zatlaryny ünsli diňläň. Bu size onuň garaýşyny bilmäge kömek eder we indiki gezek gürrüňdeşligi dowam etmäge mümkinçilik döreder (Sül. tym. 16:23; 19:11).
Ýehowa adamlary saýlamak ukyby bilen ýaratdy. Adamlar bu ukyby nädogry ulansalar-da, Ýehowa olara saýlamaga ýol berýär. Ýeşuwa Ýehowanyň wekili hökmünde ysraýyllara Hudaýyň olar üçin eden işlerini gürrüň berdi. Emma soňra ol şeýle diýdi: «Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Perat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin» (Ýeş. 24:15). Şu günler bize-de wagyz etmeklik tabşyryldy. Biz bu işi ynamly ýerine ýetirsek-de, adamlary hakykaty kabul etmäge mejbur etmeýäris (Mat. 24:14). Adamlaryň özleriniň saýlamaga haky bar we biz olaryň bu mümkinçiligini elinden almaly däl.
Sorag beriň. Isa adamlar bilen paýhasly pikir alyşmagyň ajaýyp göreldesini görkezdi. Ol adamlaryň alan terbiýesini göz öňünde tutýardy we olara tanyş bolan aýdyň mysallary getirýärdi. Şeýle-de Isa soraglary ökdelik bilen berýärdi. Bu adamlara pikirini aýtmaga, ýüregini açmaga we oýlanmaga höweslendirýärdi.
Bir gezek kanunçy Isadan: «Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin, meniň näme etmegim gerek?» diýip sorady. Isa oňa göni jogap berip bilerdi. Emma ol adamy öz pikirini aýtmaga höweslendirdi. «Kanunda näme ýazylypdyr? Sen nähili okaýarsyň?» Kanunçy soraga dogry jogap berýär. Gürrüňdeşlik şunuň bilen tamamlandymy? Ýok. Isa oňa gürrüňdeşligi dowam etmäge mümkinçilik berdi, şonda ol özüni aklajak bolup: «Meniň goňşym kim?» diýip sorady. Isa ýehudylaryň başga milletlere we samariýalylara bolan nädogry garaýşyny bilýärdi. Şol sebäpli ol «goňşy» sözüniň manysyny düşündirmedi, çünki gürrüňdeşlik jedele öwrülip bilerdi. Isa bir wakany gürrüň berip, ony oýlanmaga höweslendirdi. Bu wakada bir syýahatçyny talap, urup-ýenjip gidendikleri we oňa ruhanynyň hem-de lewiniň kömek etmän, samariýaly adamyň kömek edendigi hakda gürrüň berilýär. Isa ýönekeý sorag berip, kanunçynyň bu wakanyň düýp manysyna düşünendigine göz ýetirýär. Ol kanunçy bilen paýhasly pikir alşanda, oňa «goňşy» sözüniň manysyna öň hiç haçan oýlanyp görmedik tarapdan seretmäge kömek etdi (Luka 10:25—37). Gör, nähili ajaýyp görelde! Biz hem diňe özümiz geplemän, adam barada oýlansak, sypaýyçylykly sorag bermegi we pikirlenmäge höweslendirýän aýdyň mysallary getirmegi öwreneris.
Subutnamalar getiriň. Pawlus resul Selanikdäki sinagogada wagyz edende, ol diňleýjileriň diňe bir kabul edýän ýazgylaryndan okap bermek bilen çäklenmedi. Lukanyň habar bermegine görä, Pawlus okanlaryny düşündirdi, subutnamalar getirdi we olary nädip durmuşda ulanyp bolýandygyny görkezdi. Netijede, «olaryň birnäçesi... ynanyp, Pawlus bilen Silasa goşuldylar» (Res. iş. 17:1—4).
Siz kime ýüzlenseňiz-de, pikir alyşmaklyk hemişe peýdaly bolup biler. Elbetde, bu usuly dogan-garyndaşlaryňyza, işdeşleriňize, klasdaşlaryňyza we nätanyş adama wagyz edeniňizde, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde-de, ýygnakda çykyş edeniňizde-de ulanyp bilersiňiz. Mukaddes Ýazgylardan aýat okanyňyzda, onuň manysyna siz düşünseňiz-de, mümkin, başgalar düşünýän däldir. Şeýle ýagdaýda aýady diňe bir düşündirmek ýa-da ony durmuşda nädip ulanmalydygyny görkezmek ýeterlikli bolmazlygy mümkin. Şol sebäpli aýadyň esasy sözüni aýratynlandyryp, ony düşündirseňiz gowy bolmazmy? Aýadyň kontekstinden delil getirseňiz ýa-da şol tema degişli başga aýady okasaňyz ýerlikli bolmazmy? Aýdýanlaryňyzy tassyklamak üçin aýdyň mysal getirip bilersiňizmi? Diňleýjiler bilen tema hakda pikir alyşmak üçin soraglar berseňiz näme? Şeýle usul adama güýçli täsir edýär we oýlanmaga höweslendirýär