Ýehowa doly bil baglaň
«Çagyramda Reb (Ýehowa) meni eşider» (ZEB. 4:3).
1, 2. a) Dawut pygambere nähili howp abandy? b) Biz haýsy mezmurlara serederis?
DAWUT PATYŞA Ysraýylda birnäçe ýyl höküm sürensoň, oňa howp abanýar. Hilegär ogly Abşalom özüni patyşa diýip yglan edeni üçin, Dawut Iýerusalimden gaçmaly bolýar. Şeýle-de onuň ynamdar dosty haýynlyk etdi. Häzir ol birnäçe wepaly adamlary bilen Zeýtun dagyna aglap, aýakýalaňaç çykýar. Saulyň garyndaşy Şimeý bolsa, Dawuda gargap, daş zyňýar we toprak sowurýar (2 Sam. 15:30, 31; 16:5—14).
2 Dawut pygamber gaýgydan we lapykeçlikden ýaňa janyndan doýdumyka? Ýok, ol Ýehowa bil baglady. Bu Dawudyň ogly Abşalomdan gaçan mahaly ýazan 3-nji mezmuryndan görünýär. Ol 4-nji mezmury hem ýazdy. Şu iki mezmurda Dawut Hudaýyň dogasyny eşidip, jogap berýändigini aýdýar (Zeb. 3:4; 4:3). Şeýle hem bu mezmurlarda Ýehowanyň sadyk hyzmatkäri barada gije-gündiz alada edýändigi, olary goldaýandygy, parahatlyk hem rahatlyk berýändigi aýdylýar (Zeb. 3:5; 4:8). Geliň, şu iki mezmura seredip, Hudaýa bil baglamagy we ynanmagy öwreneliň.
Bize garşy çykýanlar kän
3. Zebur 3:1, 2-nji aýatlara görä, Dawut nähili ýagdaýa düşdi?
3 Bir çapar gelip: «Ysraýyllylar Abşalomyň tarapyna geçdi» diýýär (2 Sam. 15:13). Dawut Abşalomyň halky nädip öz tarapyna geçirendigine geň galyp: «Ýa Reb! Ganymlarym nähili köpeldi! Maňa garşy çykýanlar kän. Köpler men barada: «Hudaý ony gutarmaz» diýýär (Zeb. 3:1, 2). Ysraýyllylaryň köpüsi Ýehowa Dawudy Abşalomdan we onuň nökerlerinden halas etmez öýdýärdi.
4, 5. a) Dawut näme üçin özüni arkaýyn duýýardy? b) «Başymy dikeldýän Sensiň» diýen sözler näme aňladýar?
4 Emma Dawut Hudaýa ýürekden bil baglap, özüni arkaýyn duýýardy. Ol: «Sen, ýa Reb, meniň daşymda bir galkansyň, şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň» diýip, nagma aýtdy (Zeb. 3:3). Galkanyň esgeri goraýşy ýaly, Ýehowanyň hem ony gorajakdygyna Dawut ynanýardy. Hawa, gartaşan patyşa kellesini örtüp, başyny egip, gaçyp barýardy. Ýöne Hemmelerden Beýik Dawudy hökman şöhratlandyrar. Ýehowa ýene-de ony galdyryp, başyny dikelder. Ol Hudaýyň jogap berjegini bilip, ynamly çagyrýar. Sen hem Ýehowa şeýle bil baglaýarmyň?
5 Dawut «başymy dikeldýän Sensiň» diýmek bilen, Ýehowanyň kömek edýändigini aýdýar. Bir kitapda aýdylyşy ýaly, Hudaý biriniň başyny dikeltmek üçin umyt hem ynam berýär. Dawut Ysraýylyň tagtyndan kowlandygy sebäpli, lapykeç ýagdaýdady. Emma «onuň başy dikeler» we ol Hudaýa doly bil baglap, has ynamly hem batyrgaý bolar.
Ýehowa jogap berer
6. Näme üçin Dawut Ýehowa dogasyna mukaddes dagyndan jogap berýär diýdi?
6 Ýehowa bil baglap, özüni ynamly duýan Dawut sözüni şeýle dowam edýär: «Men Rebbe bar sesim bilen gygyrýaryn, Ol mukaddes dagyndan maňa jogap berýär» (Zeb. 3:4). Dawudyň permany bilen Ýehowanyň häkimiýetini aňladýan äht sandygy Sion dagyna äkidilipdi (2 Sam. 15:23—25). Diýmek, Dawudyň dogasyna Ýehowa mukaddes dagyndan jogap berýär diýmegi ýerliklidir.
7. Dawut näme üçin gorkmaýardy?
7 Dawut edýän dogasyna Hudaýyň hökman jogap berjekdigini bilip, hiç zatdan gorkmaýar. Gaýtam, ol: «Men ýatdym we ukladym; oýandym, çünki Reb meni penasynda saklady» diýip, nagma aýdýar (Zeb. 3:5). Hatda gijesine duşmanlaryň duýdansyz topulaýjak wagty-da, Dawut uklamaga gorkmaýardy we sag-aman turjagyny bilýärdi. Sebäbi ol Ýehowanyň goldawyna bil baglap bolýandygyna öňem ençeme sapar göz ýetiripdi. Eger biz hem Hudaýa bil baglap, «Ýehowanyň ýolunda» ýöresek, ony hiç haçan terk etmeris (2 Sam. 22:21, 22).
8. Zebur 27:1—4-nji aýatlardan Dawudyň Hudaýa bil baglandygy nädip görünýär?
8 Dawudyň Hudaýa ýürekden bil baglap, özüni ynamly duýýandygy başga bir mezmurdan hem görünýär. Ol şol mezmurda: «Reb meniň nurumdyr, Halasgärimdir; kimden gorkaýyn? Ömrümiň güýji Rebdir; kimden heder edeýin?... Bir goşun hem maňa garşy düşelge gursa, ýüregim gorkmaz... Rebden bir zat diledim, islegim şu: Rebbiň gözelligine seredip, Onuň ybadathanasynda doga etmek üçin ömrümiň ähli günleri Rebbiň öýünde mesgen tutmak» diýýär (Zeb. 27:1—4). Eger-de sen hem şeýle pikirde bolsaň, onda ýagdaýyňa görä, Ýehowa sežde etmek üçin ýygnaklara yzygiderli bararsyň (Ýew. 10:23—25).
9, 10. Zebur 3:6, 7-nji aýatlardaky sözlere garamazdan, näme üçin Dawut ar almak islemedi diýse bolýar?
9 Ogly Abşalom we ençeme dost-ýarlary dönüklik etse-de, Dawut şeýle nagma aýdýar: «Çar tarapdan meni gaban halkyň on müňlerçesinden gorkmaýaryn. Tur, ýa Reb! Meni gutar, eý Hudaýym! Çünki Sen meniň ähli duşmanlarymyň eňegine urduň; erbetleriň dişlerini döwdüň» (Zeb. 3:6, 7).
10 Dawut ar almak islemeýärdi. Çünki duşmanlaryň eňegine urmaga diňe Hudaýyň haky bardy. Dawut patyşa Hudaýyň kanunyny göçürip, Ýehowanyň: «Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin» diýen sözleri bilýärdi (Kan. tag. 17:14, 15, 18; 32:35). Ol erbetleriň dişini döwmegi Ýehowa tabşyrýar. Erbetleriň dişini döwmek, olary ýamanlyk etmäge güýji ýetmez ýaly etmegi aňladýar. Ýehowa erbetleri bilýär, çünki «ol ýüregi görýär» (1 Sam. 16:7). Erbetligiň esasy sebäpkäri Şeýtan tizden düýpsüz çuňluga arlaýjy, ýöne dişsiz arslan kimin zyňlar. Biz Şeýtana garşy durmaga iman hem güýç berýändigi üçin Hudaýa örän minnetdar! (1 Pet. 5:8, 9; Ylh. 20:1, 2, 7—10).
Gutaryş Ýehowanyňkydyr
11. Biz näme üçin dogan-uýalar barada doga etmeli?
11 Dawut diňe Ýehowanyň halas edip biljekdigine düşünýärdi. Emma ol diňe özi barada pikir etmedi. Eýsem, Ýehowanyň gowy görýän halky barada näme diýse bolar? Dawut ylham bilen ýazan sözlerini şeýle jemleýär: «Gutaryş Rebbiňkidir; berekediň Öz halkyň üstünde bolsun» (Zeb. 3:8). Dogrudan-da, Dawudyň kynçylygy kän bolsa-da, ol Ýehowanyň halky barada unutmaýardy we Hudaýyň olara ak pata berjegine ynanýardy. Eýsem, biz hem dogan-uýalar barada oýlanmaly dälmi? Geliň, olar hoş habary batyrgaý we ynamly wagyz eder ýaly, Ýehowadan mukaddes ruhuny diläliň (Efes. 6:17—20).
12, 13. Abşaloma näme boldy we bu Dawuda nähili täsir edýär?
12 Abşalom masgara bolup ölýär. Bu adamlary, esasanam, Dawut ýaly Hudaý tarapyn bellenen adamlary kemsidýänler üçin duýduryş (Süleýmanyň tymsallary 3:31—35-nji aýatlary okaň). Söweşde Abşalomyň goşuny derbi-dagyn bolýar. Abşalomyň özi gatyrly gaçyp barýarka, onuň gür saçlary uly agajyň aşaky şahalaryna çolaşýar. Ol agaçdan asylgy durka, Ýoab üç naýzany onuň ýüregine sançýar (2 Sam. 18:6—17).
13 Dawut oglunyň ölenini eşidende begendimi? Ýok, gaýtam, ol özüne ýer tapman iki ýana ýöräp, möňňürip aglap: «Oglum Abşalom! Oglum, oglum Abşalom! Saňa derek men ölsem, gowy bolardy, oglum Abşalom, oglum!» diýdi (2 Sam. 18:24—33). Diňe Ýoabyň aýdan sözleri Dawudy gaýgy-hasratyndan köşeşdirdi. Şöhratparaz Abşalom atasyna, Ýehowanyň mesh edenine garşy çykyp, gör, nähili heläkçilige uçrady! (2 Sam. 19:1—8; Sül. tym. 12:21; 24:21, 22).
Dawut ýene-de Hudaýa bil baglaýar
14. 4-nji mezmuryň düzülişi barada näme diýse bolar?
14 Dawut 4-nji mezmurynda hem 3-nji mezmuryndaky ýaly dogasynda Ýehowa doly bil baglaýar (Zeb. 3:4; 4:3). Dawut bu mezmury Abşalom baş göterip, şowsuzlyga uçransoň ýazan bolmaly we Ol begenip, Hudaýa minnetdarlyk bildirýär. Belki, ol lewili aýdymçynyň ýazan sözlerini ýatlandyr. Bu mezmury kim ýazan bolsa-da, ondaky sözler barada oýlansak, Ýehowa doly bil baglarys.
15. Biz näme üçin Ýehowa Ogly arkaly arkaýyn doga edip bileris?
15 Dawut ýene-de dogalaryny Hudaýyň eşidip, jogap berýändigine ynanýandygyny we oňa doly bil baglaýandygyny aýtdy. Ol: «Çagyramda maňa jogap ber, eý dogry Hudaýym! Darygamda giňlik ber. Maňa rehim et-de, dogamy eşit» diýip, nagma aýtdy (Zeb. 4:1). Biz hem dogry işler etsek, ynamly bolup bileris. «Dogry Hudaý» Ýehowanyň dogruçyl adamlara pata berýändigini bilip, biz Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman edip, şol arkaly arkaýyn doga edip bilýäris (Ýahýa 3:16, 36). Bu biziň kalbymyza rahatlyk berýär!
16. Dawut näme üçin özüni lapykeç duýýardy?
16 Biz käte lapykeç bolup, Hudaýa ynamymyz gowşaýar. Dawut hem käte özüni şeýle duýup: «Eý ynsan ogullary! Siz haçana çenli meniň şöhratymy utanja dönderjek?Haçana deňeç puç zady söýüp, ýalana eýerjek?» diýdi (Zeb. 4:2). «Ynsan ogullary» diýen jümle erbet niýetli adamlary aňladýar. Dawudyň duşmanlary «puç zady söýýärdi». Bu sözler Mukaddes Ýazgylaryň bir terjimesinde: «Haçana deňeç aldawy söýüp, ýalan taňrylary agtarjak?» diýip, terjime edilýär. Biz adamlaryň edýän işlerini görüp lapykeç bolsak-da, geliň, dyngysyz doga edeliň we ýeke-täk hak Hudaýa doly bil baglalyň.
17. Zebur 4:3-e görä, näme edip bilýändigimizi düşündiriň.
17 Dawudyň Hudaýa bil baglaýandygy: «Emma şuny bilip goýuň, Reb hudaýhon adamy Özi üçin aýryp goýandyr. Ony çagyramda Reb meni eşider» diýen sözlerinden aýdyň görünýär (Zeb. 4:3). Ýehowa wepaly bolmak üçin batyrgaý bolmaly we oňa doly bil baglamaly. Meselem, dogan-garyndaşlaryndan biri toba etmän, ýygnak gatnaşygyndan kesilende, mesihçi maşgala şeýle häsiýetleri bildirmek zerur. Hudaý özüne wepaly we onuň tabşyryklaryny berjaý edýän adamlary ýalkaýar. Ýehowa wepaly bolup, oňa doly bil baglasak, onuň halky bilen şatlanarys (Zeb. 84:11, 12).
18. Biri bize erbet söz aýtsa ýa-da ýamanlyk etse, Zebur 4:4-e laýyklykda, näme etmeli?
18 Biri aýdan sözi ýa-da eden hereketi bilen göwnümize degse näme etmeli? Biz Dawudyň: «Titräň, günä etmäň; düşegiňizde içiňizden oýlanyp, ümsüm boluň» diýen sözlerine eýerip, şatlanarys (Zeb. 4:4). Biri bize erbet söz aýtsa ýa-da ýamanlyk etse, geliň, ar alyp, günä etmäliň (Rim. 12:17—19). Biz düşekde Ýehowa doga edip, ýüregimizi döküp bileris. Eger biynjalyk edýän mesele barada doga etsek, oňa başgaça seredip, ýürekden bagyşlamaga kömek eder (1 Pet. 4:8). Bu babatda Pawlus resul hem maslahat berýär. Megerem, ol Zebur 4:4-e esaslanandyr: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» (Efes. 4:26, 27).
19. Bize Zebur 4:5-nji aýat Hudaýa sežde etmek babatda nädip kömek edýär?
19 Dawut: «Dogrulyk gurbanlaryny hödürläň, Rebbe bil baglaň» diýip, Hudaýa bil baglamagyň wajypdygyny nygtady (Zeb. 4:5). Hudaý ysraýyllylaryň diňe gowy niýet bilen berýän gurbanlaryny gymmat saýýardy (Iş. 1:11—17). Biz hem gowy niýetli bolup, Ýehowa doly bil baglasak, seždämizi kabul eder (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; Ýewreýler 13:15, 16-njy aýatlary okaň).
20. Ýehowanyň «ýüzüniň nury» näme aňladýar?
20 Dawut sözlerini şeýle dowam etdi: «Bize kim ýagşylyk görkezer?» diýýänler köpdür. Ýüzüň nuruny üstümize tut, ýa Reb» (Zeb. 4:6). Ýehowanyň «ýüzüniň nury» merhemet edýändigini aňladýar (Zeb. 89:15). Diýmek, Dawut «ýüzüň nuruny üstümize tut» diýip doga etmek bilen, Hudaýyň bize merhemet etmegini haýyş edýär. Biz Ýehowa bil baglasak, onuň merhemetini gazanarys we şatlyk bilen islegini berjaý ederis.
21. Häzirki hasyl ýygymyna doly gatnaşsak, nähili bereket alarys?
21 Dawut Ýehowanyň çäksiz şatlyk berýändigi üçin: «Sen meniň ýüregime olaryň bugdaýy we şeraby artan wagtyndakysyndan köp begenç berdiň» diýip, nagma aýdýar (Zeb. 4:7). Biz hem häzirki ruhy hasyla doly gatnaşyp, ýürekden şatlanyp bileris (Luka 10:2). Biz häzir mesh edilen mesihçileriň ýolbaşçylygynda «hasyl ýygmaga işgärleriň» köpelýändigine begenýäris (Iş. 9:3). Sen hem güýçli depginde alnyp barylýan hasyl ýygymyna höwes bilen gatnaşýarmyň?
Hudaýa ynam bilen doly bil baglaň
22. Zebur 4:8-e görä, ysraýyllylar Hudaýyň Kanunyny berjaý edende, nähili ýaşaýardy?
22 Dawut mezmuryny şeýle sözler bilen jemledi: «Men parahatlykda ýataryn, uklaryn; çünki diňe Sen, ýa Reb, meni aman-esen ýaşadarsyň» (Zeb. 4:8). Ysraýyllylar Ýehowanyň Kanunyny berjaý edende, olaryň Hudaý bilen gatnaşygy gowudy we aman-esen ýaşaýardy. Meselem, Süleýmanyň patyşalyk eden döwründe «Ýahuda we Ysraýyl howpsuz ýaşaýardy» (1 Pat. 4:25). Hatda goňşy halklar duşman bolsa-da, Hudaýa bil baglaýan ysraýyllylar asuda ýaşaýardy. Hudaýyň bizi hem goraýandygy üçin, Dawut ýaly rahat uklaýarys.
23. Ýehowa doly bil baglamagyň bize näme peýdasy bar?
23 Geliň, ynam bilen Ýehowa gulluk edeliň. Şeýle-de biz iman bilen doga etsek, «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygyny» duýarys (Flp. 4:6, 7). Bu biziň kalbymyza rahatlyk we şatlyk berýär! Biz Ýehowa doly bil baglasak, gelejege umyt bilen gararys.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Dawut Abşalom sebäpli nähili kynçylyklara uçrady?
• 3-nji mezmur Hudaýa bolan ynamy nädip berkidýär?
• 4-nji mezmur Ýehowa doly bil baglamaga nädip kömek edýär?
• Hudaýa doly bil baglamagyň näme peýdasy bar?