Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb16 Noýabr sah. 5
  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanyň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • Meňzeş maglumat
  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulananyňyzda, Beýik Mugallymyň göreldesine eýeriň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Adamlara Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna gulak asmaga kömek et
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» — okuw geçmek üçin esasy gollanma
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
mwb16 Noýabr sah. 5

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanyň

Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?

Okuw geçýän adam Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny öwrenip, durmuşynda ulananda, ruhy taýdan ösüp başlaýar we öz wagtynda miwe berýär (Zeb. 1:1—3). Eger biz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň käbir peýdaly aýratynlyklaryny ökdelik bilen ulansak, okuw geçýän adama ruhy taýdan ösmäge ýardam ederis.

Mukaddes Ýazgylar öwredýär kitabyndaky goşmaça maglumat

GIRIŞ SORAGLAR: Her babyň başynda soraglar getirilýär we babyň dowamynda olara jogap berilýär. Okuw geçýän adamy gürrüňdeşlige höweslendirmek üçin soraglary okap geçiň ýa-da ony gysgaça jogap bermäge höweslendiriň. Eger ol dogry jogap berip bilmese, ony derrew düzetmek hökman däl. Onuň beren jogaby size haýsy pikirlere üns bermelidigini we nygtap geçmelidigini bilmäge kömek eder (Sül. tym. 16:23; 18:13).

 Mukaddes Ýazgylar öwredýär kitabyndaky çarçuwa

ÇARÇUWA: Her babyň soňundaky çarçuwada babyň başyndaky soraglaryň jogaby berlen. Çarçuwa size okuw geçýän adamyň nähili düşünendigini bilmäge we esasy pikirleri belläp geçmäge kömek eder. Ondaky pikirleriň her birini we getirilen aýady bilelikde okaň. Soňra okuw geçýän adamy öwrenen zatlarynyň dogrudygyny aýada esaslanyp düşündirmäge höweslendiriň (Res. iş. 17:2, 3).

GOŞMAÇA MAGLUMAT: Eger okuw geçýän adam geçilýän tema gowy düşünse, onda berlen goşmaça maglumaty özbaşdak okamaga höweslendirip bilersiňiz. Indiki sapakda bolsa onuň nähili düşünendigini bilmek üçin biraz wagt sarp ediň. Eger oňa peýdaly bolar öýtseňiz, sapagyň dowamynda goşmaça maglumatyň bir bölegini pikir alşyň. Munuň üçin abzaslaryň ählisini okap, öňünden taýýarlan soraglaryňyzy beriň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş