Sen nädip üstünlik gazanyp bilersiň?
«ÜSTÜNLIK». Gulaga ýakymly söz! Käbir adamlar uly wezipä çekilip, baýamakda we at-abraý edinmekde uly üstünlikler gazanýar. Käbir adamlar bolsa, üstünlik gazanmagy arzuw edýärler, emma şowsuzlyga uçraýarlar.
Köplenç bir zatda üstünlik gazanmak üçin ony durmuşyňda birinji orunda goýmaly. Şeýle-de köp wagtyňy, güýjüňi ulanmaly we özüň başyny başlamaly.
Mesihçileriň köpüsi pioner bolup gulluk edip, uly şatlyk tapýarlar. Pioner gullugy ýaşlara-da, gartaşanlara-da üstünlik gazanmaga ýardam edýär. Emma käbir mesihçiler wagyz etmegi ýürekgysgynç hasaplap, durmuşynda başga maksatlary birinji orunda goýýarlar. Näme üçin? Sen wajyp zatlary unutmaz ýaly, näme edip bilersiň? Sen nädip üstünlik gazanyp bilersiň? (Ýeşuw 1:8).
Sapakdan daşary çäreler we güýmenjeler
Ýaş mesihçiler Hudaýa gulluk etmek we beýleki çärelere gatnaşmak meselesinde paýhasly bolmaly. Şeýle edýänler durmuşda üstünlik gazanyp, ýürekden aýdylýan öwgüli sözlere mynasyp bolýarlar.
Emma käbir ýaş mesihçiler sapakdan daşary çäreler we güýmenjeler bilen çendenaşa meşgullanýar. Şeýle güýmenjeleriň hiç hili erbetligi ýok. Şonda-da ýaşlar özüne şeýle sowallary bermeli: «Şol çäreler näçe wagtymy alýar? Kimler bilen gatnaşmaly bolýaryn? Şol güýmenjelere gatnaşsam, maňa nähili adamlar täsir eder? Durmuşda birinji orunda nämäni goýdugym bolar?» Üns beren bolsaň, käbir adamlar şol çäreler bilen şeýle başagaý welin, olaryň Hudaý bilen dostlugyny berkitmäge ne wagty, ne-de güýji galýar. Şol sebäpli, durmuşyňda nämäni birinji orunda goýmalydygyňy çözmeli (Efes. 5:15—17).
Geliň, Wiktoryňa mysalyna seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men 12 ýaşymda woleýbol toparyna gatnap başladym. Wagtyň geçmegi bilen köp baýraklar we sylaglar aldym. Men meşhur bolup bilerdim». Wagtyň geçmegi bilen, Wiktor sportuň Hudaý bilen dostlugyna edýän täsiri hakda biynjalyklanýar. Günlerde bir gün ol Mukaddes Ýazgylary okap otyrka, uklap galýar. Onsoňam, ol şatlyk bilen wagyz etmeýändigine göz ýetirýär. «Sport meniň bar güýjümi alýardy, tizden hakykata yhlasymyň gowşandygyna düşündim. Men elimden geleni etmeýärdim».
Ýokary bilim
Injile görä, mesihçi maşgalasy barada alada etmäge we ony eklemäge borçly (1 Tim. 5:8). Munuň üçin ýokary bilim almak gerekmi?
Geliň, ýokary bilim almagyň Hudaý bilen dostlugyňa edýän täsirine seredeliň. Muny Mukaddes Ýazgylardan bir mysal gowy görkezýär.
Baruk Ýeremiýa pygamberiň kätibidi. Ol Ýehowa gulluk etmegiň gadyryny bilmän, şöhratparazlyga ýolugýar. Ýehowa muny görüp, Ýeremiýa arkaly oňa: «Sen özüňe beýik zady gözleýärsiň, gözleme» diýip maslahat berýär (Ýerem. 45:5).
Barukyň gözleýän «beýik zady» nämedi? Belki-de, ol ýehudylaryň arasynda at-abraý gazanmak ýa-da baýamak isländir. Onuň gözlän «beýik zady» näme bolaýanda-da, ol has wajyp zatlary unutdy, ýagny Hudaý bilen dostlugyň gadyryny bilmedi (Flp. 1:11). Ýöne Baruk Ýehowanyň Ýeremiýa arkaly beren maslahatyny kabul edip, Iýerusalim weýran edilende halas boldy (Ýerem. 43:6).
Biz Barukyň mysalyndan näme öwrenip bileris? Baruk berlen maslahatyň kömegi bilen öz ýalňyşyna düşündi. Ol özüne beýik zady gözleýärdi. Eger sen özüňi ekläp bilýän bolsaň, onda öz bähbidiňi gözläp ýa-da ene-ataň, dogan-garyndaşlaryň arzuwyny amala aşyrjak bolup, bilimiňi artdyrmak üçin wagtyňy, puluňy we güýjüňi sarp etmek gerekmikä?
Kompýuter bilen meşgullanýan Gžegožyň mysalynaseredeliň. Ol işdeşleriniň gepine gidip, ýörite goşmaça okuwa girýär. Basym ruhy işler üçin asla wagty galmaýar. Ol şeýle ýatlaýar: «Meniň hemişe ýüregim darygýardy. Öňümde goýan ruhy maksatlaryma ýetip bilmeýänim üçin ynsabym ezýet berýärdi».
Iş bilen başagaý bolmak
Hudaýyň Sözi mesihçileri işeňňir hem jogapkärli işgärler bolmaga höweslendirýär. Pawlus resul: «Her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň» diýýär (Kol. 3:22, 24). Biz zähmet çekmeli bolsak-da, Ýaradyjymyz bilen dostlugymyzy has wajyp saýmaly (Wag. 12:13). Eger mesihçi dünýewi iş bilen başagaý bolsa, onda ruhy işler kem-kemden ikinji orna geçer.
Mesihçi dünýewi işi bilen başagaý bolsa, onda özi hem maşgalasy hakda ruhy taýdan alada etmäge güýji galmaz. Süleýman patyşanyň aýtmagyna görä, «köp zähmet çekmek» köplenç «ýeli kowalamakdyr». Eger mesihçi dünýewi işinde wezipä kowalaşsa, onda ol göwnüçökgünlige uçramagy ahmal. Ol wezipesiniň guly bolup, asla tapdan düşmegi mümkin. Eýsem, ol «öz zähmetiniň hözirini görüp» bilermi? (Wag. 3:12, 13; 4:6). Onsoňam, onuň maşgala borçlaryny berjaý etmäge we ruhy işlere gatnaşmaga güýji hem ýagdaýy bolarmy?
Gündogar Ýewropada ýaşaýan Ýanuş bagbançylyk edýärdi. Ol şeýle ýatlaýar: «Dünýewi adamlar maňa haýran galýardy, sebäbi mende köp teklipler bardy we islendik işi ýerine ýetirýärdim. Ýöne Ýehowa bilen dostlugym bozuldy we wagyz etmegi goýdum. Soňra ýygnak duşuşyklaryna barmagy hem bes etdim. Men şeýle tekepbir boldum welin, hatda ýaşulularyň berýän maslahatyna gulak asmadym we ýygnakdan daşlaşdym».
Sen üstünlik gazanyp bilersiň
Biz mesihçiniň Hudaý bilen dostlugyna howp salýan üç zada seretdik. Olar saňa-da täsir etdimi? Onda aşakdaky soraglar, aýatlar we pikirler saňa hakyky üstünlik gazanmaga kömek eder.
Sapakdan daşary çäreler we güýmenjeler. Sen hem şeýle güýmenjeler bilen çendenaşa meşgulanýarmyň? Olar öň ruhy işlere sarp edýän wagtyňy alýarmy? Dogan-uýalar bilen bile bolmagy känbir halaňokmy? Şeýle bolsa, sen hem Dawut patyşa ýaly Ýehowa: «Ýörejek ýolumy maňa bildir» diýip, ýalbaryp bilersiň (Zeb. 143:8).
Ýokarda agzalan Wiktor dogana bir aýlanýan gözegçi kömek etdi. Wiktor şeýle diýýär: «Aýlanýan gözegçiniň: «Sen hemişe woleýbol barada şeýle uly höwes bilen gürrüň berýäň» diýen sözlerini eşidenimde, depämden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Men öte geçenime düşündim. Tizden woleýbol toparyndaky dünýewi dostlarym bilen aramy kesdim we ýygnakdan özüme dost tapyndym». Häzir Wiktor Ýehowa yhlasly gulluk edýär. Ol şeýle maslahat berýär: «Dost-ýarlaryňdan, ene-ataňdan, ýygnak ýaşulularyndan: «Sapakdan daşary güýmenjelerim meni Ýehowa ýakynlaşdyrýarmy ýa-da daşlaşdyrýar?» diýip sora».
Ýygnak ýaşulularyna Hudaýa köpräk gulluk etmek isleýändigiňi aýtsaň, nähili bolar? Ýygnagyňdaky garrylar barada alada edip bilersiňmi? Belki, bazara baryp gelmelidir ýa öý işlerine kömek etmelidir? Şeýle-de sen ýaşdygyňa garamazdan, pioner bolup gulluk edip, adamlara hoş habary wagyz edip bilersiň.
Ýokary bilim. Isa «özüň üçin şöhraty agtarmagyň» howpludygyny aýtdy (Ýahýa 7:18). Ýokary bilim meselesinde näme karara gelseň-de, «iň ýokary zatlara göz ýetirdiňmi?» (Flp. 1:10, 11).
Kompýuter bilen meşgullanýan Gžegož durmuşyny özgertdi. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşulularyň beren maslahatyny ýürekden kabul edip, sada ýaşap başladym. Men dünýewi bilimi artdyrmagyň gerek däldigine düşündim. Ýogsam, bu meniň wagtymy we güýjümi alardy». Gžegož ýygnagyň işlerine köpräk gatnaşyp başlady. Wagtyň geçmegi bilen, ol häzirki «Doganlar üçin mekdebi» gutardy. Ol «pursatdan peýdalanyp», Hudaý barada bilimini artdyrdy (Efes. 5:16).
Dünýewi iş. Sen dünýewi işiň bilen başagaý bolup, ruhy işleri ikinji orunda goýýarsyňmy? Maşgalaň bilen gürrüňdeş bolmaga ýeterlikli wagt sarp edýärmiň? Ýygnakda has gowy çykyş etmäge çalyşýarmyň? Dogan-uýalar bilen abatlaýjy gürrüňler edýärmiň? «Hak Hudaýdan gork we onuň tabşyryklaryny berjaý et», şonda sen Ýehowadan bol bereketler alarsyň we «öz zähmetiň hözirini görersiň» (Wag. 2:24; 12:13).
Ýokarda agzalan Ýanuş bagbançylyk işinde üstünlik gazanman, gaýtam, şowsuzlyga uçrady. Ol kör köpüksiz galyp, bergä batyp, Ýehowa dolandy. Wagtyň geçmegi bilen, Ýanuş işlerini düzetdi, häzir bolsa ýygnakda pioner hem ýaşuly bolup gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Men baryma kaýyl bolup ýaşaýaryn we bar güýjümi ruhy işlere berýärin. Şol sebäpli gaýgy-aladam ýok, kalbymda rahatlyk duýýaryn» (Flp. 4:6, 7).
Şeýlelikde, arzuw-niýetiňe baha bermek we durmuşda nämäni birinji orunda goýmalydygyň hakda oýlan. Ýehowa gulluk etseň, ömürboýy üstünlik gazanarsyň. Goý, ol durmuşyňda esasy orny eýelesin!
Mümkin, sen durmuşyňda käbir zatlary üýtgetmelisiň, «Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly», hatda biderek zatlardan ýüz öwürmeli bolarsyň (Rim. 12:2). Hawa, Ýehowa bütin ýürekden gulluk edip, sen üstünlik gazanyp bilersiň.
a Käbir atlar üýtgedildi.
[31-nji sahypadaky çarçuwa]
Sen nädip üstünlik gazanyp bilersiň?
Biziň wagtymyzy alýan zatlar kän. Ünsümizi wajyp zatlardan sowmaz ýaly, näme edip bileris? Şu aşakdaky soraglaryň üstünde oýlanyp, niýetiňi we durmuşyňda nämäni birinji orunda goýýandygyňy barlap gör.
SAPAKDAN DAŞARY ÇÄRELER WE GÜÝMENJELER
▪ Şol güýmenjelere gatnaşsam, maňa nähili adamlar täsir eder?
▪ Güýmenjeler näçe wagtymy alýar?
▪ Durmuşda birinji orunda nämäni goýýaryn?
▪ Olar öň ruhy işlere sarp edýän wagtyňy alýarmy?
▪ Sen nähili adamlar bilen gatnaşmaly bolarsyň?
▪ Sen şol dostlaryň bilen bolmagy ýygnakdaky dogan-uýalar bilen bolmakdan has gowy görýärmiň?
ÝOKARY BILIM
▪ Eger sen özüňi ekläp bilýän bolsaň, onda bilimiňi artdyrmak üçin wagtyňy, puluňy we güýjüňi sarp etmek gerekmikä?
▪ Özüňi eklemek üçin ýokary bilim almak gerekmi?
▪ Bu ýygnak duşuşyklaryna barmagyňa täsir edermi?
▪ «Iň ýokary zatlara göz ýetirdiňmi?»
▪ Ýehowanyň seniň aladaňy edip bilýändigine ynamyňy berkitmelimi?
DÜNÝEWI IŞ
▪ Sen «öz zähmetiň hözirini görüp» bilýärmiň?
▪ Maşgala borçlaryny berjaý etmäge we ruhy işlere gatnaşmaga güýjüň hem ýagdaýyň bolýarmy?
▪ Maşgalaň bilen gürrüňdeş bolmaga ýeterlikli wagt sarp edýärmiň?
▪ Sen dünýewi işiň bilen başagaý bolup, ruhy işleri ikinji orunda goýýarsyňmy?
▪ Ýygnakda has gowy çykyş etmegiňe täsir edýärmi?