Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w14 15/7 sah. 7—11
  • Hudaý özüniňkileri tanaýandyr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý özüniňkileri tanaýandyr
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «MEN REBDIRIN, ÜÝTGEÝÄN DÄLDIRIN»
  • ÝEHOWA IMAN EDÝÄNDIGIŇI TASSYKLAÝAN MÖHÜR
  • ÝÜREKDEN EDILEN SEŽDE BOŞ GALMAZ
  • HUDAÝA WEPALY BOLMAK BAGTLY EDÝÄR
  • Ýehowanyň halky ýamanlykdan gaça durýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowa sizi tanaýarmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowa sizi söýýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Olar Ýehowa garşy çykdylar
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
w14 15/7 sah. 7—11

Hudaý özüniňkileri tanaýandyr

«Kim Hudaýy söýýän bolsa, Hudaý hem ony tanaýandyr». 1 KOR. 8:3

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz Ýehowanyň niýetiniň hökman ýerine ýetjekdigine näme üçin ynanýarys?

  • Ýehowanyň gymmat saýýan zatlary we prinsipleri haýsy iki hakykatda jemlenýär?

  • 2 Timoteos 2:19-njy aýatdan öwrenen zatlarymyz Ýehowa bolan imanymyzy nädip berkidýär?

1. Hudaýyň käbir gullukçylarynyň nädip nädogry pikirleriň duzagyna düşendigini gürrüň beriň (Makalanyň başyndaky surata serediň).

BIR GÜN säher bilen baş ruhany Harun eline buhurdany alyp, Ýehowanyň çadyrynyň öňüne gelýär. Onuň golaýynda Kora bilen 250 sany adam hersi öz buhurdany bilen buhur ýakmak üçin durýarlar (San. 16:16—18). Göräýmäge, olaryň ählisi-de Ýehowa wepaly sežde edýärdiler. Emma Harundan tapawutlylykda, olar tekepbirlik bilen pitne turzup, ruhanylaryň ornuny eýelejek bolýardylar (San. 16:1—11). Olar Hudaý seždämizi kabul eder diýip, özüni aldaýardylar. Emma Ýehowa ikiýüzliligi we ýürekleri görýän Hudaý. Şol sebäpli olaryň hereketi Ýehowany gynandyrýardy (Ýer. 17:10).

2. Musa näme diýdi we onuň sözleri nädip ýerine ýetdi?

2 Musa Kora we onuň ýoldaşlaryna: «Kime Onuň ýanyna golaýlaşmaga rugsat edilendigini Reb säher bilen aýan eder» diýdi (San. 16:5). Elbetde, Ýehowa gullukçylaryny ikiýüzli adamlardan tapawutlandyrdy. Şonda «Rebden bir ot çykyp, ýakymly ysly tütetgi hödür eden (Kora bilen) iki ýüz elli kişini ýakyp ýok etdi» (San. 16:35; 26:10). Ýehowa Haruny halas edip, onuň hakyky ruhanydygyny we ýürekden sežde edýändigini görkezdi (1 Korintoslylar 8:3-i okaň).

3. a) Pawlus resulyň günlerinde näme boldy? b) Kora we onuň ýaranlary bilen bolan waka nämäni görkezýär?

3 Şuňa meňzeş waka takmynan 1 500 ýyl geçenden soň, ýagny Pawlus resulyň ýaşan döwründe-de boldy. Özüne mesihçi diýýän käbir adamlar ýalan taglymatlara eýerseler-de, ýygnakdaky dogan-uýalar bilen gatnaşýardy. Göräýmäge, olaryň ýygnakdaky dogan-uýalardan hiç hili tapawudy ýok ýalydy. Emma olaryň nädogry pikirleri Hudaýa wepaly mesihçilere howp salýardy. Bu goýun derisine giren möjekler «käbir adamlaryň imanyny dargadýardylar» (2 Tim. 2:16—18). Emma Ýehowanyň nazaryndan hiç zat sypmaýar. Pawlus muny Kora we onuň ýaranlary bilen bolan wakadan bilýärdi. Geliň, Pawlus resulyň Timoteosa ýazan hatyndaky oýlandyryjy sözlere seredip, özümize peýdaly sapak edineliň.

«MEN REBDIRIN, ÜÝTGEÝÄN DÄLDIRIN»

4. Pawlus resul nämä ynanýardy we ol muny Timoteosa ýazan hatynda nädip görkezdi?

4 Pawlus Ýehowanyň ikiýüzli adamlary we Oňa ýürekden gulak asýanlary tapawutlandyryp bilýändigine ynanýardy. Muny Pawlusyň Timoteosa ýazan hatyndan bilse bolýar. Pawlus imandan dänen adamlaryň ýygnaga ýetirýän ruhy zyýanyny agzandan soňra şeýle ýazdy: «Hudaýyň berk binasy durandyr. Ol „Reb Özüniňkileri tanaýandyr“, „Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun“ diýen sözler bilen möhürlidir» (2 Tim. 2:18, 19).

5, 6. «Hudaýyň berk binasy» diýen jümle nämäni aňladýar we bu sözler Timoteosa nähili täsir etdi?

5 Pawlusyň sözleri nämäni aňladýar? «Hudaýyň berk binasy» diýen jümle Mukaddes Ýazgylaryň diňe bir ýerinde duş gelýär. Emma «bina» diýen söz göçme manyda köp ulanylýar. Meselem, gadymy Ysraýylyň paýtagty Iýerusalime bina diýilýärdi (Zeb. 87:1, 2). Isanyň Ýehowanyň niýetinde tutýan ornuny hem bina bilen deňeşdirmek üçin «düýp» we «burç daşy» ýaly sözler ulanylýar (1 Kor. 3:11; 1 Pet. 2:6). Pawlus «Hudaýyň berk binasy» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

6 Pawlus şu aýatda «Hudaýyň berk binasy» diýen jümläni ulanyp, soňra Musanyň Sanlar 16:5-de Kora we onuň tarapdarlary barada aýdan sözlerini getirýär. Şeýdip, ol Timoteosy ruhlandyrmak isledi we oňa Ýehowanyň pitneçi adamlary tanap bilýändigini ýatlatdy. Ýehowanyň niýetiniň amala aşmagyna Koranyň päsgel berip bilmeýşi ýaly, ýygnakdaky imandan dänen adamlar hem päsgel berip bilmezler. Pawlus «Hudaýyň berk binasy» diýen jümläniň näme aňladýandygyny jikme-jik düşündirmese-de, onuň sözleri Timoteosy Ýehowanyň ýollarynyň ygtybarlydygyna ynandyrdy.

7. Biz näme üçin Ýehowanyň dogruçyl we wepalydygyna şübhelenmän bileris?

7 Ýehowanyň ýokary ahlak prinsipleri üýtgemeýär. Zebur 33:11-de: «Rebbiň maslahaty ebedidir, ýüreginiň pikirleri nesilleri boýy berk durýandyr» diýilýär. Başga aýatlarda Ýehowanyň hökümdarlygynyň, wepaly söýgüsiniň, dogrulygynyň we wepadarlygynyň ebediligi barada aýdylýar (Müs. çyk. 15:18; Zeb. 106:1; 112:9; 117:2). Malaky 3:6-da: «Men Rebdirin, üýtgeýän däldirin» diýilýär. Şonuň ýaly-da, Ýakup 1:17-de Ýehowada «ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesiniň bardygy» aýdylýar.

ÝEHOWA IMAN EDÝÄNDIGIŇI TASSYKLAÝAN MÖHÜR

8, 9. Pawlusyň «möhür» babatdaky deňeşdirmesinden näme öwrenip bileris?

8 Pawlusyň 2 Timoteos 2:19-da aýdan sözlerini okanyňda, hat ýazylgy bina göz öňüňe gelýär. Şol ýazgyny möhür bilen deňeşdirse bolýar. Gadymy döwürlerde jaýyň kimiňkidigi we ony kimiň gurandygy binasynyň, ýagny jaýyň düýbüniň ýüzüne ýazylýardy. Pawlus ilkinji bolup, Mukaddes Ýazgylarda şeýle deňeşdirmäni ulanýara. «Hudaýyň berk binasynda» iki ýazgy bardy. Birinjisi, «Reb Özüniňkileri tanaýandyr»; ikinjisi, «Rebbiň adyna baglanan her kes ýamanlykdan uzak dursun». Bu sözler bize Sanlar 16:5-däki (okaň)b sözleri ýatladýar.

9 Biz Pawlusyň «möhür» babatda ulanan deňeşdirmesinden näme öwrenip bileris? Hudaýa wepaly adamlar üçin onuň prinsipleri şu iki hakykatda jemlenýär: 1) Ýehowa wepaly adamlary söýýär, 2) Ýehowa ýamanlygy ýigrenýär. Pawlusyň ulanan deňeşdirmesiniň imandan dänenler bilen nähili baglanyşygy bar?

10. Pawlusyň günlerinde imandan dänenleriň hereketi wepaly mesihçilere nähili täsir edýärdi?

10 Timoteos we beýleki wepaly mesihçiler imandan dänenleriň ýygnakda edýän hereketlerini görüp, biynjalyk bolandyrlar. Olaryň käbiri şeýle adamlara ýygnakda galmaga rugsat berilýändigine geň galan bolmaly. Şeýle-de olar «Ýehowa ýürekden sežde edýän gullukçylaryny ikiýüzli sežde edýän adamlardan tapawutlandyryp bilýärmikä?» diýendirler (Res. iş. 20:29, 30).

Timoteos imandan dänenleriň täsirine düşmedi (10—12-nji abzaslara serediň)

11, 12. Pawlusyň ýazan haty Timoteosyň imanyny nädip berkitdi?

11 Pawlusyň ýazan haty, elbetde, Timoteosyň imanyny berkidendir. Bu oňa Musanyň günlerindäki wakany ýatladan bolmaly. Şonda Ýehowa Harunyň wepalydygyny subut edýär we Kora bilen onuň tarapdarlarynyň ikiýüzlüligini paş edip, olary ýok edýär. Pawlusyň aýtmagyna görä, ýygnakda ikiýüzli mesihçiler bolsa-da, Ýehowa Musanyň günlerindäki ýaly, öz adamlaryny tapawutlandyryp biler.

12 Ýehowa üýtgemeýär. Ol ynama mynasypdyr! Ol erbetligi ýigrenýär we öz wagtynda toba etmedik günäkärleri jezalar. Şeýle-de Pawlusyň haty Timoteosa «Rebbiň adyna baglanan» gullukçy kimin ikiýüzli mesihçileriň täsirinden gaça durmaga borçludygyny ýatlatdyc.

ÝÜREKDEN EDILEN SEŽDE BOŞ GALMAZ

13. Biz nämä ynamly bolup bileris?

13 Pawlusyň haty bizi-de ruhy taýdan berkidip biler. Onuň sözleri, esasan, Ýehowanyň biziň wepadarlygymyzy bilýändigine ynandyrýar. Emma Hudaý diňe bir munuň bilen çäklenmän, eýsem, gullukçylarynyň ýürekden aladasyny edýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär» (2 Ýyl. 16:9). Hawa, biziň Ýehowa üçin «sap ýürekden» edýän işlerimiz boş galmaz (1 Tim. 1:5; 1 Kor. 15:58).

14. Ýehowa nähili seždäni ýigrenýär?

14 Ýehowanyň ikiýüzli seždä sowuk-sala garamaýandygyny bilmek teselli berýär. Ol «bütin ýer ýüzüne syn edýär». Şol sebäpli Hudaý «Özüne ak ýürekden hyzmat etmeýänleri» görýär. Süleýmanyň tymsallary 3:32-de «azgyn», ýagny göz üçin Hudaýa gulak asyp, gizlinlikde günä edýän «adamyň Rebbe ýigrenjidigi» barada aýdylýar. Azgyn adam başgalary ökdelik bilen aldap biler, ýöne Gudratygüýçli Ýehowanyň dogrulyga bolan söýgüsi «günälerini ýaşyrýanyň üstünlik gazanmajakdygyna» kepil geçýär (Sül. tym. 28:13; 1 Timoteos 5:24; Ýewreýler 4:13-nji aýatlary okaň).

15. Biz nämeden we näme üçin gaça durmaly?

15 Ýehowanyň halky oňa ýürekden gulluk edýär. Olar üçin Ýehowa ikiýüzli sežde etmek mümkin däl. Muňa garamazdan, eger Musanyň döwründe we I asyrda Hudaýyň halkynyň arasynda ikiýüzli adamlar bolan bolsa, olar şu günlerem bolup biler (2 Tim. 3:1, 5). Emma imandaşlarymyzyň Ýehowa ýürekden edýän gullugyna müňkürlik etsek dogry bolarmy? Elbetde, ýok! Dogan-uýalarymyza ýersiz-ýere şübhelenmek nädogry bolardy (Rimliler 14:10—12; 1 Korintoslylar 13:7-nji aýatlary okaň). Galyberse-de, ýygnakdakylaryň aýypsyzlygyna ynanmazçylyk etsek, bu bize-de ruhy taýdan zyýan ýetirer.

16. a) Ikiýüzlüligiň ýürekde kök urmazlygy üçin näme etmeli? b) «Özüňizi barlap görüň. Özüňizi synaň» atly çarçuwadan nähili sapak edinse bolar?

16 Mesihçileriň her biri «öz işini derňemeli» (Gal. 6:4). Bikämil adam käbir zatlara ýüzleý garap, ýürekden etmezligi endik edýär (Ýew. 3:12, 13). Şonuň üçin biz wagtal-wagtal nähili niýet bilen Ýehowa gulluk edýändigimizi barlap durmaly. Biz özümize şeýle soraglary bermeli: «Men Ýehowany söýýändigim üçin gulluk edip, onuň hökümdarlygyna boýun bolýarynmy? Ýa-da men Jennetde ýaşamak üçin gulluk edýärin?» (Ylh. 4:11). Hawa, özüňi barlamak biziň ählimize peýdaly bolup biler we bu ýüregimizdäki ikiýüzlüligi köki bilen aýyrmaga kömek eder.

HUDAÝA WEPALY BOLMAK BAGTLY EDÝÄR

17, 18. Biz näme üçin Ýehowa ak ýürekden gulluk etmeli?

17 Biz Ýehowa ak ýürekden sežde etsek, köp bereket alarys. Mezmurçy şeýle diýdi: «Reb tarapyndan günäsi hasaba alynmaýan adam, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!» (Zeb. 32:2). Hawa, ýüreginden ikiýüzlüligi aýran adamlar örän bagtly we olar gelejekde hakyky şatlykdan lezzet alyp ýaşarlar.

18 Ýehowa erbet iş edýänleri ýa-da ikiýüzli adamlary öz wagtynda paş eder, ýagny «Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görkezer» (Mal. 3:18). Emma şu günler «Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir» (1 Pet. 3:12).

a Pawlusyň Timoteosa ýazan hatyndan onlarça ýyl geçenden soňra Ylham 21:14-de on iki resulyň ady ýazylgy on iki «bina» sözi ulanylýar.

b Sanlar 16:5 Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we kime Onuň ýanyna golaýlaşmaga rugsat edilendigini Reb säher bilen aýan eder. Ol Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder».

c Biz indiki makalada erbetlerden gaça durmak üçin Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimize serederis.

«Özüňizi barlap görüň. Özüňizi synaň»

BIZ niýetimizi we ýüregimizi nädip barlap bileris? Mukaddes Ýazgylarda: «Imandadygyňyzy özüňiz barlap görüň. Özüňizi synaň» diýip maslahat berilýär (2 Kor. 13:5). Bu sözler bize Hudaýa edýän seždämiziň ikiýüzli bolmazlygy üçin wagtal-wagtal özümizi çynlakaý barlamaga höweslendirýär. Biz şu aşakdaky soraglar arkaly özümizi barlap bileris:

  • Men adamlara öwgüli sözleri ak ýürekden aýdýarynmy we dogan-uýalary bütin ýüregim bilen söýýärinmi? (Zeb. 12:2, 3; 1 Pet. 1:22).

  • Men myhmansöýerlik görkezenimde ýa-da sowgat berenimde, yzyna bir zat edilmegine hantama bolýarynmy? (Mat. 6:2—4).

  • Men maşgala agzalaryma başga adamlaryň ýok ýerinde-de söýgi bildirip, üns berýärinmi? (Kol. 3:18—21).

  • Men Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini başgalara yhlasly öwredip, özümem olara eýerýärinmi? (Rim. 2:21—23).

Eger biz özümizde erbet endikleriň bardygyny bilsek, ýüregimizde kök urmanka, olary sogursak gowy bolardy. Şonda bizem Pawlus ýaly şeýle diýip bileris: «Ýanyňyzda ýalynjaňlyk bilen gepläp, ýakymly sözleri açgözlülige asla perde edinen däldiris. Muňa Hudaý şaýatdyr» (1 Sel. 2:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş