16-NJY SAPAK
Rahat çykyş etmek we geplemek
ÇYKYŞ etmezden öň — esasanam, seýrek çykyş edilende — tolgunmaklyk adaty zat. Wagyzçynyň hem birki adama wagyz edýänçä tolgunmagy mümkin. Ýehowa Ýermeýany pygamber bellejek bolanda, ol: «Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdi (Ýer. 1:5, 6). Ýehowa Ýermeýa kömek etdi, Ol size-de hökman kömek eder. Wagtyň geçmegi bilen, siz tolgunman rahat geplemegi öwrenip bilersiňiz.
Özüni rahat alyp barýan dogan tolgunman çykyş edýär. Onuň tolgunmaýandygyny durşundan görse bolýar. Ol özüni adaty we ýerlikli alyp barýar, ellerini aýdýan sözlerine görä hereketlendirýär, düşnükli gepleýär we sesini gerekli ýerinde üýtgedip bilýär.
Eger siz hem tolgunyp, aljyraýan bolsaňyz lapykeç bolmaň, sebäbi muny düzedip bolýar. Nädip? Geliň, häzir adamyň näme üçin tolgunyp, özüni rahat alyp baryp bilmeýändigine seredeliň. Muňa adamyň bedeninde bolup geçýän zatlar sebäp bolmagy mümkin.
Size wajyp ýumuş tabşyrylanda, ony gowy ýerine ýetirmek isleýärsiňiz. Emma ony gowy berjaý edip bilmerin öýtseňiz, aladalanyp başlarsyňyz. Şeýle ýagdaýda beýniniň habar bermegi bilen adamyň bedeni adrenalin diýen garmony işläp çykarýar. Şol sebäpli onuň ýüregi çalt urýar, dem alşy üýtgeýär, derläp başlaýar, hatda el-aýagy titräp, sesi-de sandyrap çykýar. Biziň bedenimiz dörän kynçylygy ýeňmäge goşmaça güýç berýär. Emma bu güýji aýdyň pikirlenmäge we joşgunly çykyş etmäge gönükdirmeli.
Çendenaşa tolgunmaz ýaly näme etmeli? Az-kem tolgunmaklygyň adaty zatdygyny unutmaň. Ýöne çendenaşa tolgunmaz ýaly, rahatlanmaly we özüňi ele almaly. Muny nädip etse bolar?
Gowy taýýarlanyň. Çykyşa taýýarlanmak üçin ýeterlikli wagt sarp ediň. Berlen tema aýdyň düşünendigiňize göz ýetiriň. Eger siz birnäçe pikiri ara alyp maslahatlaşjak bolsaňyz, onda diňleýjileriň bu barada näme bilýändigini we öz aýtjak zatlaryňyzy göz öňünde tutuň. Bu size has degerli maglumat saýlamaga kömek eder. Ilkibada, muny etmek kyn bolsa, ökde nutukçy bilen maslahatlaşyň. Ol size maglumatyňyzy derňemäge we diňleýjileriň zerurlyklaryny bilmäge ýardam edip biler. Eger siz aýtjak pikirleriňize gowy düşünip, diňleýjilere peýdaly boljakdygyna ynamyňyz bolsa, onda gerekli bilimi paýlaşmaga bolan islegiňiz tolgunmany ýeňmäge kömek eder.
Giriş sözlerine aýratyn üns beriň. Nähili sözler bilen başlajakdygyňyz hakynda oýlanyň. Adatça, birnäçe sözlemleri aýdansoň, çykyş edýän adam biraz rahatlanýar.
Bu ädimleri ätmeklik wagza taýýarlyk görlende-de wajypdyr. Diňe bir gürrüň etjek temaňyz barada däl, eýsem, nähili adamlara wagyz etjekdigiňiz hakynda hem oýlanyň. Giriş sözlerini gowy taýýarlaň. Tejribeli wagyzçylardan kömek soraň.
Ähtimal, siz nutugyňyzy jikme-jik ýazsaňyz, tolgunman çykyş ederin öýdýänsiňiz. Emma şeýle taýýarlyk has köp tolgunmaga sebäp bolýar. Elbetde, käbir nutukçylar başgalara garanyňda, aýtjak sözlerini doly ýazýarlar. Ýöne tolgunman çykyş etmek kagyza ýazylan sözlere bagly däldir. Şol sebäpli diňleýjiler üçin gymmatly maglumaty tapandygyňyza ynamly boluň, bu size tolgunman çykyş etmäge kömek eder.
Sesli taýýarlyk görüň. Şeýle taýýarlyk size pikiriňizi söz bilen beýan edip, ynamly çykyş etmäge ýardam eder. Şeýle-de aýtjak sözleriňiz aňyňyza gowy ornaşar we çykyş edeniňizde olar ýadyňyza düşer. Diňleýjileri göz öňüne getirip, edil sahnada çykyş edýän ýaly taýýarlanyň. Nädip çykyş etmekçi bolsaňyz — oturypmy ýa-da dik durup — şonuň ýaly-da taýýarlanyň.
Ýehowa doga edip, kömek soraň. Hudaý şeýle dogalara jogap berermi? «Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider» (1 Ýahýa 5:14). Eger siz Hudaýy şöhratlandyrmagy we adamlaryň Onuň Sözünden peýda almagyny isläp, bu barada doga etseňiz, Ol hökman jogap berer. Ýehowanyň kömegine bil baglaň, bu size ýumşuňyzy berjaý eder ýaly güýjüňize güýç goşar. Şeýle-de ruhuň miwesini — söýgini, şatlygy, parahatlygy, ýumşaklygy we özüňe erk etmekligi ösdürseňiz, bu siziň garaýşyňyza täsir edip, tolgunmaz ýaly özüňizi ele almaga kömek eder (Gal. 5:22, 23).
Tejribe toplaň. Wagyz işine näçe köp gatnaşsaňyz, şonça-da az tolgunarsyňyz. Ýygnak duşuşygynda köpräk jogap berseňiz, köpçüligiň öňünde geplemek aňsat bolar. Nutuk bilen hem näçe köp çykyş etseňiz, şonça-da aljyramazlyga kömek eder. Siz köpräk çykyş etmek isleýärmisiňiz? Onda Wagyz mekdebinde käbir sebäplere görä ýumşuny ýerine ýetirip bilmediklere derek çykyş etmäge taýýar boluň.
Bu ädimleri ädeniňizden soň, tolgunýandygyňyzyň nämeden görünýändigini anyklasaňyz gowy bolar. Soňra olaryň üstünde işleseňiz tolgunman geplemäge kömek eder. Adamyň tolgunýandygyny onuň hereketinden ýa-da sesinden bilse bolýar.
Hereketler. Adamyň tolgunýandygyny ýa-da tolgunmaýandygyny onuň durşy we elleriniň hereketleri görkezýär. Ilki bilen, el hereketlerine seredeliň. Eger adam ellerini sallap dim-dik dursa ýa-da ellerini arkasyna tutup, ýa-da pýupitrden aýyrman dursa, elini jübüsine salyp-çykaryp, penjeginiň iliklerini ildirip-çözüp, elini çekgesine, burnuna, äýnegine degrip dursa, sagadyny, galamyny, ýüzügini, depderçesini oýnasa, elini ýerliksiz hereketlendirse — bularyň hemmesi onuň tolgunýandygyny görkezýär.
Adamyň özüne ynamy bolmasa, ol başga-da hereketleri edýär. Meselem, aýaklaryny biraz tarpyldadýar, yrgyldap durýar, asla gymyldaman dim-dik ýa-da küýkerilip durýar, ýygy-ýygydan dodagyny ýalaýar, gaýta-gaýta ýuwdunýar we çalt-çalt dem alýar.
Bu kemçilikleri ýeňmek üçin ýürekden tagalla etmeli. Siz olaryň hersiniň üstünde aýratynlykda işläň. Özüňizdäki kemçiligi anyklap, ony düzetmek üçin näme etmelidigi barada oýlanyň. Eger tagalla etseňiz, özüňizi ele alyp bilersiňiz.
Ses. Adam aljyranda sesiniň güýçli ýa-da sandyrap çykmagy mümkin. Belki-de, siz aljyranyňyzda yzly-yzyna ardynýansyňyz ýa-da çalt gepleýänsiňiz. Bulary ýeňmek üçin yhlas bilen tagalla etmeli.
Eger siz tolgunýan bolsaňyz, sahna çykmazdan öň, birnäçe gezek uludan dem alyň we doly rahatlanmaga çalşyň. Tolgunýandygyňyza üns bermän, taýýarlan nutugyňyzy diňleýjilere näme üçin aýtmakçy bolýandygyňyz hakda oýlanyň. Sahna çykanyňyzda diňleýjilere seredip, kimdir birine mähirli ýylgyryň. Giriş sözlerini howlukman aýdyň we soňra bar ünsüňizi nutuga beriň.
Dogry garaýyşda boluň. Tolgunmaklyk zym-zyýat bolar öýtmäň. Ençeme ýyldan bäri nutuk bilen çykyş edýän doganlaryň hem köpüsi sahna çykmanka tolgunýarlar. Emma olar özlerini ele almagy öwrendiler.
Eger siz tolgunýandygyňyzy görkezýän hereketleri ýeňmek üçin jan etseňiz, diňleýjiler sizi rahat çykyş edýän nutukçy hasap ederler. Emma şonda-da siziň tolgunmagyňyz mümkin, ýöne ony hiç kim duýmaz.
Tolgunmaklyk zerarly ýüze çykýan adrenalin garmony adamyň bedenine güýç berýändigini hem unutmaň. Bu güýji joşgunly çykyş etmek üçin ulanyň.
Berlen maslahatlara eýermek üçin sahnada çykyş etmäge garaşmak hökman däl. Gündelik durmuşyňyzda tolgunman, özüňizi ele alyp, ýerlikli duýgular bilen geplemegi öwrenseňiz, bu size sahnada-da, wagyzda-da ynamly geplemäge kömek eder.