Bilelikde teselli tapmak
1. Aýlanýan gözegçi ideg edende, nähili mümkinçilik bolýar?
1 Pawlus resul Rimdäki ýygnaga şeýle ýazdy: «Men, berkitjek bir ruhy sylaga ýetirmek üçin, sizi görmegi gaty küýseýärin. Islegim özüm araňyzdakam sizde we mende, biri-birimizde bolan iman arkaly bilelikde teselli tapmagymyzdyr» (Rim. 1:11, 12). Aýlanýan gözegçi ýygnagy ideg edende, biziň hem bilelikde teselli tapmaga mümkinçiligimiz bar.
2. Näme üçin etrap gözegçiniň ideg etjegi öňünden aýdylýar?
2 Ýygnak duşuşygy. Adatça, etrap gözegçiniň ideg etjekdigi üç aý öňünden aýdylýar. Şol sebäpli biz idegden doly peýda alar ýaly gün tertibimizi öňünden düzüp bileris (Efes. 5:15, 16). Eger sen işleýän bolsaň, hepdäniň dowamynda wagyz gullugyna gatnaşar ýaly, mümkin, işden rugsat alyp bilersiň. Käbir wagyzçylar aýlanýan gözegçiniň ideg edýän aýynda kömekçi pioner bolup gulluk edýärler. Eger sen bir ýere gitmegi niýetlän bolsaň, şol hepde ähli duşuşyklara gatnaşmak üçin gün tertibini özgerdip bilermiň?
3. Etrap gözegçisi ideg edende, ruhlanmak üçin herimiz näme edip bileris?
3 Etrap gözegçiniň esasy maksadynyň biri her bir wagyzça üns berip, wagyz gullugynda tejribe alyşýar. Sen onuň bilen ýa-da öýlenen bolsa aýaly bilen gulluga çykyp bilermiň? Etrap gözegçisi dürli wagyzçylar, şol sanda tejribesiz we ökde däl wagyzçylar bilen höwes edip wagyz edýär. Hemmämiz ondan wagyz etmegi öwrenip, mylaýymlyk bilen beren maslahatyny ulanyp bileris (1 Kor. 4:16, 17). Ony öýlän ýa-da agşam naharyna çagyr, şonda gürrüňdeş bolmaga mümkinçiligiň bolup, has köp ruhlanarsyň (Ýew. 13:2). Onuň nutklary ýörite ýygnagyň zerurlygyna niýetlenendigi üçin has ünsli diňlejek bol.
4. Etrap gözegçini biz nädip ruhlandyryp bileris?
4 Etrap gözegçisi. Pawlus resul hem ýygnakdaky hyzmat edýän doganlaryna meňzeşdi. Onuň hem kynçylygy, aladalary bardy, şol sebäpli ruhy goldawyň gadyryny bilýärdi (2 Kor. 11:26—28). Rimdäki doganlar Pawlusyň tussag edilip, Rime barýandygyny eşidende, ony görmek üçin olaryň käbiri Appius bazaryna 74 km aralygy geçip gelýärler! «Pawlus olary görende Hudaýa şükür etdi, gaýratlandy» (Res. iş. 28:15). Sen hem etrap gözegçini ruhlandyryp bilersiň. Ol ideg edende, ähli duşuşyklara yhlasly gatnaşyp, oňa «iki esse hormat» görkez (1 Tim. 5:17). Onuň seniň üçin eden ähli tagallasyna ýürekden minnetdarlyk bildir. Ol we onuň aýaly seniň imanyňy, söýgiňi, çydamyňy görüp begenerler (2 Sel. 1:3, 4).
5. Näme üçin şu günler biziň herimiz ruhlanmaga mätäç?
5 Şu günki «kyn pursatlarda» ruhlanmaga mätäç däl adam barmy? (2 Tim. 3:1). Etrap gözegçisi ideg edende, hepdäniň dowamynda geçiriljek ähli duşuşyklara doly gatnaşmagy häzirden planlaşdyr. Biziň hemmämiz, aýlanýan gözegçi-de, ýygnagyň wagyzçylary-da bilelikde teselli tapmakdan lezzet alyp bileris. Bu «biri-birimizi ruhlandyryp, biri-birimizi abatlar» (1 Sel. 5:11).