Isanyň eden dogasyna görä ýaşalyň
«Ata... Ogluň-da Seni şöhratlandyrar ýaly, Ony şöhratlandyr». ÝAH. 17:1
1, 2. B. e. 33-nji ýylynda Isa resullary bilen Pasha baýramyny belländen soň näme etdi?
B. E. 33-NJI ýylynyň nisan aýynyň 14-i agşamydy. Isa we onuň dostlary Pashany bellemek üçin ýygnanyşdylar. Bu baýramçylyk olara Hudaýyň Müsür gulçulygyndan azatlyga çykarandygyny ýatladýardy. Emma wepaly şägirtlere has uly, ýagny «ebedi gutulyş» garaşýardy. Ertesi gün olaryň kämil Ýolbaşçysy duşmanlary tarapyndan öldürilmelidi. Ýöne bu zalym hereketiň soňy berekede öwrüler. Isanyň dökjek gany adamzady günäden we ölümden halas eder (Ýew. 9:12—14).
2 Hudaýyň bildiren bu söýgüsini unutmaz ýaly, Isa bize Pasha baýramyna derek her ýyl Ýatlama agşamyny bellemegi tabşyrdy. Ol hamyrmaýasyz çöregi alyp, ony döwdi-de, 11 sany wepaly resullaryna berip, şeýle diýdi: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň». Soňra gyrmyzy şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen Täze ähtdir» diýdi (Luka 22:19, 20).
3. a) Isanyň ölüminden soň nähili uly özgerişlik boldy? b) Ýahýanyň 17-nji babyndaky Isanyň dogasyna seredenimizde haýsy soraglaryň üstünde oýlanmaly?
3 Hudaýyň ysraýyl halky bilen baglaşan äht kanunynyň soňy ýetip gelýärdi. Tizden Ýehowa Isanyň mesh edilen şägirtleri bilen täze äht baglaşar. Isa täze ruhy halkyň ýürekden aladasyny edýärdi. Ysraýyl halky Hudaýa agzybirlikde sežde edip bilmediler we Onuň adyna ysnat getirdiler (Ýahýa 7:45—49; Res. iş. 23:6—9). Isa bolsa, şägirtleriniň Hudaýyň adyny agzybirlikde şöhratlandyrmaklaryny isleýärdi. Munuň üçin Isa näme etdi? Ol Atasyna ýüzlenip, iň ýakymly sözler bilen Oňa doga etdi. Bu doga her bir adamyň ýüregine täsir etse gerek. (Makalanyň başyndaky surata serediň). Onuň aýdan dogasy Ýahýa 17:1—26-njy aýatlarda ýazylan. Bu dogany ara alyp maslahatlaşanymyzda, şu soraglaryň üstünde oýlanalyň: «Hudaý Isanyň dogasyna jogap berdimi? Men şol dogada aýdylan sözlere görä ýaşaýarynmy?»
ISA ÜÇIN IŇ WAJYP ZAT
4, 5. a) Isanyň dogasyndaky ilkinji sözlerden näme öwrenýäris? b) Ýehowa Isanyň özi barada eden dilegine nädip jogap berdi?
4 Isa şägirtlerine gijäniň bir wagtyna çenli Hudaý barada gymmatly zatlary gürrüň berdi. Soňra ol gözlerini göge dikip, şeýle doga etdi: «Eý Ata, pursat geldi, Ogluň-da Seni şöhratlandyrar ýaly, Ony şöhratlandyr... Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni Ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda Maňa bolan şöhrat bilen indi Meni huzuryňda şöhratlandyr» (Ýahýa 17:1—5).
5 Isa dogasynyň başynda iň wajyp hasaplaýan zatlaryny agzady. Birinjiden, ol gökdäki Atasyny şöhratlandyrmak isleýändigini görkezdi. Bu nusgalyk dogadaky: «Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» diýen sözlere laýyk gelýär (Luka 11:2). Ikinjiden, Isa şägirtleriniň zerurlyklarynyň aladasyny edip: «Seniň Oňa berenleriňiň ählisine ebedi ýaşaýyş bersin» diýip dileg etdi. Ol öz şahsy islegini üçünji, ýagny iň soňky ýerde goýup, şeýle doga etdi: «Eý Ata, dünýä döremezden öň huzuryňda Maňa bolan şöhrat bilen indi Meni huzuryňda şöhratlandyr». Ýöne Ýehowa wepaly Ogluna soranyndan hem has köp sylag berdi. Hudaý oňa ähli perişdelerden-de «üstün ady» berip sylaglady (Ýew. 1:4).
«ÝALŇYZ HAK HUDAÝY TANAŇ»
6. Resullar ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin näme etmelidiler we olaryň şeýle edendigini biz nireden bilýäris?
6 Isa ebedi ýaşaýyş sylagyny almagymyz üçin, biziň näme etmelidigimiz barada hem doga edýär (Ýahýa 17:3-i okaň). Onuň aýtmagyna görä, biz Hudaýy we Isa Mesihi «tanamagymyzy» dowam etmeli. Munuň üçin biz Ýehowa we Ogly barada köpräk bilim almaly hem-de bilen zatlarymyza görä ýaşamaly. Resullar hem şeýle edýärdi, şol sebäpli Isa dogasynda: «Maňa tabşyran sözleriňi olara ýetirdim; olar kabul etdiler» diýdi (Ýahýa 17:8). Emma resullar ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin, Hudaýyň aýdanlary barada oýlanmagyny dowam etmelidiler we olary gündelik durmuşynda ulanmalydylar. Resullar şeýle etdilermi? Elbetde. Biz muny gökdäki Täze Iýerusalimiň 12 binasynda 12 resulyň adynyň ýazylandygyndan bilýäris (Ylh. 3:12).
7. Hudaýy tanamak nämäni aňladýar we bu näme üçin örän wajyp?
7 «Tanamak» diýlip terjime edilen grek sözüni «tanamagyňy dowam etmek» ýa-da «hemişe tanamaly» diýip terjime etse-de bolýar. Bu jümleler Hudaý barada has köp bilim almagyňy dowam etmelidigini görkezýär. Emma Hudaýy tanamak üçin Onuň häsiýetlerini we niýetini yzygiderli bilmek hem ýeterlik däl. Biz Ony çuňňur söýmeli we ýakyndan dostlaşmaly. Şeýle-de dogan-uýalary söýýändigimizi görkezmeli. Mukaddes Ýazgylarda: «Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanan däldir» diýilýär (1 Ýahýa 4:8). Hudaýy tanamak Oňa gulak asmagy hem aňladýar (1 Ýahýa 2:3—5-nji aýatlary okaň). Ýehowany tanaýan adamlaryň arasynda bolmak nähili uly hormat! Emma şeýle hormaty gymmat saýmadyk Iuda Iskariot ýaly bolmalyň. Gaýtam, Ýehowa bilen dostlugymyzy goramak üçin tagalla edeliň. Şonda biz ebedi ýaşaýyş sylagyny alyp bileris (Mat. 24:13).
«ÖZ ADYŇ BILEN»
8, 9. Isa ýer ýüzünde gulluk edende, esasan, nämäniň aladasyny etdi we ol haýsy däbe eýermändir?
8 Ýahýa kitabynyň 17-nji babynda ýazylan dogadan Isanyň diňe bir resullaryny däl, eýsem geljekki şägirtlerini-de söýýändigini görse bolýar (Ýahýa 17:20). Emma iň wajyp zat biziň halas bolmagymyz däl. Isa ýer ýüzündäki gullugynyň başyndan tä soňuna çenli, esasan, Atasynyň adyny mukaddes etmek we ony şöhratlandyrmak üçin tagalla edipdir. Meselem, Isa nähili tabşyryk bilen gelendigini düşündirmek üçin, Nasyranyň sinagogasynda Işaýanyň golýazmasyndan şu sözleri okaýar: «Rebbiň (Ýehowanyň, TD) Ruhy üstümdedir. Çünki garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin Meni mesh etdi». Hawa, Isa bu sözleri okanda, Hudaýyň adyny açyk yglan etdi (Luka 4:16—21).
9 Isa ýer ýüzüne gelmezden ençeme ýyl öň, ýehudy dini ýolbaşçylary Hudaýyň adyny tutmagy gadagan edipdirler. Biz Isanyň bu däbe eýermändigine şübhelenmän bileris. Ol duşmanlaryna şeýle diýdi: «Men Atamyň adyndan geldim, siz bolsa Meni kabul etmeýärsiňiz. Ýöne başga biri öz adyndan geläýse, siz ony kabul edersiňiz» (Ýahýa 5:43). Ölümine birnäçe gün galanda-da, Isanyň näme barada has köp alada edýändigi şu dogasyndan hem görünýär: «Eý Ata, adyňy şöhratlandyr» (Ýahýa 12:28). Şeýle-de biziň häzir ara alyp maslahatlaşýan dogamyz hem Atasynyň adyny şöhratlandyrmagy Isanyň durmuşynda iň wajyp orun eýeleýändigini aýdyň görkezýär.
10, 11. a) Isa Atasynyň adyny tanatmak üçin näme etdi? b) Isanyň şägirtleri näme üçin adamlara Ýehowanyň adyny tanatmaly?
10 Isa şeýle doga etdi: «Men dünýäden Maňa beren Öz adamlaryňa Seniň adyňy tanatdym. Olar Seniňkidir, olary Maňa Sen berdiň, olar Seniň sözüňi tutdular. Indi Men bu dünýäde däl, ýöne olar entek dünýäde. Men Saňa gaýdyp barýaryn. Eý Mukaddes Ata, Maňa berenleriňi Öz adyň bilen gora, olar-da biziň ýaly bolsunlar» (Ýahýa 17:6, 11).
11 Isa şägirtlerine Atasynyň adyny tanadanda, diňe bir Ýehowanyň adyny aýtmak bilen çäklenmändir. Ol Ýehowanyň nähili Hudaýdygyna düşünmäge, ýagny Onuň ajaýyp häsiýetlerini we adamlara mähirli garaýandygyny bilmäge kömek edipdir (Müs. çyk. 34:5—7). Galyberse-de, Isa häzir gökde Patyşa we ol şägirtlerine bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň adyny tanatmaga kömek edýär. Näme üçin? Sebäbi zalym dünýäniň soňy gelmänkä, Ýehowany has köp adamlar tanar. Şonda Ýehowa wepaly gullukçylaryny halas edip, Öz adyny şöhratlandyrar (Ezek. 36:23).
«DÜNÝÄ IMAN EDER»
12. Halas ediji işi üstünlikli tamamlamak üçin haýsy üç talaby berjaý etmeli?
12 Isa ýer ýüzünde ýaşanda bar güýji bilen şägirtlerine gowşaklyklaryny ýeňmäge kömek etdi. Bu olara Isanyň başlan işini tamamlamak üçin gerekdi. Isa şeýle doga etdi: «Seniň Meni dünýä iberişiň ýaly, Men-de olary dünýä iberdim». Halas ediji işi üstünlikli tamamlamak üçin Isa üç zadyň möhümdigini nygtap geçdi. Birinjiden, ol şägirtleriniň Şeýtanyň azgyn dünýäsinden bolmaly däldigi barada doga etdi. Ikinjiden, olaryň Hudaýyň Sözüne eýerip, mukaddesligi saklamaklaryny diledi. Üçünjiden, Isa Atasy bilen nähili ýakyn bolsa, şägirtleriniň hem bir-biri bilen agzybir bolmaklary barada ýalbaryp doga etdi. Şol sebäpli her birimiz özümize şeýle sorag bermeli: «Men Isanyň şu üç talabyna görä ýaşaýarynmy?» Isanyň aýtmagyna görä, şägirtleri şu talaplary ýerine ýetirseler, köp adamlar hoş habary kabul eder (Ýahýa 17:15—21-nji aýatlary okaň).
13. B. e. I asyrynda Isanyň dogasyna nähili jogap berildi?
13 Biz Resullaryň işleri kitabyny okasak, Isanyň dogasyna jogap berlendigine göz ýetireris. Oýlanyp görüň, I asyrda ýaşan mesihçileriň arasynda agzalalyk döräp bilerdi, çünki olar ýehudylardan hem özge milletlerden, baýlardan hem garyplardan, hyzmatkärlerden hem hojaýynlardan ybaratdy. Emma olaryň ählisi bir bedeniň agzalary kimin agzybirdi. Pawlus resulyň aýtmagyna görä, bu beden mesihçiler ýygnagynyň başy Isady (Efes. 4:15, 16). Şeýtanyň agzala dünýäsinde şeýle täsin gudrat üçin diňe Ýehowa öwgä mynasypdyr, sebäbi bu Onuň mukaddes ruhunyň güýji bilen amala aşýar (1 Kor. 3:5—7).
14. Şu günler Isanyň dogasyna nähili jogap berilýär?
14 Gynansak-da, resullar aradan çykandan soň, täsin agzybirlikden nam-nyşan galmady. Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, imandan dönmeklik başlandy. Netijede, hristian dünýäsiniň dürli-dürli toparlary döredi (Res. iş. 20:29, 30). Emma Isa 1919-njy ýylda mesh edilen şägirtlerini ýalan diniň ýesirliginden boşatdy we olary «kämil birligiň bagy» bilen birleşdirdi (Kol. 3:14). Olaryň wagyz işi nähili netije berýär? «Her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan» ýedi milliondan gowrak «başga goýunlar» mesh edilenler bilen bile Ýehowa agzybir sežde edýärler (Ýahýa 10:16; Ylh. 7:9). Şeýlelikde, Isanyň: «Meni Seniň iberendigiňi, Meni söýşüň kimin olary-da söýýändigiňi dünýä bilsin» diýen dogasyna jogap berlendigi mese-mälim boldy (Ýahýa 17:23).
TOLGUNDYRYJY JEMLEÝJI SÖZLER
15. Isa mesh edilen şägirtleri üçin ýörite näme diledi?
15 Isa 14-nji nisan agşamy resullary bilen Patyşalykda bile höküm sürjekdigi barada äht baglaşyp, olara «şöhrat» berdi, ýagny hormat bildirdi (Luka 22:28—30; Ýahýa 17:22). Ol şonda mesh edilen şägirdi bolup biljek adamlar hakda şeýle doga etdi: «Eý adyl Ata, Seniň Maňa berenleriň-de, bolan ýerimde Meniň bilen bile bolup, Maňa beren şöhratyňy görmeklerini isleýärin, çünki Sen Meni dünýä döremezden öň söýüpdiň» (Ýahýa 17:24). Isanyň başga goýunlary muňa görüpçilik etmän, gaýtam, begenýärler we bu ýer ýüzünde ýaşaýan ähli mesihçileriň agzybirdigini subut edýär.
16, 17. a) Isa nähili tolgundyryjy sözler bilen dogasyny jemleýär? b) Biz nämäni ýüregimize düwmeli?
16 Şu günler dini ýolbaşçylaryň täsiri astynda köp adamlar Ýehowanyň agzybir we Ony tanaýan halkyny inkär edýärler. Isanyň günlerinde-de şeýle bolupdy. Şol sebäpli ol şeýle tolgundyryjy sözler bilen dogasyny jemleýär: «Eý dogry Ata, dünýä Seni tanamady, emma Men Seni tanadym, bular hem Meni Seniň iberendigiňi bildiler. Seniň Maňa bolan söýgiň olarda bolsun, Men-de olarda bolaýyn diýip, adyňy olara bildirdim we bildirerin» (Ýahýa 17:25, 26).
17 Isanyň öz dogasynda aýdan sözlerine görä ýaşandygyny kim inkär edip biler? Ol ýygnagyň Başy hökmünde häzirem bize Atanyň adyny we niýetini bilmäge kömek edýär. Geliň, onuň wagyz etmek we şägirt taýýarlamak babatda tabşyran işini yhlasly ýerine ýetirip, oňa tabyn bolalyň (Mat. 28:19, 20; Res. iş. 10:42). Şeýle-de gymmatly agzybirligimizi saklamak üçin jan edeliň. Şonda biz Isanyň eden dogasyna görä ýaşadygymyz bolar we Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp, ebedi bagta ýeteris.