Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 3 sah. 17—23
  • «Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň»
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «WEPALY HEM PAÝHASLY HYZMATKÄR» KIM?
  • «ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄN DOGANLARY» NÄME ÜÇIN UNUTMALY DÄL?
  • ÝEHOWA WE GURAMASYNA YNANÝANDYGYMYZY GÖRKEZELIŇ!
  • «Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Olar Guzynyň «yzyna düşýär»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sadyk iş dolandyryjy we onuň ýolbaşçylyk maslahaty
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Isa Mesihe we onuň sadyk hyzmatkärine wepaly bolmak
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 3 sah. 17—23

3-NJI BAP

«Araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň»

B. E. 33-NJI ÝYLYNYŇ Pentikost gününden başlap, Halypamyz Isa Mesihiň wepaly resullary täze dörän mesihçiler ýygnagyna görkezme bermek üçin ýolbaşçylyk maslahaty hökmünde gulluk edip başladylar (Res. 6:2—4; Ýew. 13:7). Takmynan b. e. 49-njy ýylynda ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalaryna resullardan başga-da adamlar goşuldy. Sünnetlenmek baradaky mesele çözülende şol ýolbaşçylyk maslahatyna «Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular» degişlidi (Res. 15:1, 2). Olar ähli mesihçilere degişli meseleleri çözýärdiler. Soňra gelen kararlaryny hat arkaly ýygnaklara habar berýärdiler. Ýygnaklar hem ruhy taýdan ösüp berkeýärdi we Hudaýa agzybir gulluk edýärdiler. Ýygnaklar ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesine gulak asyp, tabyn bolýardy. Ýehowa-da olara bereket berýärdi, ýygnaklar günsaýyn köpelýärdi (Res. 8:1, 14, 15; 15:22—31; 16:4, 5; Ýew. 13:17).

2 Resullar ölensoň, imandan dänýänler has-da köpeldi (2 Sel. 2:3—12). Isanyň bugdaý we haşal ot mysalynda aýdyşy ýaly, bugdaýlaryň (saýlanan mesihçiler) arasyna haşal otlar (ýalan mesihçiler) ekildi. Asyrlar boýy olaryň ikisi hasyl ýygymyna, ýagny «dünýäniň soňuna» çenli bile ösdi (Mat. 13:24—30, 36—43). Isa şol döwürde-de wepaly saýlananlary goldaýardy. Ýöne şägirtlerine görkezme berer ýaly ýolbaşçylyk maslahaty ýa-da belli bir topar ýokdy (Mat. 28:20). Emma Isa hasyl döwri ýagdaýyň üýtgejekdigini aýtdy.

3 Isa «dünýäniň soňuny görkezýän alamat» barada aýdanda, bir mysaly gürrüň berýär. Ol mysalyny «Wepaly hem paýhasly hyzmatkär kim?» diýen sorag bilen başlaýar (Mat. 24:3, 42—47). Isa wepaly hyzmatkäriň Hudaýyň halkyna «wagtly-wagtynda» ruhy iýmit berjekdigini aýdýar. I asyrda Isa ýolbaşçylyk etmegi bir adama däl-de, birnäçe adama tabşyrypdy. Şol sebäpli dünýäniň soňunda ýygnaklara gözegçilik edýän wepaly hyzmatkär hem birnäçe adamdan ybarat.

«WEPALY HEM PAÝHASLY HYZMATKÄR» KIM?

4 Isa şägirtlerine ruhy iýmit bermegi kime tabşyrdyka? Elbetde, ol muny ýer ýüzündäki saýlanan mesihçilere ynandy. Mukaddes Kitapda olara «garaňkylykdan ýagtylyga çagyranyň „ajaýyp häsiýetlerini ähli ýerlerde yglan etmäge saýlanan... ruhanylaryň patyşalygy“» diýilýär (1 Pet. 2:9; Mel. 2:7; Ylh. 12:17). Eýsem ýer ýüzündäki saýlanan mesihçileriň ählisi wepaly hyzmatkärmi? Ýok. Bir sapar Isa 5 000 töweregi adamy gudrat bilen doýurdy. Şonda ol çörekleri bölüşdirip şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýladylar (Mat. 14:19). Şeýdip, Isa sanlyja adam arkaly köpleri doýurdy. Şu günlerem ol sanlyja adam arkaly ruhy iýmiti paýlaýar.

5 «Wepaly hem paýhasly iş dolandyryjy» saýlanan doganlaryň kiçijik toparyny aňladýar. Olar Patyşamyz Isa Mesihiň höküm sürýän döwründe ruhy iýmiti taýýarlaýar we paýlaýar (Luka 12:42). Soňky günlerde «wepaly hem paýhasly hyzmatkär», ýagny saýlanan doganlar Baş edarada eginme-egin zähmet çekýär. Şol kiçijik topara Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty hem diýilýär.

6 Şu günler Isa Mesih bize Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly Mukaddes Kitapdaky pygamberlikleriň ýerine ýetişini düşündirýär, Hudaýyň Sözündäki prinsipler boýunça ýaşamagy öwredýär. Ruhy iýmit Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklarynda paýlanýar (Işa. 43:10; Gal. 6:16). Gadymy döwürde ynamdar hyzmatkäre ýa-da iş dolandyryja hojalygyň ähli işlerine gözegçilik etmek tabşyrylýardy. Wepaly hyzmatkär hem Hudaýyň halkynyň aladasyny etmeli. Ol hojaýynyň emlägini paýhasly dolandyrýar we bütin dünýäde wagyz edilmegine, kongresleriň geçirilmegine, guramada dürli borçlary ýerine ýetirjek gözegçi doganlaryň bellenmegine, Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlaryň çykarylmagyna gözegçilik edýär. Olaryň bary «öýdäki hyzmatkärleriň» peýdasy üçin edilýär (Mat. 24:45).

7 «Öýdäki hyzmatkärlere» ruhy iýmiti alýan adamlaryň ählisi degişli. Başda öýdäki hyzmatkärleriň ählisi saýlanan mesihçilerden ybaratdy. Soňra olara «başga goýunlardan» ybarat uly märeke-de goşuldy (Ýah. 10:16). Saýlananlaram, uly märeke-de wepaly hyzmatkäriň taýýarlaýan ruhy iýmitini alýar.

8 Isa uly betbagtçylykda zalym dünýäni höküm etmäge gelende wepaly hyzmatkäre «ähli emlägini ynanar» (Mat. 24:46, 47). Şonda wepaly hyzmatkär gökdäki sylagyny alar. Saýlanan mesihçileriň ählisi Isa Mesih bilen gökde höküm sürer. Şondan soň ýerde wepaly we paýhasly hyzmatkär bolmaz. Ýehowa bilen Isa ýerdäki halkyna «hanlar» arkaly görkezme berer (Zeb. 45:16).

«ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄN DOGANLARY» NÄME ÜÇIN UNUTMALY DÄL?

9 «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak assak» we ynansak özümize peýdaly. Pawlus resul muny şeýle düşündirdi: «Olar gije-gündiz aladaňyzy edýärler, sebäbi munuň üçin Hudaýyň öňünde hasabat bererler. Olara borjuny ahy-nala bilen däl-de, şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek ediň, ýogsam size zyýan ýeter» (Ýew. 13:17). Dogrudanam, ýolbaşçylyk edýän doganlaryň görkezmesine gulak asyp, tabyn bolmak örän wajyp, sebäbi olar Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmäge kömek edýärler.

10 1 Korinfliler 16:14-de Pawlus resul: «Ähli işleri söýgi bilen ediň» diýdi. Söýgi häsiýeti Hudaýyň halkynyň peýdasy üçin karara gelmäge kömek edýär. 1 Korinfliler 13:4—8-nji aýatlarda söýgi häsiýeti şeýle düşündirilýär: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir. Söýgi göriplik etmeýär, öwünmeýär, tekepbirlik etmeýär, gödeklik etmeýär, öz peýdasyna çapmaýar, çalt gaharlanmaýar, ýalňyşlaryň hasabyny ýöretmeýär. Söýgi ýamanlyga şatlanmaýar, ol hakykata begenýär. Söýgi ähli zada döz gelýär, ähli zada ynanýar, ähli zada umyt edýär, ähli zada çydaýar. Söýgi hiç haçan gutarmaz. Emma pygamberlik edýänleriň we dürli dilde gepleýänleriň ukyby ýitip gider, bilim bolsa ýok bolar». Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk edýän doganlaram bizi söýüp, aladamyzy edýändigi üçin paýhasly kararlara gelýärler. Şonuň üçin özümizi howpsuz we rahat duýýarys. Olaryň gelýän kararlaryndan Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigini hem görýäris.

Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmäge kömek edýän doganlara tabyn bolmak örän wajyp

11 I asyrdaky ýaly häzirem Ýehowa öz halkyna bikämil adamlar arkaly ýolbaşçylyk edýär. Geçmişde-de Ýehowa islegini amala aşyrmak üçin bikämil adamlary ulanýardy. Mysal üçin, Nuh pygamber gämi gurdy we şol döwürde boljak heläkçilik barada wagyz etdi (1 Mus. 6:13, 14, 22; 2 Pet. 2:5). Musa pygambere Ýehowanyň halkyny Müsürden alyp çykmak tabşyryldy (2 Mus. 3:10). Mukaddes Kitaby hem Hudaýyň ylhamy bilen bikämil adamlar ýazdy (2 Tim. 3:16; 2 Pet. 1:21). Ýehowanyň şu günlerem wagyz hem-de şägirt taýýarlamak işine bikämil adamlar arkaly ýolbaşçylyk etmegi Hudaýyň guramasyna ynamymyzy gaçyrmaýar. Gaýtam, guramada ägirt uly işleriň diňe Ýehowanyň kömegi bilen edilýändigini görüp, imanymyz has-da berkeýär. Wepaly hyzmatkär agyr synaglara duş gelse-de, hemişe Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýerýär. Ýehowanyň ýerdäki guramasyna bol bereket berýändigini öz gözümiz bilen görýäris. Şol sebäpli Ýehowanyň guramasyna janymyz-tenimiz bilen tabyn bolup, oňa doly ynanýarys.

ÝEHOWA WE GURAMASYNA YNANÝANDYGYMYZY GÖRKEZELIŇ!

12 Ýygnakda gözegçi bellenen doganlar Hudaýyň guramasyna ynanýandygy üçin tabşyrylan ýumuşlary höwes bilen kabul edip, borçlaryny dogry ýerine ýetirýärler (Res. 20:28). Bizem hoş habary öýden-öýe yhlasly wagyz edýäris, adamlary gaýtadan ideýäris we Mukaddes Kitapdan okuw geçirýäris (Mat. 24:14; 28:19, 20). Wepaly hyzmatkäriň paýlaýan ruhy iýmiti has peýdaly bolar ýaly, ýygnaklara we kongreslere öňünden taýýarlanyp, yzygider gatnaşmaga jan edýäris. Biz dogan-uýalar bilen ýygnanyşyp, birek-biregi goldaýarys we ruhlanýarys (Ýew. 10:24, 25).

13 Şeýle-de biz pul sadakasyny berip, guramamyza doly ynanýandygymyzy görkezýäris (Nak. 3:9, 10). Mätäç dogan-uýalara kömek etmek üçin elimizde baryny edýäris (Gal. 6:10; 1 Tim. 6:18). Biz olary ýürekden söýýäris. Ýehowanyň we guramasynyň edýän ýagşylyklarynyň gadyryny bilýäris (Ýah. 13:35).

14 Biz guramanyň gelýän kararlaryna doly eýerip hem oňa ynanýandygymyzy görkezýäris. Munuň üçin biz jogapkär doganlaryň, meselem, etrap gözegçileriniň we ýygnak ýaşulularynyň görkezmesine pesgöwünlilik bilen eýerýäris. Olar hem biziň «aramyzda ýolbaşçylyk edýän doganlaryň» hataryna girýär. Şol sebäpli biz olara gulak asmaly we tabyn bolmaly (Ýew. 13:7, 17). Gelnen kararlaryň käbirine doly düşünmesek-de, olara gulak assak, özümize peýdaly bolar. Ýehowa-da Sözüne we guramasyna gulak asýandygymyz üçin ýalkar. Görkezmelere gulak asyp, Halypamyz Isa Mesihe tabyn bolýandygymyzy hem görkezýäris.

15 Bizde wepaly hyzmatkäre ynanmaga ençeme sebäpler bar. Dünýäniň taňrysy Şeýtan Iblis Ýehowanyň adyny garalap, guramasyny abraýdan düşürmek üçin elinden gelenini edýär (2 Kor. 4:4). Şonuň üçin Şeýtanyň mekirlik bilen gurýan toruna düşmejek bolmaly (2 Kor. 2:11). Ol «wagtynyň az galandygyny» we düýpsüz çuňluga zyňyljakdygyny bilip, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna topulýar. Şeýtan olaryň hemmesini diýen ýaly Hudaýdan daşlaşdyryp, özi bilen ölüme äkitjek bolýar (Ylh. 12:12). Şeýtan şu günler hüjümini barha güýçlendirýär. Şonuň üçin, geliň, Ýehowa has-da ýakynlaşalyň! Mundan beýlägem Ýehowa Hudaýa we guramasyndaky jogapkär doganlara ynanalyň. Şonda bütindünýä doganlygymyzyň agzybirligi has-da berkär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş