Aýypsyzlykda gezýänler şadyýan
«Rebbiň berekedi baý edýändir, Ol oňa hysyrdy [dert, TD] garýan däldir» (SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 10:22).
1, 2. Biz gelejek barada näme üçin çendenaşa oýlanmaly däl?
«GELEJEK barada köp oýlansak, häzirki alýan lezzetimizi görmäge päsgel berer» diýip, bir amerikaly alym aýtdy. Bu dogrudanam şeýle. Ulalmaga howlugýan çagalar çagalygyň hözirini bilmeýär.
2 Ýehowanyň Guwäçileri bilenem şeýle bolmagy mümkin. Biz köpden bäri Hudaýyň wada eden ýer ýüzünde Jennetiň bolmagyna garaşýarys. Biz keselsiz, hiç kimiň garramaýan agysyz we horluksyz durmuşda ýaşamagy arzuw edýäris. Aslynda, bu arzuwlar gowy bolsa-da, gelejekki bereketler barada çendenaşa pikir etsek, onda häzirki alýan ruhy bereketlerimizi gynansak-da, saýgaryp bilmeris. Edýän tamamyz ýerine ýetmese ýürege dert bolup, göwnüçökgünlige eltip biler (Süleýmanyň tymsallary 13:12). Durmuşyň kynçylyklary zerarly hem göwnüçökgünlige düşüp bileris ýa-da özümize haýpymyz geler. Şonda biz kynçylyklaryň hötdesinden gelmän gaýtam, zeýrenip başlamagymyz mümkin. Şeýle ýagdaýa düşmez ýaly, häzirki alýan bereketlerimiz barada minnetdarlyk bilen oýlanmaly.
3. Şu makalada nämä serederis?
3 Süleýmanyň tymsallary 10:22-de: «Rebbiň berekedi baý edýändir, Ol oňa hysyrdy [dert, TD] garýan däldir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 10:22). Eýsem, şu günler Ýehowanyň gullukçylary ruhy taýdan gülläp ösýändigine begenmeýärmi näme? Geliň, biz ruhy bereketleriň käbirine we olaryň biziň üçin näme aňladýandygyna seredeliň. Aýypsyzlykda gezýänlere Ýehowanyň indirýän bereketleri barada oýlansak, gökdäki Atamyza mundan beýläk-de şatlyk bilen gulluk etmäge höweslendirer (Süleýmanyň tymsallary 20:7).
Şu günler baý edýän bereketler
4, 5. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy taglymaty seniň göwnüňden turýar we näme üçin?
4 Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary barada dogry bilim. Hristian dinleri Mukaddes Ýazgylara ynansa-da, onuň aýdýanlary bilen ylalaşmaýar. Käbir dini toparlaryň agzalary Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigi babatda bir pikirde däl. Ýehowanyň gullukçylary olardan, gör, nähili tapawutlanýar! Biziň milletimiz, medeniýetimiz we taýpamyz bir bolmasa-da, hemmämiz Ýehowa atly hak Hudaýa sežde edýäris. Ol üçýüzli syrly hudaý däl (Kanunyň gaýtalanyşy 6:4; Zebur 83:18; Markus 12:29). Tizden Hudaýyň höküm sürmeginiň haklydygy baradaky meseläniň çözüljekdigini bilýäris we bizem aýypsyzlygymyzy saklap, oňa gatnaşýarys. Şeýle-de biz ölüler baradaky hakykaty we olaryň dowzah odunda gynanmaýandygyny bilýäris (Wagyzçy 9:5, 10).
5 Galyberse-de, ewolýusiýa arkaly döremändigimize begenýäris. Hudaý bizi suratyna görä ýaratdy (Barlyk 1:26; Malaki 2:10). Mezmurçy şeýle diýýär: «Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; Seniň işleriň ajaýyp, janym muny gaty oňat bilýär» (Zebur 139:14).
6, 7. Seniň we doganlaryň durmuşynda bolan haýsy özgerişler bereket getirdi?
6 Erbet endiklerden we höweslerden azat edýär. Habar beriş serişdelerinde çilim çekmekligiň, çendenaşa spirtli içgileri içmekligiň we jynsy ahlaksyzlygyň zyýan ýetirýändigi barada duýdurylýar. Köplenç adamlar bu duýduryşa üns bermeýär. Eger akýürekli adam hak Hudaýyň bu zatlary ýigrenýändigini bilse näme eder? Erbet endiklerden dynmagy islär! (Işaýa 63:10; 1 Korintoslylar 6:9, 10; 2 Korintoslylar 7:1; Efesliler 4:30). Ol muny Ýehowa Hudaýa ýaranmak üçin eder şeýle-de onuň saglygyna peýdaly hem-de ynsaby arassa bolar.
7 Adamlaryň köpüsine erbet endikleri taşlamak aňsat däl. Muňa garamazdan, onlarça müň adamlar erbet endiklerinden dynýar. Olar özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmak bilen hemmeleriň öňünde erbet endiklerden dynandygyny subut edýärler. Şeýdip, olar biziň hemmämizi begendirýär! Bizem günäli we erbet endiklerden gaça durmaga jan edýäris.
8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahatlar maşgalany bagtly edýär?
8 Bagtly maşgala durmuşy. Köp ýurtlarda maşgalalar agzybir däl. Är-aýalyň aýrylyşmagy bolsa, çagalarynyň ýüregine ýara salýar. Käbir ýewropaly ýurtlarda maşgalalaryň 20% atasyz ýa enesiz. Şeýle maşgalalara Ýehowa aýypsyzlykda ýöremäge nädip kömek edýär? Mukaddes Ýazgylarda ärlere aýallara we çagalara nähili gowy maslahatlaryň berilýändigini görmek üçin Efesliler 5:22—6:4 aýatlary okalyň. Mukaddes Ýazgylardaky şu we beýleki aýatlar maşgalany berkitmäge, bagtly etmäge we çagalary oňat terbiýelemäge kömek edýär. Bu bereketler bize şatlyk bermeýärmi näme?
9, 10. Biziň gelejege bolan garaýşymyz bu dünýädäki adamlaryňkydan nähili tapawutlanýar?
9 Dünýädäki kynçylyklaryň tizden bolmajakdygyna ynam. Ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine we käbir ýolbaşçylaryň edýän tagallalaryna garamazdan, şu günler köp meseleler çözülmän galýar. Bütindünýä ykdysadyýet forumynyň düýbüni tutan Klaus Şwab ýaňy-ýakynda: «Dünýä howp salýan kynçylyklar gün-günden köpelse-de, olary çözmäge wagt azalýar. Terrorçylyk, tebigatyň hapalanmagy we ykdysadyýetiň durnuksyzlygy ýaly kynçylyklar halkara kynçylygyna öwrüldi» diýip belläp geçdi. Şwab sözüni jemläp: «Şu günler öňki döwre garanyňda bileleşip we aýgytly çözmegi talap edýän kynçylyklara duş gelýäris» diýdi. Biz XXI asyrda ýaşasak-da, ýagty gelejege umydymyz ýok.
10 Ýehowanyň adamlaryň kynçylyklaryny çözmek üçin Patyşalygy döredendigine biz örän şat! Hak Hudaý Patyşalygy arkaly «uruşlary togtadar» we «bol parahatlyk» berer (Zebur 46:9; 72:7). Isa Patyşa «garyba, mätäje haýpy geler, mätäçleriň janlaryny gutarar. Olary sütem hem zorlukdan dyndarar» (Zebur 72:12—14). Hudaýyň Patyşalygy höküm sürende, açlyk bolmaz (Zebur 72:16). Ýehowa «[biziň] gözlerimizden ähli ýaşlary süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:4). Hudaýyň Patyşalygy gökde eýýäm höküm sürýär we tizden ýer ýüzündäki ähli kynçylyklary aýrar (Daniýel 2:44; Ylham 11:15).
11, 12. a) Lezzete kowalaşmak adamy, hakykatdan-da, bagtly edýärmi? Düşündir. b) Adamy näme bagtly edýär?
11 Biz nämäniň hakyky bagt berýändigini bilýäris. Adamy näme bagtly edýär? Lezzet, işlilik (iş we maşgala bilen meşgul bolmaklyk) we manyly durmuş (öz islegiňi kanagatlandyrmakdan başga-da köp zady islemek) ýaly üç zat adamy bagtly edýändigini bir psiholog belläp geçdi. Ol üçüsiniň arasynda lezzeti birinji orunda goýup, şeýle diýdi: «Bu örän wajyp, sebäbi köp adamlar durmuşdan lezzet almaga jan edýär». Mukaddes Ýazgylar bu barada näme diýýärkä?
12 Gadymy Ysraýylyň patyşasy Süleýman şeýle diýdi: «Men ýüregimde: «Gel, indi şatlanyp, dürli zatlardan lezzet alaýyn» diýdim. Ýöne bularyň barynyň biderekdigine göz ýetirdim. Gülkä men: «Akylsyzlyk!» — şadyýanlyga bolsa: «Mundan ne peýda?» diýdim (Wagyzçy 2:1, 2). Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, lezzet adamy wagtlaýyn bagtly edýär. Iş bilen meşgul bolmak barada näme diýse bolar? Bize hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak ýaly wajyp iş ynanyldy (Matta 24:14; 28:19, 20). Adamlara Mukaddes Ýazgylardaky gutulyş getirýän habary ýetirmek bilen biz hem özümizi, hem özümize gulak asýanlary halas edýäris (1 Timoteos 4:16). Biz «Hudaýyň işdeşleri» bolup, «bermek almakdan bagtlydygyny» bilýäris (1 Korintoslylar 3:9; Resullaryň işleri 20:35). Bu iş biziň durmuşymyzy has-da manyly edýär, Ýaradyja bolsa gyjalat berýän Şeýtan Iblise gaýtargy bermäge mümkinçilik berýär (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Dogrudanam, Ýehowanyň aýdyşy ýaly, takwalyk hakyky we uzak bagt berýär (1 Timoteos 4:8).
13. a) Näme üçin Teokratiki Gulluk Mekdebine şatlyk berýän bereket diýse bolar? b) Teokratiki gulluk Mekdebi bize näme üçin peýdaly?
13 Wajyp we peýdaly okuw programmasy. Gerhard ýygnagyň ýaşulusy. Ol ýaşlygyny ýatlap şeýle gürrüň berýär: «Men gowy gürläp bilmeýärdim, sebäbi tolgunanymda düşnüksiz gürläp sakynyp başlaýardym. Men çekinip, göwnüçökgünlige düşdüm. Enem-atam meni logopediň ýanyna iberdiler. Ýöne ol maňa kömek etmedi. Meniň keselim beden taýdan däl-de, psihiki taýdandy. Ýehowa maňa Teokratik Gulluk Mekdebi arkaly öwretdi. Mekdebe ýazylyp çekinjeňligi ýeňdim. Öwrenen zatlarymy durmuşda ulanmaga çalyşýardym. Bu hem gowy netije berdi! Men düşnükli gürläp ugradym we gorkman wagyz edip başladym. Häzir men ýygnakda doklad bilen çykyş edýärin. Ýehowanyň mekdep arkaly durmuşymy özgerdeni üçin, tüýs ýürekden minnetdar». Ýehowa işimizi şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, öwretmeýärmi näme?
14, 15. Kyn ýagdaýa düşenimizde, bize näme kömek edýär? Mysal getir.
14 Ýehowa bilen ýakyn gatnaşyk agzybir doganlygy goldaýar. Germaniýadaky Katrin uýamyz günorta-gündogar Aziýada güýçli ýer titreme sebäpli bolan sunami barada eşidip gaty gorkdy. Sebäbi şol wagt onuň gyzy Tailanda gidipdi. 32 sagatlap Katriniň gyzyndan hiç hili habar ýokdy, heläk bolanlaryň sany bolsa, sagat saýyn artýardy. Ahyrsoňy jaň edip, gyzynyň diridigini habar etdiler!
15 Şeýle howsala ýagdaýa düşende, Katrin uýamyza näme kömek etdikä? Ol şeýle ýazýar: «Men şol wagty diňe Ýehowa doga edip geçirdim. Şonda men telim gezek Ýehowanyň güýjüni we ýüregime beren rahatlygyny duýdum. Şeýle-de dogan-uýalar menden habar tutup ruhlandyrýardy (Filipililer 4:6, 7). Şeýle kyn pursatda onuň Ýehowa eden dogasy we ruhy doganlar nähili goldaw boldy! Ýehowa, Isa we dogan-uýalar bilen ýakyn gatnaşyga biz bolaýmaly zat ýaly garamaýarys, eýsem bu biziň üçin uly bereket.
16. Mysal arkaly direlişe bolan umydyň gymmatyny düşündir.
16 Ölen dogan-garyndaşlarymyzy görmäge umyt (Ýahýa 5:28, 29). Mattias atly bir ýaş ýigit Ýehowanyň Güwäçisiniň maşgalasynda terbiýe alypdy. Ol ýetginjekkä alýan bereketleriniň gadyryny bilmän, ýygnakdan daşlaşdy. Häzir ol şeýle diýýär: «Men hiç haçan kakam bilen ýürekden gürleşmeýärdim. Ençeme gezek onuň bilen tersleşdim. Muňa garamazdan, kakam maňa diňe gowulygy isleýärdi. Ol meni eý görse-de, şol wagtlar men oňa düşünmeýärdim. 1996-njy ýylda men onuň ýatan düşeginiň ýanynda oturyp, elinden tutup agladyp. Men eden etmişlerime ökünýändigimi we ony gaty gowy görýändigimi aýtdym, ýöne ol meni eşitmeýärdi. Basym ol keselinden açylman, aradan çykdy. Men kakamyň direlenini görsem, geçmişiň öwezini dolaryn. Ol meniň indi ýaşuly bolanymy we aýalym bilen pioner bolup gulluk edýänimi eşitse guwanar. Direlişe bolan umyt biziň üçin, gör, nähili bereket!
«Ol oňa hysyrdy [dert, TD] garýan däldir»
17. Ýehowanyň berýän bereketleri barada oýlanmak näme üçin peýdaly?
17 Isa gökdäki Atasy babatda şeýle diýdi: «Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar» (Matta 5:45). Eger Ýehowa egrilere we ýamanlara berekedini inderýän bolsa, onda aýypsyzlykda gezýänlere has hem köp berekedini eçiler. «Ol göni gezýänlerden hiç bir ýagşylygy gaýgyrmaz» (Zebur 84:11). Onuň biz hakda edýän aladasy we söýgüsi barada oýlansak, biziň ýüregimiz şatlykdan we minnetdarlykdan ýaňa dolar!
18. a) Näme üçin Ýehowa berekedine dert garmaýar diýse bolar? b) Näme üçin Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň köpüsi horluk çekýär?
18 Hudaýyň halky «Ýehowanyň berekedini» alýany üçin, ruhy taýdan gülläp ösýär. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, «ol oňa hysyrdy [dert, TD] garmaýandygyna» biz ynanýarys (Süleýmanyň tymsallary 10:22). Onda näme üçin Ýehowanyň wepaly gullukçylary synaglary başdan geçirip, horluk çekýärkä? Kynçylyklaryň we synaglaryň üç sebäbi bar. 1) Günälerimiz sebäpli (Barlyk 6:5; 8:21; Ýakup 1:14, 15). 2) Şeýtan we onuň jynlary sebäpli (Efesliler 6:11, 12) 3) Erbet dünýä sebäpli (Ýahýa 15:19). Ýehowa synaglara ýol berse-de, özi synamaýar. «Ähli oňat, kämil sowgat ýokardan, nurlar Atasyndan inýändigi» hak (Ýakup 1:17). Ýehowa berekedine dert garmaýar.
19. Aýypsyzlykda gezýänlere näme garaşýar?
19 Ruhy taýdan ösmek üçin Hudaýa ýakynlaşmaly. Biz Hudaýa ýakynlaşyp, «Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özümize berk bina boljak hazynany birikdirýäris» (1 Timoteos 6:12, 17—19). Gelejekde Hudaýyň täze dünýäsinde ruhy bereketleriň üstüne maddy bereketler goşulyp berler. «Ýehowa Hudaýyň sesine gulak asýanlaryň» hemmesine Hudaýyň bolelin bereketleri iner. (Kanunyň gaýtalanyşy 28:2). Geliň, şadyýanlyk bilen aýypsyzlykda ýöremegi ýüregimize berk düweliň.
Siz näme öwrendiňiz?
• Gelejek barada çendenaşa pikir etmek näme üçin paýhasly däl?
• Bizde nähili bereketler bar?
• Hudaýyň wepaly gullukçylary näme üçin horluk çekýär?