Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/7 sah. 15—19
  • Sen Ýehowanyň aýdyň duýduruşlaryna üns berermiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen Ýehowanyň aýdyň duýduruşlaryna üns berermiň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýalan mugallymlara» eýermäň
  • «Ertekilerden... el göteriň»
  • «Şeýtanyň yzyna eýermäň»
  • Ýalan dinden gaça duruň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hüşgär boluň, Şeýtan sizi ýuwutmak isleýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Duşmanyňyzy gowy tanaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Iblis kimdir?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/7 sah. 15—19

Sen Ýehowanyň aýdyň duýduruşlaryna üns berermiň?

«Ýol budur, şundan ýöräň» (IŞ. 30:21).

1, 2. Şeýtan näme etmekçi bolýar we Hudaýyň Sözi bize nädip kömek edýär?

AÝDALY, sen gidip barýan ýoluňda nädogry belgini görýärsiň. Ol seni azaşdyryp, bir howpuň üstünden eltip biler. Dostuň bolsa, bir erbet adamyň ýol belgisini çalşyp, adamlary azaşdyrýandygyny aýdýar. Elbetde, sen dostuň duýduryşyna üns berersiň.

2 Mukaddes Ýazgylarda iki ýol barada aýdylýar. Olaryň biri heläkçilige, beýlekisi bolsa ebedi ýaşaýşa eltýär. Bu köp adamlaryň heläkçilige eltýän ýoldan ýöreýändigini görkezýär. Şeýtan olary şol erbet adam ýaly aldaýar. Ol bizi hem aldajak bolýar (Ylh. 12:9). Geçen makalada ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan çykarmak üçin, bizi Ýehowa gulak asdyrmajak bolup, Şeýtanyň ulanýan hilelerini öwrendik (Mat. 7:13, 14). Şeýle-de biz dostumyz Ýehowa Hudaýyň Şeýtanyň hileleri barada duýdurýandygyny bildik. Häzir bolsa, bizi aldamak üçin Şeýtanyň ulanýan ýene-de üç hilesini we olardan gaça durar ýaly Mukaddes Ýazgylaryň nädip kömek edýänini bileris. Biz Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, Ýehowanyň yzymyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýýänini göz öňüne getireliň (Iş. 30:21). Biz Ýehowanyň aýdyň duýduryşlaryny näçe köp öwrensek, şonça-da onuň sözlerine gulak asmagy ýüregimize düweris.

«Ýalan mugallymlara» eýermäň

3, 4. a) Näme üçin ýalan mugallymlary suwsuz guýa meňzetse bolar? b) Köplenç ýalan mugallymlar nireden çykýar we olaryň maksady näme?

3 Aýdaly, sen çölüň içinden gidip barýaň we gaty suwsaýarsyň. Sen uzakda bir guýyny görüp, şonda suw bardyr öýdüp, şol tarapa ýöräp ugraýaň. Emma guýynyň içinde suwuň ýokdugyny görüp, örän lapykeç bolýarsyň. Hudaýyň Sözündäki hakykat suwa meňzedilse, ýalan mugallymlar bolsa suwsuz guýy kimindir. Ýalan mugallymlarda hakykat bardyr öýdýän adamlar lapykeç bolar. Pawlus bilen Petrus resul Ýehowanyň ýalan mugallymlar barada duýdurýandygyny aýtdy (Resullaryň işleri 20:29, 30; 2 Petrus 2:1—3-nji aýatlary okaň). Şol ýalan mugallymlar kim? Pawlus bilen Petrus resul şol mugallymlaryň nireden çykjakdygyny we adamlary nädip aldaýandygyny aýtdy.

4 Pawlus resul efesli ýygnak ýaşulularyna: «Araňyzdan... hakykaty ýoýjak adamlar çykar» diýdi. Petrus resul hem käbir ýygnaklara: «Siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar» diýip ýazdy. Diýmek, ýalan mugallymlar ýygnagyň içinden çykyp biler. Şol ýalan mugallymlar imandan dänen adamlara. Olaryň maksady näme? Pawlusyň aýtmagyna görä, olar Ýehowanyň guramasyny taşlap, «şägirtleri yzlaryna eýertjek bolýar». Pawlus bu aýatda, Isanyň şägirtlerini göz öňünde tutupdy. Ýalan mugallymlar ýygnagyň daşyndaky adamlary şägirt edenoklar. Olar ýygnakdaky şägirtleri yzlaryna eýertmäge, ýagny ogurlamaga synanyşýarlar. Isa imandan dänen adamlary goýunlara topulýan möjeklere meňzedýär. Imandan dänen adamlar ýygnakdaky dogan-uýalaryň imanyny gowşadyp, hakykatdan daşlaşdyrjak bolýarlar (Mat. 7:15; 2 Tim. 2:18).

5. Ýalan mugallymlar adamlary nädip aldaýar?

5 Ýalan mugallymlar adamlary nädip aldaýar? Olar muny mekirlik bilen edýär. Jenaýatçynyň ýurda bikanun zady gizlin girizişi ýaly, imandan dänen adamlar hem öz pikirini ýygnaga bildirmän girizýär. Olar «ýalan sözler» aýdýar. Jenaýatçynyň galp dokumenti hakyky edip görkezişi ýaly, imandan dänen adamlar hem ýalan düşünjelerini hakykat hökmünde öwredýärler. Olar «bozuk taglymatlaryna» köpräk adamlary ynandyrjak bolýar. Şeýle-de Petrus resulyň aýtmagyna görä, olar Ýazgylary ýoýýar. Imandan dänenler öz düşünjelerine ynandyrjak bolup, aýatlary nädogry düşündirýär (2 Pet. 2:1, 3, 13; 3:16). Olar biziň aladamyzy etmeýärler. Biz olaryň yzyna eýersek, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan çykarys.

6. Mukaddes Ýazgylarda ýalan mugallymlar babatda nähili aýdyň duýduryş berilýär?

6 Biz nädip ýalan mugallymlardan goranyp bileris? Injilde näme etmelidigi anyk aýdylýar (Rimliler 16:17; 2 Ýahýa 9—11-nji aýatlary okaň). Onda: «Olardan daşda duruň» diýip, açyk aýdylýar. Diýmek, biz olardan gaça durmaly. Aýdaly, lukman ýokanç keselli adamdan daşrak durmagy maslahat berýär. Mukaddes Ýazgylaryň berýän duýduryşyny hem şol lukmanyň maslahatyna meňzetse bolýar. Lukman şol kesel saňa geçse seniň heläk boljakdygyňy bilýär. Elbetde, sen onuň beren duýduryşyna gowy düşünip, maslahatyna eýerersiň. Injilde imandan dänän adamlara «hassa» diýilýär. Olar ýalan taglymatlaryny ýaýradyp, başgalaryň hem özleri ýaly pikir etmegini isleýär (1 Tim. 6:3, 4). Ýehowa bolsa gowy lukman kimin şol ýalan mugallymlardan daşrak durmagy maslahat berýär. Biz onuň maslahatyna eýermegi hemişe ýüregimize berk düwmeli.

7, 8. a) Biz ýalan mugallymlardan gaça durmak üçin näme etmeli? b) Sen ýalan mugallymlardan gaça durmagy näme üçin ýüregiňe düwdüň?

7 Biz ýalan mugallymlardan gaça durmak üçin näme etmeli? Biz olar bilen gepleşmeli ýa-da öýümize çagyrmaly däl. Onsoňam, olaryň kitaplaryny okamaýarys, telewizordaky çykyşlaryny diňlemeýäris, Internetde ýazýan makalalaryny hem okamaýarys. Biz näme üçin olardan gaça durýarys? Birinjiden, biz «hakykat Hudaýy» Ýehowany söýýäris. Şol sebäpli Hudaýyň Sözündäki hakykata garşy gelýän ýalan taglymatlary diňlemek islemeýäris (Zeb. 31:5; Ýahýa 17:17). Şeýle-de biz Ýehowanyň ajaýyp hakykaty öwredýän guramasyny söýýäris. Ýehowanyň guramasy bize Hudaýyň ady, onuň manysy, ýer ýüzi babatda niýeti, ölüm we direliş barada öwredýär. Şu we beýleki hakykatlary ilkinji sapar eşidip, nähili begeneniň ýadyňdamy? Onda ýalan mugallymlaryň ýaýradýan taglymatlary sebäpli, hakykaty öwreden guramany terk etme (Ýahýa 6:66—69).

8 Ýalan mugallymlar näme diýseler-de, biz olaryň yzyna düşmeris! Suwsuz guýa meňzeýän adamlary diňlemegiň deregi ýok. Olary diňleýänler lapykeç bolar. Biz Ýehowa we onuň guramasyna wepaly bolmagy ýüregimize berk düwdük. Hudaýyň guramasy bizi hiç haçan lapykeç etmedi we hemişe Mukaddes Ýazgylar arkaly arassa hakykat suwuny bolluk bilen berýär (Iş. 55:1—3; Mat. 24:45—47).

«Ertekilerden... el göteriň»

9, 10. Pawlus resul Timoteosa «ertekiler» barada nähili duýduryş berdi? Pawlus ertekiler diýende, nämäni göz öňünde tutdy? (Çykgyda hem serediň).

9 Eger kimdir biri ýoluň ugrundaky belgini ters tarapa öwrüp goýan bolsa, onda biz azaşarys. Käte belginiň ters tarapa öwrülendigini görmek aňsat, käwagt bolsa saýgarmak kyn. Şeýtanyň ýaýradýan ýalan taglymatlary barada hem şeýle diýse bolar. Eger biz seresap bolmasak, aldanyp bileris. Pawlus resul şeýle taglymatlaryň boljakdygyny duýduryp, olara «ertekiler» diýdi (1 Timoteos 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Bu ertekiler näme we olardan el götermek üçin näme etmeli? Biz ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremek üçin, şu soraglaryň jogabyny bilmeli.

10 Pawlus resul ýygnak ýaşulusy Timoteosa ýazan birinji hatynda ertekiler barada duýdurýar. Ol Timoteosa ýygnagy arassa saklamagy we dogan-uýalara Ýehowa wepaly bolmaga kömek etmegi maslahat berýär (1 Tim. 1:18, 19). Pawlusyň «ertekiler» diýen sözi grek dilinde «ýalan» ýa-da «toslama» diýmegi aňladýar. Bir kitapda aýdylyşy ýaly, şol söz hakykata dahyly bolmadyk dini rowaýaty aňladýar (The International Standard Bible Encyclopaedia). Belki, Pawlus resul adamlaryň oýlap tapan gyzykly gadymy rowaýatlaryndan düzülen dini ýalany göz öňünde tutandyrb. Onuň aýtmagyna görä, şol ertekileri diňlemek howply, çünki olar «jedellere sebäp bolýar». Diýmek, şol ertekileri diňleýän adamlarda hakykatdan bolmadyk zatlar barada soraglar döreýär. Soňra olar şol soraglara jogap tapmak üçin gyzyldan gymmatly wagtyny sarp edýär. Şeýtan şol toslama hekaýalary we dini rowaýatlary ulanyp, adamlaryň ünsüni wajyp zatlardan sowýar. Biz indi Pawlus resulyň ertekilerden el göter diýen sözlerine düşündik!

11. Şeýtan adamlary ýalan din arkaly nädip aldaýar? Biz haýsy duýduryşa ünsli bolmaly?

11 Biz seresap bolmasak, nähili ertekileriň aldawyna düşmegimiz mümkin? «Gulaklarymyzy hakykatdan sowýan» islendik dini taglymata ertekiler diýseň bolýar (2 Tim. 4:3, 4). Şeýtan örän mekir. Ol ýalan din arkaly adamlary aldaýar. Ine, şol sebäpli hem Mukaddes Ýazgylarda oňa «nur perişdesi» diýilýär (2 Kor. 11:14). Mysal üçin, hristianlar özlerine Isanyň şägirdi diýse-de, Troisa we dowzah ody barada ýalan zatlary öwredýär. Şeýle-de olar adam ölensoň, ýene-de bir ýerde ýaşaýar diýip öwredýär. Adamlaryň köpüsi Roždestwo we Pasha baýramlary Hudaýa ýaraýandyr öýdýär. Emma şol baýramçylyklarda adamlaryň edýän zatlary ýalan dinden gelip çykdy. Biz ýalan dinden çetde durup, Hudaýyň «murdara galtaşmaň» diýen duýduryşyna ünsli bolsak, ertekileriň aldawyna düşmeris (2 Kor. 6:14—17).

12, 13. a) Şeýtan nähili üç ýalany ýaýradýar? Haýsy hakykatlar olaryň ýalandygyny görkezýär? b) Biz Şeýtanyň ertekilerine aldanmak islemeýän bolsak, näme etmeli?

12 Biz ünsli bolmasak, Şeýtan bizi başga-da ýalan zatlar bilen aldap biler. Geliň, olaryň üçüsine seredeliň. Birinjisi: Sen islän zadyňy edip bilersiň. Nämäniň ýagşydygyny we nämäniň ýamandygyny özüň çözýärsiň. Biz muny köplenç telewizorda, kinolarda eşidýäris we žurnallarda, gazetlerde hem Internetde okaýarys. Biz hemişe ýalan zatlary eşidýändigimiz üçin, birden şeýle pikir edip başlamagymyz we dünýewi adamlar ýaly ahlaksyzlyk etmegimiz mümkin. Emma bize diňe Hudaý nämäniň ýagşydygyny we ýamandygyny aýdyp bilýär (Ýerem. 10:23). Ikinjisi: Hudaý hiç haçan ýer ýüzünde hiç hili özgerişikler etmez. Şol sebäpli adamlar şu günüm hoş günüm diýip ýaşaýarlar. Olar gelejek we Hudaýa ýaranmak hakynda pikir hem etmeýär. Biz hem olar ýaly pikir edip başlasak, onda Hudaýa «bikär hem miwesiz» gulluk ederis (2 Pet. 1:8). Emma Ýehowanyň tizden ýer ýüzünde özgerişler etjekdigi hakykatdyr. Şonuň üçin biz muňa ynanýandygymyzy iş ýüzünde görkezmeli (Mat. 24:44). Üçünjisi: Hudaý seniň aladaňy etmeýär. Şeýtan bizi Hudaýyň söýgüsine mynasyp däl diýip, ynandyrjak bolýar. Biz Şeýtanyň bu ýalanyna ynansak, Ýehowa gulluk etmegimizi bes ederis. Aslynda, Ýehowa her bir gullukçysyny söýýär we her biriniň gadyryny bilýär (Mat. 10:29—31).

13 Biz Şeýtanyň dünýäsindäki adamlar ýaly pikir etmekden ägä bolmaly. Käte olaryň aýdýan hem edýän zatlary dogry ýaly bolup görünýär. Ýöne Şeýtanyň bizi aldajak bolýandygyny unutma. Adamlary aldamakda Şeýtandan ökde hiç kim ýokdur. Biz Şeýtanyň ertekilerine aldanmak islemeýän bolsak, onda Mukaddes Ýazgylarda berilýän duýduryşa ünsli bolmaly (2 Pet. 1:16).

«Şeýtanyň yzyna eýermäň»

14. Pawlus käbir ýaş dul hatynlara näme maslahat berdi? Biz näme üçin onuň duýduryşyna ünsli bolmaly?

14 Aýdaly, ýoluň ugrunda «Şeýtanyň ýoly» diýen belgi dur. Elbetde, hiç bir mesihçi şol ýoldan gitmez. Emma mesihçiler hem «şeýtanyň yzyna eýerip» başlamagy mümkin. Pawlus bu barada-da aýdypdy (1 Timoteos 5:11—15-nji aýatlary okaň). Ol şol wagtky ýygnakdaky käbir ýaş dul hatynlar hakda ýazsa-da, onuň aýdan sözleri barada oýlanmak hemmelere peýdaly bolar. Şol ýaş dul hatynlar Şeýtanyň yzyna eýerýärin öýtmeýärdi. Emma olaryň aýdýan hem edýän zatlary Şeýtanyň yzyna eýerýändigini görkezipdi. Biz tötänden Şeýtanyň yzyna eýermez ýaly näme etmeli? Geliň, Pawlusyň ýaraşyksyz gepler, ýagny gybatkeşlik barada beren duýduryşyna seredeliň.

15. Şeýtan näme isleýär? Pawlusyň aýtmagyna görä, Şeýtan islän zadyny bize nädip etdirjek bolýar?

15 Şeýtan biziň ynanýan zatlarymyz barada gürrüň etmegimizi islemeýär. Ol hoş habary wagyz etmegimizi hem islänok (Ylh. 12:17). Ol wagtymyzy biderek zatlara ýa-da Ýehowanyň halkynyň arasynda agzalalyk döredýän zatlara sarp etmegimizi isleýär. Pawlus resul Şeýtan islän zadyny bize etdirmek üçin nämeler edýändigini aýdýar. Pawlus şol döwürde ýaşan dul hatynlara «öýin-öýin aýlanýan, ýaltalar» diýdi. Şol dul hatynlar joralarynyňka baryp, wajyp däl zatlar barada gürrüň edip, köp wagtyny geçirýärdi. Biz olar ýaly bolmakdan ägä bolmaly. Meselem, biz ähmiýetsiz, käte nädogry zatlar hakynda elektron hatlary okamak hem-de ibermek üçin özümiziň hem başgalaryň köp wagtyny almagymyz mümkin. Pawlus dul hatynlara «gepçiler» hem diýýär. Gepçiler käte başgalar barada erbet gürrüňler hem edýärler. Şeýle gürrüňler etmek howply, sebäbi gybatyň soňy töhmete ýazyp biler. Şeýle ýalan sözler köplenç adamlaryň arasyna çöp atýar (Sül. tym. 26:20). Başgalar barada ýalan zatlary aýdýan adamlar özleri-de bilmän, Şeýtan Iblise meňzäp başlaýarlarc. Soňra Pawlus şol dul hatynlar «beýlekileriň işlerine garyşýar» diýdi. Olar başgalaryň durmuşyna goşulýardy. Emma biriniň durmuşyna goşulmaga hiç kimiň haky ýokdur. Biz şeýle zatlar bilen meşgullanyp, Ýehowanyň beren wajyp işini ýerine ýetirmegi unudarys. Biz wagtymyzy Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmäge sarp etmeli. Biz wagyz etmesek, onda Şeýtanyň yzyna eýerdigimiz bolar. Biz Şeýtanyň tarapynda bolsak, onda Ýehowa garşy bolarys. Her bir adam kimiň tarapyndadygyny özi saýlamaly (Mat. 12:30).

16. Biz Şeýtanyň yzyna eýermejek bolsak, näme etmeli?

16 Eger biz Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlara ünsli bolsak, onda Şeýtanyň yzyna düşmeris. Bu babatda Pawlus bize birnäçe maslahat berdi. Ol bize: «Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň» diýdi (1 Kor. 15:58). Eger biz Ýehowa yhlasly gulluk etsek, onda ähmiýetsiz we zyýanly zatlara wagt galmaz (Mat. 6:33). Şeýle-de ol bize «abatlyk üçin oňat sözleri» aýtmagy maslahat berdi (Efes. 4:29). Özüňem gybat etme, gepçileri hem diňleme. Dogan-uýalara müňkürlik etme we olara hormat goýd. Eger şeýtseň, onda olar barada hemişe gowy gürrüňler edersiň. Onsoňam, Pawlus: «Öz işiňize gydyrdaň», ýagny öz işiň bilen bolmagy maslahat berdi (1 Sel. 4:11). Adamlara hormat-sylag goýup aladasyny et. Käwagt adamlaryň şahsy meseleleri ýa-da işleri barada gürrüň berilmegini we muny başgalaryň bilmegini islemeýändigini unutma. Şeýle-de adamlara derek olaryň şahsy meselelerini çözmeli däldigimizi unutmalyň (Gal. 6:5).

17. a) Ýehowa näme üçin bize duýduryşlar berýär? b) Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli?

17 Biz Ýehowanyň nämä eýermeli däldigimizi şeýle aýdyň aýdýandygyna minnetdar! Ýehowa bizi örän söýýändigi üçin şeýle duýduryşlary berýändigini unutmalyň. Ol Şeýtanyň bizi aldap, horluk çekdirmegini islemeýär. Ýehowanyň hödürleýän ýolundan ýöremek aňsat däl, ýöne ol ebedi ýaşaýşa eltýän ýeke-täk ýoldur (Mat. 7:14). Geliň, Ýehowanyň: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sözlerine hemişe ünsli bolmagy ýüregimize düweliň (Iş. 30:21).

a Imandan dänen adamlar hakyky dini terk edip, oňa garşy çykýarlar.

b Pawlusyň döwründe käbir adamlar Towidyň toslama hekaýalar kitabyny Mukaddes Ýazgylara degişlidir öýdýärdi. Bu kitap Isa dogulmazdan öň üçünji asyrda ýazylypdy. Towidyň kitabynda ýalan taglymatlar we jadygöýlik barada hekaýalar kändi. Kitapda hakykatdan bolmadyk zatlar, bolan ýaly gürrüň berilýärdi («Ýazgylara düşünmek» (iňl.) atly kitabyň 1-nji tom 122-nji sahypasyna seret).

c Grekçe «iblis» sözi «başgalara zyýan ýetirmek üçin ýalan sözleýän» diýmegi aňladýar. Şeýtan ilkinji bolup ýalan sözländigi üçin, oňa Iblis ady hem dakyldy (Ýahýa 8:44; Ylh. 12:9, 10).

d «Uçup giden ýelekler» diýen çarçuwa serediň.

Siz näme jogap berersiňiz?

Sen şu aýatlarda berilýän duýduryşlara gulak asýandygyňy nädip görkezip bilersiň?

• 2 Petrus 2:1—3

• 1 Timoteos 1:3, 4

• 1 Timoteos 5:11—15

[19-njy sahypadaky çarçuwa]

Uçup giden ýelekler

Ýaraşyksyz gep ýa-da gybat barada ýewreýleriň arasynda bir gadymy rowaýat bar.

Bir adam obasynyň paýhasly ýaşulusy barada gybat ýaýradýar. Ol biraz wagtdan aýdan sözleri üçin, paýhasly adamdan ötünç soramaga barýar-da: «Sen barada ýalan sözländigime ökünýändigimi nädip subut edip bilerin?» diýýär. Şonda paýhasly adam oňa: «Onda bir per ýassygy al-da, ikä bölüp, içindäki ýelekleri ýele sowur» diýýär. Ýaňky adam munuň sebäbine düşünmese-de, onuň aýdyşy ýaly edýär. Soňra ol paýhasly adamyň ýanyna baryp: «Indi, meni bagyşladyňmy?» diýýär. Ol: «Ilki, bar-da, uçup giden ýelekleri ýygnap getir» diýdi. Ýaňky adam: «Olary ýygnamak asla mümkin däl. Olar ýeliň ugruna dumly-duşa uçup gitdiler ahyryn. Men olary tapyp bilmerin» diýýär. Şonda paýhasly adam sözüni şeýle jemleýär: «Ýelekleriň dumly-duşa uçup gidişi ýaly, seniň aýdan ýalan sözleriňi hem köp adamlar eşitdi. Sen şol ýelekleri ýygnap bilmeýşiň ýaly, aýdan sözleriňi adamlar unudar ýaly hem hiç zat edip bilmersiň».

Paýhasly adamyň beren sapagy düşnükli. Biz aýdan sözümizi yzyna alyp bilmeýäris. Käte bolsa, aýdan sözlerimiziň ýetiren zyýanynyň öwezini hem dolup bilmeýäris. Şeýlelikde, biri barada erbet zat aýtjak bolsak, onda onuň ýelekler ýaly uçup gitjekdigini ýatlasak, gowy bolar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş