Iň gowy ýoldan ýöräň!
«Ýaşasak-da, ölsek-de Ýehowanyňkydyrys». (RIM. 14:8)
1. Isa iň gowy ýol barada näme öwretdi?
ÝEHOWA biziň iň gowy ýoldan ýöräp, bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Adamlar dürli ýollar bilen ýöreýär, ýöne bir sany iň gowy ýol bar. Biz Hudaýyň Sözüne görä we Isa Mesihden öwrenip ýaşasak, iň gowy ýoldan ýöräris. Isa şägirtlerine Hudaýa ruhda we hakykatda sežde etmegi öwretdi we şägirt taýýarlamagy tabşyrdy (Mat. 28:19, 20; Ýahýa 4:24). Isanyň görkezmesine eýersek, Ýehowany razy ederis we Onuň bereketlerini alarys.
2. I asyrda köp adamlar hoş habara nähili seslendi we «bu ýola» uýmak näme aňladýar?
2 «Ebedi ýaşaýyş üçin bellenen» adamlar hakykaty kabul edip, suwda çokundyrylanda, olara «iň gowy ýoldan ýöräň!» diýmäge, bizde degerli sebäpler bar (Res. iş. 13:48). B. e. I asyrynda, dürli milletden müňlerçe adamlar hakykaty kabul edip, Hudaýa özüni bagyş edendigini hemmeleriň öňünde suwda çokundyrylyp görkezdiler (Res. iş. 2:41). Şol şägirtler «bu ýola» uýdular (Res. iş. 9:2; 19:23). «Ýol» diýen jümle ýerlikli, çünki Isanyň şägirtleri Mesihe berk iman etdi we onuň göreldesine eýerdiler (1 Pet. 2:21).
3. Näme üçin Ýehowanyň halky suwda çokundyrylýar we soňky on ýyllykda näçe adam suwda çokundyryldy?
3 Şu soňky günler şägirt taýýarlamak işi çaltlaşyp, 230-dan gowrak döwletde alnyp barylýar. Soňky on ýylyň içinde iki million ýedi ýüz müň adam Ýehowa gulluk etmek kararyna gelip, özüni oňa bagyş edip, suwda çokundyryldy. Diýmek, her hepde ortaça bäş müňden gowrak adam suwda çokundyrylýar! Olar Hudaýa bolan söýgüsi, Mukaddes Ýazgylardan alan bilimi we öwrenen taglymatlaryna ynamy esasynda suwda çokundyryldy. Suwda çokundyrylmak durmuşymyzda örän wajyp ädim, çünki bu Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyň başlanýandygyny görkezýär. Şeýle-de, bu Hudaýyň gadym döwürdäki gullukçylaryna onuň ýolundan ýöremäge kömek edişi ýaly, bize wepaly gulluk etmäge kömek etjekdigine ynanýandygymyzy görkezýär (Iş. 30:21).
Näme üçin suwda çokundyrylmaly?
4, 5. Suwda çokundyrylmak nähili bereketler getirýär?
4 Mümkin, sen Hudaý barada bilim alyp, durmuşyňy özgerdensiň we häzir suwda çokundyrylmadyk wagyzçysyň. Şeýle ruhy taýdan ösendigiň öwgä mynasyp. Emma sen dogada özüňi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmak isleýärmiň? Sen häzir Mukaddes Ýazgylary öwrenip, durmuşyňda diňe özüňe ýaranmaly ýa-da baýlyk gazanmaly däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmalydygyny bilensiň (Zebur 148:11—13-nji aýatlary okaň; Luka 12:15). Suwda çokundyrylmak nähili bereketler getirýär?
5 Sen özüňi Hudaýa bagyş edip, durmuşyňda uly maksatlary goýarsyň. Hudaýyň islegini berjaý edip, şatlyk taparsyň (Rim. 12:1, 2). Ýehowanyň mukaddes ruhy saňa parahatlyk we iman ýaly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (Gal. 5:22, 23). Hudaý seniň dogalaryňa jogap berer we onuň Sözüne görä ýaşamak üçin edýän tagallalaryňa pata berer. Sen Hudaýa şatlanyp gulluk edersiň we Hudaýyň halaýan ýolundan ýöräp, ebedi ýaşaýşa umydyň berkär. Galyberse-de, özüňi Hudaýa bagyş edip we suwda çokundyrylyp, hakykatdan hem Ýehowanyň Güwäçisi bolmagy isleýändigiňi görkezersiň (Iş. 43:10—12).
6. Biz suwda çokundyrylyp, hemmelere nämäni aýan edýäris?
6 Biz özümizi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylyp, Ýehowanyňkydygymyzy hemmelere görkezýäris. Pawlus resul şeýle diýdi: «Sebäbi hiç birimiz özümiz üçin ýaşaýan däldiris, hiç kim hem özi üçin ölýän däldir. Sebäbi ýaşaýan bolsak, Reb üçin ýaşaýandyrys; ölýän bolsak, Reb üçin ölýändiris. Şoňa görä, ýaşasak-da, ölsek-de Rebbiňkidiris» (Rim. 14:7, 8). Hudaý bizi sylap, erkinlik berdi. Biz Hudaýy söýüp, onuň ýüregini şatlandyrmak üçin, şu ýoldan ýöremegi ýüregimize berk düwdük (Sül. tym. 27:11). Biz suwda çokundyrylyp, özümizi Hudaýa bagyş edendigimizi we Ýehowany Hökümdar edip saýlandygymyzy hemmelere aýan edýäris. Şeýle-de Hökümdarlyk baradaky jedelli meselede Ýehowanyň tarapyny tutýandygymyzy görkezýäris (Res. iş. 5:29, 32). Ýehowa hem biziň bilen bolýar (Zebur 118:6-ny okaň). Suwda çokundyrylmak häzir we gelejekde ençeme bereketler almaga mümkinçilik berýär.
Söýýän dogan-uýalary taparsyň
7—9. a) Isa ähli zadyny taşlap, onuň yzyna düşenlere nämäni wada berdi? b) Markus 10:29, 30-njy aýatlardaky Isanyň wadasy nädip berjaý boldy?
7 Petrus resul Isa şeýle diýdi: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük; onda biziň nämämiz bolar?» (Mat. 19:27). Petrus resul geležekde oňa we Isanyň başga şägirtlerine näme boljagyny bilesi gelýärdi. Olar Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek üçin ähli zadyndan geçdiler (Mat. 4:18—22). Isa olara nämäni wada berdi?
8 Markusyň aýtmagyna görä, Isa şägirtlerine ruhy dogan-uýalary tapjakdygyny aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Meniň hatyram üçin, Hoş Habaryň hatyrasy üçin öýüni, doganlaryny, uýalaryny, enesini, atasyny, oglan-uşagyny ýa ýerlerini taşlap-da, şindi, bu zamanda çekjek azaplary bilen birlikde, ýüz esse edip öýler, doganlar, uýalar, eneler, atalar, oglan-uşaklar, ýerler we geljek döwürde ebedi ýaşaýyş almajak ýokdur» (Mar. 10:29, 30). Isanyň wada berşi ýaly, I asyrda Lidiýa, Priskilla, Gaýus ýaly dogan-uýalar imandaşlaryna «öýlerini» berip, «doganlar, uýalar, eneler, atalar» boldy (Res. iş. 16:14, 15; 18:2—4; 3 Ýahýa 1, 5—8).
9 Isanyň aýdan sözleri şu günler uly möçberde berjaý bolýar. Isanyň şägirtleriniň köpüsi, şol sanda missionerler, beýtelçiler we guramanyň gurluşykçylary Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, dürli ýurtlarda gulluk etmek üçin «ýerlerini», ýagny ýaşaýyş üçin gerekli zatlaryny goýup gidýärler. Biz öýlerini goýup, ýönekeý ýaşaýan köp dogan-uýalaryň Ýehowanyň aladasyny edýändigini we gullukdan şatlyk tapýandygyny eşidip begenýäris (Res. iş. 20:35). Galyberse-de, «Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtarýan» suwda çokundyrylan ähli Ýehowanyň gullukçylary bütindünýä doganlygyny tapar (Mat. 6:33).
«Gizlin ýerde» gal
10, 11. «Hemmeden Beýigiň gizlin ýeri» näme we biz onda nädip mesgen tutup bileris?
10 Özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylan adam ýene-de bir berekedi alýar, ýagny «hemmeden Beýigiň gizlin ýerinde» mesgen tutýar (Zebur 91:1-i okaň). «Gizlin ýer» bu göçme manyda ruhy zyýandan goraýan we özüňi howpsuz duýulýan ýeri aňladýar. Bu «gizlin ýeri» Hudaýy tanamaýan we oňa bil baglamaýan adamlar bilmeýär. Biz özümizi Hudaýa bagyş edenimize görä ýaşap we Ýehowa doly bil baglap, şeýle diýýäris: «Ol meniň penam we galamdyr; meniň Hudaýymdyr; men Oňa bil baglaryn» (Zeb. 91:2). Ýehowa Hudaýy biz mesgen edindik (Zeb. 91:9). Eýsem, mesgen tutmaga ondan başga gowy ýer barmy?
11 Şeýle-de Ýehowanyň «gizlin ýerinde» mesgen tutsak, Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygy berkideris. Bu özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwda çokundyrylmak bilen başlanýar. Soňra biz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ýürekden doga edip we Hudaýa doly gulak asyp, oňa ýakynlaşýarys (Ýakup 4:8). Hiç kim Isa ýaly hemişe Ýaradyja berk bil baglap, Ýehowa ýakynlaşmady (Ýahýa 8:29). Şonuň üçin Ýehowa beren wadamyzy berjaý etmäge onuň kömek etjekdigine hiç haçan şübhelenmäliň (Wag. 5:4). Hudaýyň halkyna ruhy taýdan berýän ähli zatlary onuň bizi hakykatdanam söýýändigini we oňa üstünlikli gulluk etmegimizi isleýändigini aýdyň subut edýär.
Ruhy jenneti gymmat saýýarys
12, 13. a) Ruhy jennet näme? b) Biz ýygnaga täze gelenlere nädip kömek edip bileris?
12 Özüňi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmak hem ruhy jennetde mesgen tutmaga ýol açýar. «Ruhy jennet» Ýehowa Hudaý we bir-biri bilen parahat ýaşaýan ruhy dogan-uýalar bilen gatnaşykdyr (Zeb. 29:11; Iş. 54:13). Dünýäde hiç bir zady ruhy jennetimize deňäp bolmaýar. Bu esasanam, halkara kongreslerinde köp milletden, her hili dilden we tire-taýpalardan dogan-uýalaryň parahat, agzybir we mähirli duşuşygyndan aýdyň görünýär.
13 Biziň lezzet alýan ruhy jennetimiz şu günki erbet dünýäden düýbünden tapawutlanýar (Işaýa 65:13, 14-nji aýatlary okaň)a. Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip, adamlary ruhy jennete çagyrmak biziň üçin uly hormat. Ýaňy-ýakynda ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlan adamlara kömek etmek we olara wagyz etmegi öwretmek hem bereketdir. Akila bilen Priskillanyň Apollosa «Hudaýyň ýoluny has takyk düşündirişi» ýaly, biz hem ýaşulularyň haýyşy boýunça täze gelen adamlara kömek edip bileris (Res. iş. 18:24—26).
Isadan öwrenmegi dowam et
14, 15. Isadan öwrenmegi dowam etmäge bizde nähili degerli sebäpler bar?
14 Isadan öwrenmäge bizde degerli sebäpler bar. Isa ýere gelmezden öň, müňlerçe ýyl Atasy bilen zähmet çekdi (Sül. tym. 8:22, 30). Ol Hudaýa gulluk etmek we hakykat barada güwä geçmegiň durmuşda iň gowy ýoldugyny bilýärdi (Ýahýa 18:37). Isa islendik başga durmuş ýolunyň diňe özüňi bilmek we köre-körlükdigini bilýärdi. Şeýle-de ol rehimsizlik bilen synaljagyny we ölmelidigini bilýärdi (Mat. 20:18, 19; Ýew. 4:15). Biz Isadan görelde alyp, Hudaýa wepaly bolmagy öwrenip bileris.
15 Isa suwda çokundyrylandan soň, Şeýtan ony dogry ýoldan çykarjak bolup synady, emma Isa oňa boýun bolmady (Mat. 4:1—11). Şeýtan näme etse-de, biz Isanyň mysalyndan Hudaýa wepaly galyp bolýandygyny öwrenýäris. Şeýtan ýaňy suwda çokundyryljak we çokundyrylan adamlara topulýar (1 Pet. 5:8). Dogan-garyndaşlarymyz Ýehowanyň Güwäçileri barada nädogry gep-gürrüňleri eşidip, garşy bolmagy mümkin. Hawa, şeýle synaglar adamlaryň soraglaryna jogap berende we wagyz edende, Hudaýa ýaraýan hormat we sypaýyçylyk ýaly häsiýetleri görkezmäge mümkinçilik berýär (1 Pet. 3:15). Bu bizi diňleýän adamlara gowy täsir edip biler (1 Tim. 4:16).
Iň gowy ýaşaýyş ýolunda berk duruň!
16, 17. a) Kanun taglymaty 30:19, 20-nji aýatlarda nähili üç esasy talap bar? b) Isa, Ýahýa we Pawlus resul Musanyň ýazan sözlerini nädip gaýtalady?
16 Isa ýere gelmezden bir müň bäş ýüz ýyl öň, Musa pygamber ysraýyllylara iň gowy ýoly saýlap bolýanyny aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmagyma asmany hem ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar. Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň hem ömrüňiziň uzaklygy Ondandyr (Kan. tag. 30:19, 20). Ysraýyllylar Hudaýa wepaly bolmasa-da, Musanyň aýdan üç esasy talaby üýtgemedi. Bulary Isa we Hudaýyň başga gullukçylary hem gaýtalady.
17 Birinjiden, biz Ýehowany söýmeli. Hudaýa bolan söýgimizi onuň dogry ýollary bilen ýöräp görkezýäris (Mat. 22:37). Ikinjiden, biz Hudaýyň Sözüni okap we onuň buýruklaryny berjaý edip, Ýehowa gulak asmaly (1 Ýahýa 5:3). Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylar öwrenilýän ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmaly (Ýew. 10:23—25). Üçünjiden, biz Ýehowa wepaly bolup, bil baglamaly. Biz nähili synaga düşsek-de, hemişe Hudaýa iman etmeli we Isanyň göreldesine eýermeli (2 Kor. 4:16—18).
18. a) 1914-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda hakykat nähili beýan edildi? b) Biz şu günler hakykat nuruna nähili garamaly?
18 Mukaddes Ýazgylardaky hakykata görä ýaşamak, gör, nähili uly bereket! Bu barada 1914-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýilýär: «Biz bereket alan we bagtly halk dälmi näme? Eýsem, Hudaýymyz wepaly dälmi? Kim mundan gowy zady bilse, kabul etsin. Kim mundan gowy zady tapsa, bize gürrüň berer diýip umyt edýäris. Biz mundan başga gowy zady bilmeýäris. Biz Hudaýyň Sözünden tapan zatlarymyzdan ýarysyça gowy zady hem bilmeýäris... Hak Hudaý baradaky anyk bilimiň ýüregimize we durmuşymyza beren rahatlygyny, şatlygyny we berekedini hiç hili dil we galam bilen beýan edip bolmaýar. Injildäki hoş habar bize Hudaýyň akyldarlygyny, adalatlygyny, güýjüni we söýgüsini görkezip, aňymyza we ýüregimize kanagat berýär. Biz indi hiç zat gözlemeýäris. Ajaýyp hoş habary aýdyň düşünmekden başga bizde hiç hili isleg ýok» («Garawul diňi» (iňl.) 1914 ý. 15 dekabr, 377, 378 sahypalar). Biziň ruhy ýagtylyga we hakykata bolan minnetdarlygymyz üýtgemedi. Häzir hem «Ýehowanyň nurunda ýöräp» şatlanmaga bizde köp sebäp bar (Iş. 2:5; Zeb. 43:3; Sül. tym. 4:18).
19. Suwda çokundyrylmaga taýýarlanýanlar näme üçin haýal etmän ädim ätmeli?
19 Sen «Ýehowanyň nurunda ýöremek» isleýän bolsaň, emma özüňi Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmadyk bolsaň, onda haýal etme. Suwda çokundyrylmak üçin Mukaddes Ýazgylardaky talaplara laýyk gelmeli. Bu Hudaýyň we Isanyň biziň üçin eden işlerine minnetdarlygyňy bildirmegiň ýeke-täk ýoludyr. Ýehowa iň gymmatly zadyňy, ýagny durmuşyňy bagyş et. Isanyň yzyna eýerip, Hudaýyň islegini berjaý etmegi isleýändigiňi görkez (2 Kor. 5:14, 15). Elbetde, bu durmuşyňda iň gowy ýoldur!
a Işaýa 65:13 Ýehowa Hudaý şeýle diýýär: «Ine, meniň gullukçylarym iýer, siz bolsa ažygarsyňyz. Meniň gullukçylarym içer, siz bolsa suwsarsyňyz. Meniň gullukçylarym begener, siz bolsa utanarsyňyz. 14 Meniň gullukçylarym ýüregindäki rahatlykdan ýaňa begenip gygyrarlar, siz bolsa ýüregiňizdäki agydan ýaňa gygyrarsyňyz, synyk ruhdan ýaňa nalarsyňyz».
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Suwda çokundyrylmak nämäni aňladýar?
• Hudaýa özüňi bagyş edip, suwda çokundyrylmak nähili bereketler getirýär?
• Isadan öwrenmek näme üçin wajyp?
• Iň gowy ýaşaýyş ýolunda berk durmaga bize näme kömek edýär?