«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
3—9 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 15, 16
«Dönüklik — duşmandan beter»
Dönüklik soňky günleriň alamaty!
4 Birinjiden, Deliläniň Şimşon kazyny aldaýşyna seredeliň. Şimşon Hudaýyň halkyny goramak üçin filistililere garşy söweşýärdi. Delile Şimşony ýürekden söýmeýärdi, filistilileriň bäş patyşasy bolsa Şimşony öldürmek isleýärdi. Olar Şimşonyň güýjüniň syryny bilmek üçin, Delilä köp pul hödürleýärler. Açgöz Delile olara kömek etmäge razy bolýar. Emma ol üç gezek soranda-da, Şimşonyň güýjüniň syryny bilmedi. Şonda Delile «ýalbaryp, sözleri bilen Şimşonyň ýüregine düşdi». Ol ahyry Şimşonyň «janyna degdi». Şimşon Delilä saçynyň hiç haçan kesilmändigini we ony kesseň, güýjüni ýitirjekdigini aýtdy. Delile syry bilip, Şimşony dyzynda ukladýar-da, bir adama saçyny kesdirýär. Soňra ol Şimşony duşmanlaryň eline berdi (Kaz. 16:4, 5, 15—21). Delile açgözlügi sebäpli ýakyn adamyna ikilik etdi. Onuň eden ikiligi diňe ýigrenç döredýär!
w05 15/1 sah. 27, abz. 5
Serdarlar kitabyndan peýdaly pikirler
14:16, 17; 16:16. Iňirdemek, nägile bolmak maşgalany dargadyp bilýär (Nakyllar 19:13; 21:19).
w12 15/4 sah. 11, 12, abz. 15, 16
Dönüklik soňky günleriň alamaty!
15 Är-aýal bir-birine wepaly bolmak üçin näme edip biler? Hudaýyň Sözünde: «Ýaşlykda öýleneniňe (öýlenen aýalyňa ýa durmuşa çykan äriňe) guwan» we «Söýgüli aýalyň (äriň) bilen durmuşyňa şatlan» diýilýär (Sül. tym. 5:18; Wag. 9:9). Ýyllar geçdigiçe, är-aýal bir-birine has-da ýakynlaşmaga hem ysnyşmaga çalyşmaly. Olara näme kömek eder? Är-aýal birek-birege mähirli bolup, bir-biriniň aladasyny etmeli hem-de bile wagt geçirmeli. Olar Ýehowa bilen dostlugyny hem-de maşgalasyny berkitmäge tagalla etmeli. Munuň üçin olar bilelikde Mukaddes Ýazgylary okamaly, bile yzygiderli wagyz etmeli hem-de bilelikde Ýehowa doga edip, ak patasyny dilemeli.
ÝEHOWA WEPALY BOLUŇ
16 Agyr günä eden ýygnak agzasyna «imanda sagdyn bolmagy üçin» berk käýinç berilýär (Titus 1:14). Käbirleri bolsa eden işine toba etmäni üçin gatnaşykdan kesildi. Şeýle «terbiýe» netijesinde, olar Ýehowa bilen dostlugyny dikeldip bildiler (Ýew. 12:11). Eger dogan-garyndaşymyz ýa-da ýakyn dostumyz gatnaşykdan kesilse, näme ederis? Diýmek, indi adama däl-de, diňe Ýehowa wepaly bolmagyň wagty. Ýehowa bizi synlap, gatnaşykdan kesilen islendik adam bilen gatnaşma diýen tabşyrygyny berjaý edişimizi görmek isleýär (1 Korintoslylar 5:11—13-nji aýatlary okaň).
Ruhy dürdäneler
w05 15/3 sah. 27, abz. 6
Şimşon Ýehowanyň güýji bilen ýeňiş gazandy
Şimşonyň maksady Hudaýyň halkynyň duşmanlaryny, ýagny piliştlileri ýok etmekdi. Şonuň üçin ol Gaza şäherindäki ahlaksyz aýalyň öýüne barýar. Ýöne Şimşonyň ahlaksyzlyk etmek niýeti ýokdy. Oňa duşmanlarynyň gözüne ilmez ýaly ýer gerekdi. Şimşon ýarygije ahlaksyz aýalyň öýünden çykyp gaýdýar. Ol galanyň derwezesini söýeleri bilen bile goparyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine alyp gidýär. Şimşon derwezäni egninde göterip, 60 km ýol ýöreýär. Ol muny Hudaýyň güýji bilen edýär (Serdarlar 16:1—3).
10—16 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 17—19
«Hudaýa gulak asmasak öküneris»
it «Mikaý»
Mikaý
1. Mikaý efraýymlardandy. Ol Ýehowanyň «ogurlyk etmäň» diýen tabşyrygyny bozýar (2Ms 20:15). Mikaý ejesinden 1 100 kümüş pul ogurlaýar. Ol etmişini boýun alyp, ogurlan kümüşlerini yzyna berýär. Şonda ejesi: «Men kümüşleri Ýehowa bagyş etjek. Ine olary yzyna saňa berýärin. Sen olardan oýma we guýma butlaryny ýasa» diýýär. Soňra ol 200 kümşi alyp, «oýma we guýma butlaryny» ýasar ýaly, zergäre berýär. Butlar ýasalansoň, olary Mikaýyň öýüne getirip goýýarlar. Mikaý taňrylaryna buthana gurup, öňlük tikýär we maşgala butlaryny ýasaýar, ogullarynyň birini bolsa ruhany edip belleýär. Ol Ýehowa sežde edýän ýaly görünse-de, Hudaýyň butlara tagzym etmäň diýen tabşyrygyny bozýar, mukaddes çadyryna hormat goýman, bellän ruhanylaryny äsgermezlik edýär (Ser 17:1—6; 2Ms 20:4—6; 5Ms 12:1—14). Günlerde bir gün Mikaýyň öýüne Musanyň ogly Gerşomyň neslinden Ýonatan gelýär. Ýonatan lewi bolany üçin, Mikaý ony hakyna tutup, ruhany edip belleýär we günä üstüne günä edýär (Ser 18:4, 30). Ol öz-özüni aldap: «Indi Ýehowa maňa ak pata berer, sebäbi ruhanym lewilerden» diýýär (Ser 17:7—13). Ýöne Ýonatan Harunyň neslinden däldi, şol sebäpli ruhany bolup gulluk edip bilmeýärdi (4Ms 3:10).
it «Mikaý»
Mikaý
Mikaý adamlary bilen danlaryň yzyndan kowalap başlaýar. Olaryň yzyndan ýetende, danlar: «Näme boldy?» diýip soraýarlar. Mikaý: «Siz meniň ruhanymy, ýasan taňrylarymy alyp gitdiňiz» diýýär. Şonda danlar Mikaý yzyna gaýtmasa, ony öldürjekdigini aýdýarlar. Danlardan ýeňiljekdigine gözi ýetip, ol öýüne gaýdýar (Ser 18:22—26). Danlar ýoluny dowam edip, Laýyşa barýarlar, halkyny gylyçdan geçirip, şäheri otlaýarlar. Soňra ony täzeden gurup, şäheriň adyna Dan goýýarlar. Danlar «Mikaýyň ýasan oýma butuny dikýärler». Ýonatan bilen ogullary bolsa olaryň ruhanysy bolup hyzmat edýär (Ser 18:27—31).
Ruhy dürdäneler
Hudaýyň Sözüniň täsirli terjimesi
6 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň adynyň bolmalydygyny görkezýän subutnamalar gitdigiçe köpelýär. «Täze dünýä terjimesiniň» 2013-nji ýylda çykan täzeden seredilen görnüşinde Hudaýyň ady 7 216 gezek ulanylyp, 1984-nji ýylda çykan neşirine garanyňda, 6 aýatda köp duş gelýär. Olaryň bäşisi Öli deňzinden tapylan golýazmalaryň esasynda 1 Şamuwel 2:25; 6:3; 10:26; 23:14, 16-njy aýatlarda dikeldildi. Bu golýazmalardan 1 000 ýyl öň bolan ýewreý masoret ýazgylarynda hem şol aýatlarda Hudaýyň ady duş gelýärdi. Şeýle-de gadymy golýazmalaryň öwrenilmegi netijesinde, Kazylar 19:18-de Hudaýyň ady ulanyldy.
17—23 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SERDARLAR 20, 21
«Ýehowadan görkezme soraň»
Kynçylyklara uçranyňyzda Pinehasyň göreldesine eýerermisiňiz?
Bir gezek Gibea şäherinde ýaşaýan benýamin taýpasynyň adamlary lewiniň gyrnagyny rehimsizlik bilen zorlap öldürýärler. Şonda beýleki taýpalar olar bilen söweşmek üçin aýaga galýarlar (Kaz. 20:1—11). Olar ýeňiş gazanmak barada Ýehowa doga edip, kömek soraýarlar. Emma iki sapar hem zyýan çekip, ýeňilýärler (Kaz. 20:14—25). Olar biderek ýere doga etdik diýdilermi? Ýehowa olaryň erbetligi ýok etmek üçin eden tagallasyny görmedimi näme?
Kynçylyklara uçranyňyzda Pinehasyň göreldesine eýerermisiňiz?
Biz bu wakadan näme öwrenip bileris? Ýaşulular ýygnakda bolýan kynçylyklary çözmek üçin elinde baryny edip, Ýehowa doga edýärler. Emma şonda-da käbir meseleler çözülmän galýar. Şeýle ýagdaýda olar Isanyň aýdan sözlerini unutmaly däl: «Diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar» (Luka 11:9). Dogalaryň jogaby gijikýän ýaly bolup görünse-de, gözegçi doganlar Ýehowanyň öz wagtynda jogap berjekdigine ynamly bolup bilerler.
Ruhy dürdäneler
nwt sözlük: «Sapan»
Sapan
Sapan. Daş atmak üçin deriden edilen enjam. Iki ýany işilen uzyn ýüpli bolupdyr. Daşy sapanyň ortasyna salýardylar. Iki ýüpüniň ujuny bir eliň bilen tutup, ýokarda batly aýlamalydy. Soňra daşy atmak üçin ýüpüň bir ujuny eliňden sypdyrmalydy. Gadymy döwürde goşunda sapan atýan esgerler bardy (Ser 20:16; 1Şm 17:50).
24—30 ÝANWAR
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RUT 1, 2
«Wepaly söýgi»
Ýehowanyň dostlaryndan görelde alyň
5 Elbetde, Rut yzyna Moaba dolanyp bilerdi. Sebäbi onuň ejesi we dogan-garyndaşlary şol ýerde ýaşaýardy hem-de oňa howandarlyk ederdi. Moab Rutuň dogduk mekany bolandygy üçin, ol şol ýeriň medeniýetini, dilini we halkyny gowy bilýärdi. Emma Nagomy oňa Beýtullahamyň medeniýetiniň, diliniň we halkynyň tapawutlanýandygyny aýtdy. Nagomy gelinlerini durmuşa çykaryp, öýli-işikli edip bilmejekdigini bilýärdi. Şol sebäpli ol Ruta Moabda galmagy maslahat berýär. Rut nähili karara geler? Ol «öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolanan» Orpa ýaly däldi (Rut 1:9—15). Rut ýalan taňrylara sežde edýän halkyna dolanmak isleýärdimi? Elbetde, ýok.
Ýehowanyň dostlaryndan görelde alyň
6 Belki, Ruta Ýehowa barada Nagomy ýa-da ýanýoldaşy Boaz aýdan bolmaly. Ýehowa moablylaryň ýalan taňrylary ýaly däldi. Rut Ýehowany söýmelidigini we diňe oňa sežde etmelidigini bilýärdi. Emma munuň üçin Hudaýy tanamak ýeterlikli däldi. Rut hereket etmelidi. Ol Ýehowany öz Hudaýy hasaplarmy? Rutuň paýhasly karara gelendigi Nagoma aýdan şu sözlerinden görünýär: «Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar» (Rut 1:16). Rut gaýynenesi Nagomynyň söýgi bilen aladasyny etse-de, onuň Ýehowa bolan söýgüsi has güýçlüdi. Şol sebäpli Boaz Ýehowanyň ganatlarynyň astynda pena gözlän Ruty öwdi (Rut 2:12-ni okaň). Muny jüýjäniň pena gözläp, towugyň ganatlarynyň astynda gizlenişine meňzetse bolýar (Zeb. 36:7; 91:1—4). Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem Ruta pena boldy. Ol Ruty iman edendigi üçin sylaglady. Rut gelen kararyna hiç haçan ökünmedi.
Ruhy dürdäneler
w05 1/3 sah. 27, abz. 1
Rut kitabyndan peýdaly pikirler
1:13, 21. Nagomyny Ýehowa betbagt etdimi? Ýok. Nagomy başyna düşen agyr günler hakda oýlanyp, Ýehowa maňa garşy çykdy diýse-de, Hudaýa nägilelik bildirmedi. Ol gaýgy-hasratdan ýaňa hemme zatdan göwni geçip, ruhdan düşüpdi. Şol döwürler çagaly bolmak Hudaýyň berekedi, perzentsiz dünýäden ötmek bolsa, Hudaýyň gargyşy hasaplanýardy. Nagomynyň iki ogly aradan çykypdy, üstesine-de agtygy ýokdy. Şonuň üçin ol: «Men masgara boldum! Ýehowa maňa garşy çykdy» diýip pikir edendir.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Hakyky maşgala nähili bolýar?
ia bap 5, abz. 5—9
«Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»
5 Rut arpa dänelerini döwüp, olaryň ählisini üýşürende, 14 kilograma golaý bolýar. Gün ýaşanda bolsa ol ony düwünçege düwýär-de, kellesine goýup, Beýtlahama tarap gidýär (Rut 2:17).
6 Nagomy gelniniň gelýänini görüp begenýär we onuň şeýle köp arpa dänelerini getirendigine haýran galýar. Şeýle-de Rut Bowazyň işçilerine beren çöreginden gaýyn enesine-de getirip, ony bile iýýär. Nagomy oňa: «Bu gün hoşany nireden çöplediň? Nirede işlediň? Sen barada aladalanan bu adamy Hudaý ýalkasyn» diýdi (Rut 2:19). Nagomy örän ünsli aýaldy. Ol Rutuň getiren arpasyny görüp, kimdir biriniň oňa ýagşylyk edendigini aňýar.
7 Rut bilen Nagomy Bowazyň eden ýagşylygy barada gürrüň edýär. Nagomy oňa ýene-de: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn!» diýdi (Rut 2:20). Nagomy Bowazyň eden ýagşylygynyň Ýehowadandygyny bilýär. Sebäbi Ýehowa gullukçylaryny jomart bolmaga höweslendirýär we olara eden ýagşylygy üçin bereket berjekdigini wada berýär (Süleýmanyň tymsallary 19:17-ni oka).
8 Nagomy Ruta Bowazyň maslahatyna eýerip, orakçylar oňa azar bermez ýaly, ekin meýdanlarynda işlemegi we gelin-gyzlarynyň ýanynda bolmagy ündedi. Rut onuň aýdanlaryny edip, «gaýyn enesi bilen bile ýaşaberdi» (Rut 2:22, 23). Bu sözlerden ýene-de Rutuň wepaly söýgüsini görýäris. Rutuň göreldesinden biz maşgala agzalarymyzyň gadyryny bilip, olary kyn günlerinde goldamagy öwrenýäris. Ýehowa şeýle wepaly söýgini hiç haçan unutmaýar.
9 Rut bilen Nagomy, hakykatdanam, bir maşgaladymy? Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, «hakyky» maşgalada: är-aýal, ogul-gyz, mama-baba we başga-da adamlar bolmaly. Emma Rutuň we Nagomynyň mysalyndan görşümiz ýaly, kiçijik maşgalada hem bir-birine söýgi we mähir bildirilse, oňa hakyky maşgala diýip bolar. Sen maşgalaň gadyryny bilýärmiň? Isa şägirtlerine kimiň maşgalasy bolmasa, mesihçiler ýygnagyny öz maşgalasy hasaplamalydygyny aýtdy (Mar. 10:29, 30).
31 ÝANWAR—6 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | RUT 3, 4
«Ýagşy at gazanyň»
ia bap 5, abz. 18
«Päk aýal»
18 Bowazyň mähirli sözleri Ruta göwünlik berýär. Ol: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň» diýýär (Rut 3:10). Rutuň «ozalky» görkezen wepaly söýgüsi Nagomy bilen Ysraýyla gelip, onuň aladasyny edýändigini aňladýar. Onuň «soňky» görkezen wepalylygy özüniň hem Nagomynyň ýoldaşynyň adynyň ýitmezligi üçin, ýaşuly Bowaza durmuşa çykmaga razy bolandygyny aňladýar. Bowaz Rut ýaly ýaş gelniň baý ýa-da garyp ýaş ýigitleriň arasyndan özüne ýanýoldaş tapyp biljekdigini bilýärdi. Rut muny diňe bir Nagomy üçin däl, eýsem, gaýyn atasynyň adynyň ýitmezligi we mülküniň elden gitmezligi üçin etdi. Bowaz ýaş gelniň diňe öz aladasyny etmeýändigine göz ýetirdi.
ia bap 5, abz. 21
«Päk aýal»
21 Bowazyň: «Ähli adamlar seniň päk aýaldygyny bilýär» diýen sözleri Ruty, gör, nähili ruhlandyrandyr! Onuň Ýehowany tanamagy we oňa gulluk etmegi abraýyny hasam artdyrdy. Ol Nagoma we onuň halkyna ýagşylyk edip, hormat goýdy hem-de nätanyş däp-dessurlara höwes bilen eýerdi. Bizem adamlara we olaryň däp-dessuryna hormat goýsak, Rutuň imanyndan görelde alarys. Şeýdip, biz gowy abraý gazanarys.
ia bap 5, abz. 25
«Päk aýal»
25 Bowaz Ruta öýlenensoň, «Rut Rebbiň merhemeti bilen göwreli boldy we bir ogul dogurdy». Beýtlahamdaky aýallar Nagomy üçin ýedi oguldan hem artyk bolan Ruty öwüp, alkyş aýdýarlar. Biz Rutuň oglunyň Dawut patyşanyň atasy bolandygyny bilýäris (Rut 4:11—22). Isa Mesih hem Dawudyň neslinden dogulýar (Mat. 1:1).
Ruhy dürdäneler
w05 1/3 sah. 29, abz. 3
Rut kitabyndan peýdaly pikirler
4:6. Hossarlyk etmäge haky bolan adam nädip «öz mirasyna zyýan ýetirýärdi»? Eger ysraýyllardan biri garyp düşüp, mülküni satsa, ýakyn hossary onuň ýerini yzyna satyn almalydy. Ol Azatlyk ýylyna çenli alynjak hasylyň bahasyny tölemelidi (3 Musa 25:25—27). Şeýdip, ol çykdajy edip, zyýan çekýärdi. Mundan başga-da, ýakyn hossary satyn alan mellegini öz ogullaryna däl-de, Rutuň ogly bolaýsa, şoňa bermelidi.
7—13 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 1, 2
«Ýehowa ýüregiňizi döküň»
ia bap 6, abz. 12
Ol Hudaýa doga edip, ýüregini dökdi
12 Hanna şeýle doga edip, Hudaýyň gullukçylaryna gowy görelde görkezdi. Çaganyň ene-atasyna doly bil baglaýşy ýaly, Ýehowa-da ähli gullukçylarynyň oňa ýüregini dökmegini isleýär (Zebur 62:8; 1 Selanikliler 5:17-nji aýatlary oka). Petrus resul hem doga barada «ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» diýen teselli beriji sözleri aýtdy (1 Pet. 5:7).
Hannanyň kalby rahatlanýar
Hannadan näme öwrenýäris? Biz Ýehowa ähli gaýgy-aladamyzy, duýgularymyzy, ýürek derdimizi açyk aýtmaly we kömek soramaly. Eger käbir kynçylyklar aýrylmaýan bolsa, onda ähli zady Ýehowa tabşyrmaly. Şeýtsek, kalbymyz rahat bolar (Nakyllar 3:5, 6).
Ruhy dürdäneler
w05 15/3 sah. 21, abz. 5
Birinji Şamuwel kitabyndan peýdaly pikirler
2:10. Ysraýylda patyşa bolmasa-da, Hanna näme üçin Ýehowa «öz bellän patyşasyny» güýçlendirer diýip doga etdi? Musanyň kanunynda Ysraýylda patyşanyň boljakdygy hakda pygamberlik edilipdi (5 Musa 17:14—18). Ýakup pygamber hem ölüm ýassygynda ýatyrka şeýle diýdi: «Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez» (1 Musa 49:10). Şeýle-de Ýehowa Bibisaradan «patyşalaryň dörejekdigini» aýtdy (1 Musa 17:16). Diýmek, Hanna gelejekki patyşa hakda doga etdi.
14—20 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 3—5
«Ýehowa aladaçyl Hudaý»
Gudratygüýçli, ýöne aladaçyl
3 Şamuwel çadyrda Ýehowa gulluk edip başlanda, gaty ýaşdy (1 Şam. 3:1). Bir gün agşam ol ýatjak bolup ýerine geçende, bir täsin zat bolýar. Ol biriniň öz adyny tutup çagyrýandygyny eşidýär (1 Şamuwel 3:5, 10-njy aýatlary okaň). Şamuwel oňa baş ruhany Eliýdir öýdüp, onuň ýanyna ylgap barýar-da: «Ine, men geldim» diýýär. Eliý ony çagyrmandygyny aýdýar. Bu ýagdaý ýene iki gezek gaýtalananda, Eliý Şamuweli Hudaýyň çagyrýandygyna düşünýär. Şonuň üçin ol oglanjygy ýanyna çagyryp, ýene şeýle sesi eşitse, näme diýmelidigini aýdýar. Şamuwel onuň aýdanyna gulak asýar. Eýsem, Ýehowa näme üçin birinji gezekde Şamuwele özüniň kimdigini aýan etmedikä? Mukaddes Ýazgylarda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Emma Ýehowa şeýle etmek bilen, ýaşajyk Şamuweliň duýgusyny göz öňünde tutýandygyny görkezdi. Nädip?
Gudratygüýçli, ýöne aladaçyl
4 1 Şamuwel 3:11—13-nji aýatlary okaň. Ýehowanyň Kanunynda çagalaryň garry adamlara, esasan-da, halkyň ýolbaşçylaryna hormat goýmalydygy barada tabşyryk bardy (Müs. çyk. 22:28; Lew. 19:32). Ýaşajyk Şamuweliň ir bilen turup, batyrgaýlyk bilen Eliýä Hudaýyň höküm habaryny aýdyşy göz öňüňize gelýärmi? Elbetde, muny göz öňüne getirmek kyn bolsa gerek. Sebäbi Ýazgylarda: «Şamuwel bu gören görnüşini Eliýä duýdurmakdan gorkýardy» diýilýär. Emma Hudaý Eliýä Şamuweli çagyrandygyny aýan edipdi. Şonuň üçin Eliý Şamuweli ýanyna çagyryp: «Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizleme» diýýär. Şonda Şamuwel oňa «hemmesini bolşy ýaly... gürrüň berýär».
Ruhy dürdäneler
w05 15/3 sah. 21, abz. 6
Birinji Şamuwel kitabyndan peýdaly pikirler
3:3. Şamuwel Ýehowanyň çadyrynyň iň mukaddes otagynda ýatdymy? Ýok. Şamuwel lewi taýpasynyň kohatlar tiresindendi. Kohatlar bolsa ruhany bolup gulluk etmeýärdi (1 Taryh 6:33—38). Şamuwel hem «mukaddes zatlara» seredip bilmeýärdi (4 Musa 4:17—20). Şol sebäpli ol mukaddes çadyryň howlusynda ýatan bolmaly. Aly ruhany hem şol ýerde ýatan bolmagy mümkin. Aýatda «äht sandygy goýlan ybadathana» diýlende, tutuş mukaddes çadyr göz öňünde tutulýar.
21—27 FEWRAL
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 6—8
«Siziň patyşaňyz kim?»
it «Hudaýyň Patyşalygy»
Hudaýyň Patyşalygy
Ysraýyllar patyşa talap edýär. Ysraýyllaryň Müsürden çykanyna 400 ýyl bolupdy. Ýehowanyň Ybraýym pygamber bilen äht baglaşanyna bolsa 800 ýyl geçipdi. Şonda ysraýyllar beýleki halklarda bolşy ýaly, özlerine patyşa talap edip başladylar. Şeýdip, Ýehowanyň höküm sürmegini islemeýändigini görkezdiler (1Şm 8:4—8). Elbetde, halk Ýehowanyň Ybraýym we Ýakup pygambere beren wadasyna görä patyşalygy döretjekdigine garaşandyr. Şeýle-de Ýakubyň ölüm ýassygynda ýatyrka, Ýahuda hakda aýdan pygamberligi olary patyşa talap etmäge höweslendirendir (1Ms 49:8—10). Halk Ýehowanyň Sinaý dagynda aýdan sözlerini, Kanundaky käbir tabşyryklaryny we Bilgama aýtdyran pygamberligini göz öňünde tutup, patyşa talap etmäge hakymyz bar diýip pikir edendir (2Ms 19:3—6; 4Ms 24:2—7, 17; 5Ms 17:14, 15). Şamuwel pygamberiň ejesi Hannanyň eden dogasyndan hem patyşanyň boljakdygyna umyt edendigini bilse bolýar (1Şm 2:7—10). Nähili bolaýanda-da, Ýehowa patyşalygy hakdaky «mukaddes syry» doly açmandy, ýagny ony haçan, nädip we nirede döretjekdigini aýtmandy. Şonuň üçin özdiýenli ysraýyllaryň patyşa talap etmegi nädogrudy.
ia bap 8, abz. 18
Ol lapykeçlige döz geldi
18 Şamuwel Ýehowa doga edensoň, onuň näme jogap berendigine üns ber. Ýehowa: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler» diýdi. Ysraýyllylar Gudratygüýçli Hudaýdan ýüz öwürdi. Bu Şamuwel pygambere biraz göwünlik berdi. Ýehowa ysraýyllylara patyşa saýlasalar, onuň nähili düzgünleri ýöretjekdigini duýdurýar. Ýehowanyň Şamuwel arkaly duýdurandygyna garamazdan, olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun!» diýdiler. Şamuwel Ýehowanyň aýdan sözlerine gulak asyp, olara Hudaýyň saýlan patyşasyny belledi (1 Şam. 8:7—19).
Ýehowa iň gowy Hökümdar!
9 Taryh Ýehowanyň sözleriniň dogrudygyny subut etdi. Ysraýyl halky ynsan hökümeti zerarly, ylaýta-da, Hudaýa biwepa adamlar höküm sürende, agyr kynçylyklara duçar boldular. Ysraýyllylar bilen bolan wakany göz öňüne tutsak, Ýehowany tanamaýan adamlar höküm sürende, hiç haçan gowy netije bermändigi geň galdyrmaýar. Hawa, käbir syýasatçylar Hudaýa parahatlyk we howpsuzlyk barada dileg edýär, ýöne Hudaý hökümdarlygyna tabyn bolmaýan adama bereket berermi? (Zeb. 2:10—12).
Ruhy dürdäneler
w02 1/4 sah. 12, abz. 13
Näme üçin suwa çümdürilmeli?
13 Adam Ýehowanyň Şaýady hökmünde suwa çümdürilmänkä erbet ýolundan ýüz öwürmeli, ýagny dönmeli. Isanyň şägirdi bolmak isleýänler muny höwes bilen edýärler. Olar erbet işlerini goýup, Hudaýa ýaraýan işleri edýärler. Mukaddes Kitapdaky «dönmek» diýip terjime edilen ýewreý we grek işlikleri «öwrülmegi», «yzyňa aýlanmagy», «dolanmagy» aňladýar. Adam erbet ýolundan dönüp, Hudaýa dolanýar, başgaça aýdanyňda, oňa tarap öwrülýär (1 Patyşalar 8:33, 34). Hudaýa dolanýan adam toba etmeli we «şoňa laýyk işleri etmeli» (Resullar 26:20). Munuň üçin ýalan däp-dessurlary goýmaly, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşap, oňa ýürekden wepaly bolmaly (5 Musa 30:2, 8—10; 1 Şamuwel 7:3). Erbet ýolundan dönýän adamyň garaýşy, maksatlary düýbünden üýtgeýär (Hyzkyl 18:31). Ol erbet häsiýetlerini goýup, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürýär (Resullar 3:19; Efesliler 4:20—24; Koloslylar 3:5—14).
28 FEWRAL—6 MART
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 9—11
«Şawul tagta çykanda pespäldi»
Hudaýa pesgöwünlilik bilen gulluk ediň!
11 Geliň, Şawul patyşa bilen bolan waka hakda oýlanalyň. Ol örän pespäl ýigitdi. Hemişe öz çägini bilerdi we jogapkärli borçlary almaga ýaýdanardy (1 Şam. 9:21; 10:20—22). Emma Şawul tagta geçenden soňra kem-kemden tekepbir bolup başlaýar. Bir güni onuň Şamuwel pygambere garaşmaga sabyr-takaty ýetmeýär. Şawul pespäl bolmalydy we Ýehowanyň öz halkyny gorajakdygyna ynanmalydy. Emma ol özüne tabşyrylmadyk işi etdi, ýagny ýakma gurbanlygyny berdi. Netijede, Şawul Ýehowanyň gaharyny getirdi we patyşalyk tagtyny ýitirdi (1 Şam. 13:8—14). Şu wakadan biz tekepbir bolmagyň howpludygyny bildik.
Janaýamazlyk ruhuny ösdürmäge hiç zat päsgel bermesin!
8 Tekepbirlik möwç alanda, janaýamazlyk ruhuna orun galmaýar. Muny Şawul patyşa bilen bolan waka aýdyň görkezýär. Ol patyşa edip bellenende kiçigöwünlidi (1 Şam. 9:21). Hatda käbirleri Şawula garşy çykanlarynda, ol Ýehowanyň bellän patyşasy hökmünde olary jezalandyryp bilerdi, emma ol beýle etmedi (1 Şam. 10:27). Şeýle-de Şawul patyşa ammonlara garşy söweşde Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerdi we ýeňiş gazananda kiçigöwünlilik bilen Ýehowany şöhratlandyrdy (1 Şam. 11:6, 11—13).
w95 15/12 sah. 10, abz. 1
Gadyrbilmez ammonlar
Ammonlar Ýehowanyň ýagşylygyna gaýta-gaýta ýamanlyk bilen jogap berdiler. Ýehowa hem muňa göz ýummady. Ammonlaryň patyşasy Nahaşyň sözlerini «eşiden Şawulyň üstüne Hudaýyň ruhy indi. Ol gahar-gazaba mündi». Ýehowanyň goldawy bilen Şawul 330 000 batyr esgerini ýygnap, duşmanlary derbi-dagyn etdi (1 Şamuwel 11:6, 11).
Ruhy dürdäneler
ia bap 8, abz. 19, 20
Ol lapykeçlige döz geldi
19 Şamuwel pygamber Hudaýa nädip gulak asdy? Ol onuň tabşyrygyny göwünli-göwünsiz ýerine ýetirdimi? Ol lapykeçlikden ýaňa öýke-kine sakladymy? Adamlaryň köpüsi Şamuweliň ýagdaýyna düşen bolsa, şeýle ederdi. Emma ol beýle etmedi. Ol Şawuly patyşa edip belledi we ony Ýehowanyň saýlandygyny yglan etdi. Ol Şawuly ogşap, ony täze patyşa hökmünde ýürekden kabul edýändigini görkezdi. Şeýle-de ol halka ýüzlenip: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi (1 Şam. 10:1, 24).
20 Şamuwel pygamber Ýehowanyň saýlan patyşasynyň kemçiliklerine däl-de, gowy häsiýetlerine üns berýärdi. Ol durnuksyz adamlara ýaranjak bolman, hemişe Ýehowanyň göwnünden turmak isleýärdi (1 Şam. 12:1—4). Ol öz borjuny birkemsiz ýerine ýetirýärdi we Hudaýyň halkyna ruhy taýdan abanýan howplar barada duýduryp, Ýehowa wepaly gulluk etmäge höweslendirýärdi. Adamlar Şamuweliň maslahatyna gulak asyp, özleri üçin doga etmegi haýyş etdiler. Şamuwelem olara: «Siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek» diýip jogap berdi (1 Şam. 12:21—24).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
«Nädip ökdelik bilen tälim bermeli?»
w15 15/4 sah. 6, 7, abz. 16—20
Ýaşulular, siz doganlary jogapkärli borçlary almaga taýýarlaýarsyňyzmy?
16 Sowuk-sala däl-de, höwes bilen kömek ediň. Şamuwel pygamber ysraýyllylaryň patyşa talap edýändigini eşidende gynanyp, özüni dereksiz duýdy (1 Şam. 8:4—8). Ol şeýle bir lapykeç boldy welin, Ýehowa oňa ysraýyllylaryň haýyşyny bitirmegini üç sapar aýtdy (1 Şam. 8:7, 9, 22). Emma Şamuwel öz ýerini aljak adama ýüreginde ýigrenjiň kök urmagyna ýol bermedi. Ol Şawuly mesh etmeli bolanda, muny sowuk-sala däl-de, höwes bilen etdi.
17 Şu günler tejribeli ýaşulular Şamuwelden görelde alyp, doganlara mähir bilen kömek edýärler (1 Pet. 5:2). Olar ýygnakda ýerine ýetirýän borçlaryny doganlara bermekden gorkmaýarlar we olara ruhy taýdan ösmäge kömek edýärler. Şeýle mugallymlar göripçilik etmeýärler we okuwçylaryny bäsdeşi hasaplamaýarlar. Gaýtam, olara «işdeşler» we ýygnagyň gymmatly hazynalary hökmünde garaýarlar (2 Kor. 1:24; Ýew. 13:16). Şeýle kiçigöwünli mugallymlar ukyply okuwçylarynyň ýygnaga peýdasynyň degýändigini görüp begenýärler (Res. iş. 20:35).
18 Diňe bir mugallym däl-de, hakyky dost boluň. Şamuwel pygamber Şawuly gören badyna, onuň başyna derrew ýag çalyp, ugradyp bilerdi. Ol patyşa bellense-de, borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýar bolardymy?! Emma pygamber dost hökmünde wagt tapyp, Şawulyň ýüregini ýuwaş-ýuwaşdan taýýarlaýar. Olar tagamly nahar iýip, gezelenç we gürrüňdeşlik edip, gowy dynç alýarlar. Soňra pygamber Şawuly mesh edip, patyşa belleýär.
19 Mugallym hem okuwçyny taýýarlamak üçin, ilki, amatly şertleri döretmeli we onuň bilen dostlaşmaly. Ýaşulularyň şeýle gatnaşyklary ýola goýmak üçin edýän tagallalary her ýurtda dürli-dürli bolup biler. Elbetde, olar ýerli ýagdaýy we medeniýeti göz öňünde tutmaly. Ýöne ýaşulular haýsy ýurtda ýaşasa-da, näçe başagaý bolsa-da, okuwçysyna wagt sarp etse, oňa: «Sen meniň gadyrly dostum» diýen ýaly bolardy (Rimliler 12:10-y okaň). Şonda okuwçylar özüni gerekli duýup, höwes bilen öwrenerler.
20 Ýaşulular, siz gowy mugallymyň diňe bir öwretmek bilen çäklenmän, okuwçysyny söýýändigini unutmaň (Ýahýa 5:20-ni deňeşdiriň). Mugallymynyň söýgüsini duýýan okuwça öwrenmek aňsat bolar. Gadyrly ýaşulular, dogany taýýarlanyňyzda, diňe bir mugallym bolman, hakyky dost boluň (Sül. tym. 17:17; Ýahýa 15:15).