Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 1/08 sah. 1
  • Wagyzda wagty netijeli peýdalanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyzda wagty netijeli peýdalanyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Meňzeş maglumat
  • Wagyz duşuşygynyň maksady
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Wagyz gullugy üçin duşuşyk
    Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Wagyz duşuşygyndan doly peýdalan
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Wagyz duşuşygynyň peýdasy
    Hudaýa gullugymyz — 2012
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2008
km 1/08 sah. 1

Wagyzda wagty netijeli peýdalanyň

1 Biz wagyz gullugymyzda köp zatlary etmeli, wagt bolsa az galdy (Ýahýa 4:35; 1 Kor. 7:29). Etjek işlerimizi öňünden planlaşdyrsak, wagza niýetlän wagtymyzy netijeli peýdalanyp bileris.

2 Taýýarlanyň. Wagyz gullugyna gitmeziňizden öň, teklibiňiz barada gowy oýlanyň we ödürlejek bolýan žurnallaryňyzy alandygyňyzy barlap görüň. Wagyz duşuşygy doga bilen tamamlandan soň, haýal etmän wagyza gidiň. Bu size we siziň bilen wagyza gidýän dogana mümkin boldugyndan köpräk wagyz etmäge mümkinçilik döreder.

3 Eger size wagyz duşuşygyny geçirmek tabşyrlan bolsa, ony wagtynda başlaň. Wagyz duşuşygyny 10 ýa-da 15 minutdan köp geçirmeli däl. Duşuşyk gutarmazdan öň, her bir wagyzçynyň kim bilen we nirä gitjekdigini biliň.

4 Wagyzda. Wagyz duşuşygy gutarandan soň, köp oturman derrew meýdançaňyza gidiň. Eger siz meýdançaňyzdan irräk gaýtmagy planlaşdyran bolsaňyz, toparyňyzdaky başga wagyzçylaryň ir gaýtmagyna sebäp bolmaz ýaly, ulag barada özüňiz aladasyny ediň. Siz topar bilen wagyz edeniňizde, başga wagyzçylary garaşdyrmazlyk üçin, başlan gürrüňizi wagtynda tamamlaň. Jedelleşýän adam bilen gürrüňi sypaýy tamamlaň, gyzyklanýan adam bilen bolsa, ikilenç ideg barada belleşiň (Mat. 10:11).

5 Ikilenç ideg edeniňizde wagty tygşytly sarp eder ýaly, ilki bir etrapda ikilenç idegleri etmeli soňra beýlekisine gitmeli. Käbir adamlaryň öýünde boljakdygyny bilmek üçin jaň edip habarlaşsa bolar (Sül. tym. 21:5). Ikilenç idegiňiz uzaga çekjekdigini bilseňiz, onda toparyň başga agzalaryna golaýda wagyz etmegi ýa-da ýene-de bir ikilenç ideg etmegi teklip edip bilersiňiz.

6 Biz ruhy taýdan bol hasylly döwürde ýaşaýarys (Mat. 9:37, 38). Tizden iş tamamlanar. Şol sebäpli, biz wagyzda wagty netijeli peýdalanmaga çalyşmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş