Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w23 Noýabr sah. 2—7
  • Ýehowa wadasyny ýerine ýetirjegine kepil geçýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa wadasyny ýerine ýetirjegine kepil geçýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA WADA BERÝÄR
  • ÝEHOWA KEPIL GEÇÝÄR
  • «INE, MEN ÄHLI ZADY TÄZELEÝÄRIN»
  • «SÖZÜM YGTYBARLYDYR, HAKDYR... SÖZÜM BERJAÝ BOLDY!»
  • «MEN ALFA WE OMEGA»
  • ÝEHOWANYŇ WADASYNA ÝÜREKDEN IMAN EDIŇ
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • «Jennetde görşeris!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Ýehowa niýetini hökman amala aşyrar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
w23 Noýabr sah. 2—7

46-NJY MAKALA

Ýehowa wadasyny ýerine ýetirjegine kepil geçýär

«Ýer ýüzünde özüne bereket dilän her kes hakykatyň Hudaýyndan bereket alar» (Işa. 65:16).

3-NJI AÝDYM Umydym, güýjüm, daýanjym

MAZMUNYa

1. Işaýa pygamberiň aýdan sözleri ysraýyllary näme üçin ruhlandyrdy?

IŞAÝA PYGAMBER Ýehowa «hakykatyň Hudaýy» diýýär. Şu aýadyň asyl nusgasynda «hakykat» sözüniň deregine «omyn» sözi ýazylan (Işa. 65:16, çykgyt). «Omyn» diýmek «goý, şeýle bolsun» ýa-da «hak söz» diýmegi aňladýar. Mukaddes Kitapda «omyn» sözi köplenç Ýehowanyň we Isa pygamberiň wadasynda durjakdygyny tassyklamak üçin ulanylýar. Ysraýyllar Işaýa pygamberiň aýdan sözlerine ruhlanan bolmaly, sebäbi olar Ýehowanyň gadymy günlerden bäri beren wadasyny ýerine ýetirip gelýändigini bilýärdiler.

2. Biz näme üçin Ýehowanyň wadasynyň ýerine ýetjekdigine ynanyp bileris we şu makalada haýsy iki soragyň jogabyny bileris?

2 Siz Ýehowanyň beren wadasyna ynanýarsyňyzmy? Işaýa pygamberiň ýaşan döwründen takmynan 800 ýyl geçenden soň, Pawlus resul Ýehowa «ýalan sözläp bilmez» diýdi (Ýew. 6:18). Çeşmäniň gözbaşyndan hem ajy, hem süýji suwuň akmaýşy ýaly, hakykatyň Hudaýy hiç haçan ýalan sözlemez. Biz Ýehowanyň gelejekde beren wadasyny hökman ýerine ýetirjekdigine doly ynamly bolup bileris. Şu makalada biz iki soragyň jogabyny bileris: Ýehowa nämäni wada berýär? Ol wadasyny ýerine ýetirmek üçin nähili kepil geçýär?

ÝEHOWA WADA BERÝÄR

3. a) Ýehowanyň halky haýsy aýat arkaly wagyz etmegi halaýar? (Ylham 21:3, 4). b) Adamlar hoş habara nähili seslenýär?

3 Biz şu makalada Hudaýyň halkynyň iň gowy görýän aýady hakda gürrüň ederis (Ylham 21:3, 4-nji aýatlary okaň). Ýehowa şeýle wada berýär: «Indi ne ölüm, ne hasrat, ne agy, ne-de agyry bolar». Biz adamlara Jennet hakda wagyz edenimizde, köplenç şu aýady okap berýäris. Emma käbir adamlar Jennetiň boljagyny erteki hasaplaýar.

4. a) Ýehowa öňünden nämeleri bilýärdi? b) Ýehowa diňe bir wada bermän ýene näme etdi?

4 Ýehowa Ýahýa resula Ylham 21:3, 4-nji aýatlary ýöne ýere ýazdyrmady, sebäbi Ol biziň Patyşalyk barada wagyz edenimizde şu aýatlary ulanjakdygymyzy bilýärdi. Şeýle-de Ýehowa käbir adamlaryň Jennetiň boljakdygyna ynanmajakdygyny hem bilýärdi (Işa. 42:9; 60:2; 2 Kor. 4:3, 4). Siz adamlara wagyz edeniňizde Ylham 21:3, 4-nji aýatlardaky wadalaryň hakykatdygyny subut etmek üçin nähili delilleri ulanýarsyňyz? Siziň özüňiz Hudaýyň wadalaryna ýürekden ynanmak üçin näme edýärsiňiz? Hawa, Ýehowa gelejek barada diňe bir wada bermän, ony ýerine ýetirjekdigine kepil geçýär. Geliň, häzir olar hakda gürrüň edeliň.

ÝEHOWA KEPIL GEÇÝÄR

5. Ýehowanyň Jennet baradaky wadasynyň hökman ýerine ýetjekdigine haýsy aýatlar kepil geçýär?

5 Ylham kitaby Ýehowanyň Jennet baradaky wadasynyň hökman ýerine ýetjekdigine kepil geçýär. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Tagtda oturan Hudaý: „Ine, men ähli zady täzeleýärin“ diýdi. Şeýle-de: „Aýdanlarymy ýaz, sebäbi sözüm ygtybarlydyr, hakdyr“ diýdi. Soňra ol maňa şeýle diýdi: „Sözüm berjaý boldy! Men Alfa we Omega, başlangyç hem-de ahyrkydyryn“» (Ylham 21:5, 6a).

6. Ylham 21:5, 6-njy aýatlar Ýehowanyň wadasynyň hökman berjaý boljakdygyna ynamymyzy nädip artdyrýar?

6 Ylham 21:3, 4-nji aýatlarda Ýehowanyň Jennetde etjek işleri ýazylan; 5, 6-njy aýatlarda bolsa Ýehowanyň wadasyny hökman berjaý etjekdigine kepil geçip aýdan sözleri ýazylan. «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!»b diýen kitapda 5, 6-njy aýatlar şeýle düşündirilýär: «Ýehowa wepaly bendelerine gowy gelejegi wada berýär we wadasynyň hökman ýerine ýetjekdigine kepil geçip möhürleýär». Geliň, häzir Ýehowanyň kepil geçip aýdan sözlerine jikme-jik seredeliň.

7. Ylham 21:5-nji aýat nähili sözler bilen başlanýar we şol sözler bizi nämä ynandyrýar?

7 Ylham 21:5-nji aýat «tagtda oturan Hudaý» diýen sözler bilen başlaýar. Ylham kitabynyň üç ýerinde Ýehowanyň hut özüniň görnüş arkaly gepländigi hakda ýazylan. (Olaryň biri Ylham 21-nji bap). Diýmek, Jennetiň boljagyna perişdeler ýa-da Isa Mesih däl-de, Ýehowanyň özi kepil geçýär. Şol sebäpli biz 5, 6-njy aýatlardaky sözleriň ýerine ýetjekdigine doly ynamly bolup bileris. Sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň «ýalan sözlemegi başarmaýandygy» ýazylan (Tit. 1:2, çykgyt). Ylham 21:5, 6-njy aýatlary «tagtda oturan Hudaý» aýdan bolsa, onuň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine şübhelenmän bileris.

«INE, MEN ÄHLI ZADY TÄZELEÝÄRIN»

8. Ýehowanyň wadasynda durjakdygyny haýsy sözlerden bilse bolýar? (Işaýa 46:10).

8 Soňra Allatagala: «Ine» diýip, sözüni dowam edýär (Ylh. 21:5). «Ine» diýip terjime edilen grek sözi Ylham kitabynda ençeme sapar duş gelýär. Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, «ine» sözi okyjynyň ünsüni indiki aýdyljak zatlara çekmek üçin ulanylýar. Ýehowa biziň ünsümizi nämä çekjek boldy? Ol: «Men ähli zady täzeleýärin» diýýär. Ýehowanyň wadasy gelejekde ýerine ýeter. Emma «täzeleýärin» diýen işlik geljek zamanda däl-de, häzirki zamanda ýazylan. Diýmek, Ýehowa beren wadasynda durjakdygyna şeýle bir ynamly welin, ony gelejekde däl-de, häzir ýerine ýetiren ýaly aýdýar (Işaýa 46:10-y okaň).

9. a) «Men ähli zady täzeleýärin» diýen jümle nämäni aňladýar? b) «Öňki göge» we «öňki ýere» näme bolar?

9 «Men ähli zady täzeleýärin» diýen jümle nämäni aňladýar? Ylham 21-nji bapda Ýehowanyň etjek iki işi hakda aýdylýar, ýagny ol çalşar we dikelder. Ýehowa nämeleri çalyşýar? Ylham 21:1-de: «Öňki gök bilen öňki ýer geçip gitdi» diýilýär. «Öňki gök» Şeýtan bilen jynlaryň golastyndaky syýasy guramalary we döwletleri aňladýar (Mat. 4:8, 9; 1 Ýah. 5:19). Mukaddes Kitapda «ýer» diýlende köplenç adamlar göz öňünde tutulýar (1 Mus. 11:1; Zeb. 96:1). Diýmek, «öňki ýer» Ýehowa gulak asmaýan erbet adamlary aňladýar. Ýehowa «öňki gögi» we «öňki ýeri» bejermegiň, düzetmegiň deregine, olary «täze göge» we «täze ýere» çalşar. «Täze gök» adalatly hökümeti, «täze ýer» bolsa dogruçyl adamlary aňladýar.

10. Ýehowa nähili dikeldiş işlerini geçirer?

10 Ylham 21:5-de Ýehowanyň ýer ýüzünde nähili dikeldiş işlerini geçirjekdigi ýazylan. Ýehowa «ähli zady täzeden ýaradýaryn» diýmän, «ähli zady täzeleýärin» diýýär. Ol nämeleri täzelär? Işaýanyň pygamberlik edişi ýaly, bütin ýer ýüzi Erem bagy kimin bagy-bossanlyga öwrüler. Adamlar tut ýaly sagdyn bolar. Körler görer, kerler eşider, lallar geplär we agsak adamlar keýik kimin böker, hatda ölen adamlar direler (Işa. 25:8; 35:1—7).

«SÖZÜM YGTYBARLYDYR, HAKDYR... SÖZÜM BERJAÝ BOLDY!»

11. Ýehowa Ýahýa resula näme etmegi tabşyrdy we näme üçin?

11 Ýehowa wadasynda durjakdygyna kepil geçip ýene näme diýdi? Ol Ýahýa resula: «Aýdanlarymy ýaz, sebäbi sözüm ygtybarlydyr, hakdyr» diýdi (Ylh. 21:5). Ýehowa diňe bir «ýaz» diýmek bilen çäklenmän, sebäbini hem düşündirip: «Sözüm ygtybarlydyr, hakdyr» diýdi. Biz Ýehowanyň beren wadasyny doly ýerine ýetirjekdigine ynamly bolup bileris. Şeýle-de Ýahýa resula Ýehowa gulak asyp ähli zady jikme-jik ýazandygy üçin hem minnetdar bolmaly. Sebäbi Ylham kitabyny okanymyzda, Ýehowanyň Jennetde berjek bereketlerini göz öňüne getirip bilýäris.

12. Ýehowa: «Sözüm berjaý boldy!» diýip, näme üçin öten zamanda aýdýar?

12 Soňra Ýehowa: «Sözüm berjaý boldy!» diýýär (Ylh. 21:6). Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetiren ýaly öten zamanda aýdýar. Hawa, Ýehowanyň niýetine hiç kim, hiç zat päsgel berip bilmez. Geliň, Ýehowanyň kepil geçip ýene näme diýendigini bileliň.

«MEN ALFA WE OMEGA»

13. Ýehowa näme üçin özüne: «Men Alfa we Omega» diýýär?

13 Ýehowa Ýahýa resula üç sapar görnüş arkaly görnüp: «Men Alfa we Omega» diýdi (Ylh. 1:8; 21:5, 6; 22:13). Alfa grek elipbiýiniň birinji harpy, omega bolsa soňky harpy. Ýehowa özüne «Alfa we Omega» diýmek bilen başlan işini hökman tamamlajakdygyna kepil geçýär.

Surat: Ýehowanyň niýeti amala aşýar. 1) «Alfa». Adam ata bilen How ene Erem bagynda. 2) Gozgalaňyň netijesi: zalym Şeýtan, Adam ata bilen How ene garrylyk çagynda, Wawilon diňi, gonamçylyk, esgerler, tank, söweş uçarlary, howanyň hapalanmagy we gozgalaňçylar. Aşaky iki suratda Ýehowanyň niýetiniň ýerine ýetişi görkezilen: janyny töleg hökmünde beren Isa pygamber jebir pürsünde; Adam ata bilen How enäniň dogruçyl nesilleri. 3) «Omega». Adamlar Jennetde şatlanyp zähmet çekýär.

Ýehowa başlan işini hökman tamamlar (14, 17-nji abzaslara serediň).

14. a) Ýehowa haçan «Alfa» diýdi we haçan «Omega» diýer? b) 1 Musa 2:1—3-nji aýatlar Ýehowanyň wadasyny ýerine ýetirjekdigine nädip kepil geçýär?

14 Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradandan soňra adamzat we ýer babatdaky niýetini açyk aýdyň etdi. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hudaý olara ak pata berip: „Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň... ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň“ diýdi» (1 Mus. 1:28). Şonda Ýehowa «Alfa» diýen ýaly boldy. Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülmelidi we Adam ata bilen How enäniň kämil, gulak asýan neslinden dolmalydy. Ýehowa niýetini gelejekde amala aşyranda «Omega» diýen ýaly bolar. Ýehowa «gögi, ýeri we olardaky bar zady» ýaradandan soňra wadasyny ýerine ýetirjekdigine kepil geçdi. 1 Musa 2:1—3-nji aýatlara (okaň) görä, «Hudaý ýedinji güni saýlap, mukaddes etdi». Näme üçin? Sebäbi ýedinji günüň ahyrynda Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti doly amala aşar. Ýehowa adamzat taryhynyň başynda «ýedinji güni mukaddes etmek» bilen wadasynda durjakdygyna kepil geçdi.

15. Şeýtan näme üçin Ýehowanyň niýeti amala aşmaz diýip pikir eden bolmaly?

15 Adam ata bilen How ene gozgalaň turzup, Ýehowa garşy çykdylar we bütin adamzat nesline günäni hem ölümi miras goýdular (Rim. 5:12). Şonda Şeýtan heşelle kakyp, şeýle diýen ýalydy: «Indi Ýehowanyň ýer ýüzi we adamzat babatdaky niýeti amala aşmaz. Indi ol Omega diýip bilmez». Şeýtanyň pikiriçe, Ýehowanyň bary-ýogy iki çykalgasy bar. Birinjiden, ol Adam ata bilen How enäni ýok edip, ýerine başga kämil ynsan jübütini ýaradar. Eger Ýehowa şeýle edäýse-de, Şeýtan ony ýalançy diýip aýyplardy, sebäbi 1 Musa 1:28-de Ýehowa Adam ata bilen How enä: «Köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň» diýipdi.

16. Şeýtan başga haýsy sebäbe görä, Ýehowanyň niýeti amala aşmaz diýip pikir edendir?

16 Ikinjiden, Şeýtanyň pikiriçe, Ýehowa Adam ata bilen How enä perzent dünýä indirip, ýer ýüzüni doldurmaga rugsat berer. Emma Şeýtan şonda-da Ýehowany aýyplap bilerdi, sebäbi Adam ata bilen How enäniň nesli bikämildi (Nes. 7:20; Rim. 3:23). Ýöne Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülmelidi we Adam ata bilen How enäniň kämil hem dogruçyl neslinden dolmalydy.

17. Ýehowa Şeýtanyň orta atan meselesini nädip çözer? (Surata serediň).

17 Ýehowa Şeýtanyň orta atan meselesini üýtgeşik usul bilen çözdi. Şeýtan oňa aňk-taňk bolandyr (Zeb. 92:5). Ýehowa Adam ata bilen How enäniň çagalarynyň dünýä inip, ýer ýüzüni doldurmagyna rugsat berdi. Şeýdip, ol ýalançy däl-de, dogruçyl Hudaýdygyny subut etdi. Şeýle-de ol «nesliň» peýda boljakdygyny pygamberlik etdi (1 Mus. 3:15; 22:18). Şol «nesil» adamzady günäden we ölümden halas etmelidi. Ýehowa adamlar üçin töleg töläp beýik söýgüsini subut etdi. Şeýtan muňa haýran galan bolmaly (Mat. 20:28; Ýah. 3:16). Sebäbi doňýürek Şeýtan söýginiň nämedigini bilmeýär. Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler. Adam ata bilen How enäniň töleg gurbanyna iman edýän perzentleri kämil bolar. Şonda Ýehowanyň ilkibaşdaky niýeti amala aşar we ol: «Omega» diýer.

ÝEHOWANYŇ WADASYNA ÝÜREKDEN IMAN EDIŇ

18. Haýsy üç zat Ýehowanyň wadasynda durjakdygyny subut edýär? («Ýehowanyň wadasynda durjakdygyny görkezýän üç subutnama» diýen çarçuwa serediň).

18 Biz adamlara Ýehowanyň wadasynda durjakdygyny nädip düşündirip bileris? Birinjiden, Ýehowanyň hut özi wada berdi. Ylham kitabynda şeýle diýilýär: «Tagtda oturan Hudaý: „Ine, men ähli zady täzeleýärin“ diýdi». Akyldar Ýehowa niýetini amala aşyrmak isleýär we onuň muňa güýji-de ýetýär. Ikinjiden, Ýehowa beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine şeýle bir ynamly welin, ony ýerine ýeten ýaly öten zamanda aýdýar. Ol: «Sözüm ygtybarlydyr, hakdyr... Sözüm berjaý boldy!» diýýär. Üçünjiden, Ýehowa başlan işini hökman tamamlar we Ol: «Men Alfa we Omega» diýýär. Hawa, Ýehowa Şeýtanyň ýalançydygyny we hiç zady başarmaýandygyny subut eder.

Ýehowanyň wadasynda durjakdygyny görkezýän üç subutnama

Nur saçyp duran tagt şan-şöhratly Ýehowany suratlandyrýar.
  • «Tagtda oturan Hudaý: „Ine, men ähli zady täzeleýärin“ diýdi» (Ylh. 21:5).

Ýahýa resul pygamberlik sözlerini ýazýar.
  • «Aýdanlarymy ýaz, sebäbi sözüm ygtybarlydyr, hakdyr... Sözüm berjaý boldy!» (Ylh. 21:5, 6).

Alfa we omega grek elipbiýiniň harplary.
  • «Men Alfa we Omega» (Ylh. 21:6).

19. Siz adamlara wagyz edeniňizde Hudaýyň beren wadasyna ynanmasalar näme edersiňiz?

19 Allatagalanyň beren wadalaryny ýerine ýetirjekdigi hakda näçe köp wagyz etseňiz, şonça-da öz imanyňyz berkär. Aýdaly, siz bir adama Jennet barada wagyz edip, Ylham 21:4-i okap berýärsiňiz. Emma ol: «Siz ertekä ynanýarsyňyz» diýse näme edersiňiz? Siz Ylham 21:5, 6-njy aýatlary hem okap beriň. Olarda Ýehowanyň beren wadasynda durjakdygyna kepil geçýän ençeme subutnamalar bar (Işa. 65:16).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Ýehowanyň hut özüniň Jennet hakda wada bermegi size nähili täsir edýär?

  • Ýehowa wadasyny ýerine ýetirjekdigine nädip kepil geçdi?

  • Hudaýyň wadasyna ýürekden iman etmek üçin näme etmeli?

145-NJI AÝDYM Hudaý Jenneti wada berdi

a Şu makalada Ýehowanyň Jennetiň boljakdygy barada kepil geçip aýdan sözleri hakda gürrüň ederis. Biz Ýehowanyň wadasy hakda näçe köp wagyz etsek, şonça-da imanymyzyň berkejekdigi barada bileris.

b «Ylham — onuň beýik derejesi ýakyndyr!» (rus.) atly kitaby okap bilersiňiz (sah. 303, 304, abz. 8, 9).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş