Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/4 sah. 18—22
  • «Ruhuň miwesi» Hudaýy şöhratlandyrýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ruhuň miwesi» Hudaýy şöhratlandyrýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Beýik prinsipe esaslanan söýgi
  • «Mukaddes Ruhuň berýän şatlygy»
  • «Birligiň parahatlyk bagy»
  • Söýgi — gymmatly häsiýet
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Siz «Ruhda gezermisiňiz?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/4 sah. 18—22

«Ruhuň miwesi» Hudaýy şöhratlandyrýar

«Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar». (ÝAHÝA 15:8)

1, 2. a) Imandaşlarymyzy ruhlandyrar ýaly bizde nähili mümkinçilik bar? b) Ukybymyzy ösdürmek üçin Ýehowa bize nähili sowgat berdi?

MESIHÇI uýa bir ýaş wagyzçynyň aladalydygyny görýär. Ol ýaş uýa wagza gitmegi teklip edýär. Olar öýden-öýe wagyz edenlerinde, ýaş uýa biynjalyk bolýan zatlaryny gürrüň berip, içini dökýär. Ol uýanyň ünsli diňläp, bildiren duýgudaşlygy üçin, Ýehowa minnetdarlyk bildirýär. Geliň, ýene bir waka seredeliň: mesihçi är-aýal daşary ýurtda gulluk edip gelende, dogan-uýalara wagyzda bolan gyzykly wakalary gürrüň berýärler. Şonda bir ýaş dogan olary ünsli diňleýär. Birnäçe ýyldan ol daşary ýurtda gulluk etmäge gidýär. Ol ýola taýýarlyk görende, şol är-aýalyň beren gürrüňini ýatlaýar, sebäbi ony missioner bolmaga höweslendiripdiler.

2 Belki, saňa-da biri durmuşyňy özgertmäge kömek edendir ýa-da sen kimdir biriniň durmuşyna täsir edensiň. Elbetde, hemme gürrüňler durmuşyňa şeýle täsir etmeýär, muňa garamazdan, biz her gün imandaşlarymyzy ruhlandyryp bileris. Eger sende dogan-uýalara kömek eder ýaly, gylyk-häsiýetiňi gowulandyrmaga we ökde wagyz eder ýaly ukybyňy ösdürmäge mümkinçilik bolsa begenmezmidiň? Hawa, şeýle zatlary etmäge bize Ýehowanyň mukaddes ruhy kömek edýär (Luka 11:13). Hudaýyň ruhy biziň mesihi ýaşaýşymyzyň ähli tarapyny gowulandyrmak üçin ýagşy häsiýetleri ösdürmäge ýardam edýär. Bu örän gymmatly sowgat! (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okaň).

3. a) Biz «ruhuň miwesini» ösdürmek bilen nädip Hudaýy şöhratlandyrarys? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 Mukaddes ruh Ýehowa Hudaýa mahsus häsiýetleri ösdürýär, çünki Ol onuň Gözbaşydyr (Kol. 3:9, 10). Isa Mesih resullaryna: «Siziň köp miwe bermegiňiz bilen Atam şöhratlanar» diýip, Hudaýdan görelde almagyň iň wajyp sebäbini görkezdi (Ýahýa 15:8)a. Biz «ruhuň miwesini» ösdürsek, onuň täsiri sözde we iş ýüzünde aýdyň görner, bu-da Hudaýy şöhratlandyrar (Mat. 5:16). Mukaddes ruhuň ösdürýän häsiýetleri Şeýtanyň dünýäsiniň häsiýetlerinden nämede tapawutlanýar? Biz ruhuň miwesini nädip ösdürip bileris? Näme üçin ony ösdürmek kyn? Geliň, şu soraglaryň jogabyna seredip, ruhuň üç miwesi: söýgi, şatlyk we parahatlyk ýaly häsiýetler barada gürrüň edeliň.

Beýik prinsipe esaslanan söýgi

4. Isanyň aýtmagyna görä, biz nähili söýgini ösdürmeli?

4 Mukaddes ruhuň ösdürýän söýgüsi bu dünýäniň söýgüsinden düýpgöter tapawutlanýar. Näme üçin? Sebäbi ol beýik prinsipe esaslanýar. Isa onuň tapawudyny Dagdaky wagzynda belläp geçdi (Matta 5:43—48-nji aýatlary okaň). Onuň aýtmagyna görä, günäkärlere ýagşylyk etseň, olar hem ýagşylyk edýär. Şeýle «söýgi» janaýamazlyk ruhuny görkezmeýär, sebäbi ol ikitaraply sylaşyga esaslanýar. Eger biz «göklerdäki Atamyzyň ogullary» bolmak islesek, olardan tapawutlanmaly. Biz diňe sylaýan adamlary sylamak bilen çäklenmän, eýsem, ähli adamlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly. Isanyň aýdyşy ýaly, biz duşmanlarymyzy söýüp bilerismi?

5. Bizi yzarlaýanlara nädip söýgümizi görkezip bileris?

5 Geliň, Mukaddes Ýazgylardaky bir waka seredeliň. Pawlus bilen Silas Filipi şäherinde wagyz edip ýörkä, olary tussag edýärler. Olary ýenjip, zyndana salýarlar, aýaklaryna-da künde baglaýarlar. Mümkin, olary türmeçi-de urandyr. Garaşylmadyk ýagdaýda birdenkä ýer titräp, tussaghananyň gapylary açylýar we olar azat bolýarlar. Şonda olar türmeçiden ar almakçy boldularmy? Ýok. Olaryň janaýamaz söýgüsi türmeçiniň aladasyny etmäge höweslendirdi. Şeýlelikde, türmeçi we onuň bütin öý-içerisi Hudaýa iman etdiler (Res. iş. 16:19—34). Şu günler hem dogan-uýalar «özüne azar berýänlere haýyr-doga edýärler» (Rim. 12:14).

6. Biz imandaşlarymyzy janymyzy aýaman nädip söýüp bileris? (Çarçuwa serediň).

6 Biziň imandaşlara bolan söýgimiz has-da güýçli bolmaly. «Biz doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys» (1 Ýahýa 3:16—18-nji aýatlary okaň). Emma biz söýgimizi köplenç ýönekeý ýagdaýlarda görkezmeli bolýarys. Meselem, biz sözümiz ýa-da hereketimiz bilen doganymyzyň göwnüne degen bolsak, parahatlygy dikeltmek üçin, ilkinji ädimi özümiz ädip, söýgimizi görkezip bileris (Mat. 5:23, 24). Ýöne biziň göwnümize degen bolsalar näme? Şeýle ýagdaýda biz «geçirimli» bolarysmy ýa-da öýke-kine ederis? (Zeb. 86:5). Mukaddes ruhuň ösdürýän çuňňur söýgüsi doganymyzyň ýalňyşlyklaryny bagyşlamaga kömek eder, çünki Ýehowa-da «bizi bagyşlady» (Kol. 3:13, 14; 1 Pet. 4:8).

7, 8. a) Hudaýa bolan söýgi adamlary söýmäge nädip kömek edýär? b) Biz Ýehowa bolan söýgimizi nädip ösdürip bileris?

7 Biz imandaşlarymyza bolan janaýamazlyk söýgini nädip ösdürip bileris? Munuň üçin Hudaýa bolan söýgini ösdürmeli (Efes. 5:1, 2; 1 Ýahýa 4:9—11, 20, 21). Biz Mukaddes Ýazgylary okap, oýlansak we doga arkaly Ýehowa ýakynlaşsak, biziň imanymyz berkäp, gökdäki Atamyza bolan söýgimiz artar. Emma biz Hudaýa ýakynlaşmak üçin wagt tapmaly.

8 Aýdaly, sen Hudaýyň Sözüni okamaga, oýlanmaga we Ýehowa doga etmäge her güni belli bir wagt sarp edýärsiň. Eýsem, sen Ýehowa bilen ikiçäk geçirýän wagtyňa hiç zadyň päsgel bermezliginiň aladasyny etmezmiň? Elbetde, Hudaýa doga etmekde bize hiç kim çäk goýup bilmez we biziň köpümiz Mukaddes Ýazgylary islän wagtymyz okap bilýäris. Emma biz Hudaý bilen geçirýän wagtymyzy gündelik hysyrdylardan goramaly. Ýehowa ýakynlaşmak üçin, mümkin boldugyndan, sen her gün köpräk wagt tapyp bilermiň?

«Mukaddes Ruhuň berýän şatlygy»

9. Mukaddes ruhuň berýän şatlygynyň nähili aýratynlygy bar?

9 Mukaddes ruhuň berýän şatlygyny biz kyn ýagdaýlarda-da duýup bilýäris. Şatlygy ýaramaz şertlerde-de gülläp ösýän çydamly ösümlige meňzetse bolýar. Hudaýyň ýer-ýüzündäki ençeme gullukçylary «agyr muşakgatlara garamazdan, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen sözi kabul edýärler» (1 Sel. 1:6). Käbirleri bolsa kynçylyga uçrap, mätäçlik çekýärler. Emma Ýehowa olara mukaddes ruhy arkaly synaglara döz gelip, begenç bilen çydamaga kömek edýär (Ýakup 1:2, 3). Biz nämeden şatlyk tapýarys?

10. Hakyky şatlygyň gözbaşy nämede?

10 Şeýtanyň dünýäsiniň «wepasyz baýlygyndan» tapawutlykda, Ýehowanyň berýän ruhy baýlygy gymmatly we tükeniksizdir (1 Tim. 6:17; Mat. 6:19, 20). Ol bize şatlykly gelejegi wada berýär. Biz bütindünýä doganlygyň agzasy bolandygymyza begenýäris. Esasanam, Hudaý bilen dostlaşmak bize şatlyk berýär. Gaçgaklykda ýaşan Dawut Ýehowany şöhratlandyryp, duýgusyny şeýle beýan etdi: «Seniň merhemetiňiň ýaşaýyşdan hem oňatdygy üçin dodaklarym Saňa sena eder. Şeýle, ýaşaýarkam Saňa alkyş okaryn». Biz hem onuň aýdanlaryna goşulýarys (Zeb. 63:3, 4). Agyr kynçylyklara garamazdan, biz joşgunly ýürek bilen Hudaýy şöhratlandyrarys.

11. Biz näme üçin Ýehowa şatlykly gulluk etmeli?

11 Pawlus resul mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Rebde hemişe şatlanyň, ýene-de aýdýaryn, şatlanyň» (Flp. 4:4). Mesihçiler näme üçin Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmeli? Sebäbi Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygy bilen bagly meseläni orta atdy. Şeýtan hiç bir adamyň Hudaýa ýürekden gulluk etmejegini aýtdy (Eýýup 1:9—11). Eger biz Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmesek, biziň öwgi gurbanlarymyz şikesli bolar. Şol sebäpli biz mezmurçynyň şu sözlerine ünsli bolmaly: «Rebbe begenç bilen gulluk ediň; nagma aýdyp, Onuň huzuryna baryň» (Zeb. 100:2). Hudaýy ýürekden şöhratlandyrmak üçin şatlykly gulluk etmeli.

12, 13. Ýaramaz duýgulary ýeňmek üçin biz näme edip bileris?

12 Emma käte Ýehowanyň wepaly gullukçylary-da şatlygyny ýitirmezlik üçin göreşmeli bolýarlar (Flp. 2:25—30). Şeýle ýagdaýda näme kömek eder? Efesliler 5:18, 19-njy aýatlarda şeýle diýilýär: «Ruhdan doly boluň... mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň». Bu maslahata eýermek üçin biz näme etmeli?

13 Biz ýaramaz duýgularyň toruna düşende, Ýehowa dogada ýalbaryp, öwgä mynasyp zatlar barada oýlanmaga jan etmeli (Filipililer 4:6—9-njy aýatlary okaň). Şeýle ýagdaýda käbir dogan-uýalar ünsüni we pikirini gowy zatlara ugrukdyrmak üçin Patyşalyk aýdymlaryna hiňlenýärler. Agyr kynçylyklary başdan geçiren bir dogan göwnüçökgün döwrüni ýatlap, şeýle diýýär: «Men her gün ýürekden doga edýärdim, Patyşalyk aýdymlarynyň hem birnäçesini ýat tutdum. Ýehowany şöhratlandyrýan bu ýakymly aýdymlary sesli aýtsam-da, hiňlensem-de kalbym rahatlyk tapýardy. Şol döwürde «Ýehowa ýakynlaşyň»b atly kitap berildi. Men bu kitaby bir ýylyň dowamynda iki gezek okap çykdym. Bu meniň ýüregime melhem boldy. Men Ýehowanyň tagallama pata berjekdigine ynanýardym».

«Birligiň parahatlyk bagy»

14. Mukaddes ruhuň ösdürýän parahatlygynyň nähili aýratynlygy bar?

14 Mesihçiler terbiýesiniň we medeniýetiniň dürlüdigine garamazdan, halkara kongreslerde edilýän ýakymly gürrüňdeşlikden lezzet alýarlar. Bu kongresler Hudaýyň halkynyň agzybirligini subut edýär. Biri-birine duşman bolaýmaly adamlaryň agzybirligini görende, köplenç adamlar geň galýarlar. Mesihçiler «ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaga gaýrat edýärler» (Efes. 4:3). Dogrudan-da, olaryň agzybirligi öwgä mynasyp.

15, 16. a) Petrus nähili garaýyşly adamdy we bu oňa nähili kynçylyk döretdi? b) Ýehowa Petrusa garaýşyny özgertmäge nädip kömek etdi?

15 Terbiýesi we medeniýeti bilen tapawutlanýan adamlary agzybir etmek aňsat däl. Agzybir bolmak üçin nähili kynçylyklary ýeňmelidigimize düşüner ýaly, geliň, I asyrda ýaşan Petrus resul bilen bolan waka seredeliň. Şu aýatda onuň sünnetsiz adamlara bolan garaýşy görünýär: «Bir ýehudy üçin başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagyň ýa onuň ýanyna gitmegiň nähili ýerliksizdigini özüňiz bilýänsiňiz; ýöne Hudaý maňa hiç bir adama hapa ýa haram diýmeli däldigimi görkezdi» (Res. iş. 10:24—29; 11:1—3). Şol döwrüň düşünjesini göz öňünde tutsak, Petrus Musanyň kanunyna görä, diňe ýehudylary söýmelidi. Şonuň üçin Petrusyň özge milletli adamy ýigrenmegi hem adaty zatdyc.

16 Petrus Korneliusyň öýüne baranda özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Öňler özge milletleri ýigrenýän adam, indi olara «parahatlyk bagy bilen» «baglanyp» bilermi? (Efes. 4:3, 16). Hawa, Hudaýyň ruhy Petrusyň garaýşyny özgerdip, özge milletlere bolan ýigrenji ýeňmäge kömek etdi. Ýehowa görnüş arkaly Petrusa adamlary ala tutmaýandygyny aýan etdi (Res. iş. 10:10—15). Şol sebäpli Petrus Korneliusa: «Men, dogrudan, Hudaýyň hiç kimi ala tutman, eýsem, her milletde kim Ondan gorksa, dogrulyk etse, şony kabul edýändigine göz ýetirdim» diýdi (Res. iş. 10:34, 35). Petrus garaýşyny özgerdip bildi we ähli «doganlar» bilen agzybir gulluk etdi (1 Pet. 2:17).

17. Hudaýyň halkynyň agzybirligi näme üçin haýran galdyrýar?

17 Petrus bilen bolan waka Hudaýyň halkynyň arasyndaky ajaýyp özgerişligiň gadyryny bilmäge kömek edýär (Işaýa 2:3, 4-nji aýatlary okaň)d. «Her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden» bolan millionlarça adamlar «Hudaýyň halaýan oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriniň täzelenmegi bilen üýtgediler» (Ylh. 7:9; Rim. 12:2). Olaryň köpüsi birwagt Şeýtanyň dünýäsinde biri-birini ýigrenýärdiler, duşmandylar, agzaladylar. Ýöne olar Hudaýyň Sözüni okap, mukaddes ruhuň kömegi bilen «parahatlyga... dyrjaşmagy» öwrendiler (Rim. 14:19). Şeýlelikde, olaryň agzybirligi Hudaýy şöhratlandyrýar.

18, 19. a) Biziň her birimiz ýygnagyň parahat we agzybir bolmagyna nädip ýardam edip bileris? b) Indiki makalada näme barada bileris?

18 Biziň her birimiz Hudaýyň halkynyň arasyndaky parahatlyga we agzybirlige nädip goşant goşup bileris? Köp ýygnaklara daşary ýurtdan göçüp gelen adamlar hem gatnaşýar. Olaryň käbiriniň däp-dessurlary üýtgeşik bolup, biziň dilimizde-de gowy gepläp bilýän däldirler. Biz olar bilen tanyşmaga çalyşýarysmy? Hudaýyň Sözi bize olar bilen tanyşmagy maslahat berýär. Rimdäki ýygnaklar ýehudy we özge milletlerden ybaratdy. Pawlus olara şeýle hat ýazdy: «Myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň» (Rim. 12:13). Sen ýygnakda kim bilen ýakyndan tanşyp bilersiň?

19 Biz mukaddes ruhuň durmuşymyza täsir etmegi üçin näme edip bileris? Indiki makalada şu soraga hem-de mukaddes ruhuň ösdürýän beýleki häsiýetlerine serederis.

a Isa miwe diýende «ruhuň miwesini» hem-de mesihçileriň Patyşalyk baradaky habary wagyz edip, Hudaýa hödürleýän «dodaklaryň miwesini» göz öňünde tutdy (Ýew. 13:15). Galatýalylar 5:22-de «miwe» diýip terjime edilen grek sözi, meselem, «hasyl» sözi ýaly jemleýji köplük manyny aňladýar. Diýmek, mukaddes ruhuň täsiri söýgi, şatlyk, parahatlyk ýaly «miweleri» özünde jemleýär.

b Dürli dilde neşir edildi.

c Lewiler 19:18-de şeýle diýilýär: «Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý». Ýehudy dini ýolbaşçylary «öz halkyň» we «ýoldaşyň» diýen sözleri diňe ýehudylara degişli hasaplaýardylar. Hudaýyň kanunyna görä, ysraýyllylar özge milletlerden aýry ýaşamalydylar. Emma I asyrda ýaşan dini ýolbaşçylaryň garaýşy Musanyň kanunyna esaslanmaýardy, ýagny ýehudy dälleri duşman hasaplamak we olary ýigrenmek nädogrudy.

d Işaýa 2:3 Köp halklar gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna — Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan we Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar. 4 Reb milletler arasynda kazylyk eder, köp milletleriň dawalaryny çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet-millete garşy gylyç galdyrmaz, söweşmegi öwrenmezler indi.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz doganlarymyza nädip janaýamazlyk söýgüsini bildirip bileris?

• Biz näme üçin Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmeli?

• Biz ýygnagyň parahat we agzybir bolmagyna nädip ýardam edip bileris?

[21-sahypadaky çarçuwa]

«Olar hakyky mesihçiler»

Ikinji Jahan urşunda Ýehowanyň Güwäçileriniň yzarlanyşyny gürrüň berýän bir kitapda tussagda oturan ýaş ýewreý ýigidiň sözleri getirilýär. Ol Noýengamm konslagerinde Ýehowanyň Güwäçileri bilen ilkinji duşuşygyny gürrüň berýär («Between Resistance and Martyrdom​—Jehovah’s Witnesses in the Third Reich»).

«Biz, ýagny Dahau konslagerinden gelen ýewreýler, şu lagere girenimizde, ol ýerdäki ýewreýler zatlaryny biziň bilen paýlaşmak islemän, olary gizläp başladylar... Biz konslagere düşmezden öň birek-birege kömek edýärdik. Emma ajalyň penjesinde her bir adamyň diňe öz jany gaýgydy, başgalar hakynda pikir hem edilmeýärdi. Ýöne Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşaýan adamlar özüni düýbünden başgaça alyp barýardylar. Olar suw geçiriji turbalary bejerip, agyr zähmet çekýärdiler. Howa sowukdy. Olar buz ýaly suwda günuzyn ýöremeli bolýardylar. Olaryň şeýle zatlara döz gelýändigine hiç kim akyl ýetirip bilmeýärdi. Olar: “Bize Ýehowa güýç berýär“ diýýärdiler. Olar hem biziň ýaly çörege mätäçdi, ýöne olar näme etdiler? Olar bar çöreklerini ýygnap, ýarysyny Dahaudan gelen imandaşlaryna berdiler. Şeýle-de olary ogşap, mähirli garşy aldylar. Olar çöregi iýmezden öň doga etdiler; olaryň ýüzünde şatlyk uçguny bardy. Olar: “Indi biz aç däl“ diýişýärdiler. Şonda men: “Olar hakyky mesihçiler“ diýdim».

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş