Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 15 sah. 131—sah. 134 abz. 4
  • Ýaraşykly daş keşp

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaraşykly daş keşp
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Geýnişiň we daş keşbiň bilen Hudaýy şöhratlandyr
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Siziň egin-eşigiňiz Hudaýy şöhratlandyýarmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Biz näme üçin ýygnak duşuşyklarynda salykatly geýinýäris?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
Wagyz mekdebi
be sapak 15 sah. 131—sah. 134 abz. 4

15-NJI SAPAK

Ýaraşykly daş keşp

Munuň üçin näme etmeli?

Egin-eşigimiz ykjam, tämiz we salykatly, saçymyz daralyp, timarlanan bolmaly. Durşumyz hem adamlara ünslüdigimizi görkezmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Adamlar daş keşbiňize seredip, dini ynançlaryňyza baha berýärler we nähili adamdygyňyzy kesgitleýärler.

ADAMYŇ daş keşbinden köp zatlary bilip bolýar. Ýehowa ynsanyň ýüregini görýär, adamlar bolsa, köplenç, «daş keşbe seredip», görýän zatlaryna görä baha berýär (1 Şam. 16:7). Eger siziň daş keşbiňiz arassa we tämiz bolsa, onda adamlar özüňize hormat goýýandygyňyzy görüp, sizi höwes bilen diňlärler. Şeýle-de siziň ýaraşykly egin-eşigiňiz arkaly adamlar biziň guramamyz we gulluk edýän Hudaýymyz barada gowy pikirde bolar.

Nämä esaslanmaly. Mukaddes Ýazgylarda egin-eşik babatda köp görkezme berilmeýär. Emma onda dogry karara gelmäge kömek edýän paýhasly prinsipler bar. Olaryň iň wajyby «baryny Hudaýyň şöhraty üçin etmekdir» (1 Kor. 10:31). Daş keşp babatda haýsy prinsipleri göz öňünde tutmaly?

Birinjiden, Mukaddes Ýazgylar bizi beden we egin-eşik taýdan arassa bolmaga çagyrýar. Ýehowa gadymy ysraýyllylara Kanun berende, arassaçylyk babatda hem gerekli tabşyryklary beripdi. Meselem, ruhanylar borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly suwa düşünmelidiler, egin-eşiklerini ýuwmalydylar (Lew. 16:4, 24, 26, 28). Mesihçiler Musanyň kanuny boýunça ýaşamasalar-da, ondaky prinsipleri peýdaly hasaplaýarlar (Ýahýa 13:10; Ylh. 19:8). Esasan-da, Ýehowa sežde edilýän ýere baranymyzda ýa-da wagyz edenimizde, adamlarda ýaramaz täsir galdyrmaz ýaly, tenimiz we egin-eşigimiz arassa bolmaly, agzymyzdan ys gelmeli däl. Bu babatda ýygnakda çykyş edýänler gowy görelde bolmaly. Daş keşbimize ünsli bolsak, Ýehowa we onuň guramasyna hormat goýýandygymyzy görkezeris.

Ikinjiden, Mukaddes Ýazgylar salykatly we sagdyn düşünjeli bolmagy ündeýär. Pawlus resul uýalara «saç örümleri, gyzyllar, hünjüler we gymmatbaha eşikler bilen däl-de... haýa (salykatly, TD) we salykatlylyk (sagdyn düşünje, TD) bilen, Hudaý ýolunda gezýändiklerini ykrar edýän... işler bilen özlerini bezemelidiklerini» aýtdy (1 Tim. 2:9, 10). Erkek adamlar hem daş keşbi we egin-eşigi bilen salykatly, sagdyn düşünjeli bolmaly.

Salykatly adam başgalary ýersiz-ýere gaharlandyrmaýar we olaryň ünsüni özüne çekmegiň aladasyny etmeýär. Sagdyn düşünjeli adam paýhasy we dogry garaýşy saklaýar. Şeýle häsiýetli adam Hudaýyň kadalaryna hormat goýýar. Emma bu ýaraşykly geýinmezligi aňlatmaýar, gaýtam, paýhasly bolup, «geň-enaýy» geýinmekden gaça durmaga kömek edýär (1 Ýahýa 2:16). Biz bu prinsipleri Hudaýa sežde edilýän ýerlerde, wagyzda we başga işler bilen meşgullananymyzda ulanmak isleýäris. Hatda her gün geýýän eşigimiz salykatly we sagdyn düşünjelidigimizi görkezmeli. Biz mekdepde ýa-da işde resmi däl ýagdaýda wagyz etmeli bolýarys. Biz ol ýerlerde ýygnak duşuşygynda we kongresde geýnişimiz ýaly geýinmesek-de, egin-eşigimiz arassa, tämiz hem salykatly bolmaly.

Adamlar dürli-dürli geýinýärler. Hiç kimden birmeňzeş geýinmeklik talap edilmeýär. Her bir adamyň öz halaýan zady bolýar, elbetde, bu adaty zat. Ýöne Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine hemişe eýermeli.

Petrus resulyň aýtmagyna görä, saça timar bermekden we daş keşbiň gözelliginden «ýüregiň gizlin ynsany» has wajypdyr (1 Pet. 3:3, 4). Eger biz söýgi, şatlyk, parahatlyk, ýagşylyk we iman ýaly häsiýetleri ýüregimizde berk ornaşdyrsak, olar biziň ruhy eşigimiz bolup, Hudaýy şöhratlandyrar.

Üçünjiden, Mukaddes Ýazgylar biziň daş keşbimiziň ýaraşykly bolmalydygyny aýdýar. 1 Timoteos 2:9-da «ýaraşykly egin-eşik» barada agzalýar. Pawlus resul zenanlaryň eşigi hakda gürrüň etse-de, bu prinsip erkek kişilere-de degişli. «Ýaraşykly» diýen söz arassalygy we ykjamlygy aňladýar. Adamyň maddy ýagdaýy gowy bolsa-da, bolmasa-da, ol ýaraşykly geýnip bilýär.

Adamlar, ilki, saçyňa üns berýärler. Şonuň üçin saçymyz arassa we daralan bolmaly. Ýöne adamyň saçyna timar berşi onuň nesilden-nesle geçýän aýratynlygyna we ýerli ýagdaýa bagly bolýar. 1 Korintoslylar 11:14, 15-nji aýatlarda Pawlus resul saç barada maslahat berende, şol aýratynlyklary-da göz öňünde tutupdy. Emma kimdir biri saçyna timar berşi bilen başga jynsdaky adama, ýagny aýal erkege, erkek hem aýala meňzejek bolsa, onda ol Mukaddes Ýazgylardaky prinsipi bozýar (Kan. tag. 22:5).

Erkek adamlar daş keşbiniň ýaraşykly bolmagy üçin sakgal-murtuny syryp durmaly. Murt ösdürmeklik ýerlikli hasaplanylýan ýerlerde adam murtuny timarlap durmaly.

Dördünjiden, biziň daş keşbimiz dünýäni we ondaky zatlary söýmeýändigimizi görkezmeli. Ýahýa resul: «Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň» diýip maslahat berdi (1 Ýahýa 2:15—17). Bu dünýä günäli höweslerden doly. Olara Ýahýanyň agzap geçen ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi degişlidir. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda pitneçi, ýagny häkimiýete gulak asmazlyk ruhy barada aýdylýar (Sül. tym. 17:11; Efes. 2:1, 2). Köp adamlaryň daş keşbi hem-de egin-eşigi şeýle garaýşy we höwesi görkezýär. Şol sebäpli olar edepsiz, özüne çekiji, göze ilginç, sölpi we hapa geýinýärler. Biz, Ýehowanyň Şaýatlary, şeýle garaýyşdan we ýaraşyksyz geýinmeklikden gaça durmaly.

Egin-eşik we daş keşp babatda bu dünýä meňzejek bolman, ruhy taýdan ýetişen erkekdir aýallardan görelde almak nähili ajaýyp! Nutuk bilen çykyş etmek isleýän ýaşlar ökde nutukçy doganlaryň geýnişine syn edip bilerler. Biziň ählimiz ençeme ýyldan bäri bütindünýä wagyz işine gatnaşýan wepaly dogan-uýalaryň göreldesine eýerip bileris (1 Tim. 4:12; 1 Pet. 5:2, 3).

Bäşinjiden, nämäniň ýerlikli we nämäniň ýerliksizdigini biljek bolanymyzda, «Mesihiň hem öz göwnünden turmandygyny» ýatda saklamaly (Rim. 15:3). Isa ähli zatdan öňürti Hudaýyň isleginiň ýerine ýetmeginiň aladasyny edýärdi. Şeýle-de ol adamlara kömek etmegi öz bähbidinden ýokary tutýardy. Biziň käbir egin-eşigimiz we daş keşbimiz wagyz edýän ýerimizde ýerliksiz hasaplanylsa näme etmeli? Kiçigöwünlilik bilen Mesihiň göreldesine eýersek, paýhasly karara gelmäge kömek eder. Pawlus resul: «Hiç zatda biriniň büdremegine sebäp bolmaň» diýip maslahat berdi (2 Kor. 6:3). Diýmek, saçymyza timar berşimiz ýa-da daş keşbimiz adamlaryň hoş habara seslenmegine päsgel berse, biz öz islegimizden geçmelidiris.

Duruş. Daş keşbiň gowy bolmagy üçin durşuňa hem üns bermeli. Elbetde, biziň ählimiz birmeňzeş durup ýa-da bu babatda belli bir nusga eýerip bilmeris. Emma Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, başyňy dik tutmak mertebäňi saklaýandygyňy we gelejege umyt edýändigiňi görkezýär (Lew. 26:13; Luka 21:28). Ýöne käbir dogan-uýalar ençeme ýyllap bükülip işländigi, gartaşanlygy ýa-da saglyk ýagdaýy zerarly göwresini dik tutup bilmeýärler. Şol sebäpli olar käte bir zada söýenip durmaly bolýarlar. Emma göwräňizi dik tutup bilýän bolsaňyz, adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda dim-dik durmaga çalşyň, ýogsam olar aýdýan zatlaryňyza biperwaý garaýansyňyz ýa-da nämedir bir sebäbe görä ötünç soraýansyňyz öýderler. Nutuk bilen çykyş edýän doganlar-da käte elini pýupitre goýup bilerler, ýöne oňa söýenip dursalar, diňleýjilerde ýaramaz täsir galdyrarlar.

Arassa esbaplar. Daş keşbiň we egin-eşigiň arassa hem ýaraşykly bolmagy ýeterlikli däldir. Biziň wagyzda ulanýan esbaplarymyz-da tämiz bolmaly.

Geliň, Mukaddes Ýazgylaryň nähili ýagdaýda bolmalydygyna seredeliň. Eger ol könelse, täzesini edinmäge hemmämizde mümkinçilik bolmaýar. Emma Mukaddes Ýazgylar kitabymyzy näçe wagt bäri ulanýan bolsak-da, ony gowy ýagdaýda saklamaly.

Biz wagyzda ulanjak edebiýatlarymyzy sumkamyza dürli ýagdaýda ýerleşdirip bileris, ýöne, iň esasy zat, onuň içi-de, daşy-da tämiz bolmaly. Siz ýygnakda çykyş edýän doganyň ýa-da wagyzda aýady okamakçy bolýan mesihçiniň Mukaddes Ýazgylarynyň içinden kagyzlaryň gaçyşyny görüpmidiňiz? Şonda ünsüňiz bölündimi? Eger Mukaddes Ýazgylaryň içindäki kagyzlar ünsi sowýan bolsa, onda olary başga ýerde goýmaly. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylar we başga dini edebiýatlar ýerde goýulsa, käbir adamlar ony hormatsyzlyk saýarlar.

Daş keşbiň gowy bolmagy örän wajypdyr. Ol adamlaryň bize bolan garaýşyna täsir edýär. Galyberse-de, biz daş keşbimize üns berip, «halasgär Hudaýymyzyň taglymatyny her babatda bezemek» isleýäris (Titus 2:9).

DAŞ KEŞBIŇIZE ÜNS BERIŇ

  • Hemme zadyňyz arassamy?

  • Daş keşbiňiz salykatly we sagdyn düşünjelidigiňizi görkezýärmi?

  • Ähli zadyňyz ýaraşyklymy?

  • Saçyňyz arassa we daralanmy?

  • Daş keşbiňizde dünýäniň täsiri görünýärmi?

  • Siziň daş keşbiňiz kimdir biriniň büdremegine sebäp bolup bilermi?

GÖNÜKME Hepdäniň dowamynda näme bilen meşgullanmakçy bolsaňyz-da, günde bir gezek 132-nji sahypadaky «Daş keşbiňize üns beriň» diýen çarçuwadaky soraglar arkaly özüňizi barlaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş