Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/3 sah. 12—16
  • Ýehowa biziň perýadymyzy eşidýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa biziň perýadymyzy eşidýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa biziň gam-gussamyza düşünýär
  • Ýehowa bil bagla
  • Bize näme güýç berer
  • Ähli ejirlerden azat bolmak
  • Bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowa doly bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Gaýgy-aladany ýeňmegiň syry
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýehowa gadymy döwürde nädip «halas» etdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/3 sah. 12—16

Ýehowa biziň perýadymyzy eşidýär

«Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» (ZEB. 34:15).

1, 2. a) Şu günler köp adamlar özüni nähili duýýar? b) Näme üçin bu bizi geň galdyrmaýar?

SEN özüňi hemme taraplaýyn aladalar basýan ýaly duýýarmyň? Eger duýýan bolsaň, onda sen ýeke däl. Millionlarça adamlar her gün şu zalym dünýäniň aladalary bilen göreşýär. Käbir adamlarda çydar ýaly güýç galmady. Olar özüni mezmurçy Dawut ýaly duýýarlar, ol şeýle ýazdy: «Takatdan düşdüm, çendenaşa owrandym; ýüregimiň iňňildisinden uwlaýaryn. Ýüregim tarsyldaýar, ysgynym gaçdy; gözlerimiň nury-da galmady» (Zeb. 38:8, 10).

2 Biz, mesihçiler hökmünde, şu günler adamlaryň köpüsiniň jebir çekýändigine geň galmaýarys. Biz bu «burgularyň» Isanyň barlygy baradaky öňünden aýdylan alamatlaryň biridigine düşünýäris (Mar. 13:8; Mat. 24:3). «Burgy» diýip terjime edilen gadymy grek sözüniň manysy çaga doguranda aýalyň güýçli agyryny duýmagy bilen deňeşdirilýär. Bu söz häzirki «kyn» döwürde adamlaryň güýçli ejir çekişini nähili dogry beýan edýär! (2 Tim. 3:1).

Ýehowa biziň gam-gussamyza düşünýär

3. Hudaýyň halky nämä gowy düşünýär?

3 Ýehowanyň halky dünýädäki betbagtlyklaryň olara-da täsir etjekdigine, hatda ýagdaýyň has hem erbetleşjekdigine gowy düşünýär. Hudaýyň gullukçylary hökmünde biz diňe bir adamzadyň çekýän ejirlerinden başga-da, «ýagymyz bolan iblisiň» imanymyzy gowşatjak bolýan hüjüminden ejir çekýäris (1 Pet. 5:8). Biziň köpümiz Dawut ýaly: «Ryswalyk ýüregimi döwdi, men dertli; bir rehimlä garaşdym, emma ýokdy, göwünlik berijä garaşdym, emma tapmadym» diýip bileris! (Zeb. 69:20).

4. Sustubasyk ýagdaýda bize näme teselli berip biler?

4 Bu Dawudyň hiç hili umydynyň ýokdugyny aňladýarmy? Ýok. Onuň indiki aýdan mezmuryna üns beriň: «Reb mätäçler sözüni eşidýändir, Öz ýesir halkyny [tussagdaky gullukçylaryny] äsgermezlik edýän däldir» (Zeb. 69:33). Dogrudan-da, biz käte özümizi gam-gussadan ýaňa ýesir alnan ýaly duýýarys. Kämahal adamlar biziň ýagdaýymyza doly düşünmeýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Şeýle bolmagy-da ahmal. Ýöne bize-de Dawuda teselli berşi ýaly, Ýehowanyň duýgularymyza düşünýändigi teselli berip biler (Zeb. 34:15).

5. Süleýman patyşa nämä ynanýardy?

5 Dawudyň ogly Süleýman Iýerusalimdäki ybadathanany Hudaýa bagyş edende, bu barada doga edýär (2 Taryhlar 6:29—31-nji aýatlary okaň). Ol her bir akýürekli adamyň «betbagtlygy we derdi» barada doga edende, Ýehowanyň eşitmegini haýyş edýär. Hudaý ejir çekýän adamlaryň dogasyna nähili seslener? Süleýman Hudaýyň adamlaryň dogasyny diňe bir eşidýändigine däl, eýsem, olara kömek edýändigine ynanýardy. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa «adam ogullarynyň ýüregini bilýär».

6. Gam-gussamyza nädip hötde gelip bileris we näme üçin?

6 Biz hem öz «betbagtçylygymyz we derdimiz» bilen Ýehowa doga edip ýakynlaşyp bileris. Biziň çekýän gam-gussamyza onuň düşünýändigi we her birimiziň aladamyzy edýändigi nähili teselli berýär! Petrus resul mesihçilere: «Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň; sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» diýip maslahat berýär (1 Pet. 5:7). Dogrudan-da, Ýehowa biziň aladamyzy edýär. Isa Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyny şeýle görkezdi: «Iki serçe bir köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir. Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr. Munuň üçin gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz» (Mat. 10:29—31).

Ýehowa bil bagla

7. Biz kimiň kömegine bil baglap bileris?

7 Biz ejir çekenimizde, Ýehowanyň kömek edip bilýändigine we kömek etmek isleýändigine doly ynanyp bileris. «Hudaý bize pena hem arkadaýançdyr, Ol muşakgatlarda tiz tapylýan kömekdir» (Zeb. 34:15—18; 46:1). Hudaý bize nädip kömek edýär? 1 Korintoslylar 10:13-de şeýle diýilýär: «Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz; Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar». Ýehowa biziň ýagdaýymyzy üýtgedip ýa-da synaglara hötde gelmäge güýç berip bilýär. Nähili bolaýanda-da, Ýehowa bize kömek eder.

8. Biz Ýehowanyň kömegini nädip alyp bileris?

8 Biz Ýehowanyň kömegini nädip alyp bileris? Bize nähili maslahat berilýändigine üns bereliň: «Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň». Göçme manyda aýdanda, biz ähli aladalarymyzy we biynjalygymyzy Ýehowanyň eline tabşyrýarys. Biz alada etmezlige çalyşýarys we onuň aladamyzy etjekdigine sabyrlylyk bilen garaşýarys (Mat. 6:25—32). Munuň üçin kiçigöwünli bolmaly, öz güýjüňe ýa-da akylyňa daýanmaly däl. «Onuň [Hudaýyň] güýçli elleri astynda pällerimizi pes tutup», özümiziň tutýan ornumyzy bilýäris (1 Petrus 5:6-ny okaň). Şeýle garaýyşda bolmak bilen Hudaýyň ýol berýän ähli synaglaryna döz geleris. Mümkin, biz horluklardan derrew dynmak isleýändiris, ýöne Ýehowanyň biziň bähbidimiz üçin haçan we nädip kömek etmelidigini bilýändigine ynanýarys (Zeb. 54:7; Iş. 41:10).

9. Dawut nähili ýüküni Ýehowanyň üstüne taşlady?

9 Dawudyň Zebur 55:22-däki sözlerini ýadymyza salalyň: «Ýüküňi Rebbiň üstüne taşla, Ol seni saklar; Ol dogry adamy asla sarsdyrmaz». Dawut bu sözleri ýazanda güýçli ejir çekýärdi. Aýtmaklaryna görä, ol bu mezmury ogly Abşalom patyşalygy eýelemek üçin dildüwşende ýazýar. Dawudyň iň ynamdar maslahatçysy Ahitofel hem bu dildüwşige goşulýar. Dawut janyny halas etmek üçin Iýerusalimden gaçmaly bolýar (2 Pat. 15:12—14). Hatda şeýle kyn ýagdaýda-da, Dawut Ýehowa bil baglamagyny dowam edýär we ol ony goldaýar.

10. Kynçylyklara duş gelenimizde näme etmeli?

10 Dawut ýaly biz hem islendik kynçylykda Ýehowa doga etmeli. Geliň, Pawlus resulyň bu barada näme etmäge höweslendirýändigine seredeliň (Filipililer 4:6, 7-nji aýatlary okaň). Ak ýürekden we gyzgyn doga etsek nähili netije berer? «Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada [biziň] ýüregimizi, pikirlerimizi gorar».

11. «Hudaýyň parahatçylygy» ýüregimizi we pikirimizi nädip gorar?

11 Doga etsek, ýagdaý üýtgäp bilermi? Hawa, üýtgäp biler. Emma biz Ýehowanyň hemişe islegimize görä jogap bermejegine düşünmeli. Muňa garamazdan, kynçylykda bizi aladalar basmaz ýaly, doga etsek paýhasly bolmaga kömek eder. Bizi bir zat biynjalyk edende, «Hudaýyň parahatçylygy» kalbymyza rahatlyk berýär. Goşun esgerleri şäheri duşmanlaryň hüjüminden goraýşy ýaly, «Hudaýyň parahatçylygy» hem ýüregimizi we pikirimizi gorar. Şeýle parahatlyk bize müňkürligi, gorkyny, erbet pikirleri ýeňmäge we çalt hem-de oýlanyşyksyz hereketiň öňüni almaga kömek eder (Zeb. 145:18).

12. Kalbymyzy nädip parahat saklap bolýandygy barada mysal getiriň.

12 Ejir çekenimizde nädip kalbymyzy rahat saklap bileris? Bir mysala seredeliň. Işgär gödek we rehimsiz müdir tarapyndan ejir çekmeli bolýar. Emma işgäriň rehimdar we adalatly başlygyna duýgusyny düşündirmäge mümkinçiligi bar. Başlyk işgärine ýagdaýa düşünýändigini we tizden müdiri işden çykarjakdygyny aýdýar. Bu işgäre nähili täsir edýär? Ol indi tizden ýagdaýyň üýtgejekdigini bilýär we hatda kyn ýagdaýda-da işini dowam etmäge taýýar. Şonuň ýaly Ýehowa-da biziň nähili kynçylyklara uçraýandygymyzy bilýär we ol bizi «dünýäniň hökümdary şindi kowlup çykarylar» diýip ynandyrýar (Ýahýa 12:31). Bu bize nähili teselli berýär!

13. Ýehowa bizden dogadan başga ýene nämä garaşýar?

13 Kynçylyklarymyz barada Ýehowa doga etmek ýeterliklimi? Ýok. Biz eden dogamyza görä hereket etmeli. Saul patyşa Dawudy öldürmek üçin onuň öýüne adam ýollanda, ol şeýle doga etdi: «Meni duşmanlarymdan halas et, eý Hudaý; meni garşyma galýanlaryň elýeterinden ýokary et. Meni ýaman iş edýänlerden halas et, ganhorlardan gutar» (Zeb. 59:1, 2). Şeýle-de Dawut diňe bir doga etmek bilen çäklenmän, aýalyny-da diňläp, halas bolmak üçin elinden gelenini edýär (1 Pat. 19:11, 12). Biz hem onuň göreldesine eýerip, kynçylyklara hötde geler ýaly ýa-da mümkin, ýagdaýymyzyň gowulanmagy üçin Ýehowadan akyldarlyk diläp bileris (Ýakup 1:5).

Bize näme güýç berer

14. Kynçylyklara döz gelmäge bize näme kömek eder?

14 Käwagt, kynçylyklardan derrew dynyp bolmaýar we biraz wagt olara çydamaly bolýarys. Ýöne bize çydamaga näme kömek eder? Birinjiden, kynçylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk etsek, ony söýýändigimizi görkezýändigimizi unutmaly däl (Res. iş. 14:22). Şeýtanyň Eýýuby nähili günäkärländigine üns beriň: «Eýýup Hudaýdan sebäpsiz ýere gorkýarmy? Sen oňa, öýüne, onuň ähli zadynyň töwerek-daşyna haýat etmediňmi? Elleriniň işine bereket berdiň, maly ýurtda örňedi. Ine, eliňi uzat-da, onuň ähli zadyny bir degip gör, Seniň ýüzüňe gargar» (Eýýup 1:9—11, MKS). Eýýup wepaly galyp, Şeýtanyň ähli aýyplamasynyň ýalandygyny subut etdi. Bizem synaglara döz gelsek, Şeýtanyň ýalançydygyny subut ederis. Şeýle-de çydamlylygymyz Ýehowa bolan umydymyzy we ynamymyzy berkider (Ýakup 1:4).

15. Kimleriň mysallary bizi berkidip biler?

15 Ikinjiden, «dünýädäki doganlaryňyza-da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin oňa garşy imanda berk duruň» diýen sözleri ýatda saklamaly (1  Pet. 5:9). Dogrudan-da, «[biz] her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmaýarys» ( 1 Kor. 10:13). Şol sebäpli kynçylyklaryňa çendenaşa üns bermegiň deregine, başga dogan-uýalaryň mysallary barada oýlansaň, saňa güýç berer we ynamyňy berkider (1 Sel. 1:5—7; Ýew. 12:1). Mümkin, sen olaryň käbirini ýakyndan tanaýansyň. Bu mesihçileriň agyr synaglara döz gelip, Ýehowa wepaly galýandygy barada oýlan. Biziň edebiýatlarymyzda seniňki ýaly kynçylyklary başdan geçiren dogan-uýalaryň terjimehalyny tapyp bolýar. Olaryň mysallary saňa güýç berer we berkider.

16. Dürli synaglara duş gelende, Hudaý bizi nädip goldaýar?

16 Üçünjiden, Ýehowanyň «rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýdygy... [onuň] bize berýän tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýändigi» hemişe ýadyňda bolsun (2 Kor. 1:3, 4). Ýehowa edil biziň ýanymyzda durup, «her muşakgatymyzda» goldamaga taýýar. Şeýle goldaw bilen bizem «her hili muşakgat içindäkilere» teselli berip bileris. Pawlus bu sözleriň dogrudygyna göz ýetirdi (2 Kor. 4:8, 9; 11:23—27).

17. Mukaddes Ýazgylar durmuşdaky kynçylyklara döz gelmäge nädip kömek edip biler?

17 Dördünjiden, bizde Hudaýyň Sözi Mukaddes Ýazgylar bar, ol «her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Tim. 3:16, 17). Hudaýyň Sözi bizi diňe bir «kämil bolar ýaly» we «her bir oňat iş üçin taýyn» etmek bilen çäklenmän, eýsem, synaglara döz gelmäge güýç berýär. Şeýdip, biz «kämil» we «taýyn» bolarys. Gadym ýewreý dilinden terjime edilen «taýyn» diýen söz göni manyda «üpjün etmegi» aňladýar. Bu söz gadym döwürde syýahat etmek üçin ähli enjamlar bilen üpjün edilen gämini we haýsydyr bir işi ýerine ýetirmäge taýýarlanan gurluşy beýan eder ýaly ulanylýardy. Şonuň ýaly Ýehowa bize öz Sözi arkaly islendik synaga döz geler ýaly, ähli gerekli zatlary berýär. Şol sebäpli biz ynam bilen: «Eger Hudaý kynçylyklara ýol berýän bolsa, onuň kömegi bilen men çydap bilerin» diýip bileris.

Ähli ejirlerden azat bolmak

18. Çydamly bolmak üçin nämäni berk ýatda saklamaly?

18 Bäşinjiden, Ýehowanyň tizden adamzady ähli kynçylyklardan azat etjekdigi baradaky ajaýyp wadasyny berk ýatda saklamaly (Zeb. 34:19; 37:9—11; 2 Pet. 2:9). Hudaý bizi diňe bir häzirki kynçylyklardan azat etmän, eýsem, Isa bilen gökde ýa-da ýer ýüzündäki Jennetde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berer.

19. Hudaýa wepalylygy nädip saklamaly?

19 Emma bu zalym dünýäniň soňy gelýänçe, biz kynçylyklara döz gelmeli bolýarys. Ähli betbagtçylyklardan azat boljak döwre biz sabyrsyzlyk bilen garaşýarys! (Zeb. 55:6—8). Çydamlylyk bilen Iblisiň ýalançydygyny subut edýändigiňi hiç haçan unutma. Goý, seniň edýän dogalaryň we şeýle synaglara döz gelýän wepaly dogan-uýalaryň mysallary seniň imanyňy berkidip güýç bersin! Mundan beýläk-de, Hudaýyň Sözüniň görkezmesine eýerip, kämil we her bir oňat iş üçin taýyn bolmaga çalyş. «Bütin teselliler Hudaýyň» seniň hemişe söýgi bilen aladaňy etjekdigine hiç haçan şübhelenme. Ýadyňda bolsun, «Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr» (Zeb. 34:15).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Dawut kynçylyga uçranda özüni nähili duýdy?

• Süleýman patyşa nämä ynanýardy?

• Ýehowanyň ýol berýän kynçylyklaryna döz gelmäge bize näme kömek eder?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş