98-NJI BAP
Resullar ýene-de wezipä kowalaşýarlar
MATTA 20:17—28; MARKUS 10:32—45; LUKA 18:31—34
ISA ÝENE-DE ÖLÜMI HAKDA PYGAMBERLIK EDÝÄR
OL RESULLARYNYŇ NÄDOGRY GARAÝŞYNY DÜZEDÝÄR
Pereýanyň içi bilen ýöräp, günorta tarap Iýerusalime barýan Isa we onuň şägirtleri Eriha şäheriniň golaýynda Iordan derýasyndan geçýärler. Olaryň ýanyndaky beýleki adamlar b. e. 33-nji ýylynyň Pasha baýramyny bellemäge barýardy.
Isa Pasha baýramyna wagtynda barmak üçin şägirtlerinden öňe düşüp gidýär. Şägirtler bolsa gorkýardy. Lazar aradan çykan wagty Isa Pereýadan Ýahuda gitjek bolanda, Tomas beýleki şägirtlere: «Ýörüň, onuň bilen gidip, bizem öleliň» diýipdi (Ýahýa 11:16, 47—53). Şägirtleriň ýagdaýyna düşünse bolýar, sebäbi Iýerusalime barmak howpludy.
Isa resullaryny öz ölümine taýýarlamakçy bolýar, şol sebäpli olary bir gyra çekip: «Ine, biz Iýerusalime barýarys. Ynsan ogly uly ruhanylaryň we kanunçylaryň eline berler. Olar ony ölüme höküm ederler we özge milletlileriň eline tabşyrarlar. Onuň üstünden gülerler, gamçylarlar we pürse çüýlärler; ýöne ol üçünji güni direler» diýýär (Matta 20:18, 19).
Bu Isanyň özüniň ölümi we direljekdigi hakda şägirtlerine üçünji gezek aýdyşydy (Matta 16:21; 17:22, 23). Emma şu sapar ol pürse çüýlenip öldüriljekdigini hem aýdýar. Olar Isany diňleseler-de, aýdýan sözleriniň manysyna doly düşünmeýärler. Olar ýer ýüzünde Ysraýyl patyşalygy dikeldiler, şonda şan-şöhrata eýe bolup, Mesih bilen bile ýer ýüzünde höküm süreris diýip pikir edýän bolmaly.
Isanyň ýanynda barýan adamlaryň arasynda Ýakup bilen Ýahýa resulyň ejesi (Salome bolmaly) hem bardy. Bu iki resulyň gyzma häsiýeti bolany üçin, Isa olara «Beniregoş» («gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar) diýen ady beripdi (Markus 3:17; Luka 9:54). Olar birnäçe wagtdan bäri Mesihiň Patyşalygynda uly wezipäni eýelemegi arzuw edip gelýärdiler. Olaryň ejesi-de muny bilýärdi. Ine-de, ol Isanyň ýanyna gelip, dyza çökýär-de, ogullary üçin bir zatlar sorajak bolýar. Isa: «Sen näme isleýärsiň?» diýip soraýar. Şonda ol: «Patyşalygyňda iki ogluma ýanyňdan ýer bermegiňi haýyş edýärin. Olaryň biri sag tarapyňda, beýlekisi çep tarapyňda otursyn» diýip jogap berýär (Matta 20:20, 21).
Aslynda, ony bu haýyş bilen Ýakubyň hem-de Ýahýanyň özi iberipdi. Isa ýaňy-ýakynda özüniň masgara edilip, kemsidilip öldüriljekdigini aýdypdy. Şonuň üçin Isa olara: «Siz näme soraýanyňyzy bilmeýärsiňiz. Siz meniň içýän käsämden içip bilersiňizmi?» diýýär. Olar hem: «Hawa» diýip jogap berýärler (Matta 20:22). Olar Isanyň aýdanlaryna doly düşünmedik bolmaly.
Muňa garamazdan, Isa olara şeýle diýýär: «Siz meniň käsämden içersiňiz, ýöne sag ýa-da çep tarapymda kimiň oturjakdygyny men däl-de, Atam çözýär» (Matta 20:23).
Resullar Ýakup bilen Ýahýanyň näme hakda haýyş edendigini bilende, olardan nägile bolýarlar. Öň resullaryň arasynda kimiň uludygy hakda dawa turanda, mümkin, Ýakup bilen Ýahýa öz pikirini açyk aýdandyr (Luka 9:46—48). Diýmek, resullaryň biri-de Isanyň «özüňizi pes tutuň» diýen maslahatyny kabul etmändir. Görşümiz ýaly, olar niýetinden el çekmekçi däldiler.
Isa bu dörän dawa-jenjeli we dartgynlygy çözjek bolýar. Ol resullaryny ýanyna çagyryp, mähir bilen şeýle diýýär: «Siz ýolbaşçylaryň halklaryň üstünden höküm sürýändigini we wezipeli adamlaryň olara agalyk edýändigini bilýänsiňiz. Emma siziň araňyzda beýle bolmaly däldir; araňyzda kim uly bolmak islese, beýlekileriňize hyzmat etmeli. Araňyzda biri birinji bolmak islese, ol hemmeleriň guly bolmaly» (Markus 10:42—44).
Isa olara kimden görelde almalydygyny düşündirip: «Ynsan ogly-da özüne hyzmat etdirmek üçin däl-de, eýsem, hyzmat etmek we köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» diýýär (Matta 20:28). Isa üç ýyldan bäri adamlara hyzmat edip gelýär. Ol hatda adamzat üçin janyny hem gurban eder! Hawa, şägirtler Isanyň göreldesine eýermeli; adamlary özüne hyzmat etdirmän, gaýtam, olara höwes bilen hyzmat etmeli, ýokary wezipä ymtylman, özlerini pes tutmaly.