NASA Photo
OÝA BOLUŇ!
Ýer ýüzünde berk, güýçli we hiç haçan ýok edilmejek hökümet barmy? Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Şu günler hökümetleriň hiç birinde-de ýagdaý öwerlik däl. Iň ösen we güýçli döwletlerde hem syýasy dawalaryň, gozgalaňlaryň yzy üzülmeýär.
Ýöne Mukaddes Kitapda hiç haçan üýtgemejek, berk hem güýçli bir hökümetiň bardygy aýdylýar. Belki, siz ol hakda eýýäm eşidensiňiz. Isa pygamber Hudaýa dileg edende şol hökümet hakda aýdypdy.
«Siz şeýle doga ediň: „Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! Patyşalygyň gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde-de islegiň amala aşsyn!“» (Matta 6:9, 10).
Şu aýatda aýdylýan Patyşalyk hakda Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
Patyşalyk — hiç haçan sarsmajak hökümet
Patyşalyk gökden höküm sürýär.
Isa pygamber oňa «gökdäki Patyşalyk» diýýärdi (Matta 4:17; 5:3, 10, 19, 20). Şol sebäpli ol: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýdi (Ýahýa 18:36).
Patyşalyk ähli hökümetleriň deregine özi höküm sürer.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Ol patyşalyk... ähli patyşalyklary ýok eder, özi bolsa ebedi durar» (Danyýar 2:44).
Hudaý Patyşalygyň Patyşasy edip Isa Mesihi belledi. Patyşalyk hiç haçan ýok edilmez.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Onuň hökümdarlygy ebedi galar, soňy gelmez we hiç haçan ýok edilmez» (Danyýar 7:13, 14).
Patyşalyk höküm sürende bütin ýer ýüzünde adamlar parahat we howpsuz ýaşarlar.
Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar. Olary hiç kim gorkuzyp bilmez» (Mikaý 4:4).
Patyşalyk barada köpräk biliň
Isa pygamber ýerde ýaşanda wagtyny we güýjüni gaýgyrman «Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz edýärdi» (Matta 9:35). Ol hatda şeýle pygamberlik hem etdi:
«Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» (Matta 24:14).
Şu günler dünýäniň 240-dan gowrak döwletinde Patyşalyk baradaky hoş habar wagyz edilýär. Siziňem Patyşalyk we onuň berjek bereketleri barada köpräk bilmäge mümkinçiligiňiz bar.
«Hudaýyň Patyşalygy näme?» diýen wideony görüň.