Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 56
  • Dogan-uýalar bilen agzybir boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogan-uýalar bilen agzybir boluň
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Dogan-uýalar bilen dostlaşmak «nähili gowy!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Pesgöwünli adamlaryň göwnüne degmäň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa Atamyzy we dogan-uýalary söýeliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 56
56-njy sapak. Dürli milletli uýalar mähirli salamlaşýar.

56-NJY SAPAK

Dogan-uýalar bilen agzybir boluň

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Dogan-uýalaryň ýanynda bolanymyzda bizem Dawut patyşa ýaly: «Agzybir ýaşaýan doganlary görmek, nähili gowy, nähili ýakymly!» diýenimizi duýman galýandyrys (Zebur 133:1). Agzala dünýäde şeýle agzybirligi saklamak aňsat däl. Munuň üçin her bir dogan-uýa tagalla edýär.

1. Hudaýyň halky näme üçin agzybir?

Sen dünýäniň haýsy künjeginde ýygnaga barsaňam, özüňi edil öýüňe gelen ýaly arkaýyn duýarsyň. Olaryň diline düşünmeseňem özüňi keseki ýaly duýmarsyň, sebäbi biziň ählimiz Mukaddes Kitapdan şol bir bilimi alýarys, şol bir edebiýatlary öwrenýäris. Şeýle-de biri-birimizi ýürekden söýýäris. Nirede ýaşasak-da, ählimiz «Ýehowanyň adyny çagyrýarys, Hudaýa agzybir gulluk edýäris» (Sepanýa 3:9).

2. Sen dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin näme edip bilersiň?

Mukaddes Kitapda: «Biri-biriňizi ak ýürekden söýüň» diýip maslahat berilýär (1 Petrus 1:22). Ak ýürekden söýmek üçin näme etmeli? Dogan-uýalaryň kemçiliklerine däl-de, gowy häsiýetlerine üns bermeli. Diňe häsiýetlerimiz, gowy görýän zatlarymyz gabat gelýän dogan-uýalar bilen däl-de, her dürli dogan-uýalar bilen dostlaşmaly. Şeýle-de ýüregimizde çigit ýaly-da milletparazlyk bolmaz ýaly, öz üstümizde işläp durmaly (1 Petrus 2:17-ni oka)a.

3. Düşünişmezlik dörese näme etmeli?

Agzybirligi saklamaga näçe jan etsegem, käte düşünişmezlik döräp biler, sebäbi hemmeler ýalňyşyp bilýär. Käte bolsa birek-biregiň göwnüne degýäris. Şonuň üçin Mukaddes Kitapda: «Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýilýär (Koloslylar 3:13-i oka). Biz Ýehowany ençeme gezek gynandyrsagam, ol bizi ýürekden bagyşlaýar. Şonuň üçin biz hem dogan-uýalary ýürekden bagyşlamaly. Eger biri sizden öýkeli bolsa, onda ýaraşmak üçin özüňiz ýanyna baryp gepleşiň (Matta 5:23, 24-nji aýatlary oka)b.

SÖHBETDEŞLIK

Ýygnakda parahatlygy saklamaga nämeleriň kömek etjekdigini bileliň.

Suratlar: dogan agzybirligi saklaýar. 1) Başga dogan onuň bilen gödek gepleşýär. 2) Ol doganyň aýdan zatlary hakda oýlanýar. 3) Ol Mukaddes Kitapdan göwnüňe degenlerinde näme etmelidigi hakda okaýar. 4) Ol dogana kofe hödür edýär we parahat gepleşýär.

Agzybirligi saklamak üçin näme etmek isleýärsiňiz?

4. Çigit ýaly-da milletparazlyk bolmaly däl

Biz her bir dogan-uýany Ýehowanyň söýşi ýaly söýmek isleýäris. Ýöne häsiýetleri, gowy görýän zatlary biziňkiden tapawutlanýan dogan-uýalar bilen gatnaşmak, dostlaşmak kyn bolup biler. Şeýle dogan-uýalary ala tutmaz ýaly näme etmeli? Resullar 10:34, 35-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa hiç bir adamy ala tutmaýar, şonuň üçin halkynyň arasynda dürli milletli, häsiýetli adamlar bar. Tiresi, terbiýesi tapawutlanýan adamlara sen nähili garamaly?

  • Ýaşaýan ýeriňde nädip milletparazlyk edilýär? Sen näme üçin milletparazlykdan gaça durmak isleýärsiň?

2 Korinfliler 6:11—13-nji aýatlary okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Her bir dogan-uýany ýürekden söýmek üçin näme etmeli?

5. Ýürekden bagyşlaň we ýaraşyň

Ýehowa hiç haçan ýalňyşmasa-da, bagyşlanmaga mätäç bolmasa-da, bizi ýürekden bagyşlaýar. Zebur 86:5-i okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowa nähili Hudaý eken?

  • Sen Ýehowanyň geçirimliligine minnetdarmy? Näme üçin?

  • Haýsy ýagdaýlarda ýaraşmak kyn bolup biler?

Ýehowadan görelde alyp parahatlygy saklamak üçin näme etmeli? Nakyllar 19:11-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Biri gaharyňy getirýän ýa-da göwnüňe degýän bolsa, araňy nädip sazlamaly?

Käte bolsa özümiz adamlaryň göwnüne degýäris. Şonda näme etmeli? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Parahatlygy saklamak bol bereket berýär!» (6:01)

  • Uýa ýaraşmak üçin näme etdi?

6. Diňe gowy tarapyny görüň

Dogan-uýalar bilen näçe köp gatnaşsak, olaryň diňe bir gowy taraplaryny däl-de, kemçiliklerini hem görüp başlaýarys. Olaryň diňe gowy tarapyny görmäge näme kömek eder? WIDEONY görüp, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Hasam owadan boluň» (5:10)

  • Dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görmek üçin näme etmeli?

Ýehowa biziň diňe gowy häsiýetlerimize üns berýär. 2 Taryh 16:9a-ny okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowanyň diňe gowy häsiýetleriňi görýändigine begenýäňmi?

Almaz ýüzük.

Lowurdap duran almazyň kem ýerleri bolsa-da, gymmatly daş hasaplanýar. Şonuň ýaly dogan-uýalaryň kemçilikleri bolsa-da, Ýehowa olary gowy görýär.

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Bagyşlasam ýalňyşyna düşünmez».

  • Biz adamlary näme üçin bagyşlamaly?

ESASY PIKIRLER

Birek-biregi ýürekden bagyşlap, ähli dogan-uýalary söýüp, ýygnakda parahatlygy saklap bileris.

Gaýtalamak

  • Ýüregiňde çigit ýaly-da milletparazlyk bolmaz ýaly näme edip bilersiň?

  • Dogan ýa uýa bilen düşünişmezlik dörese näme edip bilersiň?

  • Sen Ýehowadan görelde alyp, adamlary näme üçin bagyşlamak isleýärsiň?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Isanyň mysaly adamlary ýazgarmazlyga kömek edýär.

«Gözüňdäki agajy çykar» (6:56)

Özüň günäkär bolmasaň-da, näme üçin ötünç soramaly?

«Ötünç soramak — ýaraşmagyň açary» («Garawul diňi» 1 noýabr, 2002)

Käbirleri adamlary ala tutmazlygy öwrendiler.

«Adamyň daş keşbine seredip höküm çykarmaň» (5:06)

Ýygnakda parahatlygy dikeltmek üçin düşünişmezligi nädip çözmelidigini biliň.

«Söýgi — düşünişmezligiň açary» («Garawul diňi» maý, 2016)

a 6-njy goşmaça maglumatda ýokanç keseliň bolsa, dogan-uýalara zyýan ýetirmez ýaly näme etmelidigi aýdylýar.

b 7-nji goşmaça maglumatda söwda-satyk meselesi boýunça işleşmeli bolanda ýa-da kazyýete ýüz tutmaly bolanda näme etmelidigi aýdylýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş