Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/1 sah. 9—10
  • Ýehowa islendik synaga döz gelmäge güýç berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa islendik synaga döz gelmäge güýç berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Dini yzarlamalar
  • Adamlaryň garşylygy
  • Her hili kynçylyklar
  • Ýehowa islendik synaga döz gelmäge kömek edýär
  • Mukaddes ruh synaglara garşy durmaga we ruhdan düşenimizde güýç berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowa halkyna nazar salýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Yzarlamalarda berk duruň
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ýehowa ruhy synyklaryň perýadyny eşidýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/1 sah. 9—10

Ýehowa islendik synaga döz gelmäge güýç berýär

«Özümi güýçlendirýän Ýehowa arkaly her zady etmegi başarýaryn» (FLP. 4:13, TD).

1. Näme üçin Hudaýyň halky köp kynçylyklara duş gelýär?

ÝEHOWANYŇ halky her hili kynçylyklara uçraýar. Käbir kynçylyklar biziň bikämildigimiz ýa-da erbet dünýäde ýaşaýandygymyz sebäpli bolýar. Käbirleri bolsa, Hudaýa gulluk etmeýän adamlaryň, gulluk edýänlere garşy çykýandygy üçin bolýar (Gel. çyk. 3:15). Hudaý adamzat taryhynyň başynda wepaly gullukçylaryna daş-töweregindäki adamlaryň täsirine garşy durmaga, dini yzarlamalara we başga-da kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Hudaýyň mukaddes ruhy bize-de synaglara çydamaga güýç berer.

Dini yzarlamalar

2. Yzarlamalaryň maksady näme we nähili görnüşleri bar?

2 Dini yzarlamalar — bu bilgeşleýin adamyň hukugyny bozmak we imany ýa-da dini garaýşy üçin oňa zyýan ýetirmek. Dini yzarlamanyň maksady — iman etdirmezlik, dini düşünjeleri ýaýratmazlyk we Hudaýa uýýan adamlary ynanýan zatlaryndan dändirmek. Yzarlamalar açyk ýa-da gizlin bolup bilýär. Mukaddes Ýazgylarda Şeýtanyň topulyşy, ýaş arslanyň we kepçebaşyň topulyşyna meňzedilýär (Zebur 91:13-i okaň).

3. Ýolbarsyň we kepçebaşyň topulyşyna meňzedilýän yzarlamalaryň näme aýratynlygy bar?

3 Şeýtan köplenç edil wagşy ýolbars ýaly, zorluk etmek, türmä basmak we gadagan etmek bilen açyk we göni topulýar (Zeb. 94:20). Ýehowanyň Güwäçileriniň ýyllyk kitabynda, Hudaýyň halkynyň häzirki taryhy beýan edilip, Şeýtanyň şeýle hüjümleri barada her hili wakalar gürrüň berilýär. Köp ýerlerde ruhanylaryň ýa-da syýasy fanatikleriň küşgürmegi sebäpli, adamlar Ýehowanyň gullukçylaryna topulýar. Şeýle topulmalar sebäpli käbir adamlar büdredi. Iblis adamlaryň aňyny zäherläp, öz islegini etdirmek üçin kepçebaş ýaly ýuwaşlykdan topulýar. Şeýdip, ol imanymyzy gowşatmak ýa-da ondan dändirmek isleýär. Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly biz açyk we gizlin yzarlamalara garşy durup bileris.

4, 5. Yzarlamalara nädip gowy taýýarlanyp bolýar we näme üçin? Mysal getiriň.

4 Gelejekde bolup biljek her hili yzarlamalary göz öňüne getirmek, olara taýýarlanmagyň iň gowy usul däl. Biz gelejekde näme boljagyny bilmeýäris, şol sebäpli, belki, hiç haçan bolmajak zat üçin biynjalyklanmanyň peýdasy ýok. Emma biz käbir zady edip bilýäris. Mesihçileriň köpüsi Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň mysallary we Isanyň taglymatlary hem-de göreldesi barada oýlanandygy üçin, synaglara döz gelip bildiler. Bu olaryň Ýehowa bolan söýgüsini berkitdi. Hudaýa bolan söýgi olara ähli synaglara döz gelmäge ýardam etdi.

5 Malawiýada iki uýa bilen bolan waka seredeliň. Yzarlaýan gahar-gazaply adamlar partiýa biletini aldyrjak bolup uýalary urdular, geýimini çykardylar we zorlajak boldular. Olar hatda Beýtel maşgalasynyň agzalary hem partiýa biletini satyn aldylar diýip, uýalary aldadylar. Uýalar muňa nähili jogap berdiler? «Biz diňe Ýehowa Hudaýa gulluk edýäris. Filialdaky doganlar partiýa biletini satyn alsa-da, almasa-da bize tapawudy ýok. Hatda öldürseňiz-de, biz partiýa bileti almarys!» Iň soňy uýalary goýberdiler.

6, 7. Ýehowa gullukçylaryna yzarlamalara döz gelmäge nädip güýç berýär?

6 Pawlus resul Selanikdäki mesihçileriň «agyr muşakgatlara garamazdan», «mukaddes ruhuň beren şatlygy bilen» hakykat sözüni kabul edendigini aýtdy (1 Sel. 1:6). Şu günler hem geçmişdäki ýaly, yzarlamalara döz gelen mesihçileriň köpüsi, iň kyn pursatda Hudaýyň ruhunyň miwesi bolan parahatlygy kalbynda duýandygyny gürrüň berýär (Gal. 5:22). Şol parahatlyk olaryň ýüregini we pikirini gorady. Ýehowa gullukçylaryna synaglara döz gelmäge we kyn ýagdaýlarda paýhasly hereket eder ýaly, mukaddes ruhy arkaly güýç berýära.

7 Özümizi alyp barşymyza syn edýän adamlar, Ýehowanyň halkynyň Hudaýyň öňünde hatda zalym yzarlamalara döz gelip, aýypsyzlygyny saklaýandygyna geň galýarlar. Olar Ýehowanyň Güwäçilerine adatdan daşary güýç berilýändir öýdýär, bu hakykatdanam dogry. Pawlus resul şeýle diýdi: «Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz; çünki Hudaýyň şöhratly Ruhy siziň üstüňizde bolýandyr. Olar oňa dil ýetirýär, siz bolsa Ony şöhratlandyrýarsyňyz» (1 Pet. 4:14). Dogry kada-kanunlara eýerýändigimiz sebäpli yzarlanylýandygymyz, Hudaýyň bizden razydygyny görkezýär (Mat. 5:10—12; Ýahýa 15:20). Biz Ýehowanyň ýalkaýandygyna düşünip, örän begenýäris!

Adamlaryň garşylygy

8. a) Ýeşuwa bilen Kalebe adamlaryň garşylygyny ret etmäge näme kömek etdi? b) Ýeşuwa bilen Kalebiň mysalyndan biz näme öwrenip bileris?

8 Mesihçilere adamlar tarapyndan has mekirlik bilen garşylyk görkezilýär. Emma Ýehowanyň ruhy dünýäniň ruhundan has güýçli bolandygy sebäpli, üstümizden gülýän, biz hakynda ýalan ýaýradýan ýa-da öz kadalaryna görä ýaşatjak bolýan adamlara garşy durup bilýäris. Kengan ýurduna iberilen on içalylaryň pikirinden, Ýeşuwa bilen Kalebiňki tapawutlansa-da, näme üçin olar pikirini aýtmaga gorkmady? Olar Hudaýyň hereket edýän güýji arkaly başga «ruhda» ýa-da garaýyşdady (Sanlar 14:6—10, 24-nji aýatlary okaň) b.

9. Näme üçin mesihçiler köp adamlardan tapawutlanýandygyna gorkmaly däl?

9 Şeýle-de mukaddes ruh, köp adamlaryň hakyky diniň mugallymlary hasaplaýanlaryna däl-de, Hudaýa tabyn bolmaga resullara güýç berdi (Res. iş. 4:21, 31; 5:29, 32). Adamlaryň köpüsi dawa-jenjelden gaça durjak bolup, hemmeler ýaly hereket edýär. Emma mesihçiler köplenç ynanýan zatlaryny subut etmeli bolýar. Mukaddes ruhuň güýç berýändigi sebäpli, mesihçiler başga adamlardan tapawutlanmaga gorkmaýar (2 Tim. 1:7). Haýsy ýagdaýda adamlaryň erbet täsirine düşmeli däldigine seredeliň.

10. Käbir mesihçiler nähili karara gelmeli bolýar?

10 Käbir ýaş mesihçiler dostunyň Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini bozandygyny bilende, olara belli bir karara gelmek käte kyn bolýar. Olar ýaşuludan dostuna kömek etmegi haýyş etseler, oňa haýynlyk ederin öýtmegi mümkin. Wepalylyga nädogry düşünýändigi üçin, olar hiç zat aýtmazlygy ýüregine düwýär. Günä eden mesihçi dostlaryndan günäsiniň ýaşyrylmagyny hatda mejburlyk bilen talap etmegi mümkin. Elbetde, şeýle kynçylyga diňe ýaşlar duş gelmeýär. Käbir uly ýaşdaky mesihçilere hem dostunyň ýa-da maşgala agzasynyň günäsini aýtmak üçin ýygnagyň ýaşulusyna ýüz tutmak kyn bolýar. Emma şeýle ýagdaýda mesihçiler näme etmeli?

11, 12. Eger imandaşyň günäsini hiç kime aýtmazlygy haýyş etse, näme etseň gowy bolar we näme üçin?

11 Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň. Aman atly ýaş dogan, ýygnagyndan dosty Saparyň pornografiýa seretmegi endik edenini bilýär. Ol dosty üçin örän biynjalyklanýandygyny aýdýar, ýöne Sapar onuň sözlerine kän bir üns bermeýär. Aman oňa ýaşuly bilen gürleşmegi maslahat berende, ol: «Eger sen hakyky dost bolsaň, muny hiç kime aýtmarsyň» diýýär. Aman dostumy ýitirerin öýdüp gorkmalymy? Ol eger Sapar hiç zady boýun almasa, ýaşulular kime ynanar diýip, pikir etmegi ahmal. Emma Aman hiç zat aýtmasa, gowulyga eltmez. Gaýtam, Saparyň Ýehowa bilen gatnaşygy bozular. Aman Süleýmanyň tymsallary 29:25-däki: «Adamdan gorkmak duzak getirýändir; Rebbe bil baglaýan bolsa aman bolar» diýen sözleri ýadyna salsa gowy bolar. Ol ýene näme edip biler? Aman ýene-de Saparyň ýanyna baryp, mähirli we aç-açan onuň ýaramaz iş edýändigini aýdyp biler. Munuň üçin mert bolmaly. Mümkin, bu gezek Sapar gürleşmek islär. Aman ýene bir gezek Sapara ýaşulular bilen gürleşmegi maslahat berip biler we Sapar muny belli bir wagtda etmese, onuň özi olar bilen gürleşjekdigini aýtmaly (Lew. 5:1).

12 Eger siz şeýle ýagdaýa düşseňiz, ilkibada dostuňyz kömek etmek üçin edýän tagallaňyzyň gadyryny bilmezligi mümkin. Emma wagtyň geçmegi bilen, oňa ýagşylyk edýändigiňize düşüner. Eger ýalňyşan adama kömek edilse we ol ony kabul etse, ol siziň mertligiňizi hem-de wepalylygyňyzy hemişe minnetdarlyk bilen ýatlar. Eger ol sizden gahar etse, şeýle dost tutunmak islärsiňizmi? Iň gowy Dost Ýehowa ýaranmak ähli zatdan wajyp. Durmuşymyzda Hudaýy birinji orunda goýsak, oňa wepalydygymyz üçin Ýehowany söýýän dogan-uýalar, bize hormat goýup, hakyky dostlarymyz bolar. Biz ýygnakda Iblise ýol bermeli däl. Eger şeýtsek, Ýehowanyň mukaddes ruhuny gamgyn ederis. Ýygnagyň arassaçylygynyň aladasyny etsek, ruha görä hereket ederis (Efes. 4:27, 30).

Her hili kynçylyklar

13. Ýehowanyň halky nähili kynçylyklara duş gelýär we näme üçin olar şeýle kän?

13 Pul ýetmezçiligi, işiňi ýitirmek, tebigy betbagtçylyk, dogan-garyndaşyň ölümi, keselçilik we başga-da her hili kynçylyklar bolup bilýär. Biz «kyn pursatlarda» ýaşaýandygymyz sebäpli, her birimiz iru-giç her hili kynçylyga duşarys (2 Tim. 3:1). Şeýle kynçylyklara uçranda, howsala düşmeli däl. Mukaddes ruh ähli kynçylyklara döz gelmäge güýç berýär.

14. Eýýup pygambere synaglara döz gelmäge näme güýç berdi?

14 Eýýup pygamber yzly-yzlyna betbagtçylyga uçrady. Ol emlägini, çagalaryny, dostlaryny we saglygyny ýitirdi. Aýalynyň bolsa, Ýehowa ynamy gaçdy (Eýýup 1:13—19; 2:7—9). Emma Eýýup Elihunyň: «Saklanda, Taňrynyň täsin işlerine üns ber» diýen sözlerinden hakyky teselli tapdy (Eýýup 37:14). Bu sözler Ýehowanyň Eýýuba aýdan sözleriniň manysyny düşündirýär. Eýýuba synaglara döz gelmäge näme kömek etdi? Bize-de synaglara döz gelmäge näme kömek eder? Eýýup Ýehowanyň mukaddes ruhunyň we güýjüniň her hili täsir edişini ýatlap, oýlanýardy (Eýýup 38:1—41; 42:1, 2). Biz hem şeýle etmeli. Belki, Hudaýyň durmuşymyzda hut biz barada alada eden pursatlary ýada salarys. Ol häzir hem aladamyzy edýär.

15. Pawlus resula synaglara döz gelmäge näme güýç berdi?

15 Pawlus resul imany üçin janyna howp salýan ençeme agyr synaglara döz geldi (2 Kor. 11:23—28). Ol şeýle kyn synaglarda nädip paýhasly we durnukly boldy? Ol Ýehowa doga edip, bil baglaýardy. Pawlus resul ejirli ölüme elten synaglara uçran wagty şeýle ýazdy: «Hudaýyň wagzy men arkaly doly yglan bolup, bütin milletler ony eşider ýaly, Reb ýanymda durup, meni güýçlendirdi; şeýlelikde, arslanyň agzyndan gutuldym» (2 Tim. 4:17). Şol sebäpli, Pawlus öz tejribesine görä, imandaşlaryna «hiç zadyň aladasyny etmeli» däldigini aýtdy (Filipililer 4:6, 7, 13-nji aýatlary okaň).

16, 17. Şu günler Ýehowanyň gullukçylaryna kynçylyklara döz gelmäge kömek edýändigi hakynda mysal getiriň.

16 Roksana atly pioner uýa Ýehowanyň halkyna nädip kömek edýändigine göz ýetirdi. Roksana kongrese barmak üçin başlygyndan birnäçe günlük rugsat soranda, başlygy gödeklik bilen, eger ol kongrese gitse, işden kowjakdygyny aýtdy. Roksana işden kowulmaz ýaly doga edip, şonda-da kongrese gidýär. Ol doga edensoň kalbynda rahatlyk duýýar. Kongresden soň duşenbe güni başlygy aýdyşy ýaly, ony işden kowdy. Muňa Roksana gaty gynanýar. Oňa az hak tölenýän bolsa-da, bu iş oňa örän gerekdi, sebäbi maşgalasyny ekleýärdi. Ol ýene-de doga edip, Hudaý kongresde ruhy taýdan aladasyny eden bolsa, maddy taýdan hem aladasyny etjekdigi hakynda oýlanýar. Roksana öýüne gelýärkä, senagat tikin maşynlaryň tejribeli operatorlary işe alynýandygy hakynda bildirişe gözi düşýär. Roksana şol ýere işe girmäge synanyşýar. Onuň tejribesi bolmasa-da, iş dolandyryjy ony işe alýar we öňki işinden iki esse köp tölejekdigini aýdýar. Roksana Ýehowanyň dogasyny eşidendigini duýýar. Şeýle-de ol birnäçe işgärlerine wagyz edip, iň uly bereket alýar. Olaryň bäşisi we iş dolandyryjysy hakykaty kabul edip, suwda çokundyrylýar.

17 Käwagt bize dogalarymyz eşidilmeýän ýaly bolmagy ahmal. Iň bolmanda, biz derrew jogap almaýarys ýa-da başgaça jogap alýarys. Şeýle ýagdaýda, munuň sebäbi bolýar. Muny diňe Ýehowa bilýär, biz bolsa, gelejekde aýdyň düşünmegimiz mümkin. Biz bir zada, ýagny Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny terk etmeýändigine şübhelenmeli däl (Ýew. 6:10).

Ýehowa islendik synaga döz gelmäge kömek edýär

18, 19. a) Näme üçin biz synaglara duş gelýäris? b) Sen nädip synaglara döz gelip bilersiň?

18 Ýehowanyň halky synaglara, yzarlamalara, adamlaryň erbet täsirine duş gelýänine we ruhdan düşýänine geň galmaýar. Aslynda, bu zalym dünýä bize garşy bolýar (Ýahýa 15:17—19). Emma, bize Hudaýa gulluk edende duş gelýän islendik synaglara garşy durmaga mukaddes ruh kömek edip bilýär. Ýehowa güýjümizden artyk synalmagymyza ýol bermeýär (1 Kor. 10:13). Ol bizi hiç haçan terk etmez we taşlamaz (Ýew. 13:5). Hudaýyň Sözüne gulak assak, bizi gorar we güýç berer. Aýratynam, biz kömege mätäç mahaly, Hudaýyň ruhy dogan-uýalarymyzy kömek etmäge höweslendirer.

19 Goý, biziň her birimiz Mukaddes Ýazgylary öwrenip, doga edip, mukaddes ruhuň kömegini agtaralyň. Geliň, mundan beýläk hem «Onuň (Hudaýyň) şöhratly gudratyna görä bütin sabyr, çydam üçin her hili güýç bilen» ruhy taýdan berk bolalyň (Kol. 1:11).

a Mysallara serediň. «Garawul diňi» (rus.) 2001-nji ýylyň 1 maý, sahypa 16, we «Oýanyň!» (rus.) 1993-nji ýylyň 8 mart, sahypa 21—22.

b Sanlar 14:6—10, 24. Ýurdy synamaga gidenleriň arasynda bolan... Ýeşuwa bilen... Kalep... bütin ysraýyl halkyna şeýle diýdiler: «...Eger Reb bizden razy bolsa, bizi ol ýurda alyp baryp, süýt we bal akýan ýurdy bize berer. Ýöne siz Rebbiň garşysyna pitne turuzmaň we ol ýurduň ilatyndan gorkmaň... Reb biziň bilendir...» Emma bütin jemagat olary daşlamaly diýip haýbat atdy... Emma gulum Kalebiň ruhy olaryňky ýaly däl, ol bütin ýüregi bilen Meniň yzyma eýerdi. Şonuň üçin Men ony özüniň synlan ýurduna alyp bararyn.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Yzarlamalara nädip taýýarlanyp bolýar?

• Biri eden günäsi hakynda hiç kime aýtmazlygy haýyş etse, näme etmeli?

• Synaglara uçranda, nämä şübhelenmeli däl?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş