Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • wt bap 12 sah. 110—119
  • Seniň suwda çokundyrylmagyň näme aňladýar?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Seniň suwda çokundyrylmagyň näme aňladýar?
  • Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýahýa kimi we näme üçin suwda çokundyrdy?
  • Isanyň şägirtleriniň suwda çokundyrylmagy
  • Borçlaryňa laýyklykda ýaşamak
  • Suwa çümdürilmek näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Suwa çümdürilmek — mesihçiler üçin talap
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Hudaýa ebedi gulluk etmegi maksat edin
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Suwa çümdürilmegi maksat goýuň!
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
wt bap 12 sah. 110—119

On ikinji bap

Seniň suwda çokundyrylmagyň näme aňladýar?

1. Suwda çokundyrylmak näme üçin her birimizi gyzyklandyrmaly?

ÝAHÝA çokundyryjy b. e. 29-njy ýylynda Isany Iordan derýasynda suwa çümdürip çokundyrdy. Muny Ýehowanyň hut özi synlap, razylygyny bildirdi (Matta 3:16, 17). Şeýdip Isa ähli şägirtlerine görelde galdyrdy. Üç ýarym ýyl geçenden soň, ol şägirtlerine şeýle diýdi: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi. Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň, olary Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen [suwda] çokundyryň» (Matta 28:18, 19). Isanyň tabşyrygyna laýyklykda, sen suwda çokundyryldyňmy? Belki, sen oňa taýýarlanýansyň?

2. Suwda çokundyrylmak bilen baglanyşykly nähili soraglara jogap tapmaly?

2 Şeýlelikde, Ýehowa gulluk edip, onuň adalatly täze dünýäsinde ýaşamak isleýän her bir adam suwda çokundyrylmagyň manysyna anyk düşünmeli. Biz şeýle soraglara jogap tapmaly: Häzirki suwda çokundyrylmanyň manysy Isanyňky ýalymy? «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar? Suwda çokundyrylma laýyklykda ýaşamak üçin näme etmeli?

Ýahýa kimi we näme üçin suwda çokundyrdy?

3. Ýahýa kimleri suwda çokundyrýardy?

3 Isanyň suwda çokundyrylmazyndan takmynan ýarym ýyl öň, Ýahýa çokundyryjy Ýahudanyň çölünde: «Toba ediň, çünki Gökleriň Patyşalygy golaýlady» diýen sözler bilen wagyz edip başlady (Matta 3:1, 2). Adamlar Ýahýanyň sözüne gulak asdylar. Olar günälerini aç-açan boýun alyp, toba edýärdiler we Iordan derýasynda suwda çokundyrylmak üçin Ýahýanyň ýanyna barýardylar. Şonda diňe ýehudylar suwda çokundyrylýardy (Luka 1:13—16; Resullaryň işleri 13:23, 24).

4. I asyrda ýaşan ýehudylar näme üçin hökman toba gelmelidiler?

4 Ýehudylara toba gelmek örän wajypdy. B. e. öň 1513-nji ýylda olaryň atalary Sina dagynda Ýehowa Hudaý bilen äht baglaşdy, ýagny resmi taýdan dabaraly ylalaşyk baglaşdylar. Emma olar şol ähte görä borçlaryny ýerine ýetirmän uly günä gazandylar. Isanyň döwründe olaryň ýagdaýy has-da agyrdy. Malaki pygamberiň öňden aýdan «Rebbiň uly hem gorkunç güni» golaýlaşýardy. Şol «gün» b. e. 70-nji ýylynda geldi. Şonda rim goşuny Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny derbi-dagyn etdi, milliondan gowrak ýehudy heläk boldy. Hakyky seždä yhlas bilen Ýahýa çokundyryjy «Rebbe taýýar halk taýynlamak üçin» şol heläkçiligiň öňünden iberildi. Ýehudylar Musanyň äht kanunyna garşy eden günäsine toba edip, Ýehowanyň gutulyş üçin iberen Ogly Isany kabul etmäge taýýarlanmalydylar (Malaki 4:4—6; Luka 1:17; Resullaryň işleri 19:4).

5. a) Isa suwda çokundyrylmak üçin Ýahýanyň ýanyna gelende, ol näme üçin ony saklady? b) Isanyň suwda çokundyrylmagy näme aňladýardy?

5 Suwda çokundyrylmak üçin Ýahýanyň ýanyna gelen adamlaryň arasynda Isa hem bardy. Ol näme üçin geldikä? Isanyň günäsiniň ýokdugyny bilip, Ýahýa şeýle diýdi: «Meni Sen çokundyrmaly welin, Sen maňa gelýärmisiň?» Emma Isanyň suwda çokundyrylmagynyň başga manysy bardy. Şol sebäpli Isa şeýle diýdi: «Şindi, goý, şeýle bolsun, çünki bize hak zady berjaý etmek ýaraşýandyr» (Matta 3:13—15). Isa günäsiz bolany üçin toba edip, Hudaýa özüni bagyşlamak gerek däldi, sebäbi ol Ýehowa bagyşlanan halkdandy. Onuň 30 ýaşynda suwda çokundyrylmagynyň manysy: gökdäki Atasynyň islegini berjaý etmek üçin özüni hödürlemegi aňladýardy.

6. Isa Hudaýyň islegini nädip ýerine ýetirýärdi?

6 Hudaý Isa Mesihiň Patyşalyk bilen baglanyşykly işleri etmegini isleýärdi (Luka 8:1). Şeýle-de, ol töleg hökmünde hem-de täze äht üçin kämil ynsan janyny gurban etmelidi (Matta 20:28; 26:26—28; Ýewreýler 10:5—10). Isa suwda çokundyrylandygyna örän çynlakaý garaýardy. Ol ünsüni başga zada sowmaýardy. Ol ýerdäki ömrüniň ahyryna çenli Hudaýyň islegini wepaly ýerine ýetirdi, Patyşalyk barada wagyz etmek bolsa, onuň durmuşynda birinji orny eýeleýärdi (Ýahýa 4:34).

Isanyň şägirtleriniň suwda çokundyrylmagy

7. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden başlap, suwda çokundyrylmak bilen baglanyşykly mesihçilere näme tabşyryldy?

7 Ýahýa Isanyň ilkinji şägirtlerini suwda çokundyryp, soňra olary gökdäki Patyşalygyň geljekki agzalary hökmünde onuň ýanyna iberdi (Ýahýa 3:25—30). Onsoň, olar Isanyň ýolbaşçylygynda başga adamlary suwda çokundyrdylar. Bu suwda çokundyrmanyň ähmiýeti hem Ýahýanyňky ýalydy (Ýahýa 4:1, 2). Emma b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden başlap, olar «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyryň diýen tabşyrygy berjaý edip başladylar (Matta 28:19). Bu suwda çokundyryşyň manysyna seretsek, örän peýdaly bolar.

8. «Atanyň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar?

8 «Atanyň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar? Onuň adyna, tutýan ornuna, häkimiýetine, islegine we kanunyna boýun bolmagy aňladýar. Geliň, muňa seredip geçeliň. 1. Onuň adyna degişlilikde Zebur 8:1-de şeýle diýilýär: «Eý Ýehowa, Rebbimiz! Bütin ýer ýüzünde Seniň adyň nähili dabaraly! Sen şöhratyňy gökleriň üstüne ýazdyň». 2. Onuň tutýan orny barada bolsa, 4 Patyşalyk 19:15-de şeýle diýilýär: «Sen ýeke-täk Hudaýsyň». 3. Häkimiýeti barada Ylham 4:11-de şeýle sözleri okaýarys: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy». 4. Şeýle-de, biz Ýehowanyň ýaşaýşy berendigine düşünmeli hem-de ol bizi günäden we ölümden halas etmek isleýär: «Gutaryş Rebbiňkidir» (Zebur 3:8; 36:9). 5. Biz Ýehowany Iň ýokary kanun çykaryjy hasap etmeli: «Çünki Ýehowa biziň Kazymyz, Ýehowa biziň Kanun çykaryjymyz, Ýehowa biziň Patyşamyz» (Işaýa 33:22, TD). Şoňa görä-de, bize şeýle ündew berilýär: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» (Matta 22:37).

9. «Ogluň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar?

9 «Ogluň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar? Bu Isa Mesihiň adyna, tutýan ornuna we häkimiýetine boýun bolmagy aňladýar. Isanyň ady «Ýehowa halas edýär» diýmegi aňladýar. Ol ýaradylanlaryň ilkinjisi bolup, Hudaýyň ýeke-täk Ogly bolany üçin beýik orny eýeleýär (Matta 16:16; Koloseliler 1:15, 16). Bu Ogul barada Ýahýa 3:16-da şeýle diýilýär: «Çünki Hudaý dünýäni [tölege mätäç adamzady] köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, özüniň ýekeje Ogluny berdi». Isa wepaly bolup öleni üçin Hudaý ony direldip, öňküden-de uly häkimiýet berdi. Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, Hudaý Isany «juda beýgeltdi», şol sebäpli indi Älemde diňe Ýehowa ondan beýik. Ynha, şonuň üçin «bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epip, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etmelidir» (Filipililer 2:9—11). Munuň üçin Ýehowanyň Isa arkaly beren tabşyryklaryny berjaý etmeli (Ýahýa 15:10).

10. «Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar?

10 «Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar? Mukaddes ruhuň edýän täsirine we ähmiýetine düşünip, boýun bolmagy aňladýar. Eýsem, mukaddes ruh näme? Bu Ýehowanyň hereketdäki güýji, ol şol arkaly niýetini amala aşyrýar. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Men-de Atama ýalbararyn, Ol size hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny hakykat Ruhuny berer» (Ýahýa 14:16, 17). Ol arkaly şägirtler näme edip bilerdiler? Bir salymdan Isa olara şeýle diýdi: «Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde bütin Ýahudada, Samariýada, ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» (Resullaryň işleri 1:8). Onsoňam, Ýehowa mukaddes ruh arkaly Mukaddes Ýazgylary ylhamlandyrdy: «Welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler» (2 Petrus 1:21). Şeýlelikde, biz Mukaddes Ýazgylary öwrensek hem-de Ýehowadan «ruhuň miwesini», ýagny «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk» barada dilesek, mukaddes ruhuň ähmiýetine düşündigimizdir (Galatýalylar 5:22, 23).

11. a) Şu günler suwda çokundyrylmanyň hakyky manysy näme? b) Bir kişi suwda çokundyrylanda, ol haýsy manyda başda ölýär, soňra direlýär?

11 Isanyň tabşyrygyna laýyklykda, suwda çokundyrylan ilkinji adamlar ýehudylar we ýehudy dinine geçenlerdi. Bu suwda çokundyrylyş b. e. 33-nji ýylynda geçirilip başlandy. Tizden samariýalylar-da Isanyň şägirdi bolmaga mümkinçilik aldylar. Soňra b. e. 36-njy ýylynda sünnetlenmedik başga halklar hem şeýle çakylyk aldylar. Samariýalylar we başga halkyň adamlary suwda çokundyrylmanka, Isanyň şägirdi hökmünde gulluk etmek üçin özlerini Ýehowa bagyş etmelidiler. Şu günler hem suwda çokundyrylyşyň manysy üýtgemedi. Tutuş göwräň bilen suwa çümmek göçme manyda jaýlanmagy aňladyp, Hudaýa özüňi bagyş etmegiň amatly meňzetmesidir. Suwa çümdürileňde sen öňki ýaşaýşyň üçin ölýändigiňi, suwdan çykanyňda bolsa, Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin direlendigiňi aňladýar. Hakyky mesihçi bolan adamlaryň ählisi suwda şeýle çokundyrylýarlar, ýagny «bir... çokundyrylyşy» kabul edýärler. Olar suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Güwäçisi we Isanyň şägirdi bolýarlar (Efesliler 4:5; 2 Korintoslylar 6:3, 4).

12. Isanyň şägirtleriniň suwda çokundyrylyşy nämäniň nusgasy we nädip?

12 Şeýle suwda çokundyrylyş gutulyşa eltýär we Hudaý ony gymmatly saýýar. Meselem, Petrus resul Nuhuň öz maşgalasy bilen gämi ýasap, Tupandan halas bolandygy barada aýdyp, şeýle diýýär: «Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar» (1 Petrus 3:21). Gämi Nuhuň Hudaýyň tabşyrygyny doly ýerine ýetirendigini subut edýärdi. Gämi gurlandan soň, «ol wagtky dünýä şol suwda hem gark bolup heläklenipdi» (2 Petrus 3:6). Emma Nuh we onuň maşgalasy, «ýagny sekiz adam suw bilen gutuldy» (1 Petrus 3:20).

13. Suwda çokundyrylyş mesihçini nämeden halas edýär?

13 Şu günler Isa iman edýän adamlar Ýehowa özüni bagyşlandygyny görkezmek üçin suwda çokundyrylýarlar. Olar Hudaýyň häzirki islegini ýerine ýetirýänligi üçin bu zalym dünýäden gutuldylar (Galatýalylar 1:3, 4). Olar bu zalym dünýä ýok edilende heläk bolmaz. Olar şol heläkçilikden halas boldy, sebäbi Hudaý olara päk ynsap berýär. Ýahýa resul Hudaýyň gullukçylaryna şeýle diýýär: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:17).

Borçlaryňa laýyklykda ýaşamak

14. Halas bolmak üçin suwda çokundyrylmak ýeterlikmi?

14 Halas bolmak üçin diňe suwda çokundyrylmak ýeterlik däl. Eger-de bir kişi Isa Mesih arkaly Ýehowa özüni ýürekden bagyş edip, soňuna çenli wepaly ýaşap, Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, diňe şonda onuň peýdasy bar. «Soňa çenli çydan halas bolar» (Matta 24:13).

15. a) Şu günler suwda çokundyrylan mesihçilerden Hudaý näme isleýär? b) Isanyň şägirdi bolmak biziň durmuşymyzda nähili orun tutmaly?

15 Isanyň ynsan janyny nähili ulanjakdygy-da Hudaýyň islegine girýärdi. Şeýlelikde, ol janyny gurban edip ölmelidi. Biz hem Hudaýa özümizi hödürläp, onuň islegini ýerine ýetirip, jan aýaman ýaşamaly (Rimliler 12:1, 2). Eger-de her wagt bilgeşleýin bu dünýä öýkünip, Ýehowa göz üçin gulluk edip, öz bähbidimize çapsak, onda, elbetde, Hudaýyň islegini ýerine ýetirýäris diýip bolmaz (1 Petrus 4:1—3; 1 Ýahýa 2:15, 16). Bir ýehudy Isadan ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin näme etmeli diýip soranda, ol ahlak taýdan arassa bolmaly diýdi. Ýöne soňra has zerur zady — Isanyň şägirdi bolmalydygyny aýtdy. Bu bolsa durmuşda iň esasy zat bolmaly, baýlyga kowalaşyp, ony hiç haçan ikinji orna geçirmeli däl (Matta 19:16—21).

16. a) Ähli mesihçileriň Patyşalyk bilen baglanyşykly nähili borçlary bar? b) 116-njy we 117-nji sahypadaky suratlara seredip, Patyşalyk bilen baglanyşykly işe nädip gatnaşyp biljekdigiňizi gürrüň beriň. w) Ak ýürekden wagyz edýändigimiz nämäni subut edýär?

16 Hudaýyň islegine laýyklykda, Isanyň Patyşalyk bilen baglanyşykly wajyp işi ýerine ýetirmelidigini ýene-de bir gezek belläliň. Isa Patyşa bellenipdi. Şonda-da, ýerde ýaşanda onuň özi Patyşalyk barada jan edip wagyz edýärdi. Bize-de tüýs ýürekden wagyz etmeli diýen tabşyryk berildi. Şonuň üçin wagyz etmäge bizde hem sebäp kän. Şeýle etsek, Ýehowanyň hökümdarlygyna boýun bolýandygymyzy we ýakynlarymyzy söýýändigimizi görkezýäris (Matta 22:36—40). Şeýle-de, Patyşalygyň bütin dünýädäki wagyzçylary bilen Ýehowa agzybir sežde edýändigimizi görkezýäris. Hemmämiz agzybirlikde Patyşalygyň golastyndaky ýer ýüzünde boljak ebedi ýaşaýşa gowuşmaga howlugýarys.

Gaýtalamak üçin soraglar

• Isanyň suwda çokundyrylmagy bilen şu günki suwda çokundyrylmanyň näme meňzeşligi we näme tapawudy bar?

• «Ata, Ogul we Mukaddes Ruhuň ady bilen» suwda çokundyrylmak näme aňladýar?

• Isanyň şägirdi hökmünde suwda çokundyrylmanyň borçlaryna laýyklykda ýaşamak näme aňladýar?

[116, 117-nji sahypalardaky surat]

PATYŞALYK BARADA WAGYZ ETMEGIŇ KÄBIR ÝOLLARY

Öýden-öýe

Garyndaşlaryňa

Işdeşleriňe

Mekdepde

Köçede

Gyzyklanýan adamlary ikilenç idemek

Mukaddes Ýazgylary öýde öwretmek

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş