Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 9 sah. 28—sah. 29 abz. 1
  • Ahyry ogly bolýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ahyry ogly bolýar
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ybraýym pygamber kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Siz «berk binýatly şähere» garaşýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 9 sah. 28—sah. 29 abz. 1
Bibisara perişdeleriň gürrüňini diňläp dur

9-NJY SAPAK

Ahyry ogly bolýar

Ybraýymyň Bibisara öýlenenine köp ýyl bolupdy. Olar Ur şäherindekä owadan uly jaýda ýaşaýardylar. Ýöne indi çadyrda ýaşaýarlar. Bibisara çadyrda ýaşaýanyna gynanmaýardy. Ol Ýehowany gowy görýärdi, hemişe kömek etjegine ynanýardy.

Bibisaranyň çagasy bolmaýardy. Şonuň üçin ol Ybraýyma: «Hyzmatkärim Hajar ikiňiz maňa çaga edip beriň, oňa öz çagam ýaly serederin» diýýär. Şeýdip, Hajaryň ogly bolýar, adyna Ysmaýyl dakýar.

Bibisara göwreli bolýar

Köp ýyl geçýär, Ybraýym 99, Bibisara bolsa 89 ýaşaýar. Bir gezek olaryň öýüne üç adam gelýär. Ybraýym agajyň aşagynda saçak ýazýar, olar iýip içýär. Bilýäňmi, şol üç adam kim? Olar perişdeler. Perişdeler Ybraýyma: «Indiki ýyl şu wagtlar ogluň bolar» diýýär. Şol wagt Bibisara çadyrdady, olaryň gürrüňini eşidip durdy. Ol içinden: «Meniň ýaly garryja aýalyňam çagasy bolarmy?!» diýip gülýär.

Bir ýyldan perişdeleriň aýdyşy ýaly, Bibisaranyň ogly bolýar. Ybraýym onuň adyna Yshak dakýar. Yshak «gülki» diýmegi aňladýar.

Yshak ulalyp bäş ýaşyna ýetdi. Ysmaýyl Yshagyň üstünden gülýärdi. Bibisara Ysmaýylyň eden işini halamady. Şonuň üçin Ybraýyma: «Hajar bilen Ysmaýyly öýden kow» diýýär. Ybraýymyň olary kowasy gelmedi. Ýöne Ýehowa adamlara Ysmaýyl arkaly däl-de, Yshak arkaly ýagşylyk etjek bolýardy. Şonuň üçinem Ýehowa Yshagy gorady. Ol Ybraýyma: «Bibisaranyň diýenini et, Ysmaýyla özüm kömek ederin» diýýär.

Hajar bilen ogly gidip barýar; Bibisara ogluny gujaklap dur

«Bibisara hem iman edendigi üçin... Hudaýyň güýji bilen göwreli boldy, sebäbi ol wada beren Hudaýyň wepalydygyny bilýärdi» (Ýewreýler 11:11).

Soraglar: Bibisara çadyrda näme eşidýär? Ýehowa Yshagy goramak üçin näme etdi?

1 Musa 16:1—4, 15, 16; 17:25—27; 18:1—15; 21:1—14; Ýewreýler 11:11

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş