Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 7/07 sah. 1—7
  • «Synaga çydaýan adam bagtlydyr»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Synaga çydaýan adam bagtlydyr»
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Synaglara şatlyk bilen döz geliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýehowanyň guramasyndan daşlaşmaň!
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ýehowa kyn günümizde kömek edýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 7/07 sah. 1—7

«Synaga çydaýan adam bagtlydyr»

1 Mesihçileriň ählisi synaglara uçraýarlar (2 Tim. 3:12). Saglygymyzyň ýaramazlygy, pul ýetmezçiligi, höwesler, yzarlamalar we başga-da ençeme zatlar bize synag bolup biler. Şeýtan synaglar arkaly yhlasymyzy söndürip, mesihçi borçlarymyza biperwaý garamagymyzy ýa-da Hudaýa gulluk etmegimizi bes etdirmek isleýär (Eýýup 1:9—11). Synaglarda berk durmaklyk nädip bagtly edýär? (2 Pet. 2:9).

2 Synaglara öňünden taýýarlanyň. Ýehowa bize özüniň hakykat Sözüni berdi. Ondan biz Isanyň durmuşy we taglymatlary barada bilýäris. Isanyň sözlerine gulak asyp, olary berjaý etmek bilen biz geljekki synaglara döz gelmäge taýýarlanýarys (Luka 6:47—49). Mundan başga-da bize dogan-uýalarymyz, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýandygymyz we akylly hem sadyk hyzmatkäriň Mukaddes Ýazgylar esasynda taýýarlaýan edebiýatlary kömek edýär. Şeýle-de biz köplenç Hudaýyň beren kömegine ýüzlenip, oňa doga edýäris (Mat. 6:13).

3 Ýehowa bize umyt hem berýär. Eger Ýehowanyň wadasyna ynamymyzy berkitsek, umydymyz «jan labyry ýaly ynamly hem berk bolar» (Ýew. 6:19). Gadymy döwürde hiç bir gämi gowy howada-da labyrsyz deňze çykmaýardy. Eger birden gaý tursa, gämi gaýa degip, heläkçilige uçramaz ýaly labyry deňze taşlaýardylar. Şonuň ýaly-da Hudaýyň wadasyna imanymyzy ösdürsek, betbagtçylyga uçranymyzda berk durarys. Biz synaglara garaşmadyk wagtymyz uçrap bileris. Pawlus bilen Barnabas Listrada wagyz edende, adamlar ilki gowy seslenýärler. Emma ýehudylar gelip, halky olara garşy öjükdirende ýagdaý birden üýtgeýär (Res. iş. 14:8—19).

4 Berk bolmak bagtly edýär. Eger garşylyklara garaman berk bolup wagyz etsek, kalbymyz parahat bolar. Biz Isanyň ady üçin masgaraçylyk çekmegi begenç hasaplaýarys (Res. iş. 5:40, 41). Synaglarda biz kiçigöwünlilik, gulak asmaklyk we çydamlylyk ýaly häsiýetleri has-da ösdüreris (Kanun. 8:16; Ýew. 5:8; Ýakup 1:2, 3). Şeýdip, biz Ýehowa bil baglamagy, wadalaryna ynanyp, ondan pena gözlemegi öwrenýäris (Sül. tym. 18:10).

5 Biz synaglaryň wagtlaýyndygyny bilýäris (2 Kor. 4:17, 18). Olar bize Ýehowa bolan güýçli söýgimizi görkezmäge mümkinçilik berýär. Kynçylyklara döz gelip, biz Şeýtanyň ýalançydygyny subut edýäris. Şonuň üçin biz yza çekilmeýäris! «Synaga çydaýan adam bagtlydyr; sebäbi ol synagdan geçenden soň... ýaşaýyş täjini alar» (Ýakup 1:12).

(Dowamy 7-nji sahypada)

Synaga çydaýan... (Dowamy)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş