Gijä galmazlygy endik ediniň
1. Ýehowa bize gijä galmazlyk babatda nähili görelde görkezýär?
1 Ýehowa hiç haçan gijä galmaýar. Meselem, ol gullukçylaryna «gerek wagtynda» kömek berýär (Ýew. 4:16). Şeýle-de ol ruhy iýmiti «wagtly-wagtynda» paýlaýar (Mat. 24:45). Mundan başga-da, biz onuň höküm gününiň «eglenmejekdigini» bilýäris (Hab. 2:3). Ýehowanyň gijä galmaýandygy bizi örän ruhlandyrýar! (Zeb. 70:5). Emma bikämil we işli adamlara gijä galmazlyk kyn bolmagy mümkin. Biz näme üçin gijä galmazlygy endik etmeli?
2. Gijä galmazlyk näme üçin Ýehowany şöhratlandyrýar?
2 Soňky günlerde özüni söýýän we nebsine buýurmaýan adamlaryň arasynda gijä galmaklyk adaty zada öwrüldi (2 Tim. 3:1—3). Şol sebäpli mesihçiler işine, ýygnaklara hem-de belleşýän beýleki duşuşyklaryna wagtynda barsa, adamlar muny görýärler. Bu bolsa Ýehowany şöhratlandyrýar (1 Pet. 2:12). Biz dünýewi işe wagtynda baryp, ruhy çärelere bolsa köplenç gijä galýarysmy? Ýygnak duşuşyklaryna wagtynda baryp, aýdym aýtmaga we doga etmäge gatnaşsak, gökdäki Atamyzyň göreldesine eýermek isleýändigimizi görkezeris (1 Kor. 14:33, 40).
3. Gijä galmasak, başgalaryň aladasyny edýändigimizi nädip görkezeris?
3 Biz gijä galmasak, başgalaryň hem aladasyny edýändigimizi görkezeris (Flp. 2:3, 4). Meselem, biz ýygnaga we wagyz gullugy üçin duşuşyga wagtynda barsak, imandaşlarymyzy çendenaşa biynjalyk etmeris. Eger biz hemişe gijä galýan bolsak, onda dogan-uýalara öz wagtymyzy olaryňkydan has gymmat saýýan ýaly bolup görner. Biz gijä galmazlygy endik edinsek, özümiziň dogruçyl, yhlasly we wepaly adamdygymyzy görkezeris. Adamlar bolsa şeýle häsiýetleri gymmat saýýarlar.
4. Biz köplenç gijä galýan bolsak, näme edip bileris?
4 Sen köplenç gijä galýan bolsaň, munuň sebäbi hakda oýlan. Sen ähli zatlary wagtynda guramaçylykly berjaý eder ýaly gün tertibiňi düz (Wag. 3:1; Flp. 1:10, 11). Bu babatda Ýehowa doga edip, kömek sora (1 Ýahýa 5:14). Eger biz gijä galmazlygy endik edinsek, Hudaýy we ýakynyňy söý diýen iki sany wajyp tabşyryga minnetdardygymyzy görkezeris (Mat. 22:37—39).