- 
	                        
            
            Sapagyňy yzygider geçEbedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
- 
                            - 
                                        12-NJI SAPAK Sapagyňy yzygider geçKäbir adamlar Mukaddes Kitaby öwrenmegi kyn görýärler, ýöne peýdasy hakda oýlanmaýarlar. Belki, sen: «Men şu kitaby soňuna çenli geçip bilermikäm?» diýýänsiň. Sapagyňy näme üçin yzygider geçmeli? Yzygider geçmäge näme kömek eder? 1. Mukaddes Kitap okuwyny näme üçin geçmeli?Ýewreýler 4:12-de şeýle diýilýär: «Hudaýyň sözi diri hem güýçlüdir». Mukaddes Kitaba taý geljek kitap ýok, sebäbi onda Hudaýyň pikirleri, Ýehowanyň saňa söýgüsi hakda ýazylypdyr. Mukaddes Kitaby okap, diňe bir bilimiňi artdyrman, eýsem has düşünjeli bolarsyň we gelejege umytly gararsyň. Iň esasy zat, Ýehowa bilen dostlaşarsyň. Şeýle-de sapagy yzygiderli geçseň, durmuşyň kem-kemden gowulaşar. 2. Näme üçin Mukaddes Kitabyň gadyr-gymmatyny bilmeli?Mukaddes Kitap — içi gymmatbaha dürdänelerden doly hazyna. Şonuň üçinem «hakykaty satyn al, asla satma» (Nakyllar 23:23). Mukaddes Kitabyň näçe gadyryny bilseň, şonça-da okasyň, öwrenesiň geler. Saňa hatda kynçylyklar hem päsgel berip bilmez (Nakyllar 2:4, 5-nji aýatlary oka). 3. Ýehowa nädip kömek edýär?Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý bolsa-da, seniň bilen dost bolasy gelýär. Ol özüni tanyşdyrmak isleýär. Ol saňa Mukaddes Kitaby yhlasly okamaga hem isleg, hem güýç berer (Filipililer 2:13-i oka). Käte okamak, öwrenmek, şoňa görä ýaşamak kyn bolsa, ol saňa kömek eder. Hatda sapak geçýäniň üçin kynçylyklar dörese-de ýa-da garşylyklar bolsa-da, Ýehowa saňa güýç berer. Sapagyňy yzygider geçmek üçin, her gün Ýehowadan kömek sora (1 Selanikliler 5:17). SÖHBETDEŞLIKBaşagaýlyga we garşylyklara garamazdan, Mukaddes Kitaby öwrenmegi dowam ediň. Şeýle-de sapagy yzygider geçmäge Ýehowanyň kömek edişini biliň. 4. Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin wagt tapyňKäte başagaý bolup, Mukaddes Kitaby öwrenmäge wagt tapylmaýar. Wagt tapmaga näme kömek eder? Filipililer 1:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Durmuşda «iň wajyp zatlar» näme? 
- Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin nädip wagt tapyp bilersiň? 
 - Bedräniň içine ilki çäge guýulsa, soňra üstünden daşlary ýerleşdirip bolmaz. 
- Emma ilki daşlary salyp, soňra çäge guýulsa, onda olaryň ikisi hem ýerleşer. Edil şunuň ýaly, ilki bilen, «iň wajyp zatlary» etseňiz, başga işleriňizi etmäge wagt tapylar. 
 Mukaddes Kitapdan okuw geçip, Hudaý barada öwrenip bilýäris. Matta 5:3-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň. - Mukaddes Kitapdan okuw geçmek näme üçin wajyp ekeni? 
 5. Garşylyklary ýeňip geçiňSapak geçýäniň üçin käbir adamlar garşy çykyp biler. Françesko baradaky WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Françesko okuw geçýänini aýdanda, ejesi bilen dost-ýarlary muňa nähili garadylar? 
- Okuwyny dowam etmegi nähili peýda berdi? 
 2 Timoteos 2:24, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Mukaddes Kitaby öwrenýändigiňe maşgalaňdakylar ýa-da dost-ýarlaryň nähili garaýar? 
- Biri seniň Mukaddes Kitapdan okuw geçýändigiňi halamasa, nähili gürleşerdiň? Näme üçin? 
 6. Ýehowa bil baglaňÝehowany näçe gowy tanasaň, şonça-da ony razy edip ýaşasyň geler. Ýöne käte Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek kyn ýaly görnüp biler. Şonda ruhdan düşme, Ýehowa saňa kömek eder. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Jim Ýehowany razy etmek üçin nämeleri etdi? 
- Jimden näme öwrenip bilersiň? 
 Ýewreýler 11:6-ny okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Ýehowany «ýürekden agtarýan», ýagny Hudaýy razy edip ýaşaýan adamlara näme garaşýar? 
- Sapagy geçmek üçin tagalla edişiňi görüp, Ýehowa näme pikir eder? 
 ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Sen şu kitaby näme üçin okaýaň?» - Näme diýerdiň? 
 ESASY PIKIRLERYzygider sapak geçseň, häzirden bagtly bolarsyň, ebedi ýaşarsyň. Ýehowa bil bagla, ol hökman kömek eder. Gaýtalamak- Näme üçin Mukaddes Kitabyň gadyr-gymmatyny bilmeli? 
- «Iň wajyp zatlar» näme? 
- Sapagyňy yzygider geçer ýaly näme üçin Ýehowadan kömek soramaly? 
 KÖPRÄK BILIŇKöp adamlara wagtyny dogry ulanmaga dört maslahat kömek edýär. Şol maslahatlar hakda okaň. Bir aýal äri garşy bolsa-da, Hudaýy razy etmek üçin elinde baryny edýär, Ýehowa-da oňa kömek edýär. Aýaly çydamly bolany üçin, äri Ýehowa Hudaýa iman etdi. Käte Ýehowanyň Şaýatlaryny maşgalalary bozmakda günäkärleýärler. Dogrudanam, şeýlemikä? «Ýehowanyň Şaýatlary maşgalalary dargadýarmy?» (Internet makala) 
 
- 
                                        
- 
	                        
            
            Dogry karara nädip gelmeli?Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
- 
                            - 
                                        35-NJI SAPAK Dogry karara nädip gelmeli?Her birimiz durmuşda wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Şol kararlar Hudaý bilen dostlugyňy ýa berkidýär, ýa-da gowşadýar. Meselem, nirede ýaşamaly, nirede işlemeli, durmuş gurmalymy ýa-da ýok, özüň çözmeli bolýarsyň. Ýöne dogry karara gelseň, bagtly bolarsyň, Ýehowany hem begendirersiň. 1. Mukaddes Kitap dogry karara gelmäge nädip kömek edýär?Karara gelmezden öň, Ýehowa doga etmeli we Mukaddes Kitapdan Hudaýyň garaýşyny bilmeli (Nakyllar 2:3—6-njy aýatlary oka). Käbir ýagdaýlarda näme etmelidigi Mukaddes Kitapda anyk aýdylýar. Şonda Ýehowanyň aýdyşy ýaly etseň, onda ýalňyşmarsyň. Emma Mukaddes Kitapda anyk bir zat aýdylmaýan bolsa näme etmeli? Ýehowa şeýle ýagdaýda-da «ýöremeli ýolumyzy» görkezýär (Işaýa 48:17). Nädip? Ol Mukaddes Kitapda käbir prinsipleri ýazdyrypdyr. Şol prinsipler Hudaýyň garaýşyna we duýgularyna düşünmäge kömek edýär. Mukaddes Kitapda gürrüň berilýän wakalary okasaň, Hudaýyň belli bir meselä nähili garaýandygyna düşünip bolýar. Ýehowanyň garaýşyna näçe gowy düşünseň, Hudaýyň halaýan kararyna gelersiň. 2. Karara gelmezden öň nämeleri göz öňünde tutmaly?Mukaddes Kitapda: «Ätiýaçly adam her ädimini ölçerýär» diýilýär (Nakyllar 14:15). Diýmek, howlugyp karara gelmeli däl. Karara geleniňde şu soraglar hakda oýlan: Mukaddes Kitapdaky haýsy prinsipe eýermeli? Näme etsem ynsabym ezýet bermez? Gelýän kararlarym bilen başgalara gowy täsir ederinmi ýa-da erbet? Esasanam, gelen kararymy Ýehowa halarmy? (5 Musa 32:29). Ýehowanyň bize nämäniň ýagşy, nämäniň ýamandygyny öwretmäge haky bar. Ýehowanyň kada-kanunlaryny, prinsiplerini bilip, şol boýunça ýaşasaň, ynsabyňy terbiýelärsiň. Ynsap — nämäniň gowy, nämäniň erbetdigini aýdýan içimizdäki duýgy (Rimliler 2:14, 15). Terbiýelenen ynsap saňa gowy kararlara gelmäge kömek eder. SÖHBETDEŞLIKMukaddes Kitabyň maslahatlary we ynsap dogry karara gelmäge kömek edýär. 3. Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýeriňMukaddes Kitabyň kada-kanunlary dogry karara gelmäge nädip kömek edýär? WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Erkinlik näme? 
- Ýehowa näme üçin adamlara erkinlik berdi? 
- Ýehowa bize dogry karara geler ýaly näme berdi? 
 Geliň, Mukaddes Kitapdaky bir prinsipe seredeliň. Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň. Soňra... wagtyňy paýhasly ulanmak hakda gürrüňdeş boluň. - Mukaddes Kitaby her gün okamak üçin... 
- gowy är ýa aýal, ene ýa ata, ogul ýa gyz bolmak üçin... 
- ýygnaklara barmak üçin... 
 4. Ynsabyňyzy terbiýeläňMukaddes Kitapda näme etmelidigi anyk aýdylsa, karara gelmek kyn bolmaýar. Ýöne belli bir ýagdaýa degişli hiç zat aýdylmasa näme etmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň. - Bir uýa ynsabyny nädip terbiýeledi we Ýehowa ýaraýan karara geldi? 
 Näme üçin başgalardan soramaly däl-de, özüň karara gelmeli? Ýewreýler 5:14-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Eger biz hemişe birinden näme etmelidigini sorap ýörsek, nämäni öwrenmeris? 
- Ynsaby nädip terbiýelemeli we dogry karara gelmeli? 
 Kartanyň dogry ýoly görkezişi ýaly, ynsap hem dogry karara gelmäge kömek edýär. 5. Başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutuňAdamlaryň gelýän karary birmeňzeş bolmaýar. Biz nädip başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutup bileris? Geliň, iki ýagdaýa seredeliň. 1-nji ýagdaý. Aýdaly, bir uýa boýanmagy gowy görýär. Ol başga ýygnaga geçýär. Şol ýygnakdaky uýalaryň köpüsi boýanmagy känbir halamaýar. Rimliler 15:1 we 1 Korinfliler 10:23, 24-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Şu aýatlara görä, uýa näme edip biler? Eger seniň ynsabyň çatýan zada başgalaryň ynsaby çatmaýan bolsa näme edersiň? 
 2-nji ýagdaý. Aýdaly, bir dogan Mukaddes Kitapda spirtli içgileri içmegiň gadagan edilmeýändigini bilýär. Ýöne ol şonda-da spirtli içgileri içmeýär. Bir gün dogany oturylyşyga çagyrýarlar. Ol oturylyşykda doganlaryň spirtli içgileri içýändigini görýär. Nesihat 7:16 we Rimliler 14:1, 10-njy aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň. - Şu aýatlara görä, dogan näme edip biler? Eger seniň ynsabyň çatmaýan zada başgalaryň ynsaby çatýan bolsa näme edersiň? 
 Dogry karara nädip gelip bilersiň?1. Doga et. Dogry karara geler ýaly, Ýehowadan kömek sora (Ýakup 1:5). 2. Gözleg geçir. Mukaddes Kitapdan we edebiýatlarymyzdan öz ýagdaýyňa degişli prinsipleri tap. Şeýle-de tejribeli dogan-uýalardan maslahat sora. 3. Netijesi hakda oýlan. Karara geleniňde öz ynsabyňam, başgalaryň ynsabynam göz öňünde tut. ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Adamlar näme diýse, şony diýsin. Sen öz bileniňi et». - Hudaýyň we adamlaryň garaýşyny näme üçin göz öňünde tutmaly? 
 ESASY PIKIRLERKarara gelenimizde Hudaýyň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Şeýle-de gelýän kararlarymyzyň başgalara peýda ýa-da zyýan berýändigi hakda oýlanmaly. Gaýtalamak- Nädip Ýehowa ýaraýan karara gelmeli? 
- Ynsabyňy nädip terbiýelemeli? 
- Nädip başgalaryň ynsabyny göz öňünde tutup bileris? 
 KÖPRÄK BILIŇDogry karara gelseňiz, Ýehowa bilen dostlugyňyz berkär. «Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!» («Garawul diňi» 15 aprel, 2011) Ýehowanyň halkyna maslahat berişi hakda biliň. Bir ýigide kyn hem bolsa, dogry karara gelmäge näme kömek etdi? Belli bir meselede anyk görkezme berilmese, nädip Ýehowa ýaraýan karara gelmeli? «Her bir ýagdaý üçin kada-kanun gerekmi?» («Garawul diňi» 1 dekabr, 2003) 
 
-