«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma
AWGUST 7—13
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 28—31
«Ýehowa butparaz halky sylaglaýar»
it «Sur» abz. 10
Weýran edilmek. Suryň uzak wagytlap gabawda saklanmagy, Nebukadnesaryň esgerleriniň demir telpekden ýaňa kellelerinde „saçlary döküldi“ gabawyň gurluşyk enjamlaryny götermekden ýaňa bolsa, egniniň „hamy soýuldy“. Sura çykarylan hökými ýerine ýetirmekde Hudaýyň ýaragy hökmünde Nebukadnesar hyzmat edenem bolsa, ol „muzdyny“ almandy. Şonuň üçin Ýehowa oňa sylagyň ýerine Müsüriň baýlygyny bermäge söz berdi (Ezekiýel 29:17—20). Ýahudy taryhçysy Iýosif Flawiniň aýtmagyna görä, Sur 13 ýyllap gabawda saklanylýar. (Apiýonyň I garşysyna.. 21) we bu babyllylara gaty gymmat düşdi. Dünýewi taryhda Nebukadnesaryň näçe tagalla edip, näçe olja alanlygy barada habar berilmeýär. Ýöne Sur gürrüňsiz uly ýitgä sezewar edilipdi: köp adamlar öldürilipdi, emläkleri bolsa talanypdy (Ezekiýel 26:7-12).
it «Müsür», sözbaşy «Nebukadnesar Müsüri basyp alýar» abz. 4
Nebukadnesaryň hökýmdarlygynyň 37-nji ýylyny (588 b.e.öň) görkezýän bir babyl teksti Müsüriň garşysyna eden harby ýörişi barada belläp geçýär. Ýöne onda Müsüriň basylyp alnyşy ýa-da şol ýurtda edilen has soňky harby hereketler barada aýdylýandygyna düşünmek kyn. Her näme bolsa-da, Sura çykarylan hökümi ýerine ýetireni üçin Nebukadnesar Ýehowadan “muzd“ ýa-da iş haky hökmünde Müsüriň baýlygyny aldy. Sebäbi Müsür Hudaýyň halkyna zalymlyk edipdi (Ezekiýel 29:18—20; 30:10—12).
g88 8/2 sah. 23, abz. 4, 5
Hemme salgytlary tölemelimi?
Muňa jogap bermek üçin Ýaradyjynyň Özüniň şeýle ýagdaýda nähili hereket edenligine seredip bileris. Bir gezek Hudaý beýik hökümdaryň eden hyzmaty üçin çykdajysynyň öwezini doldyrdy. Gadymy Sur şäherini derbi-dagyn etmegi buýurmaga Ýehowanyň adalatly gahar- gazaby iterdi. Hudaý bu işi Nebukadnesar patyşanyň ýolbaşçylygynda Babylyň ýaragly gyýjiniň kömegi bilen amala aşyrdy. Babyl ýeňiş gazandy, ýöne bu oňa gaty gymmat düşdi. Şonuň üçin Ýehowa oňa hyzmaty üçin tölemeli diýip hasaplady. Bu barada Ezekiýel 29:18, 19-da şeýle diýilýär: „Eý, ynsan ogly! Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşunyna Sura garşy agyr zähmet çekdirdi: her bir esgeriň saçy döküldi, her bir egniň hamy soýuldy; emma çeken zähmetine görä, ne onuň özüne, ne-de goşunyna Surdan muzd tölendi. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür ýurdyny Babyl patyşasy Nebukadnesara bererin; ol onuň baýlygyny äkider, oljasyny alar we ony talar; bu onuň goşuny üçin muzd bolar“.
Nebukadnesar gopbamsy, tekepbir, özüni bilýän, bütün döwleti dolandyrýan ýeke-täk hökümdardy. Babyl we onuň esgerleri ýesirlere rehimsizlik etmekde ýakalaryny tanadypdylar. Ýehowa beýle häsiýetleri makullamaýardy, ýöne Onuň gözünde töleg, töleg bolup galýar we ol “bergisini“ bütünley töledi.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
it «Kämillik», sözbaşy «Ilkinji günä eden we Sur patyşasy» abz. 1, 2
Ilkinji günäkär we Sur patyşasy. Isanyň Ýahýa 8:44-däki sözlerinden we Gelip çykyş kitabynyň 3-nji babyndan görnüşi ýaly, günäniň başlangyjyny we kämilsizligi adamlar däl-de, ruhy şahsyýetler başlady. Ezekiýel 28:12-19-da agy aýdymy bilen ýerdäki „Sur patyşasyna“ ýyzlenilýänem bolsa, bu ýerde ilkinji günä eden Hudaýyň ýaradan ruhy oglunyň hereketi suratlandyrylýar. „Sur patyşasynyň“ tekepbirligi, onuň „Hudaý“ ýaly bolmak islegi, „heruby“ hökmünde ýatlanylmagy, Hudaýyň Erem bagyna salgylanmagy — bularyň bary Mukaddes Ýazgylarda agzalýan, Erem bagynda ýylana meňzedilen, „şu dünýäniň taňrysy“ diýlen, gopbamsy Şeýtan Iblise gabat gelýär (1 Tim. 3:6; Gel. çyk. 3:1-5, 14, 15; Ylh 12:9; 2 Kor. 4:4).
Ady agzalmaýan Sur patyşasy özüni „gözelligiň kämil derejesi“ we „danalygyň we kämilligiň (ýewr. kalal) aňrybaşy“ diýip atlandyran şäherinde ýaşaýar. (Ezekiýel 27:3; 28:12). Şeýle-de ol ýaradylan gününden tä „ýazyk tapylýança, ýollarynda aýypsyzdy“ (ýewr. tamim) (Ezekiýel 28:15). Ezekiýel kitabyndaky agy aýdymynyň ilkinji ýa-da gös-göni ulanylmagy, mümkin, Suruň belli bir patyşasyna däl-de, suryň bütinleý hökümdarlaryna degişli bolmagy mümkin. (deňeşdir Işaýa 14:4-20, ady agzalmaýayn „Babylyň patyşasy“ barada ýazylan pygamberlik). Eger bu şeýle bolsa, onda sur hökümdarlarynyň Dawut we Süleýman patyşa bilen başdaky işewir we dostlukly gatnaşygy barada gürrüň gidýän bolmagy ähtimal. Şol döwürde Sur patyşa hat-da Moryýa dagynda Ýehowanyň ybadathanasyny gurmaga hem kömek edipdi. Şeýlelik-de başda Sur hökümdarlarynyň Ysraýyla Ýehowanyň halkyna bolan garaýşy birkemsizdi (1 Pat. 5:1—18; 9:10, 11, 14; 2 Ýyl. ýaz. 2:3—16). Ýöne Suruň soňky dolandyran hökümdarlary bu aýypsyz ýoldan gyşardylar we Ýowel, Amos, Ezekiýel pygemberler dagy Sura Hudaýyň hökümini aýan etdiler (Ýowel 3:4—8; Amos 1:9, 10). Ezekiýel kitabyndaky pygemberlik Sur patyşasy bilen Hudaýyň esasy Duşmanynyň diňe edýän hereketiniň meňzeşligini görkezmän, eýsem, ýene bir gezek „kämil“ we „aýypsyz“ sözleriň her hili manyda ulanyp bolýanlygyny görkezýär.
w03 1/7 sah. 32, abz. 1—3
Ýitip giden şäherleriň syry
Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Nof we No bular birwagytlar Müsüriň paýtagytlary bolan Memfis we Tebes diýen şäherleriň atlary. Nof (Memfis) häzirki Kairden 23 km günortada, Nil derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşýärdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen Memfis Müsüriň paýtagty bolmagyny bes etdi. B. e. öň XV-nji asyryň başynda No (Tebes) Müsüriň täze paýtagty boldy. Ol takmynan Memfisden 500 km günortada ýerleşýärdi. Tebesdäki köp sanly harabaçylyga öwrülen ybadathanalaryň arasynda Karnak ybadathanasy ähli sütünli binalaryň arasynda iň ulusy hasaplanylýar. Tebes, Karnak ybadathanasy bilen bilelikde Amona (ýa-da Ammona) — müsürlileriň esasy hudaýlaryna bagyş edilendi.
Mukaddes Ýazgylarda Memfis we Tebes barada nämeler öňünden aýdylypdy? Müsüriň faraonyna we onuň hudaýlaryna, aýratynam baş hudaýlary bolan „Tebesde ýerleşýän Ammona“ höküm çykarylypdy. (Ýermeýa 46:25, 26). „Köp ilatlylygy“ Ammona baş egýänleriň şähere üýşmegi ýok edilmelidi (Ezekiýel 30:14, 15). Şeýle-de boldy. Ybadathananyň harabaçylygy bu Ammona edilen seždeden galanja zatdy. Häzir gadymy Tebesiň meýdanynyň bir bölegini Luksor şäheri eýeleýär. Beýleki böleginde bolsa harabaçylygyň arasynda kiçeňräk obalar ýerleşýär.
Memfisden bolsa onuň öwlüýalaryndan başga hiç zat galmandyr. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän Luis Golding şeýle belläp geçýär: „Asyrlar boýy Müsüri basyp alan araplar garşysyndaky kenar ýakasynda ýerleşýän öz paýtagytlaryny (Kair) gurmak üçin Memfisiň harabaçylyklaryny gurluşyk materialy hökmünde ulanyp geldiler. Arap gurluşykçylary tebigy jaý salyjy ussa Nil derýäsi bilen bir hatarda şeýle bir öz işleriniň hötdesinden geldiler welin, köne şäheriň gara ýerinde birnäçe kilometr radiusda ýekeje-de daşy tapmak mümkin däl“. Mukaddes ýazgylarda aýdylyşy ýaly Memfis „weýran bolup... ilatsyz bir haraba döndi“ (Ýermeýa 46:19).
AWGUST 14—20
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 32—34
«Gözegçilik etmek jogapkärli iş»
it «Gözegçi», sözbaşy «Göçme manysy»
Göçme manysy. Ýehowa ysraýyl halkynyň üstünden pygemberleri goýdy. Olar göçme manyda ysraýyllylar üçin garawul bolup gulluk etmelidiler (Ýermeýa 16:7). Pygemberleriň özi hem garawul barada göçme manyda aýdýardylar. (Işaýa 21:6, 8; 52:8; Hoşeýa 9:8). Bu pygamberler, ýagny garawullar erbetlere golaýlap gelýän heläkçiligi duýdurmaga borçlydylar, ýogsam pygemberleri jogapkärçilige çekmeli bolardy. Eger-de adamlar duýduryşa biperwaý garap, hiç hili hereket etmeseler, olaryň gany öz başlarynda bolardy (Ezek. 3:17—21; 33:1—9). Biwepa pygember edil kör garawul ýaly, lal it ýaly peýdasyzdy (Işaýa 56:10).
w88 1/6 sah. 22, abz. 13
Ganyň dökülmeginden gaça durmak
13 Özüni Ýehowa bagyş eden Şaýatlaryň adamlara Hudaýyň ýetip gelýän hökümi barada duýduryş bermek jogapkärçiligini Ezekiýeliň öz döwründe çeken jogapkärçiligine meňzetse bolar. Ol Ysraýyl öýüne garawul edilip bellenipdi. Onuň işi ysraýyllylar erbet ýollaryndan dänmese, onda wagty gelende ýok ediljekdikleri barada duýdurmakdy. Eger-de ol garawul hökmünde duýduryşy wagyz etmedik bolsa, onda erbetler bary-bir heläk edilerdi, ýöne olaryň gany biperwaý garawulyň başynda galardy. Bu hökümi ýerine ýetirmäge Ýehowanyň özüniň nähili garaýandygyny şeýle sözler bilen görkezdi: „Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“ (Ezekiýel 33:1—11).
Wagtyň az galandygyny unutmaň
WAGYZ ETMEK NÄME ÜÇIN WAJYP?
3 Siz wagyz edip, adamlary halas edýändigiňiz barada oýlansaňyz, hoş habary gürrüň bermäge islegiňiz has-da artýandyr (Rim. 10:13, 14). Hudaýyň Sözünde: «Men erbet adama: «Sen ölersiň» diýsem, ýöne ol günäsine toba edip, adalatly bolup, dogrulyk etse... sag-aman ýaşar we ölmez. Eden günäleriniň hiç biri ýada salynmaz» diýilýär (Ezek. 33:14—16). Injilde bolsa, hoş habary öwredýän mesihçiler «hem özüni, hem özüne gulak asýanlary halas eder» diýilýär (1 Tim. 4:16; Ezek. 3:17—21).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w91 15/3 sah. 17 abz. 16, 17
Ýehowanyň gökdäki arabasy bilen bile ýoräň
Biperwaýlyk ürküzmedi
16 Ezekiýel gulak asyjylygy bilen hem gowy görelde görkezdi. Ol biperwaýlyga we ýaňsylamalara özüni aldyrmady. Arassa diliň ösdügi saýyn, biz hem arabanyň beýik Sürüjisiniň saýlan ýoluna tarap ýöreýäris. Şeýdip, biz onuň buýruklaryna seslenmek üçin taýyn bolýarys. Ýehowanyň höküm habaryny ýetirýän adamlarymyzyň biperwaýlygy we ýaňsylamalary gorkuzmaz ýaly berkeýäris. Edil Ezekiýele öňünden duýduryşy ýaly, ol bize hem käbir doňýürek we barlyşyksyz adamlaryň garşy çykjakdyklaryny duýdurýar. Käbirleri Ýehowa gulak asmak islemeýändikleri üçin diňlemezler (Ezekiýel 3:7—9). Ýene birleri bolsa Ezekiýel 33:31,32-de aýdylyşy ýaly ikiýüzli bolarlar. Ol ýerde: „Ine, sen olar üçin oňat saz çalyp, mahmal owazyň söýgi aýdymlaryny aýdýan bagşysyň. Olar seniň sözleriňi diňleýärler, emma olary berjaý etmeýärler“ diýilýär.
17 Bu zatlar näme bilen gutarardy? 33-nji aýatda şeýle diýilýär: „Ine, bu sözler dogry çykanda dogry çykyp hem gelýär, olar öz aralarynda bir pygemberiň bolandygyny bilsinler“. Bu sözlerden görnüşi ýaly, Ezekiýel üns berýänleriň azdygyna garamazdan, ýan bermedi. Başgalaryň biperwaýlygy ony biperwaý edip goýmady. Adamlar diňleýärdimi ýa-da ýok, ol Hudaýa boýun boldy we özüne tabşyrylanlary ýerine ýetirdi.
Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarys
3 Işaýa 40:10, 11-nji aýatlardaky pygamberlik Ýehowa halkyny mähir bilen bakýandygyna ünsümizi çekýär (Zebur 23:1—6). Isa-da ýer ýüzünde gulluk edende, şägirtleriniň we bütin halkyň mähir bilen aladasyny edýärdi (Matta 11:28—30; Markus 6:34). Ýehowa we Isa halkyň aladasyny etmeýän we olary ezýän Ysraýyl çopanlarynyň, ýagny ýolbaşçylaryň doňýürekligini görüp gynanýardy (Ezekiýel 34:2—10; Matta 23:3, 4, 15). Ýehowa şeýle wada berdi: «Men goýunlarymy halas ederin, şondan soň olar talanmaz, goýun bilen goýnuň arasynda kazy bolaryn. Olary bakjak bir çopan, gulum Dawudy bererin; ol olary bakar, olaryň çopany bolar» (Ezekiýel 34:22, 23). Şu soňky günlerde «bir çopan» Uly Dawut Isa Mesihdir, Ýehowa ony ýer ýüzündäki ähli gullukçylarynyň, ýagny mesh edilen mesihçileriň we «başga goýunlaryň» üstünden ýolbaşçy edip belledi (Ýahýa 10:16).
AWGUST 21—27
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 35—38
«Tizden Magok ýurdundaky Gog ýok ediler»
w15 15/5 sah. 29, 30
Okyjylaryň sowallary
Onda Magok ýurdundaky Gog kim? Bu soragyň jogabyny bilmek üçin Mukaddes Ýazgylardan Hudaýyň halkyna kimiň topuljakdygyny anyklamaly. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň halkyna diňe bir «Magok ýurdundaky Goguň» däl-de, «demirgazyk patyşasynyň» we «dünýä patyşalarynyň» topuljakdygy barada aýdylýar (Ezek. 38:2, 10—13; Dan. 11:40, 44, 45; Ylh. 17:14; 19:19). Bular aýry-aýry hüjümleri aňladýarmy? Ýok, olaryň ählisi bir hüjüm. Mukaddes Ýazgylarda onuň ady dürli-dürli aýdylýar. Biz näme üçin şeýle netijä gelýäris? Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda ähli halklaryň bileleşip, Armageddonyň öň ýanynda soňky urşa gatnaşjakdygy barada aýdylýar (Ylh. 16:14, 16).
Hudaýyň halkyna soňky hüjümi baradaky aýatlaryň hemmesini deňeşdirsek, Magok ýurdundaky Goguň Şeýtan Iblisi däl-de, milletleriň üýşmegini aňladýandygyna göz ýetireris. Olara «demirgazyk patyşasy» ýolbaşçylyk edermi? Bu anyk belli bolmasa-da, Ýehowa Goga şeýle diýýär: «Sen ýanyňdaky köp halklar bilen, at üstünde bolan uly jemagat we güýçli goşun bilen demirgazygyň aňry ujundan, öz mekanyňdan gelersiň» (Ezek. 38:6, 15).
Zalym dünýäniň soňy nädip geler?
8 Ýalan din ýok edilenden soňra-da, Hudaýyň gullukçylary «diwarsyz» we «howpsuz ýaşarlar» (Ezek. 38:11, 14). Ýehowa sežde edýän we goragsyz ýaly bolup görünýän mesihçilere näme bolar? Olara «köp halklar» topulsa gerek. Hudaýyň Sözünde muňa «Magok ýurdundaky Goguň» (Äjit-mäjidiň) topulmagy diýilýär (Ezekiýel 38:16-ny okaň, TD). Biz şonda özümizi nähili alyp barmaly?
9 Hudaýyň halkyna köp adamlaryň topuljagyny bilsek-de, biz gorkmaýarys. Biz öz gutulyşymyz barada däl-de, gaýtam, Ýehowanyň adynyň mukaddes edilmegi we hökümdarlygynyň aklanmagy barada alada edýäris. Ýehowa özge milletlere: «Siz meniň Ýehowadygymy bilersiňiz» diýip, 60-dan gowrak aýdýar (Ezek. 6:7). Biz Ezekiýeliň pygamberliginiň ýerine ýetmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys hem-de Ýehowanyň «hudaýhonlary synagdan nähili halas etmelidigini bilýändigine» şübhelenmeýäris (2 Pet. 2:9). Häzir bolsa nähili synaglary ýeňip geçmeli bolsak-da, imanymyzy berkitmek we aýypsyzlygymyzy saklamak üçin elimizde baryny etmeli. Munuň üçin näme etmeli? Doga etmeli, Mukaddes Ýazgylary okamaly, okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmaly we hoş habary wagyz etmeli. Şonda ebedi ýaşaýşa umydymyz «labyr» kimin berk bolar (Ýew. 6:19; Zeb. 25:21).
Siz indi Hudaýyň halkysyňyz
16 Beýik Babyl ýok edilenden soň, Ýehowanyň halkyna ähli tarapdan hüjüm ediler. Şonda biz halas bolmak üçin Ýehowanyň goragyna mätäç bolarys. Hudaýyň halkyna ediljek hüjüm uly muşakgatyň soňky tapgyry bolan Armageddon urşy bilen tamamlanar. Bu Ýehowanyň bellän wagtynda bolar. Hudaý ýer ýüzünde boljak wakalaryň ählisine gözegçilik eder (Mat. 24:21; Ezek. 38:2—4). Gog Hudaýyň halkyna hüjüm eder (Ezek. 38:10—12). Şonda Ýehowa dessine goşulyp, halkyny halas etmek üçin Goga we onuň tarapdarlaryna garşy söweşer. Şeýdip, Hudaý hökümdarlygyny beýgelder we adyny mukaddes eder. Ýehowa: «Köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler» diýýär (Ezek. 38:18—23).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w02 15/6 sah. 20 abz. 12
Mesihi ahlagy öwrenýäris we öwredýäris
12 Pawlus resul Mukaddes Ýazgylaryň ahlak prinsiplerini öwrenmegiň we oňa durmuşda eýermegiň esasy sebäbini belledi. Ýahudylaryň erbet gylyk-häsiýetleri Ýehowany masgaralaýardy. Injilde: „Sen kanuna buýsanýan bolsaň, näme üçin kanuny bozup, Hudaýy masgara edýärsiň? Hawa, siz sebäpli başga halklaryň arasynda Hudaýyň adyna dil ýetirilýär“ diýilýär. (Rim. 2:23, 24). Bu sözler biziň günlerimizde-de güýjüni ýitirenok. Eger biz mesihi ahlak kadalaryny äsgermezlik etsek, onda biz şol kadalary Berýäni masgaralaýarys. Emma, Hudaýyň kadalaryny berk saklasak, biz oňa hopmat goýýarys (Işaýa 52:5; Ezekiýel 36:20). Şu zatlary bilýänligimiz üçin hatda iň ýönekeý ýagdaýlarda-da mesihi ahlak kadalaryndan el çekmezligi berk ýüregimize düweliň. Ýöne biz Pawlusyň sözlerinden başga-da zatlary bilýäris. Biziň özümizi alyp barşymyz Ýehowanyň at-abraýyny görkezýär. Şu zatlary bilýänligimiz üçin bu bilimi başgalara-da beriň. Başgalara öwredýän wagtyňyz ahlak kadalary bilen tanşyp, oňa näçe berk eýerseň, şonça-da Ýehowanyň at-abraýyny has-da gowy görkezýändigimize düşünmäge olara kömek ediň. Mesihi ahlak kada bu diňe saglygyň we bagtyň girewi däl. Oňa eýermeklik ýa eýermezlik şol kadalaryň Gözbaşy bolanyň abraýyny görkezýär we ol şol kadalara eýermäge höweslendirýär (Zeb. 73:10; Ýakup 3:17).
w89 15/2 sah. 20 abz. 11
«Olar Meniň Ýehowadygymy bilerler»
11 Galanja halkyň Ýahuda gaýdyp geleninden soň, bu ýer bol hasylly Erem bagyna öwrüldi. (Ezek. 36:33-36 oka). Ruhy Ysraýylyň takrap ýatan meýdany hem 1919-njy ýyldan bäri bol hasylly ruhy jennete öwrüldi. Indi bu ýerde uly märeke hem bar. Her bir özüni Ýehowa bagyş eden mesihçi bu ruhy jenneti arassa saklamaga tagalla etmeli. Sebäbi bu ýerde mukaddes halk ýaşaýar. (Ezek. 36:37, 38).
AWGUST 28—SENTÝABR 3
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 39—41
Ezekiýeliň Ybadathana baradaky görnüşi we sen
w99 1/3 sah. 11 abz. 16
Ýehowanyň ybadathanasyna «ýüregiňi bagla»!
16 Bu soraga jogap bermek üçin, geliň ýene bir gezek Ezekiýeliň gören görnüşine seredeliň. Ezekiýel şeýle ýazýar: „Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy“ (Ezek. 40:2). Görnüşiň görkezilen ýeri belent dag Mika 4:1-däki sözleri ýatladýar: „Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýü daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden beýik bolar ol, halklar oňa tarap eňerler“. Bu pygemberlik haçan ýerine ýetýär? Mika 4:5-de halklar heniz ýalan taňrylara sežde edip ýören mahaly ýerine ýetip başlaýandygyny görkezýär. Hakykatdanam, biziň döwrümizde, soňky günlerde, arassa sežde beýgeldi, dikeldildi we Hudaýyň halkynyň durmuşynda wajyp orny eýeleýär.
Ezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler— II bölüm
40:3—43:17 — Ybadathananyň ölçenmegi näme üçin üns berilmäge mynasyp? Ybadathananyň ölçenmegi Ýehowanyň arassa sežde bilen baglanyşykly niýetiniň hökman amala aşjakdygyny görkezýän nyşan bolup durýar.
Ezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler-II bölüm
40:14, 16, 22, 26. Derwezäniň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy. Bu ybadathananyň içine diňe ýokary ahlak kadalara eýerýän adamlaryň girip bilýänligini görkezýär (Zeb. 91:13). Diýmek, Ýehowa biziň seždämizi diňe dogry adam bolsak kabul edýär.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
«Meniň Ýehowadygymy hemme halklar bilerler»
Ýehowa „Men... indi öz mukaddes adymy masgaralamaga ýol bermerin“ diýýär. Adamlar Hudaýa adalatsyzlygy ýöňkäp, onuň adyny masgaralaýarlar. Nädip? Mukaddes Ýazgylarda köplenç biriniň „ady“ barada aýdylanda onuň abraýy göz öňünde tutulýar. Bir ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Hudaýyň ady „Ol barada belli zatlar, ýagny Özi barada aýan eden zatlary hem-de Onuň şan-şöhraty“ bilen baglanyşykly getirilýär. Ýehowanyň ady gös-göni onuň at-abraýy bilen baglanyşykly. Ýehowa adalatsyzlyga nähili garaýar? Ol ony ýigrenýär. Mundan başga-da adalatsyzlyk edilenlere gaty ýüregi awaýar (Müs. çyk. 22:22—24). Hudaý zalymlygy ýigrenýär. Haçan-da adamlar ony zalymlykda günäkärleýän wagtlary, olar onuň adyny garalaýarlar. Şeýle etmek bilen, onuň adyny gözçykgynç sylamaýandyklaryny görkezýärler (Zebur 74:10).
w90 15/1 sah. 14 abz. 20
Jennete dolanýan ýoluň açylyşy
20 Halklaryň goýup gitjek ähli harby ýaraglaryna näme bolar? Diňe olaryň ýanýan böleklerini ýok etmek üçin göçme manyda aýdylýan wagty göz öňünde tutsaň, onda bu iş uzaga çeker (Ezekiýel 39:8—10). Armageddondan diri geçenler halklaryň galdyran harby ýaraglaryny material hökmünde peýdaly ulanmagyň usulyny taparlar (Işaýa 2:2—4).