Örän şatlykly iş
1. Biziň günlerimizde ruhy taýdan nähili sagaldyş işi geçirilýär?
1 I asyrda şägirtler adamlara keselden gutulyşy wagyz edende, olar örän şatlanýardylar (Luka 5:24—26). Şu günler biz adamlary ruhy taýdan gutulmaga, ýagny Ýehowany tanamaga kömek edip, şatlanýarys (Ylh. 22:1, 2, 17). Edebiýatlarymyzdan Hudaýyň Sözüniň we onuň mukaddes ruhunyň adamlaryň durmuşyny nädip özgerdýändigini okanymyzda örän begenýäris! Emma bu hakynda diňe bir okamak bilen çäklenmän, eýsem, Mukaddes Ýazgylar okuwyny özümiz geçirsek, has şatlanýarys.
2. Adamlara hakykaty öwredenimizde biz nädip şatlanýarys?
2 Hudaýyň ady näme? Ol näme üçin biziň horluk çekmegimize ýol berýär? Hudaýyň Patyşalygy adamzat üçin näme eder? Biz bu soraglaryň jogabyny diňe özümiz bilenimizde däl, eýsem, olary Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänler eşidip, şatlanýandygyny görenimizde begenýäris (Sül. tym. 15:23; Luka 24:32). Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän adam ruhy taýdan ösdügiçe Hudaýyň adyny tutup, egin-eşigini, daş keşbini, ýaramaz endiklerini goýýar we adamlara wagyz edip başlaýar. Ol özüni Ýehowa bagyş edip, çokundyrylanda, biziň doganymyz we imandaşymyz bolýar. Biz onuň ruhy taýdan eden her bir özgerişine begenýäris (1 Sel. 2:19, 20).
3. Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlar ýaly näme edip bileris?
3 Bu işe gatnaşyp bilermiň? Sen bu şatlyk berýän işe gatnaşmak isleýän bolsaň, Ýehowadan Mukaddes Ýazgylar okuwyny bermegini sora we dogaňa görä hereket et (1 Ýahýa 5:14). Adamlaryň bolýan ýerinde we olaryň öýde boljak wagty wagyz et. Her amatly pursatdan peýdalanyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödürle (Wag. 11:6). Biri hoş habar bilen gyzyklansa, ekilen hakykat tohumyny suwarmak üçin, ony ikilenç ideg et (1 Kor. 3:6—9).
4. Adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny näme üçin gaýragoýulmasyz hödürlemeli?
4 Dogrulyga ajygyp-suwsan adamlar entegem köp. Olaryň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyryp, Hudaýy tanamaga kim kömek eder? (Mat. 5:3, 6). Geliň, wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine hasyl oragynyň soňy gelýänçä yhlasly gatnaşalyň! (Iş. 6:8).