Şu günler Hudaýyň niýetini berjaý edýäris
«Ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin... [ýaşamasyn] diýip, [Isa] hemmäniň ugrunda öldi» (2 KORINTOSLYLAR 5:15).
1. Bir missioneriň gullugynda bolan wakany gürrüň beriň.
AARONa diýen bir missioner şeýle gürrüň berýär: «Graždanlyk urşundan soň Afrikanyň çola ýerdäki obalarynyň birine baran ilkinji harby däl maşyn biziň maşynymyzdy. Şol obadaky kiçi ýygnak bilen doganlaryň hiç hili aragatnaşygynyň bolmandygy sebäpli, olaryň kömege mätäçdigini gördük. Biz ýanymyz bilen iýmit, egin-eşik, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlardan başga-da «Ýehowanyň Güwäçileriniň adyny göterýän gurama» diýen wideofilmib aldyk. Obadaky «kinoteatra» — wideomagnitofonly we telewizorly uly çatma filmi görmek üçin köp adam ýygnanyşdy. Şol sebäpli wideofilmi iki sapar görkezmeli bolduk. Şondan soň köp adamlar Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlady. Biziň eden tagallamyz gowy netije berdi».
2. a) Näme üçin mesihçiler Hudaýa gulluk etmek üçin ähli güýjüni sarp edýärler? b) Biz haýsy soraglara serederis?
2 Aaron we onuň ýoldaşlaryny şeýle kyn tabşyrygy ýerine ýetirmäge näme höweslendirdi? Sebäbi olar Isa Mesihiň töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirip, özüni Hudaýa bagyş edip, Onuň niýetine görä ýaşamak isleýärler. Şonuň ýaly özüni Hudaýa bagyş eden mesihçileriň ählisi «özleri üçin däl-de», «Hoş Habar üçin» ýaşamagy ýüregine düwdüler (2 Korintoslylar 5:15; 1 Korintoslylar 9:23). Olar bu erbet dünýäniň soňy gelende, puluň we yhtyýarlygyň gymmaty gaçjakdygyny bilýärler. Olar Hudaýdan ýaşaýyş we saglyk sowgadyny alandygy üçin, Onuň niýetini berjaý eder ýaly ähli güýjüni sarp etmek isleýärler (Wagyzçy 12:1). Biz muny nädip etmeli? Munuň üçin gerekli güýji we mertligi nireden almaly? Hudaýa gulluk etmek üçin bizde nähili mümkinçilikler bar?
Esasy ädimleri ätmek
3. Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin nähili esasy ädimleri ätmeli?
3 Ähli mesihçiler bütin ömrüne Hudaýyň islegini berjaý edýärler. Olar muny şeýle esasy ädimlerden başlaýarlar: Teokratiki gulluk mekdebine ýazylýarlar, Mukaddes Ýazgylary her gün okaýarlar, wagyz edýärler we suwda çokundyrylmak üçin özgerişikler edýärler. Şeýle ädimleri ädip, Pawlus resulyň: «Bu işlerde yhlasly bol. Ilerleýşiňi hemmeleriň görmegi üçin bular bilen meşgullan» diýen sözlerini unutmalyň (1 Timoteos 4:15). Şeýle üstünlikleri özümizi şöhratlandyrmak üçin däl-de, Hudaýyň islegini ak ýürekden berjaý etmek üçin edýäris. Bu ýoldan ýöräp, durmuşdaky her bir meselede ädimlerimize Hudaýyň görkezme bermegine ýol berýäris, sebäbi ol muny bizden has gowy bilýär (Zebur 32:8).
4. Biz dereksiz gorkulary nädip ýeňip bileris?
4 Şübhelenmek we özüň barada çendenaşa aladalanmak Hudaýa gullukda üstünlik gazanmaga päsgel berip biler (Wagyzçy 11:4). Hudaýa we adamlara gulluk edenimizde şatlanar ýaly, ilki bilen, gorkymyzy ýeňmeli. Meselem, Erik diýen doganymyz başga dilde gepleýän ýygnakda gulluk etmek isleýärdi. Emma ol ynjalyksyzlanyp, özüne şeýle soraglar berýär: «Meni ýygnakdakylar nähili kabul eder? Men ol ýygnagy gowy görüp bilerinmi? Doganlar meni gowy görerlermi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Ahyry men öz aladamy däl-de, doganlaryň aladasyny etmelidigine düşündim. Indi, men ynjalyksyzlanmagyň deregine, doganlaryň aladysyny ak ýürekden etmegi we olardan hiç zat talap etmezligi ýüregime düwdüm. Men kömek barada doga edip, ýygnaga geçdim. Şondan bäri men Hudaýa gulluk etmekden lezzet alýaryn (Rimliler 4:20). Hawa, biz özümiz barada çendenaşa alada etmän, Hudaýa we adamlara näçe köp gulluk etsek, şonça-da bagtly hem kanagatly ýaşarys.
5. Näme üçin Hudaýyň niýetini berjaý etmek üçin gowy meýilleşdirmek wajyp? Mysal getiriň.
5 Şeýle-de Hudaýyň islegini üstünlikli berjaý etmek üçin, gowy meýilleşdirmeli. Biz paýhasly bolup, köp karz almakdan gaça durmaly, sebäbi bu zalym dünýäde bergili bolmak, Hudaýa gulluk etmäge päsgel berýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Bergili karz bereniň hyzmatkäridir» diýip, duýduryş berilýär (Süleýmanyň tymsallary 22:7). Ýehowa bil baglap ruhy işleri birinji orunda goýsak, ünsümizi başga zada sowmazlyga kömek eder. Mysal üçin, Gwomiň ejesi, aýal dogany, uýasy bilen ýaşaýar. Olaryň ýaşaýan ýerinde jaý kireýi gymmat we hemişelik işi tapmak örän kyn. Emma olar puly tygşytly sowýandygy we girdejisini jemleýändigi üçin, olaryň biri işsiz galan ýagdaýynda-da, iň zerur zatlary almaga pullary bolýardy. Gwomiň şeýle diýýär: «Käwagt kimdir biri aýlyk almaýar. Muňa garamazdan, biz pioner bolup gulluk edip, ejemiziň aladasyny edýäris. Biz ejemizden örän minnetdar, sebäbi ol özüniň bolelin ýaşamagy üçin, bize ruhy maksatlary goýmaga päsgel bermeýär (2 Korintoslylar 12:14; Ýewreýler 13:5).
6. Hudaýyň islegine görä ýaşamak üçin özgerişler etmelidigini haýsy mysal görkezýär?
6 Eger siz dünýewi işlere, ýagny köp pul gazanmak ýa-da başga zatlara kowalaşýan bolsaňyz, Hudaýyň islegini birinji orunda goýmak üçin uly özgerişler etmeli bolarsyňyz. Şeýle özgerişleri tiz edip bolmaýar. Şol sebäpli ýalňyşan ýagdaýyňyzda, indi üstünlik gazanmaryn öýtmäň. Koiçiniň mysylyna seredeliň. Ol köp wagtyny güýmenjelere sarp edýärdi. Ol ýetginjekkä Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýär, ýöne ençeme ýyl wagtynyň köpüsini wideooýunlara sarp edýär. Bir sapar ol özüne şeýle sorag berdi: «Men näme edýärin? Men otuz ýaşdanam geçip, durmuşda hiç-hili maksada ýetmedim! Koiçi Mukaddes Ýazgylary okuwyny täzeden geçip başlady we ýygnagyň kömegini kabul etdi. Ol haýal özgerişler etse-de, okuwyny taşlamady. Ol gyzgyn doga edip, doganlaryň kömegi arkaly erbet endigini ýeňip bildi (Luka 11:9). Koiçi häzir gulluk hyzmatçysy bolup gulluk edip, özüni bagtly duýýar.
Paýhasly bolmagy öwreniň
7. Hudaýyň islegini ýerine ýetirer ýaly näme üçin paýhasly bolmaly?
7 Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin biz bütin janymyz bilen tagalla etmeli. Biz hiç haçan muny göwünli-göwünsiz ýa-da ýaltalyk bilen etmeli däl (Ýewreýler 6:11, 12). Ýehowa biziň beden, akyl we duýgy taýdan ýadamagymzy islemeýär. Biz Hudaýyň işini öz güýjümiz bilen berjaý edip bilmejekdigimizi kiçigöwünlik bilen boýun alsak, Ony şöhratlandyryp paýhasly bolarys (1 Petrus 4:11). Ýehowa bize islegini berjaý etmegimiz üçin gerekli güýç berjekdigini wada berýär, ýöne güýjümizden artyk işi bizden talap etmeýär (2 Korintoslylar 4:7). Hudaýa ýadawsuz gulluk etmek üçin, güýjümizi paýhasly sarp etmeli.
8. Bir uýa Ýehowa we işi üçin bar güýjüni sarp edeninde näme boldy we ol nähili özgerişler etdi?
8 Mysal üçin, Gündogar Aziýada ýaşaýan Ji He diýen uýamyz iki ýyl kyn işde işläp, pioner bolup gulluk edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men hem Ýehowa, hem işim üçin bar güýjümi sarp edýärdim. Emma men gijesine diňe bäş sagat uklaýardym. Ahyry, men tapdan düşüp, Ýehowa gulluk etmekde şatlygymy ýitirdim». Ji He Ýehowa «bütin ýüregi, bütin jany, bütin düşünjesi, bütin güýji bilen» gulluk etmek üçin, ýeňilräk iş gözledi (Markus 12:30). Ol şeýle diýýär: «Maşgalamyň meniň köp pul gazanmagymy isleýändigine garamazdan, men Ýehowanyň niýetini birinji orunda goýmaga tagalla etdim. Şu günler men zerur zatlar, şeýle-de gowy geýinmek üçin ýeterlikli pul gazanýaryn. Men gowy ukymy alyp, özümi oňat duýýaryn! Hudaýa gulluk edip şatlanýaryn we ruhy taýdan berkedim. Sebäbi men bu zalym dünýäniň özüne çekýän we ünsümi bölýän zatlaryna köp wagt sarp etmeýärin» (Wagyzçy 4:6; Matta 6:24, 28—30).
9. Biziň wagyzda edýän tagallalarymyz adamlara nähili täsir edip biler?
9 Her bir mesihçi Hudaýa doly wagtly gulluk edip bilmeýär. Eger siz gartaşan, ýarawsyz saglygyňyz ýa-da başga bir kynçylygyňyz bolsa, wepalylygyňyzy we gullukda ak ýürekden edýän ujypsyz tagallaňyzyň-da gadyryny Ýehowanyň bilýändigini unutmaň (Luka 21:2, 3). Şol sebäpli, biz adamlara onçakly täsir edip bilmesek-de, muňa kembaha garamaly däl. Aýdaly, biz birnäçe öýde wagyz edip, ýöne hoş habara bir adam-da seslenmedik ýaly bolup görünýär. Biz gidenimizden soň öýüň eýeleri, hatda gapyny açmadyk ýerlerde-de, biz barada mümkin uzak wagtlap gürrüň ederler! Biz ähli adamlaryň hoş habary kabul etmese-de, käbirleriniň ony kabul etjekdigini bilýäris (Matta 13:19—23). Käbir adamlar durmuşynyň ýa-da bu zalym dünýäniň ýagdaýy üýtgände hoş habara seslenýärler. Nähili bolaýanda-da, biz wagyz gullugynda elimizden gelenini edip, Hudaýyň işini ýerine ýetirýäris. «Biz Hudaýyň işdeşleridiris» (1 Korintoslylar 3:9).
10. Ýygnakda hemmeler üçin nähili mümkinçilikler bar?
10 Galyberse-de, biziň ählimiz dogan-garyndaşlarymyza we ruhy dogan-uýalaramyza kömek edip bileris (Galatýalylar 6:10). Biziň gowy göreldämiz olara oňaýly täsir edip biler (Wagyzçy 11:1, 6). Ýaşulular we gulluk hyzmatçylary borçlaryny gowy ýerine ýetirenlerinde, ýygnagyň ruhy taýdan gülläp ösmegine we dogan-uýalaryň yhlasly gulluk etmegine ýardam edýärler. Biz «Rebbiň işine yhlasly ýapyşsak», «zähmetimiziň Rebde boş däldigine» ynanarys (1 Korintoslylar 15:58).
Bütin ömrüňize Hudaýyň islegini ýerine ýetiriň
11. Ýerli ýygnakdan başga-da, Hudaýa gulluk etmäge nähili mümkinçilikler bar?
11 Biz mesihçiler ýaşaýşy söýýäris we ähli işlerimizde Hudaýy şöhratlandyrmak isleýäris (1 Korintoslylar 10:31). Biz Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary yhlasly wagyz etsek, Isanyň tabşyran ähli zatlaryny berjaý etmegi adamlara öwretsek, gulluk etmäge köp mümkinçikler döreýär we bol bereketler eçilýär (Matta 24:14; 28:19, 20). Şeýle-de ýerli ýygnak bilen işleşmekden başga-da, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde, başga dilde gepleýän ýygnakda we daşary ýurtda gulluk etmäge mümkinçilikler bar. Öýlenmedik tejribeli ýaşulular we gulluk hyzmatçylary Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde okamaga çagyrylýar. Olar mekdebi gutarandan soň, öz ýurdundaky ýygnaklara ýa-da daşary ýurtlara ýetişen mesihçileriň kömegi gerek ýerlere iberilýär. Doly wagtly gulluk edýän är-aýal Gilead mekdebinde okap, missioner hökmünde daşary ýurtlarda gulluk edip bilerler. Beýtelde gulluk etmäge, Patyşalyk zallarynyň, filiallaryň gurluşygyna we başga işlerine hemişe dogan-uýalaryň meýletin kömegi gerek bolýar.
12, 13. a) Siz gullugyň haýsy görnüşini saýlap bilersiňiz we nädip? b) Gullugyň bir görnüşinde edinen tejribe, gullugyň başga görnüşinde kömek edip biljekdigi barada mysal getiriň.
12 Siz gullugyň haýsy görnüşini saýlap bilersiňiz? Ýehowanyň gullukçysy hökmünde, hemişe Hudaýdan we onuň guramasyndan görkezme gözläň. Hudaýyň «gowy ruhy» size dogry karara gelmäge kömek eder (Nehemýa 9:20). Köplenç bir ýumşy ýerine ýetirmeklik, başga ýumşy ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Gullugyň bir görnüşinde toplan tejribäň we ussatlygyň gullugyň başga görnüşinde-de peýdasy bolýar.
13 Meselem, Dennis we onuň aýaly Jenni hemişe Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşýardylar. Amerikanyň günorta ştatynda turan «Katrin» tupanyndan soň, olar horluk çekenlere meýletin kömek etdiler. Dennis şeýle gürrüň berýär: «Biz Patyşalyk zallarynyň gurluşygynda edinen tejribämiz arkaly, tupandan zyýan çeken doganlaryň öýlerini dikeldip, kömek edenimize örän begendik. Doganlaryň bize bildiren minnetdarlygy diýseň täsirlidi. Başga ençeme toparlar dikeldiliş işini haýal edýärdi. Ýehowanyň Güwäçileri bolsa, eýýäm bäş müň üç ýüzden gowrak öýi hem-de ençeme Patyşalyk zallaryny bejerdiler we dikeltdiler. Adamlar bu işleri görüp, Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary häzir uly höwes bilen diňleýärler».
14. Doly wagtly gulluk etmek islesegiňiz bolsa, näme edip bilersiňiz?
14 Siz bütin ömrüňize doly wagtly gulluk edip, Hudaýyň islegini berjaý edip bilersiňizmi? Eger şeýtseňiz, bol bereketler alarsyňyz. Häzir doly wagtly gulluk etmäge ýagdaýyňyz bolmasa, mümkin ýagdaýyňyzy üýtgedersiňiz. Nehemýa wajyp ýumuş berlende: «Eý Ýehowa, haýyş edýärin, gullukçyňa üstünlik ber» diýip, doga edişi ýaly, Ýehowa doga ediň (Nehemýa 1:11). «Dogalary eşidýäne» bil baglap, eden dogaňyza görä hereket ediň (Zebur 65:2). Siz, ilki bilen, şulary etmäge tagalla etseňiz, şonda Ýehowa bol bereket berer. Doly wagtly gulluk etmek kararyna gelenden soň, oňa berk ýapyşyň. Wagtyň geçmegi bilen, tejribeli bolup, şatlygyňyz artar.
Hakykatdanam ajaýyp ýaşaýyş!
15. a) Hudaýa wepaly gulluk edýänler bilen gürrüňdeş bolmagyň we olar barada okamagyň bize näme peýdasy bar? b) Sizi ruhlandyran terjimahal barada gürrüň beriň.
15 Hudaýyň islegini berjaý etseňiz, size nämeler garaşýar? Bu barada Ýehowa köpden bäri, esasanam, ençeme ýyl doly wagtly gulluk edýän wagyzçylar bilen gürrüňdeş bolup görüň. Olar nähili gyzykly we baý durmuşda ýaşaýarlar! (Süleýmanyň tymsallary 10:22). Olar Ýehowanyň hemişe kömek edýändigi, hatda kyn ýagdaýda-da, iň zerur zatlary artygy bilen berýändigi hakynda gürrüň berer (Filipililer 4:11—13). 1955—1961-nji ýyllar aralygy «Garawul diňi» žurnalynyň «Men Hudaýyň islegine görä ýaşaýaryn» diýen bölüminde wepaly gullukçylaryň terjimehaly çap edilen. Şondan bäri Hudaýyň gullukçylarynyň durmuşy barada, şeýle terjimehallaryň ýüzlerçesi çap edildi. Şol wakalaryň her birinde Resullaryň işleri kitabyndaky ýaly yhlasly we şatlykly ruh barada gürrüň berilýär. Siz şol wakalary okap: «Meniň hem şolar ýaly ýaşasym gelýär!» diýersiňiz.
16. Mesihçileriň durmuşyny näme bagtly we manyly edýär?
16 Makalanyň başynda aýdylan Aaron şeýle ýatlaýar: «Men Afrikada durmuşyň manysyny gözläp syýahat edýän ýaşlara köp duş geldim. Olaryň köpüsi hiç haçanam durmuşyň manysyny tapmadylar. Emma biz Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edip, Hudaýyň islegine görä ýaşadyk, şol sebäpli biziň durmuşymyz gyzykly we manyly boldy. Biz bermegiň almakdan bagtlydygyna gowy düşündik» (Resullaryň işleri 20:35).
17. Biz näme üçin şu günler Hudaýyň islegini berjaý etmeli?
17 Siz barada näme diýse bolar? Siziň nähili maksadyňyz bar? Eger siziň anyk ruhy maksatlaryňyz bolmasa, beýleki maksatlar derrew bar wagtyňyzy we güýjüňizi alar. Bu dünýäniň biderek zatlaryna durmuşyňy bagyş etmek nämä gerek. Tizden «agyr muşakgat» bolanda, bu zalym dünýäniň baýlygynyň we abraýynyň gymmaty gaçar. Ýehowa bilen dostlugymyzyň hiç haçan gymmaty gaçmaz. Biz Ýehowa we adamlara gulluk edip, durmuşda Hudaýyň islegini doly berjaý edendigimize şatlanarys! (Matta 24:21; Ylham 7:14, 15).
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Ýehowa gullugymyza nähili garaýar?
• Meýilleşdirme we paýhaslylyk Hudaýa we adamlara gulluk etmäge nädip kömek edýär?
• Hudaýa gulluk etmäge nähili mümkinçilikler bar?
• Biz şu günler durmuşymyzy nädip hakykatdanam manyly edip bileris?