Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/11 sah. 17—19
  • Ýehowa ruhy synyklaryň perýadyny eşidýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ruhy synyklaryň perýadyny eşidýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýerlikli sözler»
  • Ýygnagyň goldawy
  • «Dyngysyz doga ediň»
  • Bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowa islendik synaga döz gelmäge güýç berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • «Aglaýanlar bilen aglaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Ýehowa horluk çekýän adamy halas edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/11 sah. 17—19

Ýehowa ruhy synyklaryň perýadyny eşidýär

GADYMY Ysraýylyň akyldar patyşasy Süleýman hemme adamlaryň «wagt we tötänlige» sezewar bolýandygyna göz ýetirdi (Wag. 9:11). Pajygaly ýagdaý we betbagtçylyk ynsany gam-gussa batyryp biler. Meselem, dogan-garyndaşlarymyzyň biwagt aradan çykmagy biziň her bir günümizi ýasa öwürýär. Aýlar ýyllar geçse-de, emma ýürekdäki ýaranyň bitmezligi mümkin. Gaýgy-gam adamy aljyraňňylaga salanda, ol özüni Ýehowa doga etmäge-de mynasyp görmeýär.

Şeýle ýagdaýda adam tesellä, hormata we söýgä mätäç bolýar. Mezmurçy Dawudyň: «Reb ähli ýykylanlary söýgetleýändir, ähli bükülenleri dikeldýändir» diýen sözleri adama umyt berýär (Zeb. 145:14). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa «Hudaýyň ýürekden bil baglaýan adamlary goldamak üçin ýer ýüzüne ser salýandygy» barada aýdylýar (2 Tar. 16:9). Şeýle-de Onuň «ruhy synyk we pes göwünlileri» goldap, «pes göwünlileriň ruhuny we tukatlaryň ýüreklerini janlandyrýandygy» hem aýdylýar (Iş. 57:15). Ýehowa ruhy synyk adamy nädip goldaýar we teselli berýär?

«Ýerlikli sözler»

Mesihçilere «göwnüçökgünlere göwünlik beriň» diýip maslahat berilýär (1 Sel. 5:14). Diýmek, Ýehowa dogan-uýalaryň ýerlikli sözleri arkaly hasrat çekýän adamy goldaýar. Rehimdar imandaşlaryň aladasy we söýgüsi hasrat çekýän adamy dikeldip biler. Hatda göwnüňi göterýän ýekeje söz-de, sustupes adamyň kalbyna rahatlyk berer. Aýratynam, jebir çekip, kynçylyga uçran adam ýa-da şeýle duýgyny başdan geçiren dostuň mähirli sözleri aýdyp biler. Şeýle dogan-uýalar arkaly Ýehowa ruhy synyklary janlandyrýar.

Ýaşuly doganymyz Aleksiň başdan geçirenlerine seredeliň. Onuň öýlenenine köp wagt geçmänkä, aýaly bejergisiz kesel sebäpli biwagt aradan çykýar. Etrap gözegçisi Alekse ýürekden duýgudaşlyk bildirip, teselli beriji sözleri aýdýar. Gözegçiniň hem aýaly dünýäden ötüpdi, emma ol wagtyň geçmegi bilen öýlenýär. Ol aýralyga düşende, nähili duýgulary başdan geçirendigini Alekse gürrüň berýär. Ol dogan-uýalar bilen wagyz gullugynda, ýygnakda özüni gowy duýýardy, emma öýüne gelende, ýalňyzlyk hasraty höküm sürýärdi. Aleks şeýle diýýär: «Men başdan geçirýän duýgymyň adaty zatdygyny bilenimde we başgalarda-da şeýle duýgularyň bolýandygyny eşidenimde, teselli tapdym». Hawa, göwnüçökgün ýagdaýda «ýerlikli sözler» rahatlyk berýär (Sül. tym. 15:23).

Ýanýoldaşy aýrylan adamlar bilen gürrüňdeş bolan başga bir ýaşuly-da Alekse teselli beriji sözleri aýdýar. Ol duýgudaşlyk bildirip, Ýehowanyň biziň duýgularymyzy we bize nämäniň gerekdigini bilýändigini mähirli sözler bilen düşündirýär. Ol şeýle diýdi: «Ýyllar geçse-de, ýanýoldaşsyz ýaşap bilmejekdigimizi duýsak, Ýehowa maşgala gurmaga kömek eder». Elbetde, ýanýoldaşyny ýitiren dogan-uýalaryň ählisi täzeden maşgala gurmaýar. Ýöne doganyň beren maslahaty barada oýlanyp, Aleks şeýle diýdi: «Onuň sözleri maňa erbet pikirleri ýeňmäge kömek etdi. Sebäbi men täzeden maşgala gursam, aýalyma biwepalyk ederin ýa-da Ýehowanyň döreden nikasyna hormat goýmaryn öýdýärdim» (1 Kor. 7:8, 9, 39).

Durmuşynda ençeme kynçylyklary we betbagtçylyklary başdan geçiren mezmurçy Dawut: «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr...we ruhy ökünçlileri gutarýandyr» diýdi (Zeb. 34:15, 18). Hawa, Ýehowa ruhy taýdan ýetişen we rehimdar mesihçileriň paýhasly hem ýerlikli sözleri arkaly ruhy synyk adamyň perýadyna jogap berýär. Şeýle kömek gymmatly hem peýdalydyr.

Ýygnagyň goldawy

Adatça, hasrat çekýän adam nädogry pikirlere çümüp, özüni çetde tutýar. Emma Süleýmanyň tymsallary 18:1-de şeýle duýduryş berilýär: «Özüni çetde tutýan nebsine çapýandyr; ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir». Aleks şeýle gürrüň berýär: «Aýalym aýrylanda, men erbet pikirlerden ýaňa däli boldum». Ol şol döwri ýatlap, özüne beren soraglary barada aýdýar: «Men nämede bolsa bir zady üýtgedip bilerinmi? Ünsli we has-da düşünjeli bolarynmy? Men ýeke galanyma hiç ynanyp bilemok. Bu pikirlerden ýaňa başym aýlanyp, her täze doglan Gün — meniň ýekeligimi ýatladýardy».

Gürrüňdeşlik ählimize gerek, emma hasrat çekýän adama has-da gerek. Munuň üçin diňe bir ýygnaga barmak ýeterlikli däl, eýsem, ol ýerde imandaşlaryň bilen gürrüňdeş bolmaly. Şonda Hudaý barada öwrenenlerimiz bize pikirimizi peýdaly zatlara gönükdirmäge kömek eder.

Ýygnak duşuşyklary bize ruhdan düşmän, häzirki ýagdaýymyza dogry garamaga ýardam edýär. Ýygnakda Mukaddes Ýazgylardan okalýan parçalary diňläp, olar barada oýlansak, ünsümizi çekýän ejirimize däl-de, iň wajyp meselä — Ýehowanyň häkimiýetiniň aklanmagyna we onuň adynyň şöhratlandyrylmagyna gönükdireris. Dogan-uýalar biziň ýagdaýymyza hem-de çekýän ejirimize düşünmeseler-de, ýygnak duşuşyklary bize Ýehowanyň düşünýändigine şübhelenmezlige kömek eder. Ýehowa «ýürek agyrysynyň... ruhy döwýändigini» bilýär (Sül. tym. 15:13). Ol bize kömek etmek isleýär. Şol sebäpli ol bize ýygnaga barmaga höweslendirip, güýç-kuwwat berer (Zeb. 27:14).

Dawut patyşa duşmanlary güýçli azar berende, ol aglap, Hudaýa şeýle doga etdi: «Ruhum içimde tapdan düşdi, ýüregim içimde aňkardy» (Zeb. 143:4). Betbagtçylyk ynsany beden we duýgy taýdan ysgyndan gaçyryp, hatda ýüregine-de agram salar. Adam ýarawsyzlyk we agyr kesel sebäpli-de, şeýle ýagdaýa düşüp biler. Emma bu zatlara döz gelmäge Ýehowanyň kömek etjekdigine biz doly ynanyp bileris (Zeb. 41:1—3). Şu günler Hudaý gudrat bilen adamy sagaltmaýar, ýöne ol ejir çekýän adama akyl, düşünje we ýagdaýa döz gelmäge çydamlylyk berýär. Dawut kynçylyklardan ýaňa halys ýadanda, Ýehowa ýüzlenip, şeýle nagma aýtdy: «Gadymky günleri ýatlaýaryn; Seniň ähli işleriňe oýlanýaryn we Seniň elleriň işi barada pikire çümýärin» (Zeb. 143:5).

Dawudyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan bu duýgulary, Ýehowanyň biziň hem içki dünýämize düşünýändigini görkezýär. Şeýle nagmalar Hudaýyň biziň perýadymyzy hem eşidýändigini subut edýär. Eger biz Ýehowanyň kömegine bil baglasak, Ol bizi «saklar» (Zeb. 55:22).

«Dyngysyz doga ediň»

Ýakup 4:8-de: «Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýilýär. Ýehowa ýakynlaşmagyň bir ýoly — Oňa doga etmek. Pawlus resul bize: «Dyngysyz doga ediň» diýip maslahat berýär (1 Sel. 5:17). Eger biz duýgularymyzy söz bilen beýan edip bilmesek, onda «Ruh Öz aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder» (Rim. 8:26, 27). Hawa, Ýehowa biziň duýgularymyza düşünýär.

Monika Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyna begenip, şeýle gürrüň berýär: «Men doga edip, Mukaddes Ýazgylary okap we şahsy okuwyny geçirip, Ýehowa bilen has-da ýakynlaşandygyma göz ýetirdim. Men Onuň bilen şeýle ýakyn dostlaşdym welin, her gün Onuň kömegini duýýaryn. Bu maňa örän teselli berýär, çünki duýgularymy söz bilen beýan edip bilmesem-de, Ol maňa düşünýär. Men Onuň mähribandygyny we ebedi bereket berjekdigini bilýärin».

Geliň, imandaşlarymyzyň mähirli we teselli beriji sözlerini kabul edeliň, ýygnak duşuşyklarynda berilýän maslahatlary, imanymyzy berkidýän öwüt-nesihatlary ulanalyň hem-de ýürekdäki ähli aladamyzy Ýehowa aýdalyň. Bu zatlaryň ählisi Ýehowanyň aladamyzy edýändigini görkezýär. «Eger biz Ýehowa Hudaýyň ruhy taýdan berkitmek üçin berýän ähli zatlaryna berk ýapyşsak, ol bize «iň üstün gudraty» berer we bu ähli kynçylyklara döz gelmäge kömek eder». Aleks bu sözleri öz tejribesinden aýdýar (2 Kor. 4:7).

[18-nji sahypadaky çarçuwa]

Ruhy synyk adamlar üçin teselli beriji sözler

Zebur kitabynda ynsanyň bildirýän duýgulary beýan edilýär. Olar hasrat çekýän ruhy synyk adamyň perýadyny Ýehowanyň eşidýändigini görkezýär. Geliň, olaryň birnäçesine seredeliň:

«Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, Hudaýyma perýat etdim; Ol ybadathanasyndan meniň sesimi eşitdi, perýadym Onuň huzuryna, gulagyna ýetdi». (Zeb. 18:6)

«Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy ökünçlileri gutarýandyr». (Zeb. 34:18)

«(Ýehowa) göwni synyklara şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar». (Zeb. 147:3)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş