Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr20 Ýanwar sah. 1—6
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
  • Sözbaşylar
  • Ýanwar 6—12
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
  • Ýanwar 13—19
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
  • Ýanwar 20—26
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
  • Ýanwar 27—fewral 2
  • Ruhy dürdäneleri agtaryň
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2020)
mwbr20 Ýanwar sah. 1—6

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Ýanwar 6—12

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 1, 2

«Ýehowa ýaradyp başlaýar»

it «Ýaradylyş»

Ýaradylyş

Hudaý ýaradylyşyň birinji güni «goý, ýagtylyk bolsun» diýende, ýagtylyk bulutlar arasyndan geçip başlady, ýöne ýerden ýagtylygy görüp bolmaýardy. Sebäbi bu hadysa ýuwaş-ýuwaşdan bolan bolmaly. J. W. Watsyň terjimesinde hem «ýagtylygyň kem-kemden peýda bolandygy» aýdylýar (1Ms 1:3; «A Distinctive Translation of Genesis»). Hudaý ýagtylygy garaňkylykdan aýyrdy we ýagtylygy Gündiz, garaňkylygy bolsa gije diýip atlandyrdy. Bu bolsa ýeriň Günüň hem-de öz okunyň daşyndan aýlanýandygyny, ýagny ýer şarynyň gündogar hem-de günbatar tarapynda ýagtylygyň hem garaňkylygyň çalşyp durýandygyny görkezýär (1Ms 1:3, 4).

Ikinji güni Hudaý suwlary biri-birinden bölüp, olaryň arasynda boşluk döretdi. Suwuň käbir bölegi ýerde, köp bölegi bolsa ýeriň üstünde galdy. Şeýdip, suwlaryň arasynda boşluk peýda boldy. Hudaý şol boşluga asman diýdi, emma bu at diňe ýere degişli ulanylýar. Sebäbi ýokarky suwlaryň ýyldyzlara ýa-da başga-da älem giňişligindäki asman jisimlerine ýetendigi hakda hiç zat aýdylmaýar (1Ms 1:6—8; serediň: BOŞLUK).

Üçünji güni bolsa Hudaý gudratly güýji arkaly ýer şaryndaky ähli suwlary ýygnap, gury toprak ýaratdy we Ýer diýip at berdi. Şol güni Hudaý ewolýusiýa taglymatynda öwredilişi ýaly, ýagdaýy öz ugruna goýbermedi. Şeýdip, ot-çöpler, gök-önümler we miweli agaçlar peýda boldy. Bu esasy üç zat öz görnüşine görä hasyl getirip bilýärdi (1Ms 1:9—13).

it «Ýaradylyş»

Ýaradylyş

1 Musa 1:16-da wajyp pikire üns bersek bolýar. Onda ýaratmak diýen manyny berýän «bara» diýen ýewreý işligi däl-de, döretmek diýmegi aňladýan «asah» işligi ulanylan. 1 Musa 1:1-de agzalýan göge Gün, Aý we ýyldyzlar girýär, olar dördünji günden öň ýaradyldy. Hudaý dördünji güni bu asman jisimlerini ýaratdy diýlende, olar ýer ýüzi bilen bagly täze işi ýerine ýetirmelidiler. «Hudaý olary ýer ýüzüne ýagtylyk bersin diýip asmanda goýdy» diýilmegi bu asman jisimleriniň ýeriň üstünden görnüp başlandygyny aňladýar. Şeýle-de bu şamçyraglar alamat bolup, günleri, pasyllary we ýyllary anyklamaga we adamlaryň durmuşynyň her bir ýagdaýynda görkezme hökmünde bolmalydy (1Ms 1:14).

Hudaý bäşinji güni ýer ýüzünde ilkinji janly-jandarlary ýaratdy. Ewolýusiýa taglymatyna görä, bir jandardan başga jandarlar emele gelýär. Emma Hudaý bir görnüşli jandar däl-de, dürli-dürli görnüşde ençeme janly-jandarlary ýaratdy. Bu hakda Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaý ägirt uly deňiz jandarlaryny, suwda ýüzýän her dürli janly-jandarlary we her hili ganatly jandarlary ýaratdy». Hudaý öz ýaradan zatlaryny halady we olara ak pata berip: «Sanyňyzy artdyryň» diýdi. Şeýdip ençeme janly-jandarlar öz görnüşine görä köpelmek ukyby bilen ýaradyldy (1Ms 1:20—23).

Hudaý altynjy güni «ýer ýüzünde her dürli ýabany haýwanlary, öý haýwanlary, süýrenijileri döretdi». Bularam Hudaýyň öňki ýaradan zatlary ýaly juda gowudy (1Ms 1:24, 25).

Altynjy günüň ahyrynda Hudaý bütinleý täze bir zat ýaratdy. Ol haýwanlardan beýik, perişdelerden bolsa pes orun tutýardy. Bu Hudaýyň öz keşbine, ýagny häsiýetlerine görä ýaradylan adamdy. 1 Musa 1:27-de «Hudaýyň olary erkek hem aýal edip ýaradandygy» aýdylsa, 1 Musa 2:7—9-njy aýatlarda bolsa, Ýehowa Hudaýyň adamy toprakdan ýaradyp, burnuna ýaşaýyş demini üfländigi we adamyň diri jan bolandygy aýdylýar; olara öý edip Erem bagy we iýer ýaly iýmitler hem berildi. Şeýlelikde, Ýehowa ýaradylyşda ýeriň elementlerini ulandy, soňra adamy ýaratdy. Ol adamyň gapyrgasyny alyp, aýal hem ýaratdy (1Ms 2:18—25). Hudaý aýaly ýaratmak bilen, düýbünden başga görnüşde «ynsan» ýaratdy (1Ms 5:1, 2).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w15 1/6 sah. 5

Ylym siziň durmuşyňyza nädip täsir edýär?

Ýer şarynyň we älem-jahanyň ýaradylanyna näçe ýyl boldy?

Alymlar ýer şarynyň 4 milliard ýyl mundan öň we älem jahanyň hem 13, 14 milliard ýyl mundan öň ýaradyldy diýip çaklaýarlar. Emma Mukaddes Kitapda älem jahanyň haçan ýaradylandygy aýdylmaýar. Ýer şarynyň hem birnäçe müň ýyl mundan öň ýaradylandygy hakda anyk maglumat ýok. Mukaddes Kitabyň iň birinji aýadynda: «Ilkibaşda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýilýär (1 Musa 1:1). Alymlar ylmyň kanunlaryna görä, älem-jahanyň we ýer şarynyň näçe ýyl mundan öň ýaradylandygyny anyklamaga çalyşýarlar.

it «Isa Mesih»

Isa Mesih

Ýaradyjy däl. Hudaýyň Ogly ýaradylyş işlerine gatnaşsa-da, Atasy Ýehowa bilen deň hatarda onuň ýaradyjydygyny aňlatmaýar. Sebäbi zatlar ýaradylanda, hereketdäki güýç ýa-da mukaddes ruh Hudaýdan çykypdy (1Ms 1:2; Zb 33:6). Ýehowa ýaşaýşyň Gözbaşy bolansoň, ähli ýaradylan göze görünýän we görünmeýän zatlar ýaşaýşy üçin Hudaýa bagly (Zb 36:9). Diýmek, Isa ýaradyjy däl-de, Ýehowanyň elindäki gural ýa-da wekil bolup hyzmat etdi. Isanyň özi hem ähli zady Hudaýyň ýaradandygyny aýdypdy, bu Mukaddes Kitabyň ähli ýerinde aýdylanlara gabat gelýär (Mat 19:4—6; serediň: ÝARADYLYŞ).

w08 1/2 sah. 5

Ýaradylandygymyzy bilmek kalbymyza rahatlyk berýär.

«Gökdäki we ýerdäki her bir maşgalany Hudaýyň döredendigini» bilmeklik başgalar bilen gatnaşygymyza täsir edýär (Efesliler 3:15). Şeýle-de muny bilmeklik özümize we kynçylyklarymyza bolan garaýşymyza täsir edýär. Biziň garaýşymyz şu ýagdaýlarda kömek edýär.

Wajyp karara geljek wagtymyz biz daş-töwerekdäki adamlaryň pikirine kän üns berip, biynjalyk bolmarys. Muňa derek biz Mukaddes Kitapdan ynamly maslahatlary gözläris. Näme üçin? Sebäbi «Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp, öwretmek, käýemek, dogry ýola getirmek we Hudaýyň kada-kanunlary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr. Olar Hudaýyň guluny ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar» (2 Timoteos 3:16, 17).

Elbetde, Mukaddes Kitapdaky prinsiplere eýermek üçin, jan etmeli we özüňi terbiýelemeli. Köplenç öz islegleriňe-de garşy gitmeli bolýar (1 Musa 8:21). Ýöne söýgüden doly Hudaýyň bizi ýaradandygyna düşünsek, onuň bize dogry ýoly görkezjekdigine ynamly bolarys (Işaýa 55:9). Hudaýyň Sözünde: «Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla, düşünjäňe daýanma. Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora, şonda ähli işleriňde üstünlik gazanarsyň» diýilýär (Nakyllar 3:5, 6). Bu maslahata eýersek, kynçylyklara döz gelmeli ýa-da wajyp karara gelmeli bolanymyzda, biz köp ýalňyşlyklardan gaça durup bileris.

Bizi äsgermänlerinde, göwnüçökgünlige düşüp, başga milletli ýa medeniýetli adamlardan özümizi pes tutmagymyz mümkin. Biz özümize dogry garaýyşda bolmaly. Näme üçin? Sebäbi Mukaddes Kitapda Hudaýymyz Ýehowanyň «hiç kimi ala tutmaýandygy... özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydygy» aýdylýar (Resullar 10:34, 35).

Hudaýyň hiç kimi ala tutmaýandygyny bilsek, bizem başgalary ala tutmarys. Şeýle-de biz özümizi başgalardan ýokary tutar ýaly hiç hili üýtgeşik ýerimiziň ýokdugyna düşüneris. Sebäbi Hudaý «bir adam arkaly ähli milletleri döredip, olary ýer ýüzünde ýaşadýar» (Resullar 17:26).

Bizi söýgüden doly Hudaýyň ýaradandygyny we gymmat saýýandygyny bilmeklik kalbymyza rahatlyk berýär.

Ýanwar 13—19

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 3—5

Ilkinji ýalan sözüň ajy miwesi

w17.02 sah. 5, abz. 9

Ýehowa hökman niýetini amala aşyrar

9 Şeýtan Iblis ýylan arkaly How ene bilen gepleşip, ony Atasy Ýehowa gulak asmazlyga iterdi (Gelip çykyş 3:1—5-nji aýatlary okaň; Ylh. 12:9). Ol Hudaýyň: «Bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiňiz» diýip, ýer ýüzündäki çagalaryna aýdan sözlerini şübhä goýdy. Başgaça aýdanyňda, Şeýtan: «Wiý, siz islän zadyňyzy edip bilmeýärsiňizmi?» diýdi. Soňra: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz» diýip, göz-görtele ýalan sözledi. Şeýle-de How enäni Hudaýa gulak asmagyň hökman däldigine ynandyrjak bolup: «Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny... bilýär» diýdi. Şeýtanyň aýtmagyna görä, hamala Ýehowa şeýle tabşyryk berip, olardan käbir zatlary gizleýär. Ahyrynda bolsa, Şeýtan: «Edil Hudaý kimin bolarsyňyz hem-de ýagşy-ýamany saýgararsyňyz» diýdi.

w00 15/11 sah. 25, 26

Biz Adam ata we How ene bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?

How ene günä etmän bilerdimi? Elbetde! Özüňizi onuň ýerine goýup görüň. Ýylanyň aýdan sözleri Hudaý bilen Adam atanyň aýdanlaryna bütinleý garşy gelýär. Eger biri siziň gowy görýän we ynanýan adamlaryňyza töhmet atsa, özüňizi nähili duýardyňyz? How ene hem şeýle gürrüňi ýigrenip, ony diňlemänem bilerdi. Soňam Hudaýyň dogruçyllygyna we ýoldaşynyň aýdan sözüne ýalan diýer ýaly ýylan kim bolupdyr diýmelidi. How ene baştutanlyga tabyn bolýandygyny görkezmek üçin, karara gelmezden öň ýoldaşyndan maslahat soramalydy. Edil şonuň ýaly, bizem Hudaýyň tabşyryklaryna garşy gelýän maglumaty eşitsek şeýtmeli. Emma How enä Synagçynyň sözleri hoş ýakdy; ol ýagşy-ýamanyň nämedigini özi çözmek isledi we bu hakda näçe köp oýlandygyça, şonça-da bu pikir oňa ýarady (1 Korinfliler 11:3; Ýakup 1:14, 15).

Adam ata aýalynyň gepine gitdi

How ene günä edensoň, Adam ata hem oňa goşuldy. Adam atanyň bu hereketine nädip düşünmeli? Adam atanyň wepalylygy synaldy. Ol özüni ýaradan we ähli zady, şol sanda söýgüli aýalyny beren Hudaýa gulak asarmy? Adam ata näme etmelidigini Hudaýdan sorarmy? Ýa-da aýalyna goşularmy? Adam ata aýalynyň gadagan edilen agajyň miwesinden iýip, arzuw edýän zadynyň ýalandygyny gowy bilýärdi. Pawlus resul Hudaý tarapyn şeýle ýazdy: «Adam ata däl-de, aýal aldandy we Hudaýyň tabşyrygyny bozdy» (1 Timoteos 2:14). Adam ata bilgeşleýin Hudaýyň garşysyna gitdi. Onuň aýalyny ýitirmek gorkusy ýagdaýy gowulyga tarap üýtgedip biljek Hudaýa bolan ynamyndan üstün çykdy.

w12 1/9 sah. 4, abz. 2

Hudaý dogrudanam aýallaryň aladasyny edýärmi?

Hudaý aýallara gargadymy?

Ýok, aslynda, Hudaý «Iblis... diýip atlandyrylýan köne ýylana» gargady (Ylham 12:9; 1 Musa 3:14). Hudaý Adam atanyň aýalynyň üstünden agalyk etjekdigini aýdanda, aýalyny zalymlyk bilen ezmäge ýol berendigini aňlatmaýar (1 Musa 3:16). Ol eden günäleriniň ajy miwelerinden datjakdygyny pygamberlik etdi.

w04 1/1 sah. 29, abz. 2

1 Musa kitabyndan peýdaly pikirler — I

3:17. Toprak haýsy manyda we näçe wagtlyk näletlendi? Toprak näletlendi diýlende, ony işlemegiň gaty kyn boljakdygy göz öňünde tutulýar. Ýandak hem-de tikenekli näletlenen toprak Adam atanyň nesline uly zyýan ýetirýärdi. Nuh pygamberiň kakasy Lemek: «Ýehowa topragy näletledi» diýip, gollarynyň güýçden gaçandygyny aýtdy (1 Musa 5:29). Tupandan soň, Ýehowa Nuh pygambere we ogullaryna ak pata berip, ýer ýüzüni doldurmalydyklary baradaky öz niýetini aýtdy (1 Musa 9:1). Belki, Hudaý şonda topraga siňen näleti aýyrandyr (1 Musa 13:10).

it «Burgy»

Burgy

Burgy ýa-da agyry diýen sözler aýalyň çaga dogurmagy bilen bagly ulanylýar. Hudaý ilkinji aýal bolan How enä eden günäsiniň çaga dogurmagyna erbet täsir etjekdigini aýtdy. Eger ol Hudaýa gulak asan bolsa, Ýehowa ony bereketlemegini dowam ederdi we ol çaga dünýä inderende, agyrysyz şatlyk duýardy. Sebäbi «Ýehowanyň berekedi baý edýär, üstüne dert-alada goşmaýar» (Nak 10:22). Emma şu günler bikämillik zerarly adamyň bedeninde agyrylar bolýar. Hudaý How enä şeýle diýdi: «Göwreliligiň agyr geçer ýaly ederin, çagalaryňy güýçli agyry bilen dograrsyň» (1Ms 3:16). Köplenç Hudaý käbir zatlary «edýär» diýlende, Onuň şol zatlaryň bolmagyna ýol berýändigini görkezýär.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Lemek»

Lemek

Lemek aýallaryna bagyşlap, goşgy düzdi (1Ms 4:23, 24). Bu şol wagtky zalymlykdan doly adamlaryň garaýşyny görkezýär. Ol şeýle diýdi: «Eý Lemegiň aýallary, diňläň! Sözüme gulak asyň. Men özümi ýaralany, Meni uran ýigidi öldürdim. Kabyl üçin 7 gezek ar alynsa, Lemek üçin 77 gezek ar alnar». Belki, Lemek Kabyl ýaly bilgeşleýin  däl-de, özüni goramak maksady bilen şeýle hereket edendigini aýdýar. Lemegi bir adamyň urup ýaralandygy üçin, ol özüni gorajak bolup, ýaňky adamy öldürendigini boýun alýar. Emma bu goşgyny düzmek bilen, ol öldüren adamynyň ar alýan dogan-garyndaşyndan goramagyny ýalbarýar.

it «Hudaýa dil ýetirmek»

Hudaýa dil ýetirmek

Tupandan öň Enoşyň günlerinde «adamlar Ýehowanyň adyny çagyryp başladylar». Emma olar ony ýalňyş tutýardylar. Sebäbi şondan ençeme wagt öň Habyl Hudaýyň adyny tutup çagyrýardy (1Ms 4:26; Ýew 11:4). Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, adamlar Ýehowanyň adyny nädogry ýa-da ýerliksiz ulanyp çagyrýardylar. Ýagny Ýehowanyň adyny adamlara ýa-da butlara dakyp, Hudaýa dil ýetirýärdiler (serediň: ENOŞ).

Ýanwar 20—26

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 6—8

«Nuh ähli zady aýdylyşy ýaly etdi»

w18.02 sah. 4, abz. 4

Nuhuň, Danyýeliň we Eýýubyň imanyndan hem-de Hudaýa gulak asyşyndan görelde alyň

Nuh pygamberiň uçran kynçylyklary. Nuhuň garry atasy Hanogyň döwründe adamlar Hudaýdan gaty daşlaşypdylar. Olar hatda Ýehowa «dil ýetirýärdiler» (Ýahd. 14, 15). Zorluk möwç urýardy, şol sebäpli Nuhuň döwründe «ýer ýüzüniň azgynçylykdan we zulumdan dolandygy» geň galdyrmasa gerek. Zalym perişdeler ynsan keşbine girip, özlerine aýal alanda, olardan nefiller, ýagny äpet adamlar döräpdi (Gel. çyk. 6:2—4, 11, 12). Emma Nuh pygamber olardan düýpgöter tapawutlanýardy. Ýazgylarda: «Nuh Rebbiň nazarynda merhemet tapdy... Nuh öz döwürdeşleriniň arasynda dogruçyl hem takwa adamdy. Ol Hudaýyň huzurynda gezdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:8, 9).

w13 1/4 sah. 14, abz. 1

Nuh «hak Hudaýyň ýolundan ýöreýärdi»

Gäminiň gurluşygy 40-50 ýyla çeken bolmaly. Agaçlary çapyp, gurluşyk ýerine eltmelidi, şahalaryny kesip, agaçlary gönüläp, birleşdirmelidi. Gämi üç gatdan ybarat bolup, onuň üstüne çykylýan ýeri, otaglary we iç tarapyndan gapysy bardy. Şeýle-de onuň ýokarsynda içine ýagty düşer ýaly, penjireler bolan bolmaly; suw gäminiň içine akmaz ýaly, penjireler biraz güberçek edip ýasalandy (1 Musa 6:14—16).

w11 15/9 sah. 18, abz. 13

Pellehana tarap sabyrly ylgalyň

Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna sabyrlylyk bilen pellehana ýetmäge näme kömek etdi? Pawlusyň Nuh barada aýdanlaryna üns bereliň (Ýewreýler 11:7-ni okaň). Nuh adamlaryň we haýwanlaryň ählisini ýok eden tupany hiç haçan görmändi (Gel. çyk. 6:17). Muňa garamazdan, ol Tupanyň bolmagy mümkin däl öýtmändir. Näme üçin? Sebäbi ol Ýehowanyň sözünde durjakdygyna ynanýardy. Şol sebäpli ol Ýehowa gulak asmak kyn diýip pikir hem etmändir. Ol Ýehowanyň tabşyrygyny doly berjaý etdi. Töwratda: «Nuh Hudaýyň buýran zatlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» diýilýär (Gel. çyk. 6:22). Nuh köp zatlary etmelidi: gämi gurmalydy, haýwanlary gämä girizmelidi, maşgalasy hem haýwanlar üçin azyk ýygnamalydy, Tupan barada adamlara duýdurmalydy we maşgala agzalaryna Ýehowa bilen dostlukly gatnaşygyny berkitmäge kömek etmelidi. Elbetde, bulary etmek aňsat däldi. Emma onuň Ýehowa bolan imany sabyrlylyk bilen ähli ýumşy ýerine ýetirmäge kömek etdi. Ýehowa bolsa olary halas edip, bol bereketler eçdi.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w04 1/1 sah. 29, abz. 7

1 Musa kitabyndan peýdaly pikirler—I

7:2. Haýwanlar nämäniň esasynda halal we haram hasaplanan bolmaly? Haýwanlaryň halal ýa-da haram diýilmegi iýilýän ýa-da iýilmeýän haýwanlar esasynda däl-de, Hudaýa gurban berip bolýandygy we bolmaýandygy esasynda çözülýärdi. Tupandan öň adamlar haýwanlaryň etini iýmeýärdiler. Diňe Musanyň kanuny hereket edýärkä, haýwanlar halal we haram diýip tapawutlandyrylýardy (Resullar 10:9—16; Efesliler 2:15). Nuh pygamber Hudaýa sežde edende, haýsy haýwanlary gurban getirmelidigini bilen bolmaly. Ol gämiden çykan badyna, «Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny gurup, halal haýwanlaryň we halal guşlaryň birnäçesini ýakma gurbanlygy edip hödürledi» (1 Musa 8:20).

w04 1/1 sah. 30, abz. 1

1 Musa kitabyndan peýdaly pikirler—I

7:11. Bütindünýä tupanyndaky suwlar nädip emele geldi? Ýaradylyşyň ikinji gününde ýeriň üstünde boşluk döredilende, onuň aşagynda we ýokarsynda suw bardy (1 Musa 1:6, 7). Boşlugyň aşagyndaky suwy eýýäm ýerdedi. Emma ýokardaky suw ýerden ýokarda ýygnanyp, ägirt köp çyg damjalaryny emele getirdi. Bular hem öz gezeginde gök gümmeziniň çeşmelerini döretdi. Şol suwlar Nuhuň günlerindäki Tupanda ýere ýagdy.

Ýanwar 27—fewral 2

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 MUSA 9—11

«Ähli adamlar bir dilde gepleýärdi»

it «Beýik Wawilon»

Beýik Wawilon

Gadymy Wawilonyň aýratynlygy. Şyngar ýurdunyň üstündäki jülgede ýerleşýän gadymy Wawilon şäheriniň düýbi diň gurlup başlanmagy bilen tutuldy (1 Mus. 11:2—9). Gurluşykçylar şäheri we diňi Hudaýyň adyny beýgeltmek üçin däl-de, özlerine at gazanmak üçin gurup başladylar. Zikkurat şekilli binalar gadymy Wawilondan başga-da tutuş Mesopotamiýada tapyldy; bu ululy-kiçili we her dürli görnüşdäki binalar şol wagtky diniň esasy bölegi bolandygyny görkezýär. Ýehowa Wawilon diňiniň gurulmagyny ýazgaryp, ony ýok etmeli diýen karara geldi; sebäbi ol ýalan din bilen baglanyşyklydy. Wawilon ýewreý sözi bolup, «garyşyk» diýmegi aňladýar, şumer (Kadingirra) we akkad (Babilu) dilinde Wawilon diýmek «Hudaýyň derwezesi» diýmegi aňladýar. Şäherde galan ýaşaýjylar Hudaýyň şol ýere çykaran hökümi bilen baglanyşykly bolmaz ýaly, onuň adyny üýtgetdiler. Emma şäheriň täze ady hem onuň ýalan din bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.

it «Dil»

Dil

Musa pygamberiň 1-nji kitabynda adamlaryň birleşip, Hudaýyň Nuha we ogullaryna beren tabşyrygyna garşy çykandygy aýdylýar (1Ms 9:1). Olar tutuş ýer ýüzüne ýaýrap, ony doldurmagyň deregine bir ýerde ýaşamagy maksat edindiler. Ol ýer Mesopotamiýada Şyngar ýurdunda ýerleşýärdi. Ähtimal, bu ýer soňabaka dini merkeze öwrülip, ol ýerde ýalan din bilen bagly diň gurlandyr (1Ms 11:2—4).

it «Dil»

Dil

Gudratygüýçli Hudaý olaryň kesirlik bilen edýän bu işine päsgel berdi; ol adamlaryň dilini garyşdyrdy. Şondan soň olar bilelikde işleşip bilmediler we dünýäniň ähli künjegine dargadylar. Ondan başga-da olaryň dilini garyşdyrmak bilen, gelejekde-de Hudaýyň islegine garşy gelýän işleri etmekden saklanar ýaly etdi. Şonda olar erbet niýetli maksatlaryna ýetmek üçin pikir we beden taýdan güýjüni birikdirip, hereket edip bilmezdiler. Ýa-da Hudaýdan däl-de, adamlardan alýan bilimini ulanmaga päsgelçilik döretdi (Nes 7:29; 5Ms 32:5-nji aýatlary deňeşdiriň). Elbetde, dilleriň garyşmagy adamlaryň dargamagyna getirse-de, köp kynçylyklaryň öňüni aldy: adamlar bileleşip, howply we başgalara zyýan ýetirýän maksatlaryny amala aşyryp bilmediler (1Ms 11:5—9; Işa 8:9, 10-njy aýatlary deňeşdiriň). Dünýäniň şu wagtky ýagdaýyny görenimizde, adamlaryň bilimini nädogry ulanyp, köp ýalňyşlyklary goýberýändigine göz ýetirýäris. Eger Hudaý Wawilonda adamlaryň dilini garyşdyrmadyk bolsa, onda dünýäniň ýagdaýy mundanam beter bolardy.

it «Millet, halk»

Millet, halk

Adamlar biri-birine düşünmänsoň, birnäçe diller emele geldi. Şol dilleriň hersiniň öz medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary we dini döredi (3Ms 18:3). Hudaýdan daşlaşan adamlar özlerine köp butlary ýasap, oýlanyp tapylan taňrylara çokunýardylar (5Ms 12:30; 2Pa 17:29, 33).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

it «Ham»

Ham

Mümkin, Kengan bolan ýagdaýa gönüden-göni gatnaşandyr. Kakasy Ham bolsa oňa düzediş bermedi. Ýa-da Nuh pygamberlik sözlerini aýdanda, Hamyň erbet gylyk-häsiýetlerini göz öňünde tutandyr. Sebäbi şeýle häsiýetler onuň ogly Kenganda eýýäm görnüp başlapdy we bu zatlar onuň nesline-de geçip bilýärdi. Nuhuň aýdan gargyş sözleriniň käbir bölegi ysraýyllar kenganlary boýun egdirende ýerine ýetdi. Olaryň käbiri (meselem, gibgonlylar; Ýuş 9) ýok edilmese-de, ysraýyllara gul boldular. Ýüzlerçe ýyl geçensoň, Ýafetiň nesillerine degişli bolan Midiýa-Pars, Gresiýa we Rim imperiýasy Hamyň ogly Kenganyň nesilleriniň üstünden agalyk edende, Nuhuň gargyş sözleri ýerine ýetmegini dowam edýärdi.

it «Nemrut»

Nemrut

Nemrut Wawilon diňinden soň, öz patyşalygynyň çäklerini giňeldýär. Onuň guran şäherleriniň atlary «Erek, Akkad we Kalneh» hem-de Şyngar ýurdundaky ähli şäherler degişli (1Ms 10:10). Wawilon şäheri we diňi hem Nemrutyň ýolbaşçylygynda gurlup başlan bolmaly. Şeýle netijä gelmegimiziň sebäbi, bu ýewreýleriň däp-dessurlaryna gabat gelýär. Taryhçy Iosif Flawiý şeýle belläp geçýär: «Nemrut ýuwaş-ýuwaşdan has köp ýerleri eýelemegiň küýüne düşýär. Şeýdip, ol has köp ygtyýar edinse, adamlar Hudaýdan gorkmagyny bes edip, öz hökümdarlygyny goldar diýip pikir edýär. Üstesine-de, ol Hudaý ýene-de ýer ýüzüni tupan bilen ýok etmek islese, adamlary Gudratygüýçli Hudaýdan goraryn diýip pikir edýär. Ol suw ýetip bilmez ýaly has beýik diň gurmak isleýär. Şeýdip, tupanda ýok bolan ata-babalary üçin ar almakçy bolýar. Halk Nemrutyň teklibini höwes bilen kabul edýär we Hudaýa tabyn bolmak akmaklyk diýip pikir edýär. Şeýdip, olar diň gurup başlaýar... diň hemmeleriň garaşyşy ýaly beýgelýär (Jewish Antiquities, I, 114, 115; iv, 2, 3).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş