Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk edýändigiňizi gymmat saýyň!
«Biz Hudaýyň işdeşleridiris». 1 KOR. 3:9
1. Ýehowa zähmete nähili garaýar we şol sebäpli ol näme etdi?
ÝEHOWA edýän işlerinden hemişe şatlyk tapýar (Zeb. 135:6; Ýahýa 5:17). Hudaý perişdeleriňem, adamlaryňam şeýle şatlygy duýmagyny isleýär. Şol sebäpli Ýehowa olara ýakymly hem-de kanagat beriji ýumuş tabşyrdy. Meselem, Ýehowa ähli zady ilkinji Ogly Isa bilen bile ýaratdy (Koloseliler 1:15, 16-njy aýatlary okaň). Mukaddes Ýazgylarda Isanyň ýere gelmezinden öň, gökde Hudaýyň ýanynda «ussa kimin» bolandygy aýdylýar (Sül. tym. 8:30).
2. Ýehowanyň perişdelere hemişe wajyp ýumuş berýändigini nireden bilýäris?
2 Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, Ýehowa perişdelere hemişe ýumuş tabşyrýar. Adam ata bilen How ene günä edip, Jennetden kowlansoň, Hudaý «ýaşaýyş agajyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda kerubileri hem-de aýlanyp durýan ýalynly gylyjy goýdy» (Gel. çyk. 3:24). Şeýle-de Ylham 22:6-da Ýehowanyň «ýakynda boljak wakalary Öz gullaryna bildirjek bolup, perişdesini ýollandygy» aýdylýar.
ADAMLARA TABŞYRYLAN ÝUMUŞ
3. Isa ýer ýüzünde ýaşanda Atasynyň göreldesine nädip eýerdi?
3 Isa ýer ýüzünde kämil adam bolup ýaşanda, Ýehowanyň tabşyran ýumşuny höwes bilen ýerine ýetirdi. Ol Atasynyň göreldesine eýerip, şägirtlerine-de wajyp ýumuş tabşyrdy. Isa olaryň bu işi ýerine ýetirip biljekdigine ynamly bolmaklary üçin şeýle diýdi: «Hakykatdan, size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň eden işlerimi-de eder; bulardan has ulularyny-da eder, çünki Men Atama barýaryn» (Ýahýa 14:12). Şeýle-de Isa tabşyrylan ýumşuň gaýragoýulmasyzdygyny belläp geçip: «Men Özümi ibereniň işlerini heniz gündizkä etmeli; gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez» diýdi (Ýahýa 9:4).
4—6. a) Biz Nuh we Musa pygamberiň Ýehowanyň tabşyran ýumuşlaryny ýerine ýetirendigine näme üçin begenýäris? b) Hudaýyň adamlara tabşyrýan ýumuşlary nähili netije berýär?
4 Isa ýer ýüzüne gelmänkä-de, Ýehowa adamlara ýumuş tabşyrýardy. Adam ata bilen How ene Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmese-de, başga adamlar Ýehowanyň görkezmesine eýerdiler (Gel. çyk. 1:28). Tupanda halas bolar ýaly, Nuh pygambere gämini nädip gurmalydygy barada anyk görkezmeler berildi. Ol ähli zady Ýehowanyň aýdyşy ýaly-da etdi. Şu günler biz Nuh pygamberiň Hudaýyň tabşyran ýumşuny dogry ýerine ýetirendigi üçin ýaşaýarys (Gel. çyk. 6:14—16, 22; 2 Pet. 2:5).
5 Musa pygambere-de çadyr gurmak we ruhanylary bellemek barada anyk görkezmeler berildi. Ol olaryň ählisini Hudaýyň aýdyşy ýaly ýerine ýetirdi (Müs. çyk. 39:32; 40:12—16). Musa pygamberiň tabşyrylan ýumşy doly ýerine ýetirmegi bize-de bereket berýär. Nädip? Pawlus resul şol mukaddes çadyryň we ruhanylaryň «geljekki oňat zatlary» aňladýandygyny düşündirdi (Ýew. 9:1—5, 9; 10:1).
6 Hudaýyň niýetiniň ýuwaş-ýuwaşdan amala aşýandygy üçin, onuň gullukçylaryna berýän ýumuşlary, wagtyň geçmegi bilen, üýtgäp durýar. Emma şeýle ýumuşlaryň ählisi hemişe Ýehowany şöhratlandyrýar we adamlara bereket berýär. Isanyň gökde we ýere gelende eden işleri barada hem şeýle diýse bolýar (Ýahýa 4:34; 17:4). Şu günler bize tabşyrylan ýumuş hem Ýehowany şöhratlandyrýar (Mat. 5:16; 1 Korintoslylar 15:58-i okaň). Nädip?
TABŞYRYLÝAN ÝUMUŞLARA DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ
7, 8. a) Mesihçilere nähili hormatly iş ynanyldy? b) Biz Ýehowanyň berýän görkezmesine nähili garamaly?
7 Ýehowanyň bikämil adamlary özi bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyryp, olara hormat bildirmegi haýran galdyrýar (1 Kor. 3:9). Kongres we Patyşalyk zallaryny, filiallary gurýan dogan-uýalar Nuh hem-de Musa pygamber ýaly göni manydaky gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Siz ýaşaýan ýeriňizdäki Patyşalyk zalynyň bejeriş işlerini edýän bolsaňyz-da ýa-da Nýu-Ýork ştatynyň Uorwik şäherindäki bütindünýä baş edaramyzyň gurluşygyna gatnaşýan bolsaňyz-da, gullugyňyzy gymmat saýyň (Makalanyň başyndaky surata serediň). Sebäbi bu mukaddes gullukdyr. Emma mesihçileriň köpüsi göçme manydaky gurluşyk işine, ýagny wagyz gullugyna gatnaşýar. Bu Ýehowany şöhratlandyrýar we adamlara bereket berýär (Res. iş. 13:47—49). Hudaý biziň gowy wagyz edip bilmegimiz üçin guramasy arkaly görkezme berýär. Şol sebäpli käte bize täze ýumuşlaryň tabşyrylmagy hem mümkin.
8 Ýehowanyň wepaly gullukçylary berilýän görkezmelere hemişe höwes bilen eýerýärler (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Emma biz ilki täze ýumşuň näme üçin berlendigine düşünmezligimiz mümkin. Muňa garamazdan, biz özgerişikleriň Ýehowadandygyny we onuň bilen hyzmatdaşlyk etmegiň bereket berýändigini bilýäris.
9. Ýaşulular ýygnakdaky dogan-uýalara nähili görelde görkezýärler?
9 Ýaşulular ýygnaklara gözegçilik etmek bilen Ýehowanyň islegini ýürekden berjaý etmek isleýändigini görkezýärler (2 Kor. 1:24; 1 Sel. 5:12, 13). Olar jan aýaman zähmet çekip, özgerişiklere eýermäge taýyn bolýarlar. Olar wagyz etmegiň täze usullaryny höwes bilen ulanýarlar. Käbir dogan-uýalar, ilkibada, telefon arkaly, gämi duralgalarynda ýa-da köpçülik ýerlerinde wagyz etmäge ýaýdansa-da, soňra bularyň gowy netije berýändigine göz ýetirýärler. Mysal üçin, Germaniýada dört sany pioner adamlaryň işleýän ýerinde wagyz etmegi ýüregine düwdüler. Ol ýerde köpden bäri wagyz edilmeýärdi. Maýkl dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz wagzyň bu görnüşine birnäçe ýyldan bäri gatnaşmandygymyz üçin, biynjalyk bolup, aljyraýardyk. Ýehowa biziň ýagdaýymyza düşünip kömek etdi. Şol gün irdenki wagzymyz gaty gyzykly boldy. Biz „Hudaýa gullugymyzdaky“ görkezmä eýerendigimize we Ýehowanyň goldawyna bil baglandygymyza örän begenýäris!» Sizem ýaşaýan ýeriňizde täze usullar bilen wagyz etmäge çalyşýarmysyňyz?
10. Soňky ýyllarda guramada nähili özgerişikler boldy?
10 Käwagt guramada özgerişikler etmeli bolýar. Meselem, soňky ýyllarda filiallaryň birnäçesi birleşdirildi. Şeýle özgerişikler sebäpli filiallarda gulluk edýän dogan-uýalaryň ýagdaýy üýtgese-de, wagtyň geçmegi bilen, olar munuň peýdalydygyna göz ýetirdiler (Wag. 7:8). Bu wepaly dogan-uýalar şu günler Ýehowanyň halkynyň işine goşant goşýandygyna örän begenýärler!
11—13. Guramada edilýän özgerişler sebäpli käbir dogan-uýalar nähili kynçylyklara duş geldiler?
11 Biz birleşdirilen filiallarda gulluk edýän dogan-uýalardan wajyp zatlary öwrenip bilýäris. Olaryň käbiri onlarça ýyl öz ýurdundaky Beýtelde gulluk etdiler. Merkezi Amerikanyň kiçijik Beýtelinde gulluk eden är-aýaldan öňki Beýtel maşgalasyndan otuz esse uly bolan Meksikadaky Beýtele göçmegi haýyş etdiler. Rogelio: «Maşgalamyzy we dost-ýarlarymyzy goýup gitmek bize gaty agyr düşdi» diýýär. Meksika göçen Kwan dogan bolsa şeýle diýýär: «Bu meniň üçin täzeden doglup, durmuşymy ýaňadan başlan ýaly boldy. Men täze şertlere we garaýyşlara öwrenişmeli boldum».
12 Ýewropa ýurtlaryndan Germaniýadaky filiala göçen beýtelçiler hem şonuň ýaly kynçylyklara duş geldiler. Tebigatda daglaryň gözelligini synlamagy gowy görýän adamlar dogan-uýalara owadan Alp daglary bolan Şweýsariýadan göçmegiň nähili kyn bolandygyna düşünýändir. Awstriýadan göçen beýtelçiler hem, ilkibaşda, öňki kiçi Beýtel maşgalasyny küýseýärdiler.
13 Daşary ýurda göçen dogan-uýalar täze ýere, ýaşaýyş şertlerine, ýygnaga, öň tanamaýan dogan-uýalary bilen işleşmäge, käbir ýagdaýlarda bolsa täze işi ýerine ýetirmäge öwrenişmeli bolýarlar. Hatda olar başga dili hem öwrenmeli bolýarlar. Şeýle özgerişleri etmek kyn bolsa-da, beýtelçileriň köpüsi olara şatlyk bilen döz geldiler. Olar muny näme üçin etdiler?
14, 15. a) Dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk etmegi gymmat saýýandygyny nädip görkezýärler? b) Olar bize nähili ajaýyp görelde görkezýärler?
14 Gretel uýa: «Men Ýehowany ýurdumdan, jaýymdan we edýän işimden has gowy görýändigim üçin çakylygy kabul etdim» diýýär. Daiska uýa bolsa: «Men çakylygyň Ýehowadandygyna düşünip, ony şatlyk bilen kabul etdim» diýýär. Andre we Gabriýela şeýle diýýär: «Biz munuň öz islegimizden geçip, Ýehowa gulluk etmäge mümkinçilik berýändigine göz ýetirdik». Olar Ýehowanyň guramasynda nähili özgerişikler bolsa-da, olara garşy bolman, gaýtam, oňa eýerseň bagtly edýändigini aýdýarlar.
Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk etmek iň uly hormatdyr!
15 Filiallar birleşdirilende käbir beýtelçileri pioner edip bellediler. Meselem, Daniýadaky, Norwegiýadaky, Şwesiýadaky Beýteller Skandinawiýa filialyna birleşdirilende, beýtelçileriň köpüsi pioner bolup gulluk edip başladylar. Florian we Aniýa atly är-aýal şeýle gürrüň berýär: «Biz täze borjumyza üýtgeşik zat ýaly garadyk. Biz nirede bolsak-da, Ýehowa gulluk edip bilýändigimize begenýäris. Dogrusyny aýtsak, biz bol bereketler aldyk!» Biziň köpümiz şeýle özgerişikleri etmeli bolmasak-da, şol dogan-uýalaryň göreldesine eýerip, Patyşalygy birinji orunda goýup bilerismi? (Iş. 6:8). Dogan-uýalar nähili işleri edýändigine garamazdan, Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk etmegi gymmat saýsalar, hemişe bol bereketleri alýarlar.
ÝEHOWA BILEN HYZMATDAŞLYK EDÝÄNDIGIŇIZE BEGENIŇ!
16. a) Galatýalylar 6:4-de nähili maslahat berilýär? b) Bize nähili iň uly hormat ynanyldy?
16 Bikämil adamlar köplenç özlerini başgalar bilen deňeşdirýärler. Emma Hudaýyň Sözünde öz edip bilýän zatlaryňa üns bermelidigi aýdylýar (Galatýalylar 6:4-i okaň). Elbetde, biziň köpümiz Ýehowanyň guramasynda jogapkärli borçlary ýerine ýetirmeýäris. Şeýle-de biziň hemmämiz pioner, missioner ýa-da beýtelçi bolup gulluk edip bilmeýäris. Dogrudan-da, gullugyň bu görnüşlerine gatnaşmak uly hormat! Emma biz Ýehowanyň her bir adama ynanan iň uly hormatyny unutmaly däl. Biz adamlara hoş habary wagyz edip, Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Geliň, bize ynanylan bu hormaty gymmat saýalyň!
17. Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýandygymyz sebäpli ýagdaýlarymyz nähili bolup biler we biz näme üçin ruhdan düşmeli däl?
17 Şeýtanyň dünýäsinde biz Ýehowa isleýşimiz ýaly gulluk edip bilmeýäris. Belki-de, muňa maşgaladaky borçlarymyz, saglygymyz ýa-da başga ýagdaýlar päsgel berýändir. Emma biz munuň üçin ruhdan düşmeli däl. Kynçylyklarymyza garamazdan, biz hemişe Ýehowanyň ady we Patyşalygy barada wagyz edip bilýäris. Iň esasy zat Ýehowa gulluk edeniňde eliňde baryny etmeli we köp gulluk edip bilýän dogan-uýalar üçin doga etmeli. Şol sebäpli, geliň, Ýehowanyň her bir gullukçysyny gymmat saýýandygyny hiç haçan ýatdan çykarmalyň!
18. Biz nämelerden geçmäge taýyn bolmaly we näme üçin?
18 Ýehowa ejizliklerimize we bikämilligimize garamazdan, biziň bilen hyzmatdaşlyk edýändigine begenýär. Şu soňky günlerde biz Hudaý bilen hyzmatdaşlyk edýändigimizi gymmat saýmaly dälmi näme?! Biz Ýehowanyň wada berýän täze dünýäsinde parahat şertlerde ebedi ýaşajakdygymyza umyt edip, häzir öz isleglerimizden geçmäge taýyn bolmaly (1 Tim. 6:18, 19).
Siz gullugyňyzy gymmat saýýarmysyňyz? (16—18-nji abzaslara serediň)
19. Ýehowa bize nähili gelejegi wada berýär?
19 Biz täze dünýäniň bosagasynda durus. Şol sebäpli biz wada edilen diýara girmänkäler, Musa pygamberiň ysraýyllylara aýdan şu sözleri barada oýlanmaly: «Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer» (Kan. tag. 30:9). Hudaýyň islegini ýürekden berjaý edýän adamlar Armageddondan soň Ýehowanyň wada beren Jennetini miras alarlar. Şonda bize täze ýumuş berler, ýagny bütin ýer ýüzüni owadan Jennete öwreris!