Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/15 sah. 2
  • Sowally bukja

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sowally bukja
  • Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Hoş habary wagyz etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Muny haýal etmän ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Interneti paýhasly ulanmak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2015
km 7/15 sah. 2

Sowally bukja

◼ Wagyzçylar daşary ýurtda ýaşaýan nätanyş adama Internet arkaly wagyz etse ýa-da Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirse bolýarmy?

Käbir wagyzçylar wagyz işimiziň çäklendirilen ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde Internet arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýärler. Käbir ýagdaýlarda bu gowy netije berýär. Emma wagyzçylar nätanyş adamlara elektron poçtasyny berseler ýa-da olar bilen çatda gürleşseler howpludyr (2007-nji ýylyň iýul aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» sah. 7-ä serediň). Dogan-uýalaryň akýürekli adamlara hoş habary ýetirmek niýeti bolsa-da, bu erbet ýa-da imandan dänen adamlar bilen aragatnaşyk saklamagyna eltip biler (1 Kor. 1:19—25; Kol. 2:8). Galyberse-de, wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýerlerde hatlary döwlet işgärleri okamagy mümkin. Bu bolsa ýerli dogan-uýalary howp astyna salyp biler. Şol sebäpli wagyzçylar hoş habary wagyz etmek üçin daşary ýurtda ýaşaýan adamlary onlaýn arkaly gözlemeli däl.

Biz daşary ýurtdan gelen adama wagyz eden bolsak, ýerli filialyň görkezmesi bolmasa, ol öýüne dolanyp baransoň, höwesini artdyrmak üçin tagalla etmeli däl. Muňa derek ol goşmaça maglumat alyp biler ýaly, oňa jw.org saýtyna nädip girip bolýandygyny görkezmeli ýa-da ýerli filial bilen nädip habarlaşyp bolýandygyny düşündirmeli. Şeýle-de ýaşaýan ýerinde golaýynda ýerleşýän Patyşalyk zalyna barmagy maslahat berip bileris. Elbetde, käbir ýurtlarda Patyşalyk zallary ýokdur. Eger ol ýaşaýan ýerindäki Ýehowanyň Şaýatlary bilen görüşmek isleýän bolsa, onda «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43) diýen blankany dolduryp, ýygnagyň kätibine ber. Ol ony jw.org saýtynyň üsti bilen iberer. Gyzyklanan adamyň ýaşaýan ýurduna gözegçilik edýän filial ýerli ýagdaýyny gowy bilýär we oňa ruhy taýdan iň gowy kömegi berer (2014-nji ýylyň iýun aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» sah. 7, 2011-nji ýylyň noýabr aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» sah. 2-ä serediň).

Eger biziň ideg edýänimiz başga ýurda göçen bolsa ýa-da daşary ýurtly biri bilen diňe Internet arkaly tanşyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýän bolsak, ýokarda berilýän görkezmä eýermeli. Ýöne onuň bilen ýerli wagyzçylar habarlaşýança höwesini artdyryp bileris. Emma gyzyklanýan adam wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýerde ýaşaýan bolsa, hat, telefon ýa-da elektron enjamlary arkaly Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň etmek ýa-da pikir alyşmak babatda örän seresap bolmaly (Mat. 10:16).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş