Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 12/06 sah. 6
  • Meýletinlik ruhy şatlyk berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Meýletinlik ruhy şatlyk berýär
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmak
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Wagtyňyzy hem güýjüňizi gaýgyrmaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Patyşalyk Zallaryny gurmak — Hudaýa gulluk etmek
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Goý, siziň meýletin gullugyňyz Ýehowa şöhrat getirsin!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 12/06 sah. 6

Meýletinlik ruhy şatlyk berýär

1. Dawut bilen Nehemýa meýletinlik ruhuny nädip görkezdi?

1 Golýat söweş meýdanynda ysraýyllylaryň goşunynyň üstünden gülende, esgerleriň hiç biri onuň bilen söweşmäge çykmady. Emma uruş tälimlerini bilmeýän bir çopan oglany meýletinlik bilen söweşmäge çykdy (1 Pat. 17:32). Ýehudylar sürgünlikden Iýerusalime gaýdyp gelenlerinde, şäheriň diwarlaryny dikeltmediler. Şonda pars patyşanyň baş sakysy köşkdäki hormatly ornuny goýup, Iýerusalime gurluşyk işine ýolbaşçylyk etmäge gitdi (Neh. 2:5). Ýehowa Dawut bilen Nehemýanyň meýletinligine ak pata berdi (1 Pat. 17:45, 50; Neh. 6:15, 16).

2. Mesihçiler näme üçin kömek etmeli?

2 Şu günler adamlarda meýletinlik häsiýeti ýetmezçilik edýär. «Soňky günlerde» adamlaryň köpüsi öz durmuşy bilen başagaý bolup, diňe «özüni söýýärler» (2 Tim. 3:1, 2). Elbetde, öz işleriň bilen başagaý bolup, beýlekileriň kömege mätäçligini duýmazlygyň ahmal. Emma mesihçiler Isanyň göreldesine eýerip, adamlara kömek etmek isleýärler (Ýahýa 5:5—9; 13:12—15; 1 Pet. 2:21). Biz meýletinlik häsiýetini nädip görkezip bileris we ol nähili bereketler berýär?

3. Ýygnak duşuşyklarynda meýletinlik ruhy nähili ýardam edýär?

3 Doganlarymyz üçin kömek. Biz ýygnakda meýletinlik bilen soraglara jogap berip, ýumuşlara gatnaşyp, dogan-uýalara «ruhy sylag» berip bileris (Rim. 1:11). Biz soraglara jogap berenimizde Ýehowany şöhratlandyrýarys, aňymyzda we ýüregimizde hakykaty ornaşdyrýarys, şonda ýygnak şatlykly bolýar (Zeb. 26:12). Şeýle-de Teokratik gulluk mekdebinde doganlaryň biri dürli sebäplere görä, berlen ýumşy bilen çykyş edip bilmese, biz oňa derek çykyş etmäge meýletinlik bilen razylygymyzy görkezip bileris. Bu bize mugallymçylyk ukybymyzy gowulandyrmaga kömek eder.

4. Biz meýletinlik ruhuny ýene-de haýsy işlerde görkezip bileris?

4 Doganlar ýygnakda jogapkärçilikli borçlary alyp, meýletinlik ruhuny görkezip bilerler (Iş. 32:2; 1 Tim. 3:1). Dogan-uýalaryň ählisi ýygnagyň we kongresiň dürli işlerine gatnaşyp, olaryň gowy geçmegine kömek edýärler. Biz aýlanýan gözegçi bilen yhlasly wagyz etsek ýa-da ony nahara çagyrsak, «bilelikde teselli taparys» (Rim. 1:12). Biz ýygnakdaky dul hatynlara we ýetim çagalara, ýaş çagaly enelere, ýarawsyzlara hem-de başga doganlara kömek edenimizde şatlyk tapyp, Ýehowany razy edýäris (Sül. tym. 19:17; Res. iş. 20:35).

5. Meýletinçiler Patyşalyk Zallarynyň işlerine nähili kömek berýärler?

5 Biz Patyşalyk Zalyny arassalamak we bejermek üçin wagtymyzy we güýjümizi sarp edip bileris. Köp adamlaryň hakykata gelýändigi sebäpli täze Patyşalyk Zallary we olary gurýan meýletin gurluşykçylar gerek bolýar. Bir är-aýalyň gurluşykda işlemek ukyby bolmasa-da, Patyşalyk Zallarynyň gurluşyk toparyna kömek etmek kararyna geldiler. Olar gurluşyk işlerini öwrenip, häzir bolsa kerpiç örmäge kömek edýärler. Aýaly şeýle gürrüň berýär: «Dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşip dostlaşýarys. Biz günüň ahyrynda örän ýadaw bolsak-da ruhlanýarys».

6. Näme üçin wagyz etmek wajyp iş?

6 Wagyzda. Şu günler Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek örän wajyp iş. Biz adamlara Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna düşünmäge, ony durmuşynda ulanmaga kömek etsek, olar erbet endiklerini taşlap bilerler we durmuşyň manysyna düşünerler. Şeýlelikde, olar Mukaddes Ýazgylaryň gelejek barada näme aýdýandygyny bilerler. Hudaýyň Sözündäki hakykaty adamlara öwredip, şatlyk tapýarys we ebedi bagta ýetmäge kömek edýäris (Ýahýa 17:3; 1 Tim. 4:16). Megerem, bizde kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk etmäge, wagyzçy ýetmeýän ýere gitmäge ýa-da başga dili öwrenmäge mümkinçiligimiz bardyr.

7. Näme üçin şu günler meýletinlik bilen gulluk etmek örän wajyp?

7 Dawut patyşa Isa Mesihiň höküm sürüp başlan mahaly Hudaýyň halky «meýletin häzir bolar» diýip, pygamberlik etdi (Zeb. 110:3). Ýehowa ruhy ýygymyny çaltlandyrýan wagty, Hudaýyň gullukçylary üçin örän köp iş bar (Iş. 60:22). Siz: «Ine, men! Iber meni» diýmäge taýýarsyňyzmy? (Iş. 6:8). Hakykatdan-da, meýletinlik ruhuny görkezip, Ýehowany şatlandyrýarys we bereketler alýarys.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş