ALTYNJY BAP
Ýetginjege bagtly bolmaga kömek ediň
1, 2. Ýetginjeklik döwrüniň nähili kynçylygy we şatlygy bolup biler?
ÝETGINJEGI terbiýelemek bäş-alty ýaşly çagany terbiýelemekden kyn. Ýetginjeklik döwrüniň özüne mahsus bolan kynçylyklary bolýar, emma onuň öz sylagy we şatlygy bar. Meselem, Ýusubyň, Dawudyň, Ýoşyýanyň we Timoteosyň göreldesi, ýetginjekleriň jogapkär hem-de Ýehowa bilen ajaýyp ýakyn gatnaşykda bolup biljekdigini görkezýär (Gelip çykyş 37:2—11; 1 Şamuwel 16:11—13; 2 Patyşalar 22:3—7; Resullaryň işleri 16:1, 2). Muny şu günki köp ýetginjekleriň durmuşyndan görse bolýar. Belki, sizem şeýle ýetginjekleri tanaýansyňyz.
2 Muňa garamazdan, ýetginjeklik döwri käbiri üçin biynjalyk döwrüdir. Şol döwürde olar gowy we erbet duýgulary başdan geçirýär. Ýetginjek oglan-gyzlar, özbaşdak bolasy gelýär, şonuň üçin olar ata-enesiniň goýan çägini köplenç halamaýar. Olar entek tejribesiz, şol sebäpli ata-enesiniň söýgi hem-de sabyrlylyk bilen kömek etmegine mätäç. Hawa, ýetginjeklik döwri tolgundyryjy döwür, ýöne ol diňe ata-enäni däl, ýetginjegi-de aljyraňňy ýagdaýa salyp biler. Eýsem, şol döwürde ýetginjeklere nädip kömek edip bolar?
3. Ata-eneler ýetginjek çagalaryny durmuşa nädip taýýarlap biler?
3 Mukaddes Ýazgylardaky maslahata eýerýän ata-eneler ýetginjek çagalaryna synaglara hötde gelmäge hem-de jogapkärli adam bolup ýetişmäge ýardam edýär. Ähli döwürlerde we halklarda Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler boýunça ýaşan ata-eneler we ýetginjekler bereket aldylar (Zebur 119:1).
DOGRY WE AÇYK GÜRRÜŇDEŞLIK
Ýetginjek çagaňyz gepleşmek islände, diňlemäge taýyn boluň
4. Näme üçin ýetginjek döwri maslahat bermek has wajyp?
4 Mukaddes Ýazgylarda: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:22). Eger çagalara kiçikä maslahat berlen bolsa, ýetginjek ýaşyna ýetende maslahat has hem wajyp. Sebäbi olar köp wagtyny öýde däl-de, synpdaşlary we dostlary bilen geçirýär. Eger maslahat berilmese, ýagny ata-ene bilen çaganyň arasynda dogry we açyk gürrüňdeşlik bolmasa, ýetginjek özüni ýat adam ýaly duýýar. Nädip aç-açan gürrüňdeşlik edip bolýar?
5. Ata-enesi bilen bolýan gürrüňdeşlige ýetginjekler nähili garamaly?
5 Bu meselede hem ýetginjekleriň, hem ata-eneleriň ýerine ýetirmeli borjy bar. Dogrudanam, ýetginjeklere öňküsine garanda ata-enesi bilen gepleşmek kyn bolmagy mümkin. Emma ýadyňyzda bolsun «maslahatyň ýok ýerinde halk ýykylýandyr; maslahatçylaryň köp ýerinde ýeňiş bardyr» (Süleýmanyň tymsallary 11:14). Bu sözler ähli adamlara, ýagny ýaşlara-da, garrylara-da degişli. Muny boýun alýan ýetginjekler tejribeli görkezmä mätäçdigine düşünýär, çünki olar öňkä garanyňda kyn meseleleri çözmeli bolýar. Olar Hudaýa iman edýän ata-enesiniň gowy maslahat berjekdigine ynanmaly, sebäbi olaryň durmuş tejribesi köp we ençeme ýyldan bäri söýgi bilen çagalarynyň aladasyny edip gelýärler. Şoňa görä-de, paýhasly ýetginjekler şol döwürde ata-enesinden ýüz öwürmeýär.
6. Paýhasly we çagalaryny söýýän ata-eneler ýetginjekleri bilen bolýan gürrüňdeşlige nähili garamaly?
6 Açyk gürrüňdeşlik ata-enäniň ýetginjegiň gürrüňdeşlige bolan zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin köp tagalla etmelidigini aňladýar. Ata-eneler, çagalaryňyz siziň gürrüňdeş bolmaga hemişe taýyndygyňyzy bilsinler. Elbetde, bu aňsat däl. Mukaddes Ýazgylarda «dymmagyň wagty, gürlemegiň wagty bar» diýilýär (Wagyz kitaby 3:7). Siziň gepleşmek islemeýän wagtyňyz, ýetginjegiň gepleşesi gelmegi mümkin. Belki, siz şol wagty şahsy okuwy, dynç almagy ýa-da öý işlerini etmegi planlaşdyransyňyz. Emma çagaňyz gepleşmek islese, işiňizi goýup, ony diňlejek boluň. Ýogsa, ol indikide gepleşesi gelmez. Isanyň göreldesini ýadyňyza salyň. Bir gezek ol dynç almakçy bolanda, ony diňlemek üçin töweregini uly märeke gurşap aldy. Isa şonda dynç alman, olara öwretmäge başlady (Markus 6:30—34). Ata-enesiniň eli degmeýändigini ýetginjekleriň köpüsi bilýär, ýöne gerek wagty ata-enesiniň goldajakdygyna olar ynamly bolmaly. Şonuň üçin gürrüňdeş bolmaga we düşünişmäge hemişe taýýar boluň.
7. Ata-eneler nämeden gaça durmaly?
7 Özüňiziň ýetginjeklik döwrüňizde nähili duýgulary başdan geçirendigiňizi ýatlaň we degişmegi-de unutmaň! Çagalary bilen edýän gürrüňdeşligi ata-enelere şatlyk getirmeli. Ata-eneler boş wagtyny nähili geçirýär? Eger olar boş wagtyny köplenç maşgalasy bilen geçirmeseler, ýetginjekler muny derrew duýar. Ýetginjekler mekdep ýoldaşlary olary ata-enesinden gowy görýändir öýtseler, onda kynçylyk dörär.
NÄME BARADA GÜRRÜŇ ETMELI?
8. Çagalara dogruçyl, işeňňir we göreldeli bolmagy nädip öwretmeli?
8 Ata-eneler çagalaryny kiçilikden dogruçyl we işeňňir bolmagy öwretmedik bolsa, onda ýetginjek ýaşynda hökman öwretmeli (1 Selanikliler 4:11; 2 Selanikliler 3:10). Şeýle-de olar çagalarynyň ahlak taýdan arassa ýaşamagyň wajypdygyny düşünýändigine göz ýetirmeli (Süleýmanyň tymsallary 20:11). Bu babatda ata-enäniň göreldesi örän ähmiýetli. Hudaýa iman etmeýän ärleriň «aýdýan sözleriňize däl-de, edim-gylymyňyza seredip iman edişi» ýaly, ýetginjekler hem ata-enesiniň göreldesinden adalatly prinsipleri öwrenerler (1 Petrus 3:1). Ýöne diňe bir görelde ýeterlik däl, sebäbi daş-töwerekde özüne çekiji erbet göreldeler we höwesler gaty köp. Şol sebäpli alada edýän ata-eneler ýetginjekleriň görýän we eşidýän zatlaryna nähili garaýandygyny bilmek üçin olar bilen mazmunly gürrüňler geçirmeli (Süleýmanyň tymsallary 20:5).
9, 10. Ata-eneler jyns gatnaşyk meselesinde çagalaryna näme üçin we nädip tälim bermeli?
9 Bu, esasanam, jyns gatnaşyk meselesinde terbiýe bereniňde gerek. Siz çagalaryňyz bilen jynsy gatnaşyk barada gepleşmäge utanýarsyňyzmy? Utançly bolsa-da gepleşjek boluň, sebäbi çagalar barybir başgalardan eşider. Eger muny siz aýtmasaňyz, olaryň nähili «maglumat» aljakdygyny kim bilsin? Ýehowa jyns gatnaşyk hakda Mukaddes Ýazgylarda gürrüň bermäge çekinmedik bolsa, onda sizem çekinmeli däl (Süleýmanyň tymsallary 4:1—4; 5:1—21).
10 Biziň bagtymyza, Mukaddes Ýazgylarda jyns gatnaşyk babatda açyk görkezme berilýär, şol görkezmeleri şu günlerem ulanyp bolýandygy barada Garawul diňi jemgyýeti ençeme peýdaly makalalary çap edýär. Siz olary ulanýarsyňyzmy? Meselem, «Ýaşlaryň sowallary» kitabynyň 1-nji we (rusça) 2-nji tomundan gerekli baplary saýlap, ogluňyz ýa-da gyzyňyz bilen pikir alşyp bilersiňizmi? Netijesi sizi diýseň begendirer.
11. Ata-eneler nädip iň gowy ýol bilen çagalaryna Ýehowa gulluk etmegi öwredip biler?
11 Ata-eneler çagalary bilen, esasan, näme barada gürrüňdeş bolmaly? Bu barada Pawlus resul şeýle ýazdy: «Olary (çagalaryňyzy) Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň» (Efesliler 6:4). Çagalar Ýehowa barada yzygiderli bilim alyp durmaly. Umuman aýdanyňda, olar Ýehowany söýmegi öwrenmeli hem-de oňa gulluk etmäge islegi bolmaly. Şu halatda öz göreldäňiz bilen köp zady öwredip bilersiňiz. Ýetginjekler ata-enesiniň Ýehowany «bütin ýüregi, bütin jany we bütin aň-düşünjesi bilen söýýändigini» we durmuşyna gowy täsir edýändigini görüp, olaryň göreldesine eýerjek bolar (Matta 22:37). Ýetginjekler ata-enesiniň öňürti maddy zatlary däl-de, Hudaýyň Patyşalygyny agtarýandygyny görseler, olar hem şeýle garaýyşda bolmaga çalşar (Wagyz kitaby 7:12; Matta 6:31—33).
Mukaddes Ýazgylary yzygider öwrenmek maşgala üçin wajyp
12, 13. Maşgala okuwyny üstünlikli geçirmek üçin nämäni ýatda saklamaly?
12 Maşgalaňyz bilen her hepde Mukaddes Ýazgylary öwrenseňiz, bu ýetginjekleriň ruhy taýdan ösmegine kömek eder (Zebur 119:33, 34; Süleýmanyň tymsallary 4:20—23). Bu okuwy hökman yzygider geçirmeli (Zebur 1:1—3). Ata-eneler we çagalar maşgala okuwyny ähli zatdan birinji ýerde goýmalydygyna düşünmeli. Mundan başga-da, maşgala okuwy netijeli bolar ýaly, dogry garaýyşda bolmaly. Bir ata şeýle gürrüň berýär: «Munuň syry—maşgala okuwyny geçirýän adam okuwa ýüzleý garamaly däl, erkin ýagdaýy we hormatly garaýşy döretmeli. Şeýle ýagdaýy mydama saklamak aňsat däl, hemişe ýetginjegiň okuwa bolan garaýşyny düzedip durmaly bolýar. Bu bir-iki sapar başartmasa-da, ruhdan düşmäň, indiki sapar hökman geçeris diýen umytda boluň». Şeýle-de ol ata her gezek okuw geçirmezinden öň, maşgala agzalarynyň ählisiniň okuwa dogry garaýyşda bolar ýaly Ýehowadan kömek soraýandygyny aýdýar (Zebur 119:66).
13 Maşgala okuwyny geçirmek—Hudaýa iman edýän ata-eneleriň borjy. Dogry, käbir ata-eneleriň mugallymçylyk ukyby ýok, şol sebäpli olara maşgala okuwyny gyzykly edip geçirmek kyn bolýar. Muňa garamazdan, çagaňyzy «iş ýüzünde we ýürekden söýseňiz», ak ýürekden we kiçigöwünlik bilen olaryň ruhy taýdan ösmegine kömek etmäge höwesiňiz bolar (1 Ýahýa 3:18). Ýetginjekler käwagt närazylyk bildirseler-de, olaryň bagtyýar ýaşamagy üçin siziň alada edýändigiňizi bilýän bolsalar gerek.
14. Ýetginjekler bilen ruhy meseleleri ara alyp maslahatlaşanda Kanunyň gaýtalanyşy 11:18, 19-njy aýatlary nädip ulansa bolar?
14 Ruhy taýdan wajyp soraglary diňe bir maşgala okuwynda seretmeli däl. Ýehowanyň ata-enelere beren tabşyrygy ýadyňyzdamy? Ol şeýle diýýär: «Meniň sözlerimi ýüregiňiz hem janyňyz bilen kabul ediň. Olary belgi kimin eliňize daňyň, goý, olar size maňlaýdaky daňy ýaly bolsun. Olary ogullaryňyza öwrediň: öýde otyrkaň, ýolda gidip barýarkaň, ýataňda we turaňda olar barada gürrüň et» (Kanun taglymaty 11:18, 19; şeýle-de Kanun taglymaty 6:6, 7-nji aýatlara serediň). Bu ata-eneleriň öz çagalaryna hemişe wagyz etmelidigini aňlatmaýar. Söýýän maşgalabaşy maşgalasynyň ruhy garaýşyny ösdürmek üçin mümkinçilik gözlär.
TERBIÝE WE HORMAT
15, 16. a) Terbiýe näme? b) Terbiýe üçin kim jogapkär we oňa gulak asmak kimiň borjy?
15 Terbiýe—düzetmek üçin berilýän tälim. Muňa gürrüňdeşlik hem degişli. Terbiýelemek temmi bermegi däl-de, düzetmegi aňladýar. Ýöne şonda-da käwagt temmi bermeli bolýar. Çagalara bäbeklik döwründe terbiýe bermeli, ýöne olar ýetginjeklik döwründe terbiýä has hem mätäç bolýar. Paýhasly ýetginjekler munuň dogrudygyna düşünýär.
16 Mukaddes Ýazgylarda: «Akmak adam atasynyň temmisini har edýändir; käýinje gulak asýan bolsa paýhaslydyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 15:5). Bu aýatdan biz köp zady öwrenýäris. Onda tälim bermek göz öňünde tutulýar. Eger tälim berilmedik bolsa, ýetginjek temmini «har etmezdi». Ýehowa öwüt-nesihat bermek borjuny ata-enä, esasan hem, ata tabşyrdy. Emma berlen nesihata gulak asmak borjuny ýetginjeklere tabşyrdy. Eger ol ata-enesiniň paýhasly tälimine gulak assa, köp zady öwrener we az ýalňyşlyk goýberer (Süleýmanyň tymsallary 1:8). Mukaddes Ýazgylarda: «Temmini ret edýäne garyplyk we utanç bardyr; käýinje gulak beren bolsa hormatlanar» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 13:18).
17. Ata-eneler ýetginjekleri terbiýelände näme üçin paýhasly bolmaly?
17 Ata-eneler ýetginjeklere terbiýe berende paýhasly bolmaly. Ata-eneler çagalaryny ynjytmaz ýaly juda talap edijilikden ägä bolmaly, hatda bu çagalaryň özüne bolan ynamyny gaçyryp biler (Koloslylar 3:21). Ýöne ata-eneler has geçirimli-de bolmaly däl, sebäbi olar çagalaryny wajyp terbiýeden mahrum eder. Şeýle geçirimlilik betbagtçylyga eltip biler. Süleýmanyň tymsallary 29:17-de: «Ogluňy terbiýele, ynjalyk taparsyň, janyňa lezzet bolar» diýilýär. 21-nji aýatda bolsa: «Ýaşlygynda läliksiredilen hyzmatkär, soň özüniň ogul ýerine görülmegini islär» diýilýär. Bu aýatda hyzmatkär barada aýdylsa-da, ähli ýetginjeklere-de degişli.
18. Terbiýe nämäni görkezýär we ata-eneler yzygiderli terbiýe berende nämeden gaça durmaly?
18 Hakykatdan-da, dogry terbiýe bermeklik ata-enäniň öz çagasyny söýýändigini görkezýär (Ýewreýler 12:6, 11). Eger siz ata-ene bolsaňyz, çagany pähimli we yzygiderli terbiýelemegiň kyndygyny bilýänsiňiz. Belki, «aç gulagym, dynç gulagym» diýip, keçjal ýetginjegiň kellesine gelenini etmäge rugsat berýänsiňiz. Şeýle edýän ata-eneler wagtyň geçmegi bilen çagalaryna diýenini etdirip bilmän, azabyny özleri çekerler (Süleýmanyň tymsallary 29:15; Galatýalylar 6:9).
IŞ WE DYNÇ ALYŞ
19, 20. Ýetginjekleriň dynç almak meselesinde ata-eneler nädip paýhasly bolmaly?
19 Öňler çagalar ejesine we kakasyna öý işlerini etmäge kömekleşer diýip tama edilýärdi. Şu günler bolsa ýetginjekleriň boş wagtlarynyň köpüsine gözegçilik edilmeýär. Şeýle boş wagtlary geçirmek üçin komersiýa dünýäsi göwün açmanyň dürli görnüşlerini hödürleýär. Munuň üstüne adamlaryň Mukaddes Ýazgylardaky ahlak kadalara sowuk-sala garaýandygyny hem göz öňünde tutsaňyz, şonda betbagtçylyklaryň näme üçin bolýandygyny bilersiňiz.
20 Şonuň üçin paýhasly ata-ene dynç alyş meselesini özleri çözýärler. Emma ýetginjegiň ulalýandygyny hem göz öňünde tutuň. Ýyl geçdigiçe ol özüne uly adam hökmünde garalmagyny isleýär. Şoňa görä ýetginjek ulaldygyça ruhy taýdan össe, ata-ene oňa dynç almagyň görnüşlerini saýlamaga rugsat berip biler. Käwagt ýetginjekler aýdym-sazy, dost-ýary we başga zatlary-da nädogry saýlamagy mümkin. Şeýle ýagdaýda, ýetginjek geljekde dogry zady saýlar ýaly, onuň bilen gepleşmeli.
21. Dynç almak üçin wagt paýhasly sarp edilse ýetginjegi nädip gorar?
21 Dynç almak üçin näçe wagt sarp etmeli? Käbir ýurtlarda ýetginjekler ähli wagtyny göwün açma bilen geçirmeli diýip düşünýärler. Şonuň üçin olar wagtyny hemişe «hoş geçirjek» bolýar. Ata-eneler çagalaryny başga işlere-de, meselem, maşgala, şahsy okuwyna, ruhy taýdan ýetişen doganlar bilen gürrüňdeşlige, ýygnak duşuşygyna we öý işlerine wagt sarp etmegi öwretmeli. Bu işler «ýaşaýşyň... lezzetine özüňi aldyryp» Hudaýyň Sözüniň bogulmagyna ýol berdirmez (Luka 8:11—15).
22. Ýetginjekleriň durmuşynda göwün açmalar nähili orunda durmaly?
22 Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Durmuşda adam üçin şatlanmakdan we ýagşylyk etmekden başga oňat zadyň ýokdugyna göz ýetirdim; şonuň üçin adam iýmeli-içmeli we agyr zähmetiniň süýji miwelerinden datmaly. Bu Hudaýyň sylagy» (Wagyz kitaby 3:12, 13). Hawa, şatlanmak paýhasly durmuşyň wajyp bölegidir. Ýöne yhlas bilen zähmet hem çekmek gerek. Şu günler köp ýetginjekler yhlas bilen zähmet çekip lezzet almagy ýa-da kynçylyga hötde gelip, haýsydyr bir meseläni çözüp, özüne sarpa goýmagy öwrenmediler. Her bir çaganyň gelejekde özüni eklär ýaly kär ýa-da hünär almaga mümkinçiligi ýok. Bu ata-eneler üçin çözülmesi kyn mesele. Çagaňyzda şeýle mümkinçilik bolar ýaly alada edermisiňiz? Eger siz ýetginjek çagaňyza yhlas bilen zähmet çekmegiň gadyryny bilmegi we söýmegi öwretseňiz, zähmete dogry garamagy öwrener. Bu bolsa onuň bütin ömrüne peýda getirer.
ÝETGINJEK ULALÝAR
Çagalaryňyza söýgiňizi we minnetdarlygyňyzy bildiriň
23. Ata-eneler ýetginjek çagalaryny nädip ruhlandyryp biler?
23 Ýetginjek bilen düşünişmezlik dörän-de, Mukaddes Ýazgylardaky «söýgi ebedi dowam eder» diýen sözleri unutmaň (1 Korinfliler 13:8). Çagaňyzy söýýändigiňizi hiç haçan gizlemäň. Her bir ata-ene özüne şeýle sowallary berip biler: «Men çagalarymyň her birini kynçylyga döz geleni ýa-da meseläni çözeni üçin öwýärinmi? Mümkinçilikden peýdalanyp çagalaryma söýgimi ýa-da minnetdarlygymy bildirýärinmi? Käwagt düşünişmezlik bolsa-da, ýetginjekler özleriniň söýülýändigini duýsalar, olar hem sizi söýer.
24. Çagany terbiýelände Ýazgylardaky haýsy prinsip umumy düzgün bolup galýar, ýöne nämäni unutmaly däl?
24 Elbetde, çagalar ulaldygyça özleri kem-kemden wajyp karara gelip biler. Käbir halatda olaryň gelen karary ata-enesine ýaramazlygy mümkin. Çaga Ýehowa Hudaýa gulluk etmek islemeýändigini aýtsa näme etmeli? Şeýle bolmagy mümkin. Hatda Ýehowanyň käbir ruhy ogullary-da onuň maslahatyny ret edip, oňa garşy pitne turuzdylar (Gelip çykyş 6:2; Ýahuda 6). Çagalar hemme zady siziň islegiňize görä eder ýaly, meýilnama boýunça işleýän kompýuter däl. Olarda erkinlik bar we gelen karary üçin Ýehowanyň öňünde özleri jogap berýär. Muňa garamazdan, Süleýmanyň tymsallary 22:6-daky: «Çagany gitmeli ýoluna öwrenişdirseň, ulalanda hem ondan aýrylmaz» diýen sözler umumy düzgün bolup galýar.
25. Ata-eneler Ýehowanyň beren sylagyna nädip minnetdarlyk bildirip biler?
25 Şeýlelikde, çagalaryňyzy söýgi bilen gurşaň. Olary Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä terbiýelemek üçin eliňizden gelenini aýamaň. Hudaýa ýaraýan häsiýetleriňiz bilen olara görelde boluň. Şonda çagaňyzyň jogapkärli we Hudaýdan gorkýan adam bolup ýetişmegine kömek edersiňiz. Bu ata-ene bolmak sylagyny beren Ýehowa minnetdarlyk bildirmegiň iň gowy ýoludyr.