Natan arassa seždäni wepaly gorady
Ygtyýarly adama günä edendigini we düzelmelidigini ynandyrmak aňsat däl. Abraýyny saklamak üçin onuň adam öldürendigini bileniňde, batyrgaýlyk bilen ony paş etmäge bararmydyň?
Gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawud Batşeba bilen zyna etdi we ol göwreli boldy. Dawud günäni ýaşyrmak üçin, onuň adamsyny öldürtdi we soňra oňa öýlendi. Aýlar geçdi, Dawud ikiýüzlülige baş urup, patyşalyk borjuny ýerine ýetirýärdi. Emma Ýehowa Dawudyň günäsini paş etmek üçin, Natan pygamberi iberdi.
Bu ýumuş aňsat däldi. Natanyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getir. Natan Ýehowa wepaly bolandygy we onuň kanunlaryna gulak asmagy berk ýüregine düwendigi üçin, Dawuda günäsini ýatlatmalydy. Pygamber muny nädip eder we Dawuda toba etmelidigine düşünmäge nädip kömek eder?
SYPAÝY MUGALLYM
2 Samuel 12:1—25-nji aýatlary okamak üçin birnäçe minut tap. Özüňi Natanyň ýerine goýup gör, ol Dawuda şeýle diýýär: «Bir şäherde iki adam bardy; biri baý, beýlekisi garypdy. Baýda örän kän goýunlary we iri mallary bardy, garypda bolsa, satyn alan ýekeje guzujygyndan başga hiç zady ýokdy. Ol ony bakdy, guzujyk ýanynda ogullary bilen ulaldy. Ol onuň döwüm çöreginden iýdi, käsesinden içdi, gujagynda ýatdy we gyzy ýaly boldy. Bir sapar baý adamyňka ýolagçy geldi, ýöne ol onuň üçin nahar taýýarlamaga goýunlaryny we mallaryny gysgandy. Şol sebäpli garyp adamyň guzusyny alyp, ýolagçy üçin nahar taýýarlady» (2 Sam. 12:1—4).
Dawut öň çopan bolany üçin, hakykatdanam, şeýle waka bolandyr öýdýär. Aýatlary düşündirýän bir adam şeýle diýýär: «Belki, Natan öň Dawuda köplenç kömege mätäç, adalatsyzlykdan ejir çekýän adamlar üçin ýüz tutandyr. Dawut bu gezek hem Natan şonuň üçin gelendir öýdýär». Nähili bolaýanda-da, Natan pygamber patyşa bilen gürleşer ýaly, batyrgaý we Hudaýa wepaly bolmalydy. Dawut Natanyň aýdan sözlerine gahar-gazaba münüp: «Ýehowanyň haky üçin, muny eden adam ölüme mynasypdyr!» diýdi. Pygamberiň: «Bu adam sen!» diýmegi ony gaty gynandyrdy (2 Sam. 12:5—7).
Natanyň näme üçin şeýle mysal getirendigi barada oýlanyp gör. Adam birine has ysnyşsa, ýagdaýyna dogry baha bermek oňa kyn bolýar. Adatça, ählimiz nädogry hereketimizi aklajak bolup, bahana gözleýäris. Natan mysal getirende, Dawut düşünmän, öz üstünden höküm çykardy. Patyşa mysaldaky baý adamyň zalym hereket edendigine gaty gowy düşündi. Emma Dawut höküm çykaransoň, Natan mysalyň oňa degişlidigini aýtdy. Şonda Dawut nähili agyr günä edendigine düşündi. Bu Dawuda pikirini üýtgedip, temmini kabul etmäge kömek etdi. Ol Batşeba bilen zyna edip, Ýehowany «äsgermezlik» edendigini boýun alyp, adalatly jezasyny çekdi (2 Sam. 12:9—14; Zeb. 51, aýatlaryň üstündäki ýazgy).
Biz mundan näme sapak edinýäris? Mukaddes Ýazgylary öwredýän adam şägirde dogry karara gelmäge kömek etmeli. Natan Dawudy sylaýandygy üçin, onuň bilen sypaýy gürleşdi. Natan Dawudyň, hakykatdanam, dogrulygy, adalaty söýýändigi üçin, şeýle mysalyň täsir etjekdigini bilýärdi. Biz hem ak ýürekli adamlara Ýehowanyň garaýşyna düşünmäge kömek edip bileris. Nädip? Özümizi adamlardan ahlak we ruhy taýdan has arassa saýman, olaryň dogry hasap edýän zatlaryna ünsüni çekip, kömek edip bileris. Nämäniň dogrudygyny we nämäniň nädogrydygyny gürrüň berenimizde, öz garaýşymyza däl-de, Mukaddes Ýazgylara salgylanarys.
Şeýle ygtyýarly adamy paş etmäge Natan pygambere, esasanam, Ýehowa bolan wepalylygy kömek etdi (2 Sam. 12:1). Biz hem şeýle wepaly bolsak, Ýehowanyň adalatly prinsiplerini batyrgaýlyk bilen goldarys.
ARASSA SEŽDÄNIŇ TARAPDARY
Natan Dawudyň ýakyn dosty bolandygy sebäpli, ol ogullarynyň birine Natanyň adyny dakýar (1 Tar. 3:1, 5). Natan pygamber Mukaddes Ýazgylarda ilkinji gezek Dawud bilen bile agzalýar. Olaryň ikisi-de Ýehowany söýýärdi. Patyşa Natana ynanýandygy üçin, Ýehowa ybadathana gurmak islegi barada gürrüň berýär. Dawut: «Men kedr agajyndan ýasalan öýde ýaşaýaryn, hak Hudaýyň äht sandygy bolsa, perdeden ybarat çadyryň aşagynda dur» diýdi. Natan oňa şeýle diýdi: «Git-de, ýüregiňdäkini et, çünki Ýehowa seniň bilendir» (2 Sam. 7:2, 3).
Natan Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolandygy sebäpli, ýer ýüzünde arassa sežde bolar ýaly, Dawudyň ilkinji ybadathanany gurmak planyny goldady. Emma Natan Ýehowanyň adyndan gürlemän, öz pikirini aýdan bolmaly. Şol gije Hudaý pygambere Dawuda başga habary aýtmagy buýurdy. Ýehowa ybadathanany Dawut däl-de, ogullarynyň biri gurar diýdi. Şeýle-de Natan Hudaýyň Dawut bilen äht baglaşyp, «Dawudyň tagtynyň ebedi durjakdygyny» aýtdy (2 Sam. 7:4—16).
Natanyň Dawuda ybadathanany gurmak barada aýtmagy Hudaýyň islegine gabat gelmeýärdi. Muňa garamazdan, pesgöwünli pygamber hüňürdemän Ýehowanyň sözüne tabyn bolup, Onuň niýetine görä hereket etdi. Hudaý bizi haýsy ýol bilen düzetse-de, Natanyň ajaýyp göreldesine eýereliň! Hudaý Natandan razydy, şonuň üçin ol pygamberlik gullugyny dowam etdi. Görşümiz ýaly, Ýehowanyň ylhamy bilen Natan görnüş gören adam Gad bilen ybadathanada gulluk eder ýaly, Dawuda 4 000 sazanda taýýarlamaga görkezme berdi (1 Tar. 23:1—5; 2 Tar. 29:25).
PATYŞANYŇ HÖKÜMDARLYGYNY GORADY
Natan Dawudyň tagtyna Süleýmanyň geçmelidigini bilýärdi. Şonuň üçin Dawut ölmezinden öň, Adoniýa tagta geçjek bolanda, Natan aýgytly hereket etdi. Natan ýene-de sypaýyçylygyny we wepalylygyny görkezdi. Natan, ilki bilen, Batşeba, ogly Süleýmany tagta çykarmak maksadyny Dawuda ýatlatmagyny haýyş edýär. Şondan soň Natanyň özi Dawudyň ýanyna baryp, Adoniýany sen patyşa edip saýladyňmy diýip sorady. Gartaşan patyşa Dawut ýagdaýa çynlakaý garamalydygyna düşünip, Natana we başga wepaly gullukçylaryna Süleýmany mesh edip, patyşa etmegi buýurdy. Şeýdip, Adoniýanyň tagta geçmek dildüwşigi başa barmady (1 Pat. 1:5—53).
PESGÖWÜNLI TARYHÇY
1 Samuel kitabynyň 25—31-nji baplaryny we 2 Samuel kitabynyň hemmesini Natan we Gad ýazdy. Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan bu kitaplarda taryhy wakalar şeýle aýdylýar: «Görnüş gören Samueliň, Natan pygamberiň we görnüş gören Gadyň ýazgylyrynda Dawut patyşanyň ilkinji we soňky, ýagny ähli işleri beýan edilýär» (1 Tar. 29:29). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Natan pygamberiň ýazan «Süleýmanyň işleri» barada-da aýdylýar (2 Tar. 9:29). Bu bolsa, Dawut ölenden soň hem, Natanyň patyşalyk işlerine yhlasly gatnaşandygyny görkezýär.
Natan barada bilýän zatlarymyzyň köpüsini onuň özi ýazan bolmaly. Emma onuň käbir meseleleri agzamandygyndan, nähili adam bolandygyny bilýäris. Görşümiz ýaly, Natan pesgöwünli taryhçy bolupdyr. Natan şan-şöhrata we abraýa kowalaşmandyr. Mukaddes Ýazgylaryň bir sözlügine görä, ylhamlanan kitaplarda Natan barada «giriş sözlerde-de, nesil şejerede-de» aýdylmaýar. Biz Natanyň durmuşy barada hiç zat bilmeýäris.
NATAN ÝEHOWA WEPALYDY
Mukaddes Ýazgylarda Natan barada agzalan birnäçe zatlardan onuň pesgöwünlidigi we hakyky seždäni yhlasly gorandygy görünýär. Ýehowa Hudaý oňa jogapkärli işleri ynandy. Natanyň Hudaýa wepalylygy we Onuň kada-kanunlaryna çuňňur minnetdarlygy ýaly ajaýyp häsiýetleri barada oýlansak, peýdaly bolar. Şeýle häsiýetlere eýermek üçin eliňde baryny etmeli.
Elbetde, sen zyna eden patyşalary paş etmeli ýa-da dildüwşügi bozmaly bolmarsyň. Emma sen Hudaýyň kömegi bilen wepaly bolup, onuň dogry kadalaryna eýerip bilersiň. Sen hem Natan ýaly, batyrgaý, ýöne Hudaýyň hakykatynyň sypaýy mugallymy we arassa seždäniň yhlasly tarapdary bolup bilersiň.
[25-nji sahypadaky surat]
Patyşanyň hökümdarlygyny gorap, Natan Batşeba bilen sypaýy gürleşdi