Hudaýyň iň uly sowgady üçin minnetdar bolalyň
1. Biz haýsy zat üçin Ýehowa aýratyn minnetdar?
1 Isanyň töleg gurbany Ýehowanyň beren «oňat... sowgatlarynyň» iň ulusydyr (Ýakup 1:17). Biz töleg gurbany arkaly köp bereketleri alýarys we günälerimiz bagyşlanýar (Efes. 1:7). Biz muňa hemişe minnetdardyrys. Biz Ýatlama agşamynyň öňüsyrasy aýratyn hem şol gymmat sowgat hakynda çuňňur oýlanýarys.
2. Maşgalamyzyň hem-de özümiziň töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris?
2 Minnetdarlygyňyzy artdyryň. 30-njy martda geçiriljek Ýatlama agşamynyň öňündäki hepdelerde maşgala okuwynda töleg gurbany baradaky makalalary gaýtalasaňyz, maşgalaňyzyň töleg gurbana minnetdarlygy artar. Şeýle-de maşgalaňyz bilen her gün Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okaň. Töleg gurbanyň saňa nähili peýda getirýändigi we seniň Ýehowa Hudaýa, özüňe, başgalara hem-de gelejege bolan garaýşyňa nähili täsir edýändigi hakynda oýlan (Zeb. 77:12).
3. Biz nädip minnetdarlygymyzy bildirip bileris?
3 Minnetdarlygyňyzy bildiriň. Eger biz Töleg gurbanyna minnetdar bolsak, Ýehowa barada we onuň Ogluny iberip bildiren uly söýgüsi barada adamlara gürrüň bereris (Zeb. 145:2—7). Käbir maşgalalar mart, aprel hem-de maý aýlarynda maşgala agzalarynyň iň bolmanda birine kömekçi pioner bolup gulluk etmäge mümkinçilik döredip, minnetdarlygyny bildirýärler. Eger-de muny edip bilmeseň, «pursatdan peýdalanyp», wagza köpräk wagt sarp edip bilermidiň? (Efes. 5:16) Biz minnetdar bolsak, Ýatlama agşamyna adamlary çagyrarys (Ylh. 22:17). Ikilenç ideg edilýänleriň, okuw geçýänleriň, garyndaşlaryň, işdeşleriň hem-de goňşularyň arasynda ýürekden gyzyklanýanlary bolsa, seresap bolup, olary çagyrmagyň aladasyny häzirden edip bilersiň (Mat. 10:16). Şonda sen, Ýatlama agşamyna mynasyp adamlary çagyrarsyň.
4. Biz Ýatlama agşamy döwründe wagtymyzy nädip paýhasly geçirip bileris?
4 Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň adamlara beren sowgady üçin örän minnetdardygymyzy bildirmäge aýratyn mümkinçilikler döreýär. Geliň, şol döwürde töleg gurbanyna hem-de «Mesihiň akyl ýetmez baýlyklaryna» minnetdarlygymyzy bildirip, ony has-da artdyrmaga çalşalyň (Efes. 3:8).