Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/5 sah. 26—30
  • Paýhasly karara geliň we mirasyňyzy goraň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Paýhasly karara geliň we mirasyňyzy goraň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • BIZIŇ MIRASYMYZ NÄME?
  • YSAW ÝALY BOLMAŇ
  • ÝÜREGIŇIZI HÄZIRDEN TAÝÝARLAŇ
  • ÖŇÜNDEN OÝLANYŇ WE TAÝÝAR BOLUŇ
  • «AGTARYŇ»
  • Ýakup mirasdüşer bolýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Bir-birine meňzemeýän ekizler
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýakup bilen Ysaw ýaraşýar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýehowa «Parahatlyk Hudaýy»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/5 sah. 26—30

Paýhasly karara geliň we mirasyňyzy goraň

«Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň». RIM. 12:9

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biziň ruhy mirasymyz näme?

  • Ysaw bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bileris?

  • Biz mirasymyzy nädip gorap bileris?

1, 2. a) Siz Hudaýa gulluk etmek üçin nämeler etdiňiz? b) Biz ruhy mirasymyz babatda nähili soraglara serederis?

MILLIONLARÇA adamlar Ýehowa Hudaýa gulluk etmegi we Isa Mesihiň yzyna eýermegi maksat edindiler (Mat. 16:24; 1 Pet. 2:21). Biz-de özümizi Hudaýa bagyşlandygymyza çynlakaý garaýarys. Biz Mukaddes Ýazgylaryň diňe bir esasy taglymatlary barada bilim alman, eýsem, ony düýpli öwrenip, Ýehowanyň wada berýän mirasyna imanymyzy berkitdik. Bu mirasa Hudaýy we Onuň «iberen Isa Mesihini» tanaýan adamlaryň ählisi eýe bolarlar (Ýahýa 17:3; Rim. 12:2).

2 Biz gökdäki Atamyza ýaraýan zatlary etsek, hakykat ýolundan sowulmarys. Biziň mirasymyz näme? Oňa nähili garamaly? Biz mirasa eýe bolmak üçin näme etmeli? Paýhasly karara gelmäge näme kömek eder? Bu makalada biz şu wajyp soraglara serederis.

BIZIŇ MIRASYMYZ NÄME?

3. a) Mesh edilen mesihçiler we b) «başga goýunlar» nähili mirasa eýe bolarlar?

3 Mesihçileriň käbiri «çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almaga», ýagny Mesih bilen gökde höküm sürmäge umyt edýärler (1 Pet. 1:3, 4). Munuň üçin olar «gaýtadan dogulmaly» (Ýahýa 3:1—3). Mesh edilen mesihçiler bilen bile Isanyň millionlarça «başga goýunlary» Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edýärler. Olar barada näme diýse bolar? (Ýahýa 10:16). Olar Adam ata bilen How enäniň alyp bilmedik mirasyna eýe bolarlar, ýagny ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşarlar. Ol ýerde ne ölüm, ne ýas, ne-de agyry bolar (Ylh. 21:1—4). Isa özi bilen bile pürse çüýlenen jenaýatça şeýle wada berdi: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen... Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» (Luka 23:43).

4. Biz häzir nähili bereketler alýarys?

4 Biziň mirasymyza häzirki alýan bereketlerimiz hem degişli. Meselem, biz Mesih Isanyň töleg gurbanyna iman edip, kalbymyzda rahatlyk duýýarys hem-de Hudaý bilen dostlukly gatnaşygymyza begenýäris (Rim. 3:23—25). Hudaýyň Sözündäki wadalara aýdyň düşünýäris. Şeýle-de bir-birini söýýän halkara doganlygyň agzasy bolmakdan köp şatlyk tapýarys. Hawa, Ýehowanyň Güwäçisi bolmak uly hormat! Şol sebäpli biz mirasymyzy gymmat saýmaly.

5. Şeýtan Hudaýyň halkyny nämä iterýär we biz onuň duzaklaryndan nädip gaça durup bileris?

5 Biz ajaýyp mirasymyzy gymmat saýmak üçin Şeýtanyň hilelerinden ägä bolmaly. Ol Hudaýyň halkynyň nädogry karara gelip, mirasyny ýitirmegi üçin her hili duzaklary gurýar (San. 25:1—3, 9). Şeýtan wagtynyň azlygyny bilip, bizi azdyrmak üçin has köp tagalla edýär (Ylham 12:12, 17-nji aýatlary okaň). Eger biz «Iblisiň hilelerine garşy durmak» islesek, onda mirasymyzy has-da gymmat saýmaly (Efes. 6:11). Geliň, bu babatda Yshagyň ogly Ysaw (Esaw) bilen bolan waka seredeliň.

YSAW ÝALY BOLMAŇ

6, 7. Ysaw kim we ol nähili mirasa eýe bolmalydy?

6 Takmynan 4 000 ýyl mundan öň, Yshak bilen Rebekanyň ekiz ogullary bolýar. Olar ulalanda, asla bir-birine meňzemediler: «Ysaw ökde awçy we meýdan adamy, Ýakup bolsa ýuwaş (päk, TD) hem öýdeçi adam bolup ýetişdi» (Gel. çyk. 25:27). Ýakuba aýypsyz we günä iş etmändigi üçin päk adam diýilýär.

7 Ysaw bilen Ýakubyň atasy Ybraýym aradan çykanda, olar 15 ýaşlaryndady. Emma Ýehowa Ybraýyma beren wadasyny unutmaýar. Hatda Ol Yshaga-da Ybraýymyň nesli arkaly «ýer ýüzüniň ähli uruglarynyň... bereket tapjakdygyny» aýdýar (Resullaryň işleri 3:25-i okaň). Bu wada Mesihiň, ýagny Gelip çykyş 3:15-de agzalýan wepaly «tohumyň» Ybraýymyň neslinden bolmalydygyny aýan edýär. Ysaw bu mirasa eýe bolmaga doly haklydy, çünki ol Yshagyň nowbahar ogludy. Ysawda, gör, nähili ajaýyp miras bardy! Ysaw minnetdar boldumy?

8, 9. a) Ysaw mirasy babatda nähili karara geldi? b) Ysaw gelen karary babatda nämä düşündi we näme etdi?

8 Bir gezek Ysaw meýdandan gelende, Ýakubyň «çorba bişirip ýörendigini» görýär we şeýle diýýär: «Gyzyl, şol gyzyl çorbaňdan maňa-da bersene. Men aç öldüm». Şonda Ýakup: «Ilki öz nowbahar ogullyk hakyňy maňa sat» diýýär. Ysaw näme ederkä? Ol: «Men açlygymdan ölüp barýaryn, nowbahar ogullyk haky meniň nämäme derkar» diýýär. Şeýdip, Ysaw nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satýar! Ýakup nowbaharlyk hakyny alandygyna göz ýetirmek üçin: «Onda ant iç» diýdi. Ysaw oýlanman nowbahar ogullyk hakyny Ýakuba satdy. Şonda Ýakup Ysawa «nan hem gyzyl nohut çorbasyny berdi. Ysaw iýip-içip bolandan soň, turup gitdi. Ine, şeýdip, Ysaw özüniň nowbahar ogullyk hakyna biperwaý garady» (Gel. çyk. 25:29—34).

9 Birnäçe ýyldan Yshak ölmeli wagtynyň golaýlandygy barada oýlanýarka, Rebeka Ýakubyň nowbaharlyk hakynyň eýesi bolmagynyň aladasyny etdi. Şonda Ysaw nowbaharlygyny ýitirip, akylsyz hereket edendigine düşünip, Yshaga ýalbardy: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!.. Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» Yshak Ýakuba berlen patany indi üýtgedip bolmaýandygyny aýdanda, Ysaw «içigip-içigip aglady» (Gel. çyk. 27:30—38).

10. Ýehowa Ysaw bilen Ýakuba nähili garady we näme üçin?

10 Biz Ysaw bilen bolan wakadan nähili sapak edinip bileris? Ol mirasyndan, ýagny gelejekde eçiljek bereketlerden ten höweslerini has ileri tutdy. Ysaw nowbaharlyk hakynyň gadyryny bilmedi we Hudaýy ýürekden söýmeýändigini görkezdi. Şeýle-de ol eden hereketiniň nesline etjek täsiri barada oýlanmady. Ýakup bolsa mirasyny gymmat saýdy. Meselem, ol öýlenmeli bolanda, ata-enesiniň maslahatyna eýerdi (Gel. çyk. 27:46—28:3). Bu oňa aňsat düşmedi, ýöne ol gulak asdy; Ýehowa ony patalady. Şeýlelikde, ol Mesihiň nesil atasy boldy. Hudaý Ysaw bilen Ýakuba nähili garady? Ýehowa Malaky pygamber arkaly şeýle diýdi: «Men Ýakuby saýladym, emma Ysawy ret etdim» (Mal. 1:2, 3).

11. a) Ysaw bilen bolan waka näme üçin bize-de degişli diýse bolar? b) Näme üçin Pawlus Ysawyň hereketini zynahorlyk bilen deňeşdirdi?

11 Ysaw bilen bolan waka şu günki mesihçilere-de degişlimi? Hawa. Pawlus resul imandaşlaryna: «Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir tabak aşa satan Ysaw ýaly Hudaýa hormatsyz bolmasyn» diýip maslahat berdi (Ýew. 12:16). Bu maslahata mesihçiler hem eýermeli. Biz ten höweslerini ileri tutup, ruhy mirasymyzdan mahrum bolmaz ýaly, mukaddes zatlara hemişe minnetdar bolmaly. Ýöne näme üçin Pawlus Ysawyň hereketini zynahorlyk bilen deňeşdirdi? Eger biz Ysawa meňzäp, ten höweslerini ileri tutsak, zynahorlyk ýaly günä işleri edip, mirasymyzdan mahrum bolarys.

ÝÜREGIŇIZI HÄZIRDEN TAÝÝARLAŇ

12. a) Şeýtan bizi nädip synaga salýar? b) Mukaddes Ýazgylardaky haýsy wakalaryň synagda kömek etjekdigini gürrüň beriň.

12 Ýehowanyň gullukçylary ahlaksyzlyga eltip biljek zatlardan gaça durmaga çalyşýarlar. Kimdir biri bizi Ýehowa gulak asmazlyga iterende, Hudaýdan kömek sorap, doga etmeli (Mat. 6:13). Şeýtan biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy bozjak bolýar, ýöne biz zalym dünýäde aýypsyz galmak üçin tagalla etmeli (Efes. 6:12). Bu zalym dünýäniň taňrysy Şeýtan erbet höwesler arkaly bikämil adamlary azdyryp boljakdygyny bilýär (1 Kor. 10:8, 13). Aýdaly, sende islegiňi ahlaksyz ýol bilen kanagatlandyrmaly ýagdaý döreýär. Şonda sen näme edersiň? Ysaw ýaly: «Maňa-da bersene» diýermiň? Ýa-da Potifaryň aýalyndan gaçan Ýakubyň ogly Ýusubyň göreldesine eýerip, ýaman işlere garşy durarmyň? (Gelip çykyş 39:10—12-nji aýatlary okaň)a.

13. a) Dogan-uýalaryň köpüsi Ýusuba we käbirleri Ysawa nädip meňzeýärler? b) Ysawyň yzyna eýermez ýaly näme etmeli?

13 Dogan-uýalar synaglarda ýa Ysawa, ýa-da Ýusuba meňzäp bilerler. Ýöne olaryň köpüsi paýhasly karara gelip, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýarlar (Sül. tym. 27:11). Emma imandaşlarymyzyň käbiri Ysawyň yzyna eýerip, ruhy saglygyny howp astyna saldylar. Şonuň üçin her ýyl ahlaksyzlyk zerarly dogan-uýalaryň ençemesine temmi berilýär we ýygnak gatnaşygyndan kesilýär. Hawa, synaglarda aýypsyz galar ýaly, ýüregimizi taýýarlamak örän wajypdyr! (Zeb. 78:8). Geliň, häzir synaga garşy durmaga we paýhasly karara gelmäge kömek edýän iki zada seredeliň.

ÖŇÜNDEN OÝLANYŇ WE TAÝÝAR BOLUŇ

14. Biz haýsy soraglaryň üstünde oýlansak «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşarys»?

14 Birinjiden, etjek işiň netijesi barada oýlanmaly. Eger biz mirasymyzyň Gözbaşy Ýehowany ýürekden söýsek, ruhy zatlara minnetdarlygymyz artar. Biz bir adamy gowy görsek, ony begendirmäge jan edýäris. Şol sebäpli biz ten höweslerine eýersek, hem özümize, hem başgalara nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly. Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Meniň etmişim Ýehowa bilen gatnaşygyma, maşgala agzalaryma we dogan-uýalara nähili täsir eder? Başgalary büdredermi?» (Flp. 1:10). Şeýle-de şu soraglaryň üstünde oýlanyp bileris: «Ahlaksyzlygyň az wagtlyk lezzetinden soňra ejir çekmerinmi? Eden etmişiniň netijesini görende, içigip-içigip aglan Ysaw ýaly bolmak isleýärinmi?» (Ýew. 12:17). Bu soraglar bize «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmaga» kömek eder (Rim. 12:9). Ýehowany ýürekden söýmeklik mirasymyzy goramaga höweslendirer (Zeb. 73:28).

15. Ruhy saglygymyza howp salýan zatlara garşy durmaga näme kömek eder?

15 Ikinjiden, özüňizi taýýarlaň. Bu dünýä biziň ruhy saglygymyza howp salýar, emma olara garşy durar ýaly, Ýehowa ähli gerekli zatlar bilen üpjün edýär. Meselem, bize Mukaddes Ýazgylar okuwy, ýygnak duşuşyklary, wagyz gullugy we doga etmeklik kömek berýär (1 Kor. 15:58). Eger biz hemişe Ýehowa ýürekden doga etsek we wagyz gullugyna gatnaşsak, synaglarda berk durmaga güýç alarys (1 Timoteos 6:12, 19-njy aýatlary okaň). Ýöne biz munuň üçin tagalla etmeli (Gal. 6:7). Bu barada «Süleýmanyň tymsallary» kitabynyň ikinji babynda bellenilip geçilýär.

«AGTARYŇ»

16, 17. Bize paýhasly karara gelmäge näme kömek eder?

16 «Süleýmanyň tymsallary» kitabynyň ikinji baby bizi paýhasly we düşünjeli bolmaga höweslendirýär. Ýehowanyň bize berýän bu häsiýetleri ýagşy hem ýamany saýgarmaga we islegimizi nädogry ýol bilen kanagatlandyrmazlyga kömek eder. Emma dogry ýoldan ýöremek üçin jan etmeli. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Oglum, hikmete gulak asyp, ýüregiňi düşünjä tarap ýykgyn etdirer ýaly, sözlerimi unap, tabşyryklarymy ýüregiňde ýygşyrsaň; hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünje üçin gygyrsaň; ony kümüş kimin gözleseň, gizlin hazyna kimin agtarsaň; Rebden gorkmalydygyna şonda düşünersiň, Hudaýy tanarsyň. Çünki Reb hikmet berýändir, Onuň agzyndan bilim we düşünje çykýandyr» (Sül. tym. 2:1—6).

17 Eger biz şu aýatlardaky sözlere eýersek, paýhasly karara gelip bileris. Şonuň üçin biz Ýehowanyň maslahatynyň içgi dünýämize täsir etmegine ýol bermeli, Hudaýyň görkezmesi üçin dyngysyz doga etmeli we Hudaýyň bilimini hemişe gizlin hazyna kimin agtarmaly. Şonda biz synaglarda berk durup bileris.

18. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz we näme üçin?

18 Ýehowa bilimi, düşünjäni, hikmeti we paýhasy jan edip gözleýänlere berýär. Biz bu häsiýetleri näçe köp agtarsak we durmuşymyzda ulansak, has-da Ýehowa ýakynlaşarys. Eger biz Ýehowadan gorksak we Onuň bilen dostlugymyzy berkitsek, onda synaglara hötde gelip, günä işlerden gaça durup bileris (Zeb. 25:14; Ýakup 4:8). Geliň, Ýehowa bilen dostlugymyza guwanyp, Onuň berýän akyldarlygyny durmuşymyzda ulanalyň. Şeýdip, biz Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys we mirasymyzy gorarys.

a Gelip çykyş 39:10 Potyparyň aýaly Ýusuby özi bilen ýatmaga her gün yrjak bolsa-da, ol oňa gulak asmady. 11 Bir gün Ýusup öz işi bilen öýe girdi. Öýde hyzmatkäriň hiç biri ýokdy. 12 Potyparyň aýaly onuň eşiginden tutdy-da: «Meniň bilen ýat» diýdi. Emma Ýusup eşigini onuň elinde galdyryp, gaçyp daşary çykdy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş