Wagtlaýyn ýaşaýjylar ýaly ýaşalyň
«Eý söýgüliler, sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden gelmişekler we wagtlaýyn ýaşaýjylar hökmünde gaça duruň» (1 PET. 2:11, TD).
1, 2. Petrus kime «saýlananlar» diýdi we näme üçin olara «wagtlaýyn ýaşaýjylar» diýip ýüzlendi?
ISANYŇ göge galanyndan takmynan 30 ýyl geçensoň, Petrus resul «Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýadaky... saýlanan» mesihçilere hat ýazdy (1 Pet. 1:1, 2). Petrus «saýlanan» diýmek bilen «gaýtadan dogulmaga» umydy bolan we gökde Mesih bilen höküm sürjek mesh edilen mesihçileri göz öňünde tutupdy (1 Petrus 1:3, 4-nji aýatlary okaň). Emma ol näme üçin şol «saýlananlara» birnäçe wagtdan soň «gelmişekler we wagtlaýyn ýaşaýjylar» diýip ýüzlendi? (1 Pet. 2:11, TD). Şeýle-de bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň Güwäçileriniň diňe az bölegi mesh edilenler, ýagny saýlananlar bolsa, näme üçin bu biziň hemmämize degişli?
2 I asyrda ýaşan mesh edilenlere «wagtlaýyn ýaşaýjylar» diýmek ýerliklidi. Häzirki mesh edilenleriň galyndysy hem ýer ýüzünde hemişelik bolmazlar. Pawlus resul hem mesh edilen «kiçijik süriniň» agzasydy. Ol şeýle diýdi: «Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Reb Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys» (Luka 12:32; Flp. 3:20). Bu bolsa mesh edilenleriň ýerde ölenden soň, gökde ölümsiz, has gowy ýaşaýşy aljakdygyny aňladýar (Filipililer 1:21—23-nji aýatlary okaň). Diýmek, Şeýtanyň gol astyndaky häzirki dünýäde mesh edilenlenlere göni manyda «wagtlaýyn ýaşaýjylar» diýse bolýar.
3. «Başga goýunlar» barada nähili sorag ýüze çykýar?
3 Ýöne «başga goýunlar» barada näme diýse bolar? (Ýahýa 10:16). Olaryň ýer ýüzünde baky ýaşamak umydy ýokmy näme? Elbetde, bu olaryň hemişelik öýi bolar! Häzir welin, olar hem «wagtlaýyn ýaşaýjylar» ýaly ýaşamaly. Näme üçin?
«BÜTIN ÝARADYLYŞ ŞU WAGTA ÇENLI AH ÇEKÝÄR»
4. Dünýäniň ýolabaşçylaryna haýsy zat başartmaýar?
4 Häzirki zalym dünýäde her bir adam, şol sanda mesihçilerem Şeýtanyň Ýehowa garşy gidip pitne turuzandygy sebäpli ejir çekýär. Rimliler 8:22-de şeýle okaýarys: «Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris». Dünýäniň ýolbaşçylary, ylmyň ýa-da puluň üsti bilen ýagdaýy düzetjek bolýarlar. Emma bu olara başartmaýar.
5. 1914-nji ýyldan bäri millonlarça adamlar näme etmegi ýüregine düwdüler we näme üçin?
5 1914-nji ýyldan bäri millionlarça saýlanan adamlar Hudaýyň bellän patyşasy Mesih Isanyň tarapyna geçdiler. Olar Şeýtanyň dünýäsiniň agzasy bolmak islemeýärler. Ony goldamaýarlar. Gaýtam, olar öz ömrüni we emlägini Patyşalygyň bähbidine bagş edýärler (Rim. 14:7, 8).
6. Ýehowanyň Güwäçilerini näme üçin gelmişekler diýip atlandyrsa bolar?
6 Hawa, Ýehowanyň Güwäçileri 200-den gowrak ýurtlarda kanuna tabyn bolup ýaşaýarlar. Ýöne olar nirede ýaşasalar-da, özlerini gelmişekler ýa-da wagtlaýyn ýaşaýjylar ýaly alyp barýarlar. Olar hiç haçan syýasata ýa-da ykdysady meselelere goşulmaýarlar. Gaýtam, olar özlerini Hudaýyň berjek täze dünýäsiniň raýatlary saýýarlar. Olar häzirki bikämil hem geçegçi dünýäde wagtlaýyn ýaşaýjydygyna begenýärler.
Biz Şeýtanyň dünýäsini halas etjek bolup jan etmeýäris. Biz Hudaýyň täze dünýäsiniň tarapyny tutýarys
7. Hudaýyň gullukçylary nädip hemişelik ýaşaýjy bolarlar we nirede?
7 Tizden Isa Mesih Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok eder. Mesihiň kämil hökümdarlygynda günä hem horluk aradan aýrylar. Şeýle-de göze görünýän we görünmeýän duşmanlar, ýagny Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy gidýänleriň hemmesi ýok ediler. Hudaýyň wepaly gullukçylary bolsa, ýer ýüzünde boljak jennetde hemişelik ýaşaýjy bolarlar (Ylham 21:1—5-nji aýatlary okaň). Şonda ýaradylyş doly manyda «çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Rim. 8:21).
MESIHÇILER NÄHILI ÝAŞAMALY?
8, 9. Petrusyň «günäli höweslerden... gaça duruň» diýmegi nämeni aňladýar? Düşündiriň.
8 Petrus mesihçileriň nähili ýaşamalydygyny öz hatynda şeýle düşündirdi: «Eý söýgüliler, sizden haýyş edýärin, jana garşy söweş edýän günäli höweslerden gelmişekler, wagtlaýyn ýaşaýjylar hökmünde gaça duruň» (1 Pet. 2:11, TD). Bu maslahat ilki bilen mesh edilen mesihçilere berilen bolsa-da, ol Mesihiň başga goýunlaryna-da degişli.
9 Ýaradyjynyň islegine laýyk gelýän käbir höweslerimizi kanagatlandyrmak, elbetde, nädogry däl. Gaýtam, olar durmuşymyzy ýakymly edýär. Mysal üçin, tagamly zatlary iýip-içmek, göwün açmak, dostlar bilen wagtyňy hoş geçirmek bize şatlyk getirýär. Hatda öz ýan-ýoldaşyň bilen jynsy gatnaşykdan lezzet almak hem ýalňyş däl (1 Kor. 7:3—5). Ýöne Petrus «günäli höwesler» «jana garşy söweş edýär» diýip aýdyň düşündirdi. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde «günäli höwesler» diýlen jümle «ten höwesleri» (King James Version) ýa-da «günäli islegler» (New International Version) diýip terjime edilýär. Diýmek, biz Ýehowa bilen ýakyn aragatnaşygymyza ýaramaz täsir etjek islendik zatdan we Onuň niýetine garşy gelýän höweslerden gaça durmaly. Eger şeýle etmesek, bu bizi ölüme elter.
10. Mesihçileri bu dünýäniň agzasy etmek üçin Şeýtan nähili usullary ulanýar?
10 Şeýtan biziň bu dünýäde «wagtlaýyn ýaşaýjydygymyzy» ýadymyzdan çykartjak bolup jan edýär. Ol bizi baýlyga, ahlaksyzlyga, at-abraýa kowalaşmaga, diňe özüňi bilmeklige we milletparaz bolmaga iterýär. Bu zatlaryň ählisi Şeýtanyň gurýan duzaklarydyr. Eger-de biz şeýle nädogry ten höweslerinden saklanmagy berk ýüregimize düwsek, onda Şeýtanyň zalym dünýäsiniň agzasy bolmak islemeýändigimizi görkezeris we bu dünýäde wagtlaýyn ýaşaýandygymyzy subut ederis. Hawa, biz Hudaýyň berjek adalatly täze dünýäsiniň hemişelik ýaşaýjysy bolmak isleýäris we munuň üçin jan edýäris.
OŇAT EDIM-GYLYM
11, 12. Käbir adamlar gelmişeklere nähili garaýarlar we Ýehowanyň Güwäçileri barada nähili pikir edýärler?
11 Petrus sözüni dowam edip, «wagtlaýyn ýaşaýjy» bolmak üçin mesihçileriň nähili bolmalydygyny 12-nji aýatda şeýle düşündirýär: «Bet iş edýänler hökmünde sizi ýamanlan zatlarynda oňat işleriňizi görüp, Rebbiň bize gelen güni Hudaýy şöhratlandyrmalary üçin milletler arasynda oňat edim-gylymly boluň». Gelmişek diýlip öz mekanynda ýaşamaýan adama aýdylýar we käte şeýle adamy ýazgarýalar. Gelmişek adam ýerli halkdan tapawutlanýandygy üçin, oňa hatda erbet adam hökmünde garaýarlar. Ähtimal olaryň gepleýşi, geýnişi we özüni alyp barşy tapawutlanýandyr. Ýöne gelmişekleriň edýän ýagşy işlerini, ýakymly sözlerini we oňat edim gylymyny görenlerinde, başgalar olara bolan garaýşyny üýtgedýärler.
12 Şonuň ýaly-da, hakyky mesihçilerem gepleýşinde ýa-da göwünaçma saýlanlarynda daş töwereginde ýaşaýan adamlardan tapawutlanýarlar. Hatda olary geýnişinden hem tanaýarlar. Hakyky mesihçiler barada nädogry maglumatlary eşidýän adamlar käte olary ýamanlykda aýyplaýarlar. Emma Ýehowanyň Güwäçileriniň oňat edim-gylymyny görýänler olar barada öwgüli sözleri aýdýarlar.
13, 14. Akyldarlyk nädip «öz işleri bilen tassyklanýar»? Mysal getiriň.
13 Hawa, oňat edim-gylym atylýan töhmete garşy aklawçy bolup hyzmat edýär. Hatda Hudaýa kämil wepalylygyny görkezen ýeke-täk adam Isa Mesihe-de töhmet atyp, ony aýyplapdylar. Käbir adamlar oňa: «Ine, horan, arakhor, salgytçy we günäkärleriň dosty» diýdiler. Emma onuň Hudaýa gulluk edip, paýhasly hereket edýändigi munuň beýle däldigini subut etdi. Isa: «Akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar» diýipdi (Mat. 11:19). Bu şu günler hem şeýle. Mysal üçin, Germaniýanyň Zelters şäherindäki Beýteliň golaýynda ýaşaýan käbir adamlar Beýtelde gulluk edýän dogan-uýalary geň adam hasaplaýarlar. Ýöne şol ýeriň häkimi Güwäçileriň tarapyny tutup, şeýle diýdi: «Ýehowanyň Güwäçileriniň öz barýan ýoly bolsa-da, olar jemgyýete howp salman ýaşaýarlar».
Mukaddes Ýazgylardaky hakykat Russiýadaky maşgala birleşmäge kömek etdi
14 Muňa meňzeş waka ýaňy ýakynda Moskwada ýaşaýan Güwäçiler bilen hem bolup geçdi. Olary ençeme nädogry işlerde aýypladylar. Emma 2010-njy ýylyň iýun aýynda Fransiýanyň Strasburg şäherindäki Ýewropanyň adam hukuklary boýunça kazyýeti şeýle karar çykardy: «Moskwanyň döwlet ýolbaşçylary Ýehowanyň Güwäçilerine garşy çykyp, adamyň islendik dine uýmaga haklydygyna biperwaý garady. Russiýanyň kazyýeti Ýehowanyň Güwäçilerine atylan aýyplamalary, meselem, olaryň maşgalalary bozýandyklaryny, janyňa kast etmäge iterýändiklerini we lukmançylyk bejergini terk edýändiklerini subut edip bilmedi... Şeýle-de Russiýanyň kazyýeti ýurduň kanunlaryny Güwäçilere garşy ýerliksiz ulandy».
HÄKIMIÝETLERE TABYN BOLMAK
15. Bütin dünýäde mesihçiler haýsy prinsipi berjaý edýärler?
15 Bütin dünýädäki Ýehowanyň Güwäçileri Petrusyň mesihçilere beren tabşyrygyny ýerine ýetirmeli. Ol şeýle diýdi: «Baş häkim bolany üçin patyşa bolsun, ýa... iberen häkimleri bolsun, Rebbiň hatyrasyna, bütin adamzat düzgünine tabyn boluň» (1 Pet. 2:13, 14). Ýehowanyň gullukçylary bu zalym dünýäniň agzasy bolmasa-da, olar Pawlusyň aýdyşy ýaly, Hudaý «tarapyndan gurlan» döwlet häkimiýetlerine ýürekden tabyn bolmaly (Rimliler 13:1, 5—7-nji aýatlary okaň).
16, 17. a) Häkimiýetlere garşy gitmeýändigimizi näme subut edýär? b) Käbir döwlet işgärleri nämäni boýun alýar?
16 Ýehowanyň Güwäçileri häzirki dünýäde «wagtlaýyn ýaşaýjylar» hökmünde, häkimiýete garşy gitmeýärler. Başga dinlerden tapawutlylykda, olar syýasy we ykdysady meselelere goşulmaýarlar, başga adamlara-da goşulmaň diýip aýtmaýarlar. Hudaýyň gullukçylary häkimiýetlere hiç haçan syýasy teklipler bilen hem ýüzlenmeýärler. Ýehowanyň Güwäçileri il arasynda asla gozgalaň turuzmaýarlar we ýurduň häkimiýetini tankytlamaýarlar.
17 Häkimiýetlere tabyn bolmak Petrusyň «patyşany sylaň» diýen maslahatyna hem gabat gelýär. Diýmek, ýurduň häkimiýetine tabyn bolmak bilen mesihçiler olara sylag-hormat goýýandygyny görkezýärler (1 Pet. 2:17). Käwagt döwlet ýolbaşçylary Ýehowanyň Güwäçilerini biynjalyk etmäge degerli sebäbiň ýokdugyny boýun alýarlar. Mysal üçin, Germanýanyň Brandenburg şäherinde döwlet işgäri bolup işlän, soňra Germanýanyň mejlisiniň agzasy bolan Şteffen Riç Ýehowanyň Güwäçileriniň nasizm döwründe özlerini oňat alyp barandygyny, şeýle-de olary näçe yzarlap azar berseler-de imandan dänmän, gaýtam, türmede bile oturan imandaşlaryna örän mähirli bolandyklaryny aýdýar. Şeýle-de onuň aýtmagyna görä Ýehowanyň Güwäçileriniň görkezen häsiýetleri, esasanam, Germaniýa ýaly döwlet üçin örän wajyp, sebäbi soňky döwürde käbir adamlar dürli-dürli syýasy we dini düşünjeli adamlary gitdigiçe halamaýarlar.
DOGANLARY SÖÝÜŇ
18. a) Bütindünýä doganlygy näme üçin söýmeli? b) Käbir adamlar Ýehowanyň Güwäçileri barada näme diýýärler?
18 Petrus resul: «Doganlary söýüň, Hudaýdan gorkuň» diýdi (1 Pet. 2:17). Ýehowanyň Güwäçileri Hudaýy gynandyrmajak bolup gorkýarlar. Bu bolsa, olary Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmäge höweslendirýär. Olar Ýehowa agzybirlikde gulluk edýän bütindünýä doganlygyň agzasy bolandygyna begenýärler. Şonuň üçin, olar «doganlary» ýürekden «söýýärler». Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk adamlar şu günler şeýle doganlyk söýgüsine diýseň seýrek duş gelýärler. Şol sebäpli-de, olar Hudaýyň halkynyň arasynda şeýle doganlyk söýgini görüp haýran galýarlar. Meselem, Amerikanyň syýahatçylyk kampaniýasy bilen işleşýän bir aýal 2009-njy ýylda Germaniýada bolan Halkara kongresinde ýerli Güwäçileriň başga ýurtlardan gelen dogan-uýalara bildiren söýgüsini we aladasyny görüp, diýseň haýran galdy. Ol aýal syýahata gelýän adamlar bilen ençeme ýyl bäri işleşýän bolsa-da, adamlaryň birek-birege şeýle gowy garaýandygyny hiç haçan görmändigini gürrüň berdi. Birnäçe wagtdan soň, bir doganymyz şeýle belläp geçdi: «Ol aýal biz barada aýdýan ähli sözlerini joşgunly äheňde aýdýardy». Sen hem kongreslere baranyňda, adamlaryň Ýehowanyň halky barada aýdýan şeýle sözlerini eşidipdiňmi?
19. Biz näme etmegi ýüregimize berk düwmeli we näme üçin?
19 Ýokarda agzalan ähli ýagdaýlarda Ýehowanyň Güwäçileri Şeýtanyň dünýäsinde özlerini, hakykatdan-da, «wagtlaýyn ýaşaýjylar» hökmünde alyp barýarlar. Olar mundan beýläk-de, şeýle ýaşamagy ýüregine düwendigine begenýärler. Tizden, Hudaýyň berjek adalatly täze dünýäsinde olaryň hemişelik ýaşaýjy bolmaga berk umydy bar. Sen hem şeýle gelejege sabyrsyzlyk bilen garaşýarmyň?