Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/5 sah. 7—11
  • Mesihçi maşgalalar, «oýa boluň!»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mesihçi maşgalalar, «oýa boluň!»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ärler, «gowy çopandan» görelde alyň
  • «Öýüni dikýän» — aýallar
  • Ýaşlar, «görünmeýän zatlara serediň»
  • Är aýalyň başy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ömürlik nikanyň iki açary
    Maşgala bagtynyň syry
  • Mesihçi maşgalalar, Isanyň göreldesine eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/5 sah. 7—11

Mesihçi maşgalalar, «oýa boluň!»

«Beýlekiler ýaly uklaman, oýa, hüşgär bolalyň» (1 SEL. 5:6).

1, 2. Maşgala ruhy taýdan oýa bolar ýaly, näme talap edilýär?

PAWLUS resul «Ýehowanyň uly we aýylganç güni» barada Selanikdäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Doganlar, ol gün sizi bir ogry kimin basar ýaly, siz garaňkylykda dälsiňiz. Çünki baryňyz nura, gündize degişli adamlarsyňyz. Biz gijä ýa garaňkylyga degişli däldiris. Şeýlelikde, beýlekiler ýaly uklaman, oýa, hüşgär bolalyň» (Ýowel 2:31, 32; 1 Sel. 5:4—6).

2 Pawlusyň selaniklilere beren maslahaty «soňky günlerde» ýaşaýan mesihçiler üçin hem ýerlikli (Dan. 12:4). Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygyça, Şeýtan Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsini Ýehowadan ýüz öwürtjek bolýar. Emma Pawlusyň ruhy taýdan oýa boluň diýen maslahatyna çynlakaý garasak, paýhasly bolar. Mesihçi maşgala oýa bolar ýaly, onuň her biri agzasy Mukaddes Ýazgylarda ýazylan borjuny berjaý etmeli. Maşgala ruhy taýdan «oýa bolar» ýaly, äriň, aýalyň we çagalaryň nähili borçlary bar?

Ärler, «gowy çopandan» görelde alyň

3. 1 Timoteos 5:8-e görä, maşgalabaşynyň nähili borjy bar?

3 Injilde: «Aýalyň baýary erkek» diýilýär (1 Kor. 11:3). Maşgalabaşynyň nähili borjy bar? 1 Timoteos 5:8-de: «Biri öz ýakynlarynyň, ylaýta-da, öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, onda ol imany inkär edip, imansyzdan beter bolandyr» diýilýär. Şeýle-de, är maşgalasyny maddy taýdan üpjün etmeli. Maşgalasy ruhy taýdan oýa bolar ýaly, ol diňe eklemek bilen çäklenmeli däl. Ol maşgala agzalarynyň Hudaý bilen gatnaşygy berkär ýaly, olary ruhy taýdan goldamaly (Sül. tym. 24:3, 4). Maşgalabaşy muny nädip edip biler?

4. Ärlere maşgalasyny ruhy taýdan berkider ýaly, näme kömek eder?

4 «Mesihiň... imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr». Şol sebäpli, ärler Isanyň ýygnaga baştutanlyk edişini öwrenmeli we onuň göreldesine eýermeli (Efes. 5:23). Isanyň şägirtleri bilen gatnaşygy barada näme diýendigine seredeliň (Ýahýa 10:14, 15-nji aýatlary okaň). Maşgalasyny ruhy taýdan berkitmek isleýän ärlere, esasanam, näme kömek eder? Munuň üçin «gowy çopan» Isanyň näme diýenini we edenini öwrenip, onuň göreldesine eýermeli (1 Pet. 2:21).

5. Ýygnagyň gowy çopany nämäni bilýär?

5 Çopan bilen goýunlaryň arasyndaky gatnaşyk bilime we ynama esaslanýar. Çopan hemme goýunlaryny tanaýar, goýunlaram çopanyny tanap, oňa ynanýar. Olar çopanyň sesini tanaýar we gulak asýar. Isa: «Men... özümkileri tanaýandyryn, olar-da Meni tanaýandyr» diýdi. Ol ýygnakdaky şägirtleri gowy tanaýardy. Grek dilinde «tanamak» diýen sözüň manysy «adamy ýakyndan tanamagy» aňladýar. Hawa, gowy çopan goýunlaryny ýakyndan tanaýar. Isa şägirtleriniň gerek zatlaryny, kemçiliklerini we gowy häsiýetlerini bilýär. Ol şägirtleri bilen içgin gyzyklanýar. Olar hem çopanyny gowy tanaýar we onuň görkezmesine doly bil baglaýar.

6. Mesihçi ärler gowy çopanyň göreldesine nädip eýerip biler?

6 Mesihçi är ýolbaşçylyk edende, Isanyň göreldesine eýerip, özüne çopan, maşgala agzalaryna bolsa, goýunlar hökmünde garamagy öwrenmeli. Ol maşgalasyny tanamak üçin jan etmeli. Är maşgalasyny gowy tanap bilermi? Eger ol maşgala agzalarynyň ählisi bilen gowy gatnaşykda bolsa, olaryň gaýgy-aladalaryny diňlese, maşgalada ýolbaşçylyk etse we maşgala okuwyny geçmek, ýygnak duşuşyklaryna barmak, wagyz etmek, dynç almak meselelerinde dogry karara gelse, maşgalasyny gowy tanap biler. Mesihçi är maşgalasyna diňe bir Hudaýyň Sözünden bilim bermän, eýsem, gowy görelde görkezip, paýhasly karara gelse, maşgala agzalary onuň görkezmesine has-da ynanar we ol maşgalasynyň hak Hudaýa agzybir sežde edişinden kanagat tapar.

7, 8. Mesihçi är gowy çopanyň göreldesine eýerip, maşgala agzalaryna nädip söýgüsini bildirip biler?

7 Gowy çopan goýunlaryny söýýär. Injilde Isanyň durmuşy we gulluk edişi barada okanymyzda, onuň şägirtlerine bolan söýgüsine minnetdarlygymyz artýar. Hatda ol «goýunlary üçin janyny pida etdi». Ärler Isanyň göreldesine eýerip, maşgala agzalaryny gowy görmeli. Hudaýyň merhemetini gazanmak isleýän ärler aýalyna gödeklik bilen agalyk etmän, gaýtam, «Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly», aýalyny söýýär (Efes. 5:25). Ol aýalyny sylap, mähirli we sypaýy gepleşmeli (1 Pet. 3:7).

8 Maşgalabaşy çagalaryny terbiýelände, Hudaýyň prinsiplerine berk eýermeli. Ýöne ol çagalaryna söýgüsini bildirmeli. Terbiýäni söýgi bilen bermeli. Käbir çagalara beýleki çagalara garanyňda, olardan näme talap edilýändigine düşünmek üçin köpräk wagt gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda kakasy köp sabyrly bolmaly. Maşgalabaşy Isanyň göreldesine hemişe eýerse, maşgalasy agzybir we bagtly bolar. Onuň maşgalasy mezmurçynyň aýdyşy ýaly, ruhy taýdan howpsuz ýaşar (Zebur 23:1—6-njy aýatlary okaň).

9. Mesihçi maşgalabaşylaryň Nuh pygamberiňki ýaly nähili borjy bar we ony ýerine ýetirmäge näme kömek eder?

9 Mesihçi maşgalabaşylara Nuh pygamber hem gowy görelde görkezdi. Ol öz döwrüniň soňky günlerinde ýaşaýardy. Emma Ýehowa «Nuhy, beýleki ýedi adamy» halas etdi (2 Pet. 2:5). Nuh maşgalasynyň Tupanda diri galmagyna jogapkärdi. Şu soňky günlerde mesihçi maşgalabaşylaryň hem şeýle borjy bar (Mat. 24:37). Şonuň üçin olara «gowy çopanyň» göreldesini öwrenmek we oňa eýermek örän wajyp!

«Öýüni dikýän» — aýallar

10. Aýal üçin ärine tabyn bolmak näme aňladýar?

10 Pawlus resul: «Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň» diýip ýazdy (Efes. 5:22). Bu maslahat aýalyň mertebesini peseltmeýär. Başda hak Hudaý How enäni ýaradanda: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi (Gel. çyk. 2:18). Ärine maşgalasynyň aladasyny etmäge «kömekçi» bolmak, aýal üçin uly hormat.

11. Göreldeli aýal nädip «öýüni dikýär»?

11 Göreldeli aýal maşgalasynyň bähbidi üçin zähmet çekýär (Süleýmanyň tymsallary 14:1-i okaň). Akmak aýal maşgalabaşa hormat goýmaýar, akyldar aýal bolsa, ony sylaýar. Ol dünýädäki gulak asmazlyk we özbaşdaklyk ruhuna eýermän, ärine tabyn bolýar (Efes. 2:1). Akmak aýal ärine hapa sözleri aýtmaga çekinmeýär, akyldar aýal bolsa, çagalary we başga adamlar ärini sylar ýaly jan edýär. Paýhasly aýal ärine iňirdemän we onuň bilen jedelleşmän, abraýyny gaçyrmaýar hem-de baştutanlygyna hormat goýýar. Muňa pul meselesi hem degişli. Akmak aýal maşgalasynyň agyr zähmet bilen gazanan girdejisini biderek harç edýär. Paýhasly aýal bolsa, beýle etmeýär. Ol bir zat satyn aljak bolanda, äri bilen maslahatlaşýar. Şeýdip, ol paýhaslydygyny we tygşytlydygyny görkezýär. Ol ärini iş wagtyndan daşary işlemäge mejbur etmeýär.

12. Maşgalasynyň «oýa bolmagy» üçin, aýal näme edip biler?

12 Göreldeli aýal maşgalasy «oýa bolar» ýaly, Ýehowa barada çagalaryna öwretmäge ärine kömek edýär (Sül. tym. 1:8). Ol maşgala okuwyny geçmegi yhlas bilen goldaýar. Şeýle-de, ol ärini çagalaryna maslahat we terbiýe berende goldaýar. Göreldeli aýal ärini goldamaýan we çagalary beden hem ruhy taýdan ejir çekýän aýaldan, gör nähili tapawutlanýar!

13. Näme üçin aýal ýanýoldaşyny ýygnagyň işlerine yhlasly gatnaşar ýaly, goldamaly?

13 Ärini goldaýan aýal, ýanýoldaşynyň mesihçiler ýygnagynda yhlasly gulluk edýändigini görüp, özüni nähili duýýar? Elbetde, begenýär! Ýanýoldaşy gulluk kömekçisi, ýygnagyň ýaşulusy, Keselhanalar bilen aragatnaşyk saklaýan komitetiň ýa-da Regional gurluşyk komitetiň agzasy bolsa, onuň ýerine ýetirýän işleri üçin begenjiniň çägi bolmaýar. Ärini sözi we iş ýüzünde yhlasly goldamak üçin, ol janyny aýamaýar. Emma ol äriniň guramanyň we ýygnagyň işlerine yhlasly gatnaşyp, bütin maşgalasyna ruhy taýdan oýa bolmaga ýardam edýändigine düşünýär.

14. a) Ärini goldar ýaly, aýala haçan kyn bolup biler we ol bu kynçylygy nädip ýeňip biler? b) Aýal bütin maşgalasynyň agzybirligine nädip ýardam edýär?

14 Aýal äriniň gelen karary bilen ylalaşmasa, ony goldamak kyn bolmagy mümkin. Hatda şonda-da ol «ýumşak, ýuwaş ruhly» bolup, onuň karary amala aşar ýaly goldaýar (1 Pet. 3:4). Şeýle-de gowy aýal gadymy döwürdäki Sara, Rut, Abigail we Isanyň ejesi Merýem ýaly hudaýhon aýallaryň göreldesine eýerýär (1 Pet. 3:5, 6). Ol häzirki «sylaga mynasyp» gartaşan aýallaryň göreldesine hem eýerýär (Titus 2:3, 4). Göreldeli aýal ärine hormat goýup we söýüp, nikasyny berkidýär hem bütin maşgalasynyň agzybirligine ýardam edýär. Onuň öýi rahat we howpsuz ýer bolýar. Ruhy taýdan ýetişen dogan goldaýan aýalynyň gadyryny bilýär! (Sül. tym. 18:22).

Ýaşlar, «görünmeýän zatlara serediň»

15. Çagalar ata-eneleri bilen maşgalasynyň ruhy taýdan «oýa bolmagy» üçin nädip goşandyny goşup biler?

15 Çagalar ata-eneleri bilen maşgalasynyň ruhy taýdan «oýa bolmagy» üçin nädip goşandyny goşup biler? Ýehowanyň size berjek sylagy hakynda oýlanyň. Belki, ata-eneňiz size çagalykdan Jennetiň suratyny görkezendir. Siz ulaldygyňyzça, täze dünýädäki ebedi ýaşaýşy göz öňüne getirip biler ýaly, olar Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary ulanandyr. Ýehowa gulluk etmäge bar ünsüňizi berip, şoňa görä ýaşasaňyz, «oýa bolarsyňyz».

16, 17. Ýaşlara ýaşaýyş ýolunda ylgamaga näme kömek eder?

16 Pawlus resulyň 1 Korintoslylar 9:24-de (okaň) ýazylan sözlerine çynlakaý garalyň. Ýaşaýyş ýolunda baýrak almak niýeti bilen ylgaň. Ebedi ýaşaýyş sylagyny berýän ýoly saýlaň. Mesihçileriň köpüsi baýlyga kowalaşyp, baýrakdan gözüni sowdy. Bu nähili akmaklyk! Adam baýlyga kowalaşyp, bagtly bolmaýar. Pula satyn alynýan zatlar wagtlaýynça. Sen bolsa, «görünmeýän zatlara seret». Näme üçin? Sebäbi «görünmeýän zatlar ebedidir» (2 Kor. 4:18).

17 «Görünmeýän zatlara» Patyşalygyň bereketleri degişli. Şol bereketleri almak üçin ýaşa. Ýehowa gulluk etseň, hakykatdanam, bagtly bolarsyň. Hak Hudaýa gulluk edeniňde, gysga hem uzak wagtda ýetilýän maksatlary goýa. Ýetip bolýan maksatlary goýsaň, bar ünsüň bilen Ýehowa gulluk edersiň we ebedi ýaşaýyş baýragyndan gözüňi sowmarsyň (1 Ýahýa 2:17).

18, 19. Ýaşlar Ýehowa bilen gatnaşygyny berkider ýaly, nämäni ýüregine düwmeli?

18 Ýaşlar, ýaşaýyş ýolunda birinji ädimi ätmek üçin, Ýehowa bilen gatnaşygy ösdüriň. Munuň üçin näme etmeli? Özüňize şeýle soraglar beriň: «Men ruhy taýdan ýetişen adammy ýa-da ata-enem üçin Hudaýa gulluk edýärinmi? Men Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýärinmi? Yzygider doga edip, şahsy okuw geçip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, wagyz edip, Hudaýa yhlasly gulluk etmäge tagalla edýärinmi? Hudaýa ýakynlaşyp, onuň bilen dostlaşýarynmy?» (Ýakup 4:8).

19 Musa pygamberiň mysalyna seredeliň. Musa başga medeniýetde terbiýe alsa-da, Ýehowa bilen gatnaşygyny berkitdi (Ýewreýler 11:24—27-nji aýatlary okaň). Ol Hudaý bilen dostlugyny wajyp hasaplaýardy. Musa faraonyň gyzynyň ogly hökmünde tanalmagy däl-de, Ýehowanyň gullukçysy bolmagy saýlady. Ýaş mesihçilerem Ýehowa wepaly gulluk etmegi ýüregine düwmeli. Şeýtseň, sen, hakykatdanam, bagtly bolarsyň, häzirden gowy ýaşarsyň we «soňsuz ýaşaýşa eýe bolarsyň» (1 Tim. 6:19).

20. Ýaşaýyş ýolunda ylgaýanlardan kim baýrak alar?

20 Gadymy döwürde ýaryşda ylgaýanlaryň diňe biri baýrak alýardy. Ýaşaýyş ýolunda ylganyňda bolsa, beýle bolmaýar. Sebäbi Hudaý: «Bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Tim. 2:3, 4). Senden öň we seniň bilen ylgaýanlaryň köpüsi üstünlik gazandy (Ýew. 12:1, 2). Hyjuwly ylgaýanlaryň hemmesi baýrak alar. Baýrak almagy berk ýüregiňe düw!

21. Indiki makalada nämä serederis?

21 «Ýehowanyň uly we aýylganç güni» hökman geler (Mal. 4:5). Ol gün mesihçi maşgalalar üçin duýdansyz bolmaly däl. Mukaddes Ýazgylara esaslanan borçlaryny maşgalanyň ähli agzalary ýerine ýetirmeli. Siz ruhy taýdan oýa bolup, Hudaý bilen gatnaşygyňyzy berkider ýaly, ýene näme edip bilersiňiz? Indiki makalada maşgalaňyzyň ruhy taýdan berk bolmagyna ýardam edýän üç zada serederis.

a «Garawul diňiniň» 15.11.2010 ý. 12—16-njy sah; 15.07.2004 ý. 21—23-nji sah. (rus.) seret.

Siz näme öwrendiňiz?

• Mesihçi maşgalalar näme üçin «oýa bolmaly»?

• Maşgalabaşy gowy çopanyň göreldesine nädip eýerip biler?

• Göreldeli aýal ärini nädip goldap biler?

• Çagalar maşgalasy oýa bolar ýaly, nädip goşandyny goşup biler?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş