Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/12 sah. 11—15
  • Siz Patyşalyk üçin nämelerden geçersiňiz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz Patyşalyk üçin nämelerden geçersiňiz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GADYMY YSRAÝYLDAKY GURBANLAR
  • ŞU GÜNKI GURBANLAR
  • BARYŇA GÖRÄ GURBAN BERMEK
  • BIZIŇ GURBANYMYZ ÖRÄN GYMMATLY
  • Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa ýürekden gurban beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ähli zadyň Eýesine näme berip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/12 sah. 11—15

Siz Patyşalyk üçin nämelerden geçersiňiz?

«Hudaý begenç bilen bereni söýýändir». 2 KOR. 9:7

OÝLANMAK ÜÇIN AÝATLAR

Şu aşakdaky aýatlar size Patyşalyk üçin käbir zatlardan geçmäge nädip kömek eder?

1 Ýyl ýazgylary 29:9

1 Korintoslylar 16:1, 2

2 Korintoslylar 8:12

1. Köp adamlar näme zatlardan geçýärler we näme üçin?

ADAMLAR özüne gerek zat üçin köp zatdan geçmäge taýyn. Meselem, ata-eneler çagalary üçin wagtyny, puluny we güýjüni sarp edýärler. Ýaşlaryň käbiri şatlanyp, wagtyny hoş geçirýän mahaly, olaryň deň-duşlary öz ýurdunyň adyndan Olimpiadada ýaryşmak üçin, her gün ençeme sagatlap erjellik bilen türgenleşýärler. Isa hem wajyp zatlar üçin köp zatdan geçdi. Onuň maksady gurply ýaşamak ýa-da çaga edinmek däl-de, Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutmakdy (Mat. 4:17; Luka 9:58). Onuň şägirtleri hem Hudaýyň Patyşalygyny goldamak üçin köp işleri etdiler. Olar Patyşalygy durmuşynda birinji orunda goýmagy wajyp hasaplaýardylar we munuň üçin köp zatdan geçdiler (Mat. 4:18—22; 19:27). Şoňa görä-de, biz özümize: «Men durmuşda nämäni wajyp saýýaryn?» diýen soragy bermeli.

2. a) Mesihçiler näme zatdan hökman geçmeli bolýarlar? b) Käbir mesihçiler nähili işlere gatnaşýarlar?

2 Mesihçiler, esasan-da, Ýehowa bilen dostlugyny berkitmek üçin käbir zatlardan hökman geçmeli bolýarlar. Olar wagtyny hem güýjüni doga etmäge, Mukaddes Ýazgylary okamaga, maşgala okuwyny geçirmäge, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga we wagyz etmäge bagyş edýärlera (Ýeş. 1:8; Mat. 28:19, 20; Ýew. 10:24, 25). Biziň tagallamyz hem-de Ýehowanyň bereketi arkaly wagyz işi üstünlikli amala aşýar we köp adamlar «Rebbiň öýüniň dagyna... tarap eňýärler» (Iş. 2:2). Dogan-uýalaryň köpüsi Patyşalyk işlerini goldamak üçin Beýtelde gulluk edýärler, Patyşalyk hem-de Kongres zallarynyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar, kongresleri gurnaýarlar ýa-da tebigy betbagtçylykdan horluk çekenlere kömek edýärler. Elbetde, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin şeýle işlere gatnaşmak talap edilmese-de, bular Patyşalygyň bähbidini goldamak üçin wajypdyr.

3. a) Patyşalyk üçin bir zatdan geçmegiň nähili peýdasy bar? b) Biz özümize nähili soraglary bermeli?

3 Şu günler Patyşalygy yhlasly goldamak hemme zatdan wajypdyr. Ýehowa üçin köp zatdan geçýän mesihçileri görmek örän begendirýär (Zebur 54:6-ny okaň). Biz Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegine garaşýarys. Şeýle döwürde jomartlyk ruhuny bildirmek köp şatlyk getirýär (Kan. tag. 16:15; Res. iş. 20:35). Emma şonda-da biz özümizi çynlakaý barlap, şeýle soraglary bermeli: «Biz Patyşalygy goldamak üçin nämeler edip bileris? Wagtymyzy, pulumyzy, güýjümizi we ukyplarymyzy nädip ulanýarys? Nämeden seresap bolmaly?» Geliň, geçmişde berlen meýletin gurbanlardan nähili sapak edinip biljekdigimize seredeliň. Bu biziň şatlygymyza şatlyk goşar.

GADYMY YSRAÝYLDAKY GURBANLAR

4. Ysraýyllylaryň berýän gurbanynyň nähili peýdasy bardy?

4 Gadymy Ysraýylda ýaşan adamlar günäleriniň ötülmegi üçin gurban bermelidiler. Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin gurban bermek möhümdi. Olaryň käbirini hökman bermelidi, käbirini bolsa meýletin (Lew. 23:37, 38). Ýakma gurbany Ýehowa meýletin, ýagny sowgat hökmünde berilýärdi. Bu babatda Süleýmanyň Ýehowa bagyş eden ybadathanasy ajaýyp görelde bolup durýar (2 Ýyl. 7:4—6).

5. Ýehowa garyp adamlar üçin nähili mümkinçilik döretdi?

5 Söýgüden doly Ýehowa adamlaryň deň derejede gurban berip bilmejekdigine düşünýärdi. Şol sebäpli Ol her bir adamyň ýagdaýyna görä talap edýärdi. Ýehowanyň Kanunyna görä, gurban berilýän malyň gany dökülmelidi. Olar Isa arkaly boljak «geljekki oňat zatlaryň... kölegesidi» (Ýew. 10:1—4). Emma Ýehowa Kanunyny örän paýhasly ulanypdyr. Meselem, eger adam goýun ýa-da geçi hödürläp bilmese, ol gurbanlyk hökmünde gumry berip bilýärdi. Hawa, hatda garyp adam hem Ýehowa gurban bermekden şatlyk tapyp bilýärdi (Lew. 1:3, 10, 14; 5:7). Ýehowa dürli mal gurbanlaryny kabul etse-de, Ol meýletin gurban berýän adamdan iki zady talap edýärdi.

6. Gurban berýän adamdan näme talap edilýärdi we ony berjaý etmek näme üçin wajypdy?

6 Birinjiden, adam iň gowy zadyny bermelidi. Eger onuň berýän maly şikesli bolsa, Ýehowa ony «kabul» etmeýärdi (Lew. 22:18—20). Ikinjiden, gurban berýän adam arassa we tämiz bolmalydy. Eger ol arassa bolmasa, onda ilki günä ýa-da ýazyk gurbanlygyny berip, Ýehowanyň razylygyny gazanmalydy. Şondan soň, meýletin gurbany bermelidi (Lew. 5:5, 6, 15). Bu örän wajypdy. Sebäbi meýletin hödür edilýän salamatlyk gurbany berýän adam tämiz bolmasa, ony halkyň arasyndan ýok edýärdiler (Lew. 7:20, 21). Emma gurban berýän adamyň özi tämiz, getirýän maly hem şikessiz bolsa, ol öz eden işinden hoşal bolardy (1 Ýyl ýazgylary 29:9-y okaň)b.

ŞU GÜNKI GURBANLAR

7, 8. a) Patyşalyk üçin agyr zähmet çekýänler nähili şatlyk alýarlar? b) Ýehowa üçin biz nämeleri gurban edip bileris?

7 Şu günlerem köp doganlar Ýehowa gulluk etmek üçin agyr zähmet çekýärler. Ýehowa olaryň edýän tagallasyny gymmat saýýar. Dogrudan-da, doganlar üçin zähmet çekmek şatlyk getirýär. Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işlerine gatnaşan we tebigy betbagtçylykdan horluk çekenlere kömek eden bir dogan imandaşlary goldamagyň lezzet getirýändigini aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ýerli dogan-uýalaryň täze Patyşalyk zaly ýa-da tebigy betbagtçylykda berlen kömek üçin minnetdarlygyny we şatlygyny görseň, çeken zähmetiňe hem-de tagallaňa begenýärsiň».

8 Şu günler Ýehowanyň guramasy Patyşalyk işini goldamak üçin hemişe dürli mümkinçilikleri agtarýar. 1904-nji ýylda doganymyz Ç. T. Rassel şeýle diýdi: «Her kişi özüni Reb tarapyndan wagtynyň, ukybynyň, pulunyň we beýleki ähli zatlarynyň üstünden goýlan iş dolandyryjysy hasaplamaly. Ol Rebbi şöhratlandyrmak üçin bu sylaglary has netijeli ulanmaga jan etmeli». Biz Ýehowa üçin käbir zatlardan geçmeli bolsak-da, köp bereketler alýarys (2 Şam. 24:21—24). Bar zadyňy has gowy ulanmak üçin näme etse bolar?

9. Wagt babatda Luka 10:2—4-nji aýatlardaky prinsipi nädip ulansa bolar?

9 Wagt. Biziň edebiýatlarymyzy terjime hem-de çap etmek, sežde edilýän jaýlary gurmak, kongresleri gurnamak, tebigy betbagtçylykdan horluk çekenlere kömek etmek üçin köp tagalla we wagt sarp etmeli bolýar. Bir günde bary-ýogy 24 sagat bar. Emma wagty paýhasly ulanmakda Isanyň beren prinsipi kömek edip biler. Ol şägirtlerini wagyz etmäge iberende: «Ýolda hiç kime salam bermäň» diýip tabşyrdy (Luka 10:2—4). Isa näme üçin şeýle görkezme berdikä? Bir alym şeýle diýýär: «Gündogar ýurtlarynda adamlar salamlaşanlarynda biziň ýaşaýan ýerimizdäki ýaly diňe bir baş atmak ýa-da elleşmek bilen çäklenmeýärdiler. Olar ençeme gezek gujaklaşýardylar, egilýärdiler, hatda ýere ýykylyp tagzym edýärdiler. Bu bolsa örän köp wagtyňy alýardy». Isa şägirtleriniň gödek bolmalydygyny aýtmady. Ol şägirtlerine wagtyň çäklidigini we has wajyp işleri etmegiň möhümdigini düşündirjek boldy (Efes. 5:16). Biz Patyşalygyň işlerini goldamak üçin has köp wagtymyz bolar ýaly, bu prinsipi ulanyp bilerismi?

10, 11. a) Biziň berýän sowgatlarymyz bütindünýä işinde nämä sarp edilýär? b) 1 Korintoslylar 16:1, 2-nji aýatlardaky prinsip nädip kömek edýär?

10 Pul. Patyşalyk işlerini goldamak üçin köp serişdeler gerek bolýar. Aýlanýan gözegçileri, ýörite pionerleri we missionerleri goldamak üçin her ýyl 10 millionlarça dollar sarp edilýär. Maddy taýdan pes ýaşaýan döwletlerde 1999-njy ýyldan bäri 24 müň 500-den gowrak Patyşalyk zallary guruldy. Muňa garamazdan, ýene-de 6 müň 400-e golaý zal ýetmezçilik edýär. Her aý takmynan 100 million «Garawul diňi» we «Oýanyň» žurnallary çap edilýär. Bu zatlaryň ählisi meýletin sowgatlar arkaly amala aşyrylýar.

11 Biz sowgat berenimizde, Pawlus resulyň ýazan prinsipine eýermeli (1 Korintoslylar 16:1, 2-nji aýatlary okaň). Ol Korintosdaky doganlara hepdäniň ahyrynda galan puluny bermän, eýsem, hepdäniň başynda her kes öz ýagdaýyna görä pul süýşürmegini maslahat berdi. I asyrdaky ýaly şu günler hem dogan-uýalar öz ýagdaýyna görä jomartlyk bilen sowgat berýärler (Luka 21:1—4; Res. iş. 4:32—35). Ýehowa halkynyň şeýle jomartlygyny gymmat saýýar.

12, 13. Güýjüňi we ukybyňy sarp etmäge näme päsgel bermegi mümkin, ýöne Ýehowa nädip kömek eder?

12 Güýç we ukyp. Biz Patyşalyk işi üçin güýjümizi we ukybymyzy sarp edenimizde, edýän tagallamyzy Ýehowanyň goldaýandygyna ynanyp bileris. Ol ýadanymyzda kömek etjekdigini wada berýär (Iş. 40:29—31). Biz şeýle işleri goldamak üçin ukybymyz ýetmeýändir ýa-da başgalar has tejribelidir öýdýärismi? Ýehowanyň Besalele we Oholyýaba ukyp berşi ýaly, bize-de berjekdigini unutmalyň (Müs. çyk. 31:1—6; makalanyň başyndaky surata serediň).

13 Ýehowa bize elimizden gelýän ýagşy işleri gaýgyrmaly däldigini aýdýar (Sül. tym. 3:27). Iýerusalimiň ybadathanasynyň gurulýan döwri ýehudylar Ýehowanyň işini etmekden ünsüni sowup başlapdyrlar. Şol sebäpli Ýehowa olary gurluşyk işleri üçin näme edýändikleri barada oýlanmaga çagyrýar (Hag. 1:2—5). Biz hem wajyp hasaplaýan zatlarymyzyň Ýehowanyň niýetine gabat gelýändigi barada pikirlensek gowy bolardy. Eýsem, biz şu soňky günlerde Patyşalyk işine has köpräk gatnaşmak üçin edýän işlerimiz barada oýlanmaly dälmi näme?!

BARYŇA GÖRÄ GURBAN BERMEK

14, 15. a) Maddy taýdan pes ýaşaýan doganlarymyzyň göreldesi nädip ruhlandyrýar? b) Bizde nähili höwes bolmaly?

14 Köp adamlar garyp döwletlerde we kyn şertlerde ýaşaýarlar. Biziň guramamyz şeýle ýerlerde ýaşaýan doganlarymyzyň «ýetmezini doldurmaga» tagalla edýär (2 Kor. 8:14). Emma maddy taýdan kösenýän doganlarymyz hem jomartlyk bildirmäge çalyşýarlar. Garyplygyna garamazdan, imandaşlarymyzyň şeýle edýän hereketleri Ýehowany begendirýär (2 Kor. 9:7).

15 Meselem, Afrikanyň juda garyp ýurtlarynyň birinde ýaşaýan käbir doganlar Patyşalyk işini goldamagy maksat edinýärler. Olar melleginden ýörite bir ýer bölüp, ondan alan girdejisini meýletin sowgat hökmünde berýärler. Şeýle-de şol ýurtdaky dogan-uýalar Patyşalyk zalyny gurmaga kömek etmek isleýärler. Emma gurluşyk işleri ekiş döwrüne gabat gelýär. Muňa garamazdan, olar gurluşyga gatnaşmagy ýüregine düwýärler. Olar uzakly gün Patyşalyk zalyny gurmaga kömek edip, agşamlaryna bolsa, özleriniň ekin meýdanlaryna işlemäge gidýärler. Ine, şuňa janaýamazlyk ruhy diýse bolar! Bu bize I asyrda Makedoniýada ýaşan doganlary ýatladýar. Olar «aşa garyp» bolsalar-da, «mukaddeslere gulluk etmäge özleriniň gatnaşmagyny köp ýalbarypdyrlar» (2 Kor. 8:1—4). Geliň, her birimiz Hudaýymyz Ýehowanyň beren berekedine görä sowgatlar bereliň! (Kanun taglymaty 16:17-ni okaň)c.

16. Berýän gurbanlarymyzy Ýehowanyň «makullajakdygyna» nädip ynamly bolup bileris?

16 Emma bir zatdan geçmeli bolanda, seresap bolmaly. Gadymy Ysraýyldaky ýaly, biz meýletin sowgatlarymyzyň Hudaýa ýaramly boljakdygyna göz ýetirmeli. Berilýän gurbanyň ýaramsyz bolmagyna näme sebäp bolup biler? Biz esasy jogapkärçiligiň maşgalamyz we Ýehowa edýän seždämiz bilen berk baglanyşyklydygyny unutmaly däl. Eger maşgalamyz ruhy ýa-da maddy taýdan zyýan çekmeýän bolsa, Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gatnaşmak hem-de tebigy betbagtçylykdan horluk çekenlere kömek etmek ýaly işler «makuldyr». Aslynda, biz ýok zadymyzy gurban berip bilmeris (2 Korintoslylar 8:12-ni okaň). Şeýle-de biz Ýehowanyň merhemetinden mahrum bolmaz ýaly, Onuň bilen dostlugymyzy berkitmeli (1 Kor. 9:26, 27). Eger biz Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna görä ýaşasak, berýän gurbanlarymyz has köp şatlyk getirer we Ýehowanyň «makullamasyny» gazanjakdygymyza ynamly bolup bileris.

BIZIŇ GURBANYMYZ ÖRÄN GYMMATLY

17, 18. Patyşalyk üçin köp zatdan geçýän imandaşlara nähili garamaly we biz näme barada oýlanmaly?

17 Dogan-uýalaryň köpüsi Patyşalyk işini goldamak üçin «meýletin häzir bolýarlar» (Zeb. 110:3). Biz şeýle häsiýeti görkezýän mesihçilere ýürekden minnetdardyrys. Şeýle-de Patyşalyk işine ýolbaşçylyk edýän doganlaryň aýallary we çagalary jomartlyk we janaýamazlyk ruhuny görkezýändigi üçin öwgä mynasypdyr.

18 Hawa, Patyşalygyň bähbidini goldamak üçin örän köp zähmet çekmeli. Geliň, muny nädip edip biljekdigimiz barada doga arkaly oýlanalyň. Siz häzir uly sylag, «geljek döwürde» bolsa, ondan-da has köp sylag alyp biljekdigiňize ynamlybolup bilersiňiz (Mar. 10:28—30).

[Çykgytlar]

a 2012-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Ýehowa ýürekden gurban beriň» atly makala serediň (sah. 21—25).

b 1 Ýyl ýazgylary 29:9 Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.

c Kanun taglymaty 16:17 Her biriňiz Hudaýyňyz Rebbiň beren berekedine görä sowgatlar eltiň.

[11-nji sahypadaky surat]

[12, 13-nji sahypalardaky surat]

Geçmişde köp gurbanlar meýletin berilýärdi. Biziň berýän gurbanlarymyz hem meýletin bolmaly (4, 7—13-nji abzaslara serediň)

[12-nji sahypadaky surat]

Wagyzçylar Keniýanyň Patyşalyk zalynda (Afrika)

[12, 13-nji sahypadaky surat]

Halkara gurluşyk işlerine gatnaşýan dogan (Nýu-Ýork ştaty, Taksido şäheri)

[13-nji sahypadaky surat]

Awstraliýadaky Beýteliň agzalary

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş